Suw çilimi ( kalýan ) barada

Köp adamlar suw çilimini saglyk üçin howpsuz hasaplaýarlar we oňa bolan öwrenişme döremeýär diýip pikir edýärler.
Onuň şeýle däldigini anyklamak üçin geliň sanlara ýüzleneliň. Ulanylýan ýörite temmäki nikotin saklaýandyr. 50 gramm bolan gutyda onuň 0,05% saklanýandyr. Bu bolsa 50 gr gutyda 25 mg nikotiniň bardygyny aňladýandyr. Bir guty bolsa 4 gezek ulanmaga ýetýändir. Görüp oturylsa, suw çilimine bir gezekde guýulýan temmäkide 6,25 mg nikotin saklanýan ekeni. Bir adaty çilimde bolsa bary-ýogy 0,8 mg nikotin saklanýandyr. Bu hasaplamalar suw çiliminde nikotiniň mukdarynyň 7,5 esse ýokarydygyny görkezýär.

Siz elbetde, suw çilimindäki süzgüçleriň peýdalylygy barada ýatladarsyňyz. Ýöne suwuň netijeli "süzüjilik" häsiýetleriniň ýoklugyny ýatlatmalydyr.

Görşümiz ýaly, suw çilimini çekýän adam nikotiniň köp mukdaryny kabul edýändir we onda ýuwaş-ýuwaşdan nikotina garaşly bolmak häsiýeti döräp bilýändir.

Ekspertleriň bellemegine görä, suw çilimi üçin ulanylýan temmäkiniň düzüminde adaty çilimiň düzümi bilen deňeşdirlende howply maddalaryň uly topary saklanýandyr. Meselem, benzapiren – howply çiş kesellerini (esasan hem öýken ragy) döredýän himiki madda bolup, bedende toplanma häsiýete eýedir. Nikotinden we benzapirenden başga hem, çilimkeşiň öýkenine agyr metallaryň duzlary we kömürturşy gazy hem düşýändir. Çilimkeşler her 15 minutdan artykmaç kömürturşy gazy ýörite klapanyň üsti bilen çykarmagy maslahat berýärler. Kömürturşy gazy, kisloroda garanyňda, gemoglobin bilen çalt birleşip, beýnide, ýürekde, bagyrda, böwreklerde, myşsalarda kislorod ýetmezçiligini döredýär. Statistikanyň görkezişi ýaly, adaty çilimkeşler hem, suw çilimini söýüjiler hem deň derejede dem alyş agzalaryň, ýürek-damar ulgamyny bozulmalaryndan we rak kesellerinde ejir çekýärler. Suw çiliminiň ýene bir ýaramaz tarapy, adamdan adama geçirilýän mundştugyň gepatit, inçekesel, uçuk ýaly ýokanç keselleri çalt ýaýratmaga mümkinçilik berýändigindedir.

Suw çilimi üçin ulanylýan temmäkiniň düzümindäki ýaramaz himiki maddalaryň mukdary öndürijilere bagly bolup, ol hemişe degerli barlagy geçýän däldir.

Suw çilimi çekilýän otag hem temmäki we kömrüň tüssesinden dolup, çilim çekmeýän başga adamlar üçin juda howply bolup durýandyr.
5 лайков 323 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
11 дек 2021, 00:01
çilime inni başlajak bolup yörun cilimkesh
aika
11 дек 2021, 00:05
Nm ucinNairobi,
Leyli Amanowa
11 дек 2021, 00:07
aik,
içiň yangyjyny çilim bn çykaryaňda
aika
11 дек 2021, 00:08
Nairobi,
Mmbah erbet endikda yone baslamasan gova bolar
Leyli Amanowa
11 дек 2021, 00:09
aik,
bolya)
Biohimik
11 дек 2021, 07:52
Cesme saglyk.org sayty
Biohimik
11 дек 2021, 07:52
Cesme saglyk.org sayty
mansura
11 дек 2021, 08:15
Цитата: Nairobi
aik,
içiň yangyjyny çilim bn çykaryaňda

gel ikimiz bile başlaly
EYPIO
11 дек 2021, 08:41
Nairobi,
Öwredeýinmi
Leyli Amanowa
11 дек 2021, 10:06
-YashiL,
bereket bersin brat
Ogulşirin Bayramowa
11 дек 2021, 10:14
Цитата: Nairobi
-YashiL,
bereket bersin brat

Şulara getirip, me çek hem diýerler))
Biohimik
11 дек 2021, 11:28
Yok bu basga makala eken saglyk org saytdakysyny okap goruñ has podrobny yazylan hazir moda boldy oytyan kalyan cekmek.
Munda yalnysrak yeri bar
Komurtursy gazy gemoglobine birlesip......
Diyyan yeri yalnysrak yazylan eken