???

Käte näçe aýlap garaşyp ýören hoş habaryň okap oturan kitabyňdan gelýär.
4 лайков 624 просмотров
48комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:22
Gel, bar zady edeli biz ýerbe-er,
Bar zady edeli çöp döwlen ýaly.
Bu nä duýgy boldy —
Jana derdeser?!
Mundan beter nämemiş muň hyýaly?!

Ýa bile gideli bir ýola düşüp,
Ýa rugsat ber —
Öz ýoluma gideýin.
Men ýaşap bilemok çöküme düşüp,
Dyzym epilenok —
Nalaç edeýin!

Ýitgiler kän.
Ýene birne dözüler.
Oda ýanyp boldummy men gap-gara?!
Gowsy «Ýok» diý —
Göni bakyp gözüme,
«Hawa» diýme —
Ýüzüň sowup gapdala.

Şiraly NURMYRADOW.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:23
HAÝYŞ

M. A.

Daşarda harasat.
Şemal.
Aýaz.
Gar...
Birdenem,
Ýyldyrym çakdy diýseler,
Ýylçyr gaýaň ýüzün örten kömelek
Gara daşy ýaryp çykdy diýseler,
Suw boýuny syryp gaýdýan derekler
Elwan-elwan gül açypdyr diýseler,
Agzyna suw alan dymma balyklar
Suwdan çykyp, dil açypdyr diýseler,
Gündogarda Gün ýaşypdyr diýseler,
Diýseler, Gün günbatardan dogupdyr,
Ýa diýseler tomsuň ortaky aýy
Garagumda guýy suwy doňupdyr...
Diýseler, diýseler, ýene diýseler...
Mümkin, baryna-da ynanardym men.
«Giňdir jahan, geňdir jahan»,
Kim bilýä,
Bolmajak zatlaram bolaýýa birden.
...Çokunanym,
Sygynanym,
Söýenim!
Sen menden dänipsiň diýseler bir gün —
Men-ä şonda «Ýalan!» diýip aglaýyn,
Senem «Ýok, çyn!» diýip, bir şarpyk bergin!
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:23
GUTULGYSYZLYK

Şunça ýyl garaşdym. Gözledim. Tapdym.
Ýüregme saldym-da, içinden ýapdym...

«Tapdym!» diýip, göge zyňan telpegim
Yzyna gaçýança ýitjegňi bilsem,
Zöhre ýyldyzym diýip guwanyp ýörkäm,
Ömrüzaýam bolup batjagňy bilsem,
Jarka urup ykbalymyň gapysyn,
Petlesin goparyp gitjegňi bilsem,
Kepderi deý egne gonan bagtymyň
Keýp edip ganatyn ütjegňi bilsem,
Enemden-atamdan, gizlän syrymy
Bazara çykaryp satjagňy bilsem,
Boz maral deý süýnüp giden söýgimiň
Yzyndan ok bolup ýetjegňi bilsem...

Şu zatlary bilen bolsam öňünden —
Geçip gidip bilermidim deňiňden?
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:24
PURSAT

Serhowuzdan çykan juwan gyz deýin
Aý gizlendi töweregne garanyp.
Döwüň gowagyna dönen gözýetim
Şeýtanyň kalby deý ýatyr garalyp.

Aýperiň üzülen hünjüsi deýin
Ýyldyzlar birgeňsi pytraşyp ýatyr.
Pyragyň goşgusyn diňleýän ýaly
Baglar gamly başyn yralap otyr...
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:24
AK GOŞGY

Göçgünli aýdymlaň gyryldy sesi.
Düşdi sazlaň buýra-buýra saçlary.
Gurak protokola döndi goşgular.
Süýt deý çogan gülkiň döküldi dişi.
Otly geçip gitdi
Hiç ýerde durman.
Durna uçdy
Aýtman nirä gidýänin...
Iki bolup garşylapdyk bir bagty.
Indem iki sany betbagtlygy
Aýry-aýrylykda ugratjak bolýas.
Gyzgyn pyşyrdydan erän gulaklar
Zar boldy ýekeje mylaýym söze.
Seni aýasynda göteren eller
Bir gap otluçöpi bilenok saklap,
Tikeniň awusyn duýmadyk aýak
Gyrtyjyň üstünden ýöräp bilenok.
Meni öýe salyp bilmedik ýürek
Indi öýden daş çykaryp bilenok.
Bolanok.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:25
SEN AÝDYM AÝDAŇDA...

