Pygamberimiz hakda dogrudyr öýdülýän 10 ýalňyşyň dokuzynjysy
PYGAMBERIMIZ HAKDA DOGRUDYR ÖÝDÜLÝÄN 10 ÝALÑYŞYÑ DOKUZYNJYSY
Dokuzynjysy - Pygamberimiziñ (s.a.w) öz ogullygynyñ aýalyna göz dikendigi we bu boýunça aýatyñ indirilendigi baradaky pikir..
Gürrüñi gidýän "Ahzab" süresiniñ 37-nji aýaty şudur:
"Hany, birmahallar özüne hem Allanyñ nygmat beren hem-de seniñ ýagşylyk eden kişiñe: "Aýalyñdan aýrylma, Allanyñ gazabyny üstüñe çekmekden çekin!" diýipdiñ-de, Allanyñ aýan etjek zadyny içiñde saklap, adamlaryñ gepine galmakdan gorkýardyñ. A gorkmalyñ bolsa, diñe Alla bolmalydy. Netijede Zeýd ol aýal bilen aýrylyşanda Biz seni oña öýlendirdik, gelejekde ogullyklarynyñ aýrylyşan aýaly bilen goş birikdirmek meselesi ýüze çykanda möminler kyn ýagdaýa düşmesin. Şeýlelikde Allanyñ emri tejribe edildigi bolýar".
Şu aýatyñ inen döwründe "Zeýd Muhammediñ ogludymy, ogullygydy? Öñki gul ýokary gatlakdan bolan arap gyzyna (Zeýnep binti Jahş) nädip öýlenip bilýär? Aýdaly, öýlenenem eken-dä, ony nädip kowmaga milt edip bilsin? Aýdaly kowupdyram-da, pygamber ýaly adam onuñ kowan aýalyna nähili öýlenýär? Muhammet (s.a.w) onuñ we biziñ nämämiz bolýar?" diýen ýaly "synpy we gelip çykyş tapawudyna seredýän gyýa gözlüligiñ" ysy gelýän çekişmeler bar.
Üns berýän bolsañyz, aýatlarda arkasy alynýan kişiniñ Zeýnep ýa-da Muhammet pygamberden (s.a.w) zyýada adynyñ ýörite tutulyşyndanam görnüşi ýaly Zeýddir.
Muhammet pygamberiñ (s.a.w) ony Zeýnep bilen nikalaşdyrmaga eden synanşygy bilen başlan reformasy Allanyñ onuñ aýrylyşan aýaly bilen bu gezek Muhammet pygamberi (s.a.w) nikalaşmaga çakylygy bilen aýdyñlyga gowuşdyrylýar.
Munuñ şowagtky jemgyýetde geçerli sosial status nukdaýnazardan berýän manysy pikir edilişinden has uludyr. Şeýle: Zeýd öñki gul we ogullyk, hasam beteri taýpasyz. Şowagtky geçerli sosial status garaýşy taýdan ony gorap biljek taýpasy ýok. Ýagny hiç kimi ýok, pakyr-pukara biri. Bular ýalylar jemgyýetde ýeke-ýalñyz bolýar, sylagy-hormaty bolmaýar, äsgerilmeýär. Ene-atalarynyñ ady tutulyp çagyrylmaýar, begzada arap taýpasyndan bolan gyza öýlenmegine-hä hiç kimem oñlamaýar, öýlenäýen ýagdaýynda-da alan aýalyny kowma hukugy elinden alynýar, kowaýan ýagdaýynda-da onuñ kowan aýaly bilen nikalaşmak "taýpanyñ ar-namysynyñ ýere döküldigi" hasap edilýär. Belli bir derejede asly ýitip gider ýaly edilip, geçmişleri we maşgala baglanşyklary doly ýitirilmek, ýok edilmek islenýär...
Ine, şeýle ýagdaýdaky birini, garyp-gasarlary, ýoksullary, kerleri, körleri, maýyp-müjrübi, ogullyklary, diriligine ýere gömlen gyzjagazlary, alnyp satylýan aýallary, gullary we ş.m-leri, jemgyýetde näçe pakyr-pukara we hossarsyz, haky iýlen, elinden çöregi alnan kim bar bolsa, barsyny goramagy we goldamagy missiýa edinen "hossarsyzlaryñ hossary" bolan Allanyñ Kitaby oña eýe çykýar we hut Zeýd diýip at berip, agalyk sürüji taýpa kureýşden birine öýlenip, ondan öz islegi bilen aýrylyşmagy we onuñ aýrylyşan aýalyna ýene şol agalyk sürüji taýpadan bolan birine öýlenmegi kadaly ýagdaýa getirilýär. Çünki Zeýd bilen Zeýnebiñ goş birikdirmegine pygamber öñaýak bolupdy, muña garşy çyksalaram, pisint etmändi. Aýrylyşmalaryna-da özi garşy çykanam bolsa, bolmandy. Aýat pygamberimiziñ (s.a.w) oña öýlenmegini şeýle delillendirýär: “Biz seni oña öýlendirdik, gelejekde ogullyklarynyñ aýrylyşan aýaly bilen goş birikdirmek meselesi ýüze çykanda möminler kyn ýagdaýa düşmesin."
