??????????? ??☕️

ÝATKEŞLIK.
Käşir- Ýatlama ukybymyzy artdyrýar. Çünki, käşir beýnimizdäki metabolizmamyzy (alyş-çalyş) güýçlendirýär. Bir zat ýat tutmaly bolsaňyz, bir kiçi tarelkada ýagly käşir salatyny iýiň.

Ananas- Uzyn teksti ýatda saklamak üçin iýilmeli miwedir.

Awakado- Gysga möhletli ýat üçin. Meselem almaly zatlaň sanawyny edeňde peýdaly. Onda köp mukdarda ýag kislotalary bar. Ýarty awakado ýeterlikdir.

BAGTLYLYK.
Gyzyl burç- Näçe ajy boldugyça şonça gowy. Aroma maddalary bedeniň bagt garmonynyň çykmagyna itergi berýär. Iň gowusy çyg iýileni şol durşyna.

Ýer tudana (клубника)- Stresi ýeňilleşdirýär. Süýümli maddasy bagt berýär. Doza azyndan 150 gram.

Banan- Munuň syry serotonindir. Banandan beýnimiz hoşal bolýar.

ÖWRENMEK.
Kelem- Gaharlylygy (nerwini) gowşadýar. (Tiroid bezleriniň işjeňligini haýalladýar) Muny iýseň hasam stressiz öwrenilýär. Meselem ekzamenden öň iýseňiz peýdasy degýär.

Limon- C witamini sebäpli öwrenmegi güýçlendirýär, başarnygy artdyrýar. Dil öwrenmek kursundan öň 1 stakan limon şiresi (suwy) içiň.

Itüzüm (Blueberry, черника)- Uzyn möhletli öwrenmek üçin ideal miwedir. Beýniniň has gowy gan bilen üpjün edilmegini üpjün edýär.

ÜNS.
? ( креветка, Shrimp)- Bu beýniniň iýmitidir. Bedene möhüm omega 3 ýag kislotalary berýär. Ünsiň dowamlylygyny uzaldýar.

Sogan- Fiziki ýadawlyga garşy. Gany suwuklandyrýar, beýni kislorody has gowy alýar.

Hoz, fyndyk (hazelnut), pisse- Konferensiýalarda (Maslahatlarda), konsertlerde, uzak awtoulag syýahatlarynda nerwini güýçlendirýär hem-de beýnidäki habar alma maddalarynyň emele gelmegini işjeňleşdirýärler.

DÖREDIJILIK.
Zenjefil (имбирь)- Içindäki maddalar beýnini täze pikirler döretmäge mümkinçilik berýär. Ganyň suwuklanmagy bilen bedende has erkin akýar, beýni kislorod bilen iýmitlenýär.

Kimýon (cumin)- adamyň aňyna bir pikir getirýär. Ondaky efir ýaglary tutuş nerw ulgamyny gyjyndyrýar, ýöne diňe döredijilikli pikirleniş şertinde. Birden bir pikire, oýlap tapyşa mätäç bolan kimýon çaýyny içmeli. (Bir käsä 2 çaý çemçesi kimýon goşmaly)
5 лайков 326 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ladybug
29 апр 2022, 12:13
Imbir nahili yagdayda ulanylyarka su zat?
Telwas
Автор 29 апр 2022, 13:43
Ladybug,
Salam. Gyrgyçdan geçirip ýa-da dilim-dilim edip kesip çaýa, suwa, süýde goşup iýilýär. Ýörite poroşok görnüşem bar, olam edil çaýa, suwa, süýde goşulýar. Et önümli naharlarda-da ulanylýar. Peýdasy kän şol iýmitiň. Men süýde goşup detoks üçin kän içýärdim.
kone natanysh
29 апр 2022, 13:59
Biz imbiri hemişe çaýa goşup içýäs.
Telwas
Автор 29 апр 2022, 14:19
kone natanysh,
Salam. Tagamy nähili?
kone natanysh
29 апр 2022, 14:23
Salam tagymy kopirak goshsan ajy kakyan narpyzdan guyclirak tagamy bar.
kone natanysh
29 апр 2022, 14:23
*tagamy
Chelsea
29 апр 2022, 14:56
Imbir name zatka?

Men injirdir diyip pikir etdim welin basga zat oytyan
Ladybug
29 апр 2022, 16:02
Nirvana,
Salam,minnetdar dusundirisine. Bir yyl ejem mellege ekipdi,sonabaka oz ozunden kopelip gidip barya. Menem baryny sowrup cykdym. Son bir gun markede baramda bahasyny gorup ayranyma gaty gynandym.
Telwas
Автор 29 апр 2022, 17:26
kone natanysh
Salam tagymy kopirak goshsan ajy kakyan narpyzdan guyclirak tagamy bar.

Köp goşsaň ajydyr. Poroşogy süýjimtik tagamly bolýar. Horlanasy gelýän gyz-oglanlara şony maslahat berýän. :)
Telwas
Автор 29 апр 2022, 17:27
Chelsea
Imbir name zatka?

Men injirdir diyip pikir etdim welin basga zat oytyan

Türkmençesini bilemok. Emma daş keşbi bir zadyň köküne meňzeýär. Injir däl.
Telwas
Автор 29 апр 2022, 17:29
Ladybug,
Iş bitiripsiň senä. :)
Bahasy gymmat. Türkmenistanda näçe?
Ladybug
29 апр 2022, 18:15
1 2 ay mundan owal 180manatmy sonyaly birzatdy oza. Horlanmana komek edyami bu cyndanam?
Telwas
Автор 29 апр 2022, 18:22
Ladybug,
Hä dogry. Hawa joram kömek edýär.
Telwas
Автор 29 апр 2022, 18:23
Ladybug,
Şu gün agşam boşan wagtyň gaýrat edip gel, habarlaşaly. Bu gezek gaçaýma. :)
Ladybug
29 апр 2022, 18:26
Geljek bolaryn,yenede yatyp galmasam. Su gunler kan 11den anryk gecip bilemok
Telwas
Автор 29 апр 2022, 18:28
Ladybug,
Bir wagt belle. Men şol wagta geleýin.
Ladybug
29 апр 2022, 18:38
10 bolarmy sen ucin?
Chelsea
29 апр 2022, 18:49
Okk. Sagja bol.