Läle Güýjowa

Sen aýdym aýdaňda dymanok guşlar,
Bilbillerem saýramasyn kesenok.
Bu güller,
Ekinler,
Otlar,
Agaçlar
Seň sesiňden ganyp,
Suwsuz ösenok.

Aýdymyňa melul bolup durnalar
Öz ýolun terk edip,
Düşenok ýere.
«Mahmal owazyňy eşden gojalar»
Göçenok,
Sakgalyn galgadyp ýele.

Üýtgeşik bolýan zat göräýmäge ýok,
Ýöne baş egmäge taýyn bahana:
Bir-ä seniň sesiň zala syganok.
Birem men sygamok bu giñ jahana.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:25
DAGLAR HEM-DE ADAMLAR

Aýlaw sany ýiten pelegiň çarhyn
Sagadyň dilleri ýadyňa salýar.
Nobatyn geçiren ýene bir gije
Wagtyň bazaryna ömrüni salýar.

Soňra tebigatyň elwan baýdagy
Şapak bolup gündogary gaplaýar.
Şapagyň şöhlesi gögüň göwsüni
Düzüm-düzüm monjuklardan saplaýar.

Agras daglaň kebzesinden ýapyşyp
Gün agraslyk bilen galýar ýerinden...
Dyma-dyma halys bolan daglaryň
Ak giripdir müñ gowgaly serinden.

Serinden ak giren agras daglaryň
Müň gowgaly başy asmana ýetýär.
Jülgeler bugarýar toý gazany deý...
Birdenem toý ýitýär, märeke ýitýär.
Toý deregne peýda bolýar sowallar,
Märekäň deregnem sowallar tutýar.
(Mydam täleý bilen başa-baş adam
Ne deňleşýär, ne utulýar, ne utýar).

Ýaş başyma endik bolan dymmagy
Gara daşly gara dagdan öwrendim.
Bu gün welin gözüm düşüp daglara,
Durşum bilen soraglara öwrüldim.

Hany, gür bersene, aýtsana, dagym,
Aýt, nämüçin agyr seniň taryhyň?
Belki, onsoň ýazgararyn azajyk,
Belki, onsoň ýetirerin tarypyň.

Hany, gür bersene ganym atynyň
Daşyňda yz goýup geçen ýerinden.
Şonda nädip çydap bildiň? Nämüçin
Daş bolup ýagmadyň depelerinden.

Üstüňden ganymlaň düşende ýoly,
Neneň para-para bolmady daşyň?
Neneňsi siňdirip bildiň ýesirleň
Yzlarna delmuryp döken gözýaşyn?

Haýsy kemeriňden ötüp «gyzylbaş»
Pyragyň mekanyn saldy weýrana?
Goly bagly, kalby dagly şahyry
Haýsy ýodaň alyp gitdi Eýrana?

Hüňkara aldyryp Göroglyň başyn,
Haýsy gowagyňda bagryň dilindi?
Tyg göwsünden parran geçen Gyratyň
Nagarasyndan haýsy jülgäň elendi?

Hany, gür bersene geçmişiň hakda,
Belent mertebäňe edeýin togap.
Meni ünjä goýan ençe sowala
Özüň dymyp dursaň, kim bersin jogap?

...Ýaş başyma endik bolan dymmagy
Öwrenipdim gara dagyň daşyndan.
Bu gün welin gözüm düşüp daglara,
Ejiz gelýän ýeke katra ýaşymdan.

Hany, töweregňe göz aýla, dagym,
Agyr taryhyňa aglaýan känmi?
Ozalam gözýaşyň ýeterlik ahyr,
Bu günki damjalar artykmaç dälmi?

...Mydam adam bilen başa-baş täleý
Ne deňleşýär, ne utulýar, ne utýar...
Daglaň geçmişine aglaýar adam,
Dag bolsa adamlaň ýasyny tutýar...
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:26
EBEDILIGIŇ GYMMATY

Bu gara daglardan inermiş bela.
Müñläp ykbal bir-birinden keçmişin...
Dymyp dur bu çal saç
Gadymy gala,
Göýä jaýlaýan deý agyr geçmişin.