Diýmek, hem-ä öñki gul, hemem ogullyk bolan Zeýdiñ nikalaşma we aýrylyşma meselesi "azatlaşdyrylandan" soñ, gezek onuñ talagyny beren adamy bilen nikalaşyp nikalaşmazlyk meselesine gelxär. Çünki agalyk sürüji kureýş taýpasy öñki guluñ kowan aýaly bilen nikalaşmagy masgaraçylykly ýagdaý hasap edýär.
Muhammedem (s.a.w), Zeýnebem kureýşdendi. Zeýd bolsa kureýşiñ bir tiresi beýlede dursun, kureýşlere ýanaşýn ýeri ýokdy. Ol Mekgäniñ daşyndan (Ýemenden) getirilip alynan, zyñylan bir guldy. Pygamber ony ilki ýörite nikalap, soñra aýrylyşma ýaly meselede sosial status taýdan azatlyga çykardy.
Diýmek, mesele aslynda synpy mazmunlydyr. Mesele, Zeýdiñ erkinleşdirilmegidir. Kuranda onuñ adynyñ açyk we diñe şoña mahsus ýagdaýda geçişindenem görnüşi ýaly Zeýd Kuranda gullaryñ azatlyga çykarylmaklarynyñ hakyky simwolydyr.
Häzirki wagt üçin Muhammet, Zeýd, Zeýnep hemmesi birwagt bakyýete göç eden adamlar. Eýsem, aslynra maşgala pynhanlygyna aralaşyp, bizi onçakly gyzyklandyryp durmaýan bu waka näme maksat bilen Kurana alynyp, ymmatyñ, hususanam adamzadyñ üns merkezinde galar ýaly edilipdir. Bu taryhy wakanyñ üstünden berilmek islenýän köptaraplaýyn signallar näme? Görnüşi ýaly bu waka arkaly Kuran soñky asyrlara şu signallary berýär:
Ogullyklar öz ogluñ ýerini tutup bilmez. Adamzadyñ puşty biri-birine garyşmaly däl. Tokaýdaky haýwanlar ýaly kimiñ kime degişlidiginiñ, kimiñ kimden gelýändiginiñ belli bolmadyk jemgyýetçilik durmuşy adamzadyñ neberesini howp astyna salýan ýagdaý bolup, nesil howpsuzlygy taýdanam ylalaşyp bolmajak zatdyr. Şonuñ üçinem her kesi öz ene-atasynyñ ady bilen çagyryñ. Belli däl bolsa belli ediñ, gerek bolsa gelip çykyşy anyklaşdyrýan resminamalary taýýarlañ.
Ýetim-ýesirlere, dereksiz ýitenlere, hossarsyzlara, köçeki çagalara we ş.m.-lere eýe çykyñ. Hatda gerimiñizi hasam giñeldip, eýesiz, mahrum we ýekirilen maşgalalara-da eýe çykyñ. Goragçy doganlyk maşgalalary, agalary, uýalary ediniñ. Mümkinçiligiñiz barlar perzentligem edinip biler, emma perzentlikleriñizi öz çagalaryñyzyñ ýerine goýmañ. Ene-atalary belli däl bolsa, anyklañ. Olary öz ene-atalarynyñ ady bilen çagyryñ. Olara ene-atalarynyñ başgadygyny, olara ýanlarynda dost-dogan hökmünde galandyklaryny aýdyñ. Adamlara söýgi we merhemet bilen gujak açyñ, mümkinçilikleriñizi paýlaşyñ, bölüşiñ.
Ýanyñyzda perzentlik hökmünde ulalan çagalar netijede öz çagañyz däldigi üçin öz çagalaryñyz üçin geçerli hukuklar olara geçerli däldir. Mysal üçin, öz çagañyzyñ (aýrylyşan) ýanýoldaşlary bilen nikalaşyp bilmeýşiñiz ýaly, ogullyklaryñyzyñ (aýrylyşan) ýanýoldaşlary bilen nikalaşyp bilersiñiz. Bular ýaly meselelerde käbir jemgyýetlerde bar bolan nädogry ikirjiñlenmelere garşy göreşmekden çekinmäñ.
Başgasynyñ ýanynda perzentlik hökmünde ulalan biri öñ gul bolanam bolsa, şeýle däl biri bilen nikalaşyp biler. Jemgyýetde perzentlik hökmünde ulalanlara gyýa göz bilen garap, öweý çemeleşmesini etmäñ.
Olary hiç kimsiz, ýetim we pakyr-pukara saýyp, baý, begzada we baý maşgalalardan kem tutmañ. Olaryñ başgalardan ýekeje tapawudy bar, olam "öz ene-atalarynyñ ýanynda ýetişmändikleridir".
Ha özüñki bolsun, ha öweý, ähli goş birikdirmelerde taraplaryñ biri-birini söýmegine, isleg-meýline we duýguçyl ýakynlygyna üns bermeli. Netijede iki kişiniñ arasynda iññän şahsy gatnaşyk bolan maşgala kim bolanda-da başgalaryñ hatyrasyna gurulmaly zat däl...
Rejep IHSAN ELIAÇYK.
http://site/news/pygamberimiz_hakda_dogrudyr_oydulyan_10_yalnysyn_dokuzynjysy/2022-01-08-18909

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.