BÄRI GEL (Mollanepesiň «Bäri gel» goşgusyna tahmys)

BÄRI GEL (Mollanepesiň «Bäri gel» goşgusyna tahmys) Saňa düşdi nazarym, derdime derman, bäri gel, Köňül guşum yşkyňda mydam telwas, bäri gel. Seniň bilen ykbala ýardyr döwran, bäri gel, «Al ýaňak, kirpigi ok, alma zenehdan, bäri gel, Janyňa sadka bolam, bäri gel, eý jan, bäri gel». Yşkyň kölünde erkana ýüzüp ýören sona sen, Ganat baglaýyp galkaňda, bagt bagyna gona sen, Saýýat olam ugruňda,

Döwlet guşy romany. Käkilik3.

Myrry masadyň öýüniň deňindäki tuduň aşagynda çaganyň aglaýandygy üçinmi ýa Käkiligiň alnyp gidileni üçinmi, titräp- titräp aglaýan Zybagüle Mälikgulynyň gözi düşdi. Onuň ýanyna bardy. Oňa näme diýjegini bilmän, ýüzüne duýgudaşlyk bilen seretdi. Zybagül Mälikgulyny sandyraýan elleri bilen gujaklap, sojap- sojap aglady. – Doganym, bu nähili boldy- a?! Käkilik jany alyp gitdiler- ä. Ol o ýerde

Döwlet guşy romany. Käkilik2.

– Goçgar, ertir raýona gidip, prokuror bilenem, birinji sekretar bilenem gürleşmeli, gerek bolsa ýalbarmaly, gerek bolsa para- peşgeş bermeli. Gapymyň öňünde durarlar, ýöne puluň öňünde aňsat‑aňsat durup bilmezler – diýip, Ýazly kesgin aýtdy. – Nirä barmalydygyny Mody gowy bilýändir. – Ýazly dogry aýtdy. Ertir gidip ýalbaryp göreli. Obamyzyň ähli adamlarynyň adyndan haýyş edeli. Netijesi bolmasa,

Döwlet guşy romany. Käkilik1.

Kolhoz gallasyndan ýeke goşawuç hem almak gadagandy, Işden soň gaýdylanda ýanyna bugdaý alan bolaýmasyn diýen şübhe bilen edil erkek kişileri barlaýyşlary deýin käte gyz-gelinleri hem barlaýardylar. Iki gün barlag bolmady. Üçünji gün agşamara Käkilik bir gozgalaň tapdy. Onuň näme üçin howsala düşýändigi basym belli boldy. Asyl etmek islän işini Mälikguludan ýaşyrjagam bolup durmady: ol

BAHAR BUŞLUKÇYSY

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: — Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi, (Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar). Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi: — Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! — Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar, Lälezarda öwşün atýar gunçalar. Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy Bahar buşlukçysy — hoştap

Seniň gülkiň

Seniň gülkiň Ah, meniň söýgim, Sen nähili şadyýandyň, Aladasyz şeýtan gülkiň Gürrüňsiz... Özüne ederdi maýyl. Ah, meniň söýgim, Sen nähili bagtyýardyň Duşmasyz wagt duşup saňa Gitdi ähli ygtyýarym. Ýöne erkli boljakdym men, Ýöne erkek boljakdym men... Şol gülkiňe maýyl bolup, Durmuş toýun gurjakdym men. Gulagymda ýaňlanardy, Gujagymda ýalmanardy, Seniň biwepa gülküňden Bir günde saçlam agardy Ir