Daşynda ne otlar,
Ne-de bir güller,
Başynda, bilmedim, näme hyýaly.
Dymyp dur
Hamana şol gara günleň
Biri hasabatyn soraýjak ýaly.

Dur ol —
Ruhy deýin ganly döwürleñ.
Asyrlar oň günäsini ulaldan.
Göwresine siňen müňläp ömürleň
Hasabyna öz ömrüni uzaldan,

Monjuk deý arassa,
Dury gözýaşlar,
Gözýaş deý monjuklaň mazary gala.
Döwrüniň derdine dözmedik daşlaň
Çalam-çaş süňňüniň azary gala...

Garym-gatym süňkler —
Adamlar,
Atlar...
Bu ýadaw geçmişiň agypdyr eňki...
A diwarlar —
Bolgusyzja haýatlar.
A gala —
Şol gadym zamanaň süňki...

Doglan ýyly —
Nuh eýýamyň durmuşy:
Doglan ýeri —
Tozap ýatan welaýat.
Ah, ne täsin bu ýalançyň gurluşy —
Käte
Şaýatlygam Agyr jenaýat!

Nämüçin dymyp dur bu başsyz göwre?
Bizi ýat görýärmi bu gadym mekan?
Ýa-da şaýat bolup aýylganç döwre
Şindem duranyna utanýamykan?

Bu gün hyýalynda direlýä, belki,
Derwezesin läşi bilen ýapanlar!
Gizlenip,
Goranyp üstünde ilki,
Ahyram astynda rahat tapanlar...

Gan dökenem — adam,
Goranam — adam,
Nädip, baýguş gelip, tutunýa mekan?!
(Ýa indi ýürekden çykan perýadam
Pelege kär edip bilmeýämikän?)

A diwarlaň diňe galypdyr ady;
Diwarlar —
Ýurt göçen haraba ýaly.
Dur —
Göýä geçmişiň ýalňyz şaýady,
Hem ýeke-täk günäkäri mysaly...

Ahmyrly är gussa çekmez ýalandan.
Ah, bu syrly gala gürläp bilsedi:
«Dilim gysga,
Ömrüm uzyn bolandan —
Ömrüm gysga,
Dilim uzyn bolsady!..»
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:27
GEÇMIŞE SYÝAHAT

Bu bagda geçirdim çagalyk döwrüm,
Ýetginjek ýyllarym bu bagda geçdi.
Bu bagda birmahal azaşdy höwrüm;
Bu bagdan bireýýäm nesibäm göçdi.

Bu bagda ýaşapdy bir täsin bägül...
(Eý, Hudaý,
Bu zatlar haçandy baryp?!)
Güli ary bolup küýsedim kä gün;
Käte gezdim bilbil bolup agtaryp.

Şondan başga gül gözüme ilmedi;
Bilbilem görmedim özümden gaýry...
Ah, birdenem...
Yşk daragtym igledi;
Egnimde bir görsem dag ýaly gaýgy...

Şeýdip, mejnun ýyllaň uzak mukamyn
Şonça ýyllap
Müň gaýtalap içimden,
Gezdim küýsäp ýatlamalar mekanyn;
Ahyr geldim...
Ak girensoň saçymdan.

Bilemok ahmyrdan kalbymy saklap;
Derdimi egsermi gussa çekenim?
Kän gezdim özümi bilbil hasaplap,
A men bary-ýogy...
Bagban ekenim!

Şeýda bilbil bolup gonmadym güle;
A men diñe bagban deý guwanyp gezdim...
A ol nesip etdi başga bilbile,
Bilmedim,
Bu jeza neneňsi dözdüm.

A bu gün gözüme görnüp dur aýdyň —
Ýaýdanan pursadym,
Ýalňyşan çagym.
(Şeýdip,
Öz gussaňy ýüzüme çaýdyň,
Kalbym deý ýaraly,
Ýalaňaç bagym!)

...Irginsiz şemalyň gadym sübsesi
Salýa ýapraklary gyran-jyrana.
Eşdilýä kimiňdir agyly sesi:
«Nämä geldiň Indiden soň bu ýana?

Dolan —
Gelen bolsañ hoşlaşmak üçin;
Aglamaga gelen bolsaň —
Gaýdyber!
Maňa-ha täzeden gül açaýma kyn.
Sen nämä dolandyň?
Hawa, aýdyber!..»
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:28
ÇATRYKDA

Hol barýa gündizler şowhunyn taşlap,
Ümsümligin goýup barýa gijeler...
Bu oýny bolanok täzeden başlap,
Ahmyr edýä soňa galan bijeler.

