STRESS WE DISTRESS HAKDA
Iňlis dilinden terjime etseň, “stress” – bu “dartgynlylyk, basyş, gysyş” diýmegi aňladýar.
Lukmanlar stressi şu aşakdaky ýagdaýlaň ýüze çykarýandygyny belleýärler:
- sowuk;
- yssy;
- erbet maglumat;
- göwne degilme;
- islendik (gowy-erbet) güýçli duýgular.
Kanadaly meşhur biohimik Gans Selýe stresse şeýle kesgitleme beripdir: “Bedeniň (organizmiň) özüne bildirilen artykmaç islendik talaba ýöriteleşdirilmedik jogaby”.
Biziň durmuşymyzda stress gündelik adaty ýagdaýdyr. Ýönekeý dilde aýdylanda, stress durmuşda ýüze çykýan ol ýa-da beýleki bir ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ynsan organizmini mejbur etmek üçin tebigatyň oýlap tapan usulydyr. Stress adamyň organizmine, esasanam beýnisine agram salýandygyna garamazdan, ony öz durmuşynda ýüze çykýan jygba-jyg ýagdaýlardan çykalga gözlemäge ýa-da olara öwrenişmäge (adaptasiýa geçmäge) mejbur edýär.
Durmuş – yzygiderli hem birsyhly üýtgäp durýan hadysalaň, tötänlikleň jeminden emele gelýär.
Ynsan bedeni (organizmi) bolsa şol hadysalardyr-tötänliklerden yzygiderli baş alyp çykmaly, eger-de olardan üstün çykyp bilmese, olara öwrenişmeli bolýar.
Şoň üçinem stressiz ýaşaýyş mümkin däl.
Ynsan oragnizminiň stress ýagdaýy diňe bir onuň beýnisine (psihikasyna) täsir etmän, eýsem fiziologiýasyna-da täsir edýär. Mysal üçin, adam haýsydyr bir howpa sataşanda ýa-da sataşandyryn öýdüp gorkanda onuň organizminde bada-bat we öz-özünden emele gelýän stress reaksiýasynyň alamatlary şeýle: ol çalt-çaltdan dem almaga (sojamaga) başlaýar, ýüreginiň gürsüldäp urmasy güýçlenýär. Adam bedeniniň bu häsiýeti onuň ganyna adrenalin diýlip atlandyrylýan gormonyň uly möçberde garylmagy zerarly ýüze çykýar. Munuň netijesinde organizm damardaky ganyň akymyny üýtgedýär-de, içki beden agzalary bilen hama barýan gan akymyny azaldyp, olary el-aýak dokumalaryna gönükdirýär. Şonuň netijesinde adamyň el-aýagy has gurplanyp, ol üstüne abanýan howpa garşylyk görkezmäge ýa-da ondan gaçyp gutulmaga taýynlanýar (çuslanýar).
Ondan başga-da ynsan bedeni üçin esasy energiýa serişdesi bolan glýukozanyň gandaky eremesi güýçlenýär-de, dessine organizmiň energetiki (kuwwat) ätiýaçlyk gory bolan ýag gatlagynyň eremegini çaltlandyrýar. Şonda-da adamyň ganynyň goýalmak (ýygrylmak) mümkinçiligi ýokarlanýar. Sebäbi organizm üçin birdenkä oňa şikes ýetäýse, şol ýarany çaltrak bitirmek zerurlygy ýüze çykýar.
Ynsan bedeniniň hut şu häsiýetli alamatlary üçin lukmançylykda stressi: “fight-or-flight” – “ur ýa-da gaç” diýen iňlis adalgasy bilen atlandyrýarlar.
Görnüşi boýunça stress bolup bilýär:
- oňyn stress;
- oňyn däl stress.
Oňyn stressler, mysal üçin: çagaň dogulmagy, toý, ýokary okuw mekdebine okuwa girmek, uly möçberde düşewünt edinmek we ş.m., ýüze çykaýan halatynda-da, organizm olaryň gowy duýgulara esaslanýandygy sebäpli, olara çalt öwrenişýär we gysga wagtlyk dowam eden duýgy partlamasyndan (emosional partlamadan) soň, derrew kadaly ýagdaýa dolanyp gelýär. Köplenç ýagdaýda munuň ýaly stressler adamlaň aglaba köpüsiniň organizmi üçin peýdaly bolýar.
Türkmenlerde: “Gelin edinen maşgalaň uly-kiçi agzasynyň goltugyndan gop berlen ýaly bolýar” diýilmeýärmi?
Oňyn däl stress hem öz gezeginde iki görnüşe bölünýär:
- gysga wagtlaýyn stress;
- dowamly stress.
Gysga wagtlaýyn stress, mysal üçin: itden gorkmak, gök gümmürdände ziňkildemek we ş.m., aglaba köp ýagdaýlarda (eger-de, adamyň ýürek keseli ýa-da şoňa meňzeş başga keseli bolmasa), ynsan organizmi üçin düýpli zyýan döretmezden geçip gidýär.
