Dabro Она не такая

Небо словно ювелирка, звёзды, как кристаллы. Я для тебя сегодня их достану. Они падают, но знай, что я соберу их всех. Я сделаю из них тебе браслет. Ты достойна большего, чем вижу звёзд на этом небе. Я бы думал о другой, но все мысли о тебе. Ты проходишь мимо, наши пацаны бросают взгляд, О тебе одной они все говорят. Она не такая, как все. Все не такие, как она. Она будто во все, Девочка с нашего

Ýatlamalar

Ýatlamalar bilen söýüp bolmaýar... (liriki hekaýa) Häzir başga bir gyz bilen bolmaly duşuşyga taýýarlanyp duran pursatym kitaplarymyň arasyndan birwagt oňa ýazyp goýan hatymyň çykyşyny diýsene... Herimiziň öz durmuşymyz bilen başagaý wagtymyz diňe aýrylyşanymyzdan soň, çyndanam söýýändigime göz ýetiren söýgülim baradaky ýatlamalar gaty adalatsyz bolup göründi. Elimdäki tanyş jümlelere seredip

Bagtyñ betbagtlygy 3

***** Hemme zat umyt edişindenem gowy boldy. Başlarda haçan görseñ ýüzüni salyp, gözüni däliñ belläni diýen ýaly bir nokada dikip, agzyndan atagzy bilenem söz alyp bolmaýan Ýakubyñ ýüzem açyldy, dilem. Öñler "Oglum bu gün näme nahar iýesiñ gelýär" diýen sowala "Aý, eje, meñ-ä şu günler işdäm ýok. Enem dagyñ islegine görä edibersene" diýýän ogly indi şol sowala "Ýyrş"

Maral / hekaýa

“Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim, Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.” G. Ezizow ...Awtobus ugranyndan soň, oňa tarap seretmejek bolup şunça dyrjaşsa-da, Maralyň gözleri biygtyýar, öňdäki oturgyçda, hemişeki edähetine eýerip daş-töweregindäkileri gyzyl-gyran gülüşdirip, hatda mugallymlary Orazgeldi Amanowiçe çenli myssa ýylgyrmaga mejbur edip oturan Mahmyda garşy garap-garap goýberdiler. “Baran

Gabanjaň / hekaýa

…Kükregine gysymlap-gysymlap köz guýlandan enaýy däldi. Karary-durary ýokdy. Aýagy bişen towuk ýaly, barlaghananyň içinde iki ýana her näçe byzbydyklasa-da kalbyna aralaşan iňkis hiç köşeşmeýärdi. Işikden penjirä, penjireden gapa tarap elewräp ýörşüne, bolşuny geň gören işdeş joralarynyň berýän soraglaryna-da, birde “hä” berse, ikinjide üns bermän, gulagynyň duşundan geçirýärdi. Göwres-ä otag

Sowgat / hekaýa

...Uzakly gün oňa nädip gowşurjagyny bilmän, daşyna ýumşajyk mahmal dolangylygyna okuw esbaplarynyň arasynda ýygşyryp gezdi. Göwni karar tapman, göýä, kimdir biri özüne bildirmän, ony alyp gidäýjek ýaly, sapak gidip durka-da aram-aram elini sebedine sokup, daşyndan elleşdirip gördi. Her gezegem ynjalandan geçen, gaýta köz elleýän ýaly, beter birahatlykdan doldy. Ahbetinem, mekdepden gaýdyp

Menem ýaşap ýörün

Beýik bir uçutyň gyrasynda men Bu başyň sowulmaz görgüsinde men Ölüm bilen ömrüň arasynda men Nalaýandyr öýtme arzymy diýsem Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň Bu gara maňlaýym tapmady bagty Gidýän ýollarymam bolmady ýagty Kemis galdy göwräm men diýen wagty Diňleýip şükr eder derdime köýsem Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň Kynçylykda geçdi ýaşlyk ýyllarym Bir gözel ýürekde çakdy ýyldyrym Özge ýara