Döwlet guşy romany. Käkilik2.

– Goçgar,
ertir
raýona
gidip,
prokuror
bilenem,
birinji
sekretar
bilenem
gürleşmeli,
gerek
bolsa
ýalbarmaly,
gerek
bolsa
para-
peşgeş
bermeli.
Gapymyň
öňünde
durarlar,
ýöne
puluň
öňünde
aňsat‑aňsat
durup
bilmezler
– diýip,
Ýazly
kesgin
aýtdy.
– Nirä
barmalydygyny
Mody
gowy
bilýändir.
– Ýazly
dogry
aýtdy.
Ertir
gidip
ýalbaryp
göreli.
Obamyzyň
ähli
adamlarynyň
adyndan
haýyş
edeli.
Netijesi
bolmasa,
alaç ýok. Belki,
bize
düşünerler.
Türkmençilik
edip gyzymyzy
boşadyp
goýbererler...
Içerdäkiler
daşarda
duranlar
bilen
goşulyşyp,
Allamyrat
pälwanlara
ugradylar.
Allamyrat
pälwanlaryň
öýi Goçgar
agalaryňkydan
uzakda
däldi.
Aralykda
diňe
Garýagdy
lukman
bilen
Myrry
masadyň
öýi bardy.
Iň öňde
Goçgar
aga barýardy.
Mody
başlyk
bilen
Ýazly
ýatak
ondan
bir ädim yzdadylar.
Mälikguly ýaşululara
goşulyşyp
barşyna,
näme
üçindir,
özüni
oňaýsyz
duýdy.
Oňaýsyzlygyň
sebäbini
hernäçe
oýlansa-
da bilebilmedi.
Ol obadaşlaryna
buýsandy.
Neneň
buýsanmajak?!
Başyňa
hernäçe
agyr iş düşse-
de, obadaşlaryň
seni
taşlajak
däller.
Seniň
bilen
iň soňkuja
töteginem
deňje
paýlaşyp
iýjekler,
özi iýmän
saňa
iýdirjek
mähriban
adamlar
bular.
Şeýle
mähriban,
eziz,
agzybir
adamlaryň
arasynda
ýaşadygyňça
ýaşasyň
gelýär.
Şeýle
gowy
adamlaryň
arasynda
ýaşanyňda
durmuşyň
agyrlygam
eger-eger duýulmaz
eken.
Adamlar,
göräýmäge,
käteler
biri-
biriniň
asgyn
tarapyny
aýdyp
üstlerindenem
düşerler,
gyjalatam
147
bererler.
Özüniň
asgyn,
kemçilikli
tarapy
aýdylany
üçin öýke-
kine
edýän
ýokdur.
Her kim şol kemçiligi
düzetjek
bolup
gara
gündedir.
Biri-
birini
görmeseler,
ýürekdeş
söhbet
etmeseler,
olaryň
uly bir
zady
ýetmeýän
ýalydyr.
Obada
her kim biri-
birine
bäş barmagy
ýaly
belet.
Asyl biri-
birinden
gizläp
biljek
zatlary
ýok.
Belki,
gizlemekçi
bolanlaram
barsa
bardyr,
ýöne
oba adamlary
özlerini
«ýeriň
aşagynda
ýylan
gäwüşese-
de bilýänlerden
» hasaplaýarlar.
Şonuň
üçin obada
gizlin
syram
ýok.
Ine, häzir
oba ýaşululary
üýşüp,
dünýäsi
daralyp-
daralyp
iňňäniň
gözi
deýin
kiçelen
Allamyrat
pälwanyň
ýanyna
bararlar,
oňa göwünlik
bererler.
Bu obanyň
adamlarynyň
biri-
birine
dogandygyny
aýdarlar.
Goçgar
aganyň
aýdyşy
ýaly,
ýedi
günläbem
onuň ýanyndan
aýrylmazlar,
ähli
hajatyna
ýardam
bererler.
Goçgar
aga agyr habary
– Käkiligiň
alnyp
gidilendigini,
gyzyň
türkmençilikde
gabahat
hasaplanýan
işi edendigini,
soňundanam
ýaşulularyň
üýşüp
maslahatlaşandygyny,
anyk pikire
gelendiklerini,
gysylyp-
gowrulyp
oturmaly
däldigini
aýdar
1 лайков 24 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Serdar
29 фев 2024, 09:48

Dikligine däl-de gyralygyna ýazsana @Kelleagyryk!

RelaX
04 мар 2024, 08:39

?..........