Lukmançylyk ylmynda, uzaga çekýän (dowamly) oňyn däl stress “distress” diýlip atlandyrylýar. Distress ynsan organizmi üçin juda zyýanly bolup durýar we ol wagtynda bejerilmese, dürli has agyr keselleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär.
Distress, mysal üçin: üznüksiz we dowamly maşgala oňşuksyzlygy, agyr maddy ýagdaý, işsizlik ýa-da ýakynlaň biwagt ölümi we ş.m. durmuşy hadysalar birnäçe aýlara, kähalatda ýyllara çekýän distressiň gönezligi bolup hyzmat edip bilýär. Şunuň ýaly ýagdaýda, adamyň diňe bir saglygy däl-de, eýsem jany hem howp astyna düşýär.
Öz erkine garaşsyzlykda ýüregine dowul düşüp, hemişe lapykeç gezýän adamyň organizmi wagtynda distressden saplanmasa, onuň psihikasam, fiziologiýasam beýle üznüksiz hem dowamly basyşa döz gelmän başlaýar. Adamyň beden gurluşynda we psihikasynda dürli näsazlyk emele gelýär. Distress, newrozlar, psihozlar, arakhorluk, ýürek urşunyň bozulmasy, gan basyşynyň kadaly ýokarylygy (arterial gipertenziýa), aşgazan-içege ýollarynda ýaralaryň döremegi we ş.m. ýaly keselleri öjükdiriji bolup hyzmat edýär.
Ýakyn wagtda durmuşyňda haýsydyr bir ýakymsyz hem-de özüňe erbet sarsgyn beren waka bolup geçen bolsa hem-de özüň hamana sebäpsiz ýerden birahatlyk duýup başlan bolsaň, özüňde distressiň başlanandygyny nädip aňmaly?
Ilki bilen böwrüňe diň salyp, öz bedeniň, beýniň özüňe ýollaýan duýduryjy habarlaryny “eşitmegiň” hötdesinden gelmeli. Ýagny, täze başlanan distressiň alamatlary (simptomlary) şu aşakdakylardyr:
- öňküňden çakdan aşa köp iýesiň gelýändigi ýa-da işdäň üzük-ýoluk peselmegi;
- spirtli içgiler ýa-da çilim bilen “özüňi köşeşdirjek” bolmaga birsyhly ymtylyş;
- ukusyzlyk we bihöweslik (apatiýa);
- çakdan aşa gaharjaňlyk we sebäpsiz birahatlyk;
- alçaklyk, wäşilik duýgusynyň düýpgöter ýitmegi;
- jynsy höwesiň üzük-ýoluk pese düşmegi;
- ýatkeşligiň görnetin kütelişmegi;
- hiç kim bilen, hatda ýakyn dostlaň (joralaň) bilenem gatnaşyk saklasyň, duşuşasyň gelmän başlamagy;
- hemmelere, hatda ýakynlaryňa-da esassyz müňkürlik.
Şonuň ýaly-da, distressiň täsiri bilen adamyň özüni duýşam pese gaçyp, onda sebäpsiz ýerden aşakdaky ýaly yzalaryň emele gelip başlamagy mümkin:
- kellagyry;
- düşnüksiz hem sebäpsiz argynlyk;
- gursakda, ýüregiň töwereginde sodaja agyry;
- işjeňligiň düýpli peselmegi;
- gan basyşyň sebäpsiz galmagy;
- sebäpsiz üşemek hem-de saňňyldy;
- çakdan aşa derlegenlik;
- aram-aram we ýygy-ýygydan howa ýetmeýän ýaly duýgy;
- ýürek bulanma;
- dokumalaň syzlap agyrmagy we ş.m.
Eger-de, ýokarda görkezilen alamatlar ynsan organizminde ýüze çykýan bolsa, onda diýmek distressiň möwjäp başlaýandygyny aňladýar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda, distressiň ýüze çykmagyna sebäp bolan ýagdaýy adamyň özi doly aňşyrman bilýär. Onuň tankydy aň ýetirişi (критическое мышление) haýalrak işläp ýa-da adamyň özi durmuşynda bolup geçýän hadysa doly akyl ýetirse-de, onuň hut şo görnüşde şeýle häsiýetli dowam etmegine düşünjeli ýol berip bilýär.
Mysal üçin, adamyň tankydy aň ýetirişiniň kem-käsleýin işlemeginiň mysaly: Meň başlygym beýle gödek däl, ol maňa biderek ýere bahana arap, yrsarap gygyrmaýar-da, maňa etmeli işimi has dogry we dürs düşündirmäge çalyşýar, emma meň özüm işimi oňaramok, şoň üçinem firmada eýlekileňkini artdyrsalar-da, meň aýlygymy köpeltmeýärler.
Ýa-da adamyň öz durmuşyndaky hadysaň hut şeýle bolmagyna özüniň düşünjeli ýol berýändiginiň mysaly: firmada başlygym maňa biderek ýere yrsaraýar, aýlygymy hem sebäpsiz köpeltmeýär, sebäbi meň öz islegim bilen işden çykmagymy isleýär. Ýöne, men onda-da başga şundan gowy aýlykly iş tapmajakdygyma ynanýandygym sebäpli, oň hemme iňirdilerine dişimi gysyp çydaýan.
Distressiň bardygy ýüze çykarylandan soň, adamyň özi onuň bejergisini başlamak üçin, ilki bilen onuň başlangyç sebäbini anyklamaly. Sebäbini anyklabam, eger-de mümkin bolsa, şol sebäbi aradan aýyrmaga çalyşmaly. Eger-de, distressiň sebäbini düýbünden aradan aýyrmak mümkin bolmasa (mysal üçin: gutulgysyz kesel) onda, adam onuň bilen oňuşmaga, ýagny, türkmençe aýtsaň: “takdyra ten bermäge” çytraşmaly.
Lukmanlar stressiň distresse öwrülmezligi üçin, lukmana ýüz tutmazdan öň adamyň öz-özüne kömek etmegi üçin, käbir ýönekeýje usullardan peýdalanmagy maslahat berýärler. Olar şu aşakdakylardyr:
1. Göwnüňi gaplaýan ýaşyryn agressiýany daşyňa çykarmak: gerekmejek köne-küşül kagyzlary jyrym-jyrym edip ýa-da köne çüýşeleri owum-döwüm edip, zibildana zyňmak, öz göwnüňe degen adama gaýybana hat ýazyp, ol hatda oňa diýesiň gelip, ýöne diýip bilmän hyrçyňy dişlän hemme zadyňy diýip, soňam haty ýyrtym-ýyrtym edip otlamak (E.Hemingueý: “Haýsydyr bir pikirden hemişelik dynasyň gelse, ony ýaz” diýipdir);
2. Özüňi ezizlemek, läliksiretmek: haçandan bäri iýesiň gelýän zady bişirinmek ýa-da satyn alyp iýmek, ähli işleriňi bir gyra zyňyp, çagalaňňam alyp, heziller edip oýanamak ýa-da tebigata çykyp, dynç almak we ş.m.;
3. Iýýän zatlaňňy seljermek: organizme özüni çus hem sagdyn duýmak üçin zerur bolan serotonin gormonyny (bagtyň gormony) we “rahatlyk hem ýaşlyk gormony” diýilýän melotonini işläp çykarmak üçin zerur bolan maddalara baý gök önümleri, miweleri köpräk iýmek;
4. Günüň dowamynda özüňi rahat saklamaga ymtylmak: eliň sypyndygy adamsyzrak, açyk howaly ýerlerde gezmelemek, diňe özüňe ýakymly zatlar hakda oýlanmaga ymtylmak, gije ýatmazyňdan öň ýyly suwluja wanna girmek, öz-özüňe, esasanam dabanyňa, aýaklaryňa massaž etmek, rahatlandyryjy kitaplary okamak, rahatlandyryjy sazlary diňlemek we ş.m.;
5. Öz durmuşyňa-da, öz mümkinçilikleriňe-de dogry hem sagdyn baha bermäge çalyşmak: Aýaksyz çolakkaň, elýetmez ýyldyzlaň yşgynda jöwlan urup, paşmajak arzuwlaň bilen özüňi kösäniňden, özüňe maýyplaň tigirçekli kürsüsiniň öz-özünden tigirlenýän görnüşini satyn almaga pul toplamak üçin çaga oýnawajyny ýasamagy öwreneniň peýdaly dälmi?!
6. “Her bir toýda öýlenýän, her bir ýasda jaýlanýan” bolmaga ymtylmaly däl. Gurbannazar agamyz aýtmyşlaýyn:
“Şonsuzam aýaklaryň ätjek ädimini äder, görer göreçleriň görjek zadyny”... Ýene-de bir zady hemişe ýatda saklamaly: Diňe Allatagala hemmeje zada eýelik edibem bilýär, gözegçilik edibem, buýrubam. Adam bolsa – wiçjik...Hatda öz tenem özüniňki däl. Amanat.
7. Özüňi azara goýýan meseleler hakda ýakyn syrdaşyň bilen iç döküşmeli. “Aýdylan dert aýňalmak bilen”. “Ýekelik Hudaýa ýagşy” diýilýäniniň esasy manysy – ýalňyzlyga diňe Onuň täk Özi döz gelip bilýär. Başga hiç kim. Ynsan bolsa, derdinişmek bilen ýüküni ýeňledýär, özüniň ýalňyz däldigini duýýar, şoňa düşünýär, şondan teselli alýar.
Eger-de şu ýönekeýje usullaň kömegi bilen adam kükregini dolduran galagoplukdan saplanyp bilmese, onda hökman lukmanlara ýüz tutmaly. Stressiň ýörite bejeriş usullary kän. Bu ugurdan hünärmenler, dürli derman serişdelerini ýörite relaks-trening, psihiki antistress usullary bilen utgaşdyryp bejermäge ýardam berýärler.
Makala dürli internet maglumatlaryndan peýdalanylyp taýýarlandy.
Makalaň çapa çykan ýyly: 17.12.2021 ýyl

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.