BÄRI GEL (Mollanepesiň «Bäri gel» goşgusyna tahmys)
BÄRI GEL
(Mollanepesiň «Bäri gel» goşgusyna tahmys)
Saňa düşdi nazarym, derdime derman, bäri gel,
Köňül guşum yşkyňda mydam telwas, bäri gel.
Seniň bilen ykbala ýardyr döwran, bäri gel,
«Al ýaňak, kirpigi ok, alma zenehdan, bäri gel,
Janyňa sadka bolam, bäri gel, eý jan, bäri gel».
Yşkyň kölünde erkana ýüzüp ýören sona sen,
Ganat baglaýyp galkaňda, bagt bagyna gona sen,
Saýýat olam ugruňda, düşmersiň duzak-tora sen,
«Öz ýüzüň şöhlesine, belki, özüň hem ýana sen,
Jigerim otga ýakan, ataşy-suzan, bäri gel».
Bizi bagta ýar eýlejek ykbal ýolun guraly,
Hijranlara döz gelip, öňe gadamlar uraly,
Wysal menziline ýetip, gol tutuşyp duraly,
«Dünýä bäş gündür, öter, zowky-sapalar süreli,
Bu ýalan dünýä öter — ötdi-le döwran, bäri gel».
Duýmasyn iller bizi, baglarda pynhan bolaly,
Göýä ki ýedi aşyk-magşuk deý ynsan bolaly,
Bir-biregiň kalbyna yşk bolup ornan bolaly,
«Sylaşyp bir-birimiz, ança gadyrdan bolaly,
Bäş gündür siz bize, biz size myhman, bäri gel».
Seýilgähe çykanyňda seýli-seýrana, gözel,
Mähriňden şugla düşer her dem her ýana, gözel,
Bakyşyňdan joş alan göwün ger heýjana, gözel,
«Bagry buz, sözleri uz, dişi dürdäne gözel,
Lebi lagl, geýdigi al, jenneti-ryzwan, bäri gel».
Öz yşkyňda aşygňy sözle, ne güne sala sen,
Ne erk galdy, ygtyýar, baryn bile ala sen,
Umyt üzüp, tamamy daňma hergiz tala sen,
«Näge rehm etmes sen, halymny özüň bile sen,
Diýr Nepes, köňlüm söýen täze gülüstan, bäri gel»
Akmyrat Rejebow
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.