Ykbal bir silkinýä. Geräýmäge giç.
Senem namys bilen dişleýäň hyrçyň.
Gamgyn ýaşan bolsaň şu güne deňiç.
Bagtyň indiden soň çüwmejegi çyn.

Ýok, häli pursat bar. Möhletin soňlap,
Wagtyndan ir garalanok iňrigim...
Gadym aşyklaryň yhlasyn geňläp,
Birmahallar ýygyrardym seňrigim.

Garaçomak sagyň, Babahan soluň.
Garşylyk, kynçylyk, çar ýanyň şumluk.
Söýgi meýdanynda baş goýan ýoluň
Ýarsynda ýykylýaň, gözleriň ýumlup.

Söýgä gara başlar bolupdyr pida.
Ynanmazdym, ertekidir öýderdim.
Bu gün özüm düşdüm bir gyzdan jyda,
Bu gün öz başymda özbaşdak derdim...

Bagta ýetirmändir çekilen azap,
Öň — söýmek gadagan bolany üçin.
Bu gün söýgi azat. Ýöne nämüçin
Käte bagta ýetmek öňküdenem kyn?

Geçmişiň emri ýok bu aşyk döwre,
Howada jelladyň aýpaltasy ýok...
Ykbal çatrygynda, dur goşa göwre:
Mundan aňryk bile gidip bolanok.

Bu gün ant içýän ýok dyzyna çöküp,
Bu gün aslyşýan ýok gidýäni saklap.
...Mejnun welin «Leýlim!» diýip, ah çekip.
Şindem ýatyr şol mazary gujaklap.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:28
EJIZLIK

Ah, bu niçik säher?
Bu niçik jady?
Bu kimiň nalasy,
Kimiň perýady?

Ne güýç aldy kararymy, sabrymy?
Ne owaz bu —
Paralap dur bagrymy?
Ne bir uklap bilýän,
Ne-de bir galyp —
Durmy bir jadygöý başujum alyp?..

Ah,
Belki, ejizlik ýeňillik getir —
Duýdansyz çygjarýa ýassygyň çeti...

Ol bolsa
Göýä bir birehim derýa,
Möwç alyp,
Öç alyp,
Gark edip barýa.

Ýüzbe-ýüz,
Başa-baş keramat bilen...
Owaz,
Diňe owaz — bagrymy dilen.

Diňe her sazdan soň
Iki agyz gep bar
«Ýene-de halk sazy...
Ýene-de Jepbar...»
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:29
Bilmeýän ýok söýgiň niçik zatdygyn,
Bilmeýän ýok söýgiň mukaddesdigin.
Yşk meýinden ýeke gezek datdygyň,
Belli bor seň beýikdigiň, pesdigiň,

Söýgi diýmek mydam şatlyk diýmek däl,
Çünki ol hasratam, gaýgam getirýär.
Yşk mukamy galsa iň belent perdä,
Emelsiz bagşylar sesin ýitirýär.

Çagyryp bolanok,
Gözläp bolanok,
Diňe umyt bilen garaşyp bolýar.
Söýgiň soňy mydam toýa baranok,
Sebäbi ol käte toýdan soň gelýär.

Gelýär on altyda.
Kyrkda.
Ellide.
Işi ýok wezipäň, derejäň bilen.
Ilki saña tokly simi elleder,
Tutup durşuňdanam kimdigňi biler.

Duýgy ýalan bolsa, çyn söýgi ölýär,
Ösýär yşk bagynda hazan şemaly...
Söýgi är ömründe bir gezek gelýär —
Ömrûň ýeke gezek berlişi ýaly!
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:29
GEÇMIŞDEN BIR SAHYPA

Ine, uç-gyraksyz söweş meýdany,
Gidipdir agyr jeň kyrk gije-gündiz.
Heniz siňmändirem pidalaň gany,
Kyrk günüň tozanam ýatmandyr şindiz.

Sowap ýetişmändir sansyz jesetler,
Lüt bolan Ezraýyl dynç alyp otyr...
Ýap-ýaňy bir-birin parçalan jetler,
Indem bir-birini gujaklap ýatyr.

Naýza yrgyldap dur näçe gursakda,
Näçe kükrekde-de gögeren peýkam.
Bu «gazy» bolmadyk «şehitler» hakda
Gadym aýdymyna hiňlenýä şeýtan.

Namart garaguşlar heşelle kakýa:
«Rysgymyzy ýetirip dur Ýaradan».
Öz halal awy deý arkaýyn çokýa
Öñ jan çykyp, soň gan çykan ýaradan.

Eýmenç owaz bilen haýkyrýa atlar,
Akyl käsesi deý gözlerde — düwme.
Saralmanka gyzarypdyr gök otlar
Bir sapar çeýnän at on sapar düwner.

Nägile ene deý çytylýa asman,
Ýere ýyldyzlardan salam aýdanok.
... Bu meýdany synlap, hiç ýerde asla ;
Diri adam galandyram öýdeňok...

A başga meýdanda, başga bir ýerde,
At toýnagy elendirýä topragy.
Tutýa günüň öňün bir gara perde,
Bialaç möňňürýä ýöriş-depregi...
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:29
SENSIZ

Baglar bar abraýyn dökdüler sensiz.
Bulutlar gar bolup çökdüler sensiz.

Sensiz öz-özüni asdy şagalaň.
Isle — ýer ýumrukla. Isle — çabalan.

Ölseň — ýeriňkidiň, ölmeseň — meňki.
A ýeriñ dört gezek üýtgedi reňki.

Süýndi ykmanda ýel dilini sallap.
Geçdi ýolagçy ýyl elini salgap.

Suwdan çykarylan balyga döndüm.
Dyza çökerilen şalyga döndüm.

Gijeler bir ýyllap gysgalmadylar.
Dostlar göwünligin gysganmadylar.

Bir semiz kalendar gutardy iglän.
Aglardan giç bu gün. Gülerden irräk.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:30
GÖRÄÝMÄGE...

Gurbannazar Ezizowa

Barýas seniň gezen mekanlaryňa,
Seniň geçen köçeleňden geçýäs biz.
Girýäs seniň giren dükanlaryňa,
Seniň içen çakyrlaňdan içýäs biz.

Bizem alyp gidýä islän ýermize
Seni çar tarapa äkiden ýollar.
Agam girýä, aňam girýä sermize,
Durmuş sahnasynda çalşyp dur rollar.

Göwnün alýas ýakynlaryň, ýatlaryň,
Dost-ýar bilen günümizi ýaşyrýas.
... Göräýmäge seň başaran zatlaryň,
Hemmesini bizem bu gün başarýas.

Wagty geler, bize-de nyrh keserler,
Gaýtargy deregne oklanjagmyz ýok...
Ýöne welin seňki deýin eserler,
Entejik bize-hä başardaýanok.

Käte özümizi aldyrjak bolup,
Senden galan sadalygy öldurýäs.
Öz barlygymyzy bildirjek bolup,
Bu gün seniñ ýoklugyňy bildirýäs.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:30
TOÝ

Gutardy syýahat.
Köşeşdi ýeller.
Ine-de gämiler kenara çykýa...
Sähelçe tolgunsaň titreýä eller,
Gözýaş ejizligiň minnetin çekýä.

Söýgi flotunyň matrosy bolup,
Arzuwlar deňzinde niçe ýyl ýüzen,
Müň günüň gülünden bir çemen bogup,
Bir gülüň tarypyn müň sapar ýazan.

Bu gün güýçli şemal ýelkenin ýolup,
Giň deňizde küreklerin ýitiren...
Bagtyňa kölege salmajak bolup,
Uly toýuň bir çetinde oturan --

Kolumbam däl,
Magellanam däl indi,
Kiçijik myhmany ullakan toýuň...
Şowhunly wagyrdy çyra deý söndi
Ýaşulyñ emrine märeke boýun:

"Bagtynyñ saglygna iki juwanyň
Ilkinji badany göteriň bu gün...»
"Bärde men Golumbyñ
Hem Magellanyň,
Bogazymda bolsa — ilkinji düwün».

Ikinji bir düwün kükregimde dur,
Götärmi ýüregim bu agyr pajy?...
Üýtgeýä zamana,
Üýtgeýä dessur.
Bir ýigit ýer turup, gygyrýa:
«Ajy!»

Müñ syrly haýbaty kenarda galan
Ahmyrly tolkunlaň bady gowşaýa.
... Bal ýaly «ajylaň» meýinden ganan
Dodagyñdan gaýta-gaýta ogşaýa.

Ýarty bulgur —
Göýä deňiz arada,
Men bärki kenarda,
Aňyrkyda — sen...
Şol gaýda düñderlen gämi barada
Gaýdyp aglamaýyn...
Başaryp bilsem.

Ykbalyňdan gitmek kyn düşdi maña
Toýuňdan gitmegem däl eken aňsat.
Şol otyryn — ýarty bulgur şerabyñ
Deñze öwrülşiniň sebäbin añtap.

Ahmyr edip, çeýnär eken otlary
Ýaralan awuny sypdyran awçy...
Ajy!
Ajy!!
(Aýyr gözüňden oklary!..
Serhoş däl men,
Gorkma.
Käýeme...)
Ajy!!!
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:31
ÝALÑYZLYK BARADA BALLADA

Belki, seň boýnuňda ol beýik ýazyk,
Düşünýäň,
Ökünýäñ,
Ýüzüñem aşak...
Belki, meň ýalňyşym kükregmi ýaryp,
Durun huzuryňda ýeňsämi gaşap...

Bu ne ýalňyz hasrat,
Bu ne täk düwün?
Eýsem bu gün gözlemekmi kärimiz?
Ine, bildigem-dä kimiň päkdigin,
Ine, tapdygam-da günäkäri biz!

Birimiz «perişde»
Birimiz «şeýtan».
Bar, şeýle hem eken,
Şeýle-dä, ine!
Ýöne nirden gelip awuly peýkam
Sanjylyp dur Söýgimiziň meýdine?!

Ýürek dymýa şeýle agyr pursatda —
Ahmyr bilen gunäň arasy ýakyn...
Kerbela çölüne dönen gursakda
Şehit ölen söýgiň mazary ýatyr.

Aýralyk miwesi ýetişdi kemsiz,
Giden gözýaş deňzi siňdi öýmäňe...
Hawa «söýýän» diýip ýetişdigem biz,
Ah, şeýdibem... Ýetişmedik söýmäge!

Köçede duş gelseň sowulýaň birýan.
Başym alyp çykaýynmy şäherden?!
Şeýdip, bu gije-de bir özüm barýan --
Aýak sesim diňläp ýatyr Beherden.

Bu gije kalbymda harasat gopýa,
Oýlar çyra üýşen çirkeýler ýaly...
Çatrykda bir Mejnun Leýlisin öpýä,
Ýekelige gyjyt berýän mysaly...

Ýaşlyk göýä geçen ýaly sürgünde:
Bu ýalňyzlyk täzeledi keşbimiz.
Men bilmedim:
Nädip syndy Bir günde
Şunça ýyllap diken Söýgi köşgümiz?..

Haýsymyz günäkär?
Parhy ýok bu gün.
Synamyzda başga derdiň azary:
Ahmyrly ýürekde —
Daş ýaly düwün.
Kerbela çölünde —
Şehit mazary...
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:31
ÖMÜR HAKDA OÝLANMA

Meger,
Ýyllar geçdi gitdi deňimden,
Meger,
Men ýyllaryň deňinden ötdüm...
Ganyp jahyllygyň gyzgyn deminden
Kämillik bazarna gul bolup gitdim.

Bu bir gysga ömür,
Başagaý ömür,
Ýowuz girdabyna gark edip barýa
Sen hars urýaň ony uzaltjak bolup,
Sen çarp urýaň ony ulaltjak bolup...
Ol bolsa
(Bir görseñ!!!)
Terk edip barýa.

Bir görseň,
Geçirip şowhunly ýazy,
Döküp dur ýapragyn ömür daragtyň.
Biwepa aýalyň gidişi ýaly
Ömürem aňtaýa ejizlän wagtyň.

Gözläp gözelligi,
Eşreti aňtap,
Gijelerňi gündiz edip galgaýaň...
Ýalñyşmak,
Azaşmak,
Aldanmak — aňsat.
Oñat zatlaň kynlygyna aglaýaň.

Ýyllar bolsa dolananok täzeden,
Galgasaňam,
Aglasaňam — gelenok.
Nirede ol alty ýyllap näz eden?
Ol-a ýyllar eken,
Menem bilemok!

Durmuş ýodasynyň ençesin baglap,
Ahmalyňa arap ýatyr külpetler.
Toýuňda saz çalyp,
Ýasyňda aglap,
Nirde galdy ganygyzgyn ülpetler?

Heriñ bir gapydan çykansyň şeýdip.
Ölemde adam kän,
Jaý, kän,
Gapy kän...
Şeýdip,
Ýene gaýdyp
Taparys öýdüp,
Öz ýitigin gözläp ýören gaty kän.

... Arzuwdan ant ýasap çapan ýyllarym
Entek-entek pellehana ýetmesin.
Ýitmedik bagtymy tapan ýyllarym
Tapylmadyk bagtym bolup ýitmesin...
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:32
ENE HAKYNDA ROWAÝAT

Öz eziz topragyn duşmandan gorap,
Giripdir söweşe agyr bir leşger...
Şonda yza öwrüp atyň jylawun,
Taşlan jeň meýdanyn bir ejiz esger.

Soňun saýman girmelikä söweşe,
Ol jeñden çykypdyr soñuny saýman
Entek näbellikä ýeñşiñ ykbaly
Atyň sagrysyna gamçysyn saýgan.

Aýsyz gijäñ gara şalyn penalap,
Gizläp ýyldyzlardan ýazykly başyn,
Oýlapdyr: «Kim bilýär, ok deger birden...
Onsoňam, mensizem ýeňer-le goşun..."

Hawa, goşun ýeňilmedi onsuzam,
Hawa, üstün çykdy bu ganly jeñde.
Ýöne, ol undupdy başga bir zady:
Öňde ýowuz jeza, adalat öňde.

Möhür edip basypdyrlar ýüzüne
Gargyşyn, näletiň birehim közün.
Indem gorkup gazabyndan iliniň
Baryp... bir metjide atypdyr özün.

Ilçilikde şeýle bir däp bar eken...
«Gan dökmek gadagan mukaddes ýerde».
Binamys, gör nirden gözläpdir pena,
Şol mukaddes däbi tutunyp perde!

Ýeke perzendine nälet okapdyr
Saçyndan ak giren ýalňyz enesi:
«Söweşmedik bolsa il ömri üçin,
Goý, bolmasyn öz ömrüniň eýesi?..»

Adamlaň ýüregi doly ýigrençden,
Adamlaň bogazy gazaldan doly.
«Gan dökmek gadagan mukaddes ýerde».
Diýmek, gözlemeli başga bir ýoly.

...Märeke jem bolýar, gelýär karara:
Metjitde akmasyn oň haram gany.
Jany çykman özi çykmazy ýaly
Petikläp çykmaly bar çykalgany.

Şeýdip, gapy diýmän, penjire diýmän,
Kerpiç örüp, beklemeli bar ýeri...»
Märeke ýaýdanýar, märeke dymýar:
Ilkinji kerpiji kim goýsun, ýeri?

Birden... öňe çykýar biçäre ene,
Ejiz eginlerne ak saçyn ýaýyp.
Gazap bilen syrýar gözüniň ýaşyn,
Ilkinji kerpiji... öz borjy saýyp!

...Owaz çykýar bir ýerinden gümmeziň:
«Geçsene günämi, geçsene, eje!.."
Ýöne ýalňyz enäň ynjan ýüregi
Dönüpdi bireýýäm doňan kerpije.

Ene ýürek kerpiç ýaly gatapdy,
Ene ýürek kerpiç ýaly sowapdy.
Bu doňan ýürege ýene jan bermek
Il-gün üçin barypýatan sogapdy...

Çal saç, ýalňyz enäň ynjan ýüregi
Bireýýäm dönüpdi doňan kerpije...
Şol gümmezden şindem ýaň gelip durmyş:
«Geçsene günämi, geçsene, eje!..»
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:32
ÝERÇEKEN

Näçe gezek diýdim:
«Aýryl, ýerçeken».
Saňa näçe sapar «Ýit, ýok bol!» diýdim.
Aýrylmadyň.
Gitmediň.
Bürmek bolup ýapyşdyň.
«Yzymdan gal» diýip, näçe ýalbardym.
«Agam meni paltalar» diýp, agladym.
Kölegäme döndüň.
Sakyrtga bolduň.
Diýdim:
«Diliňi çek, maňa lak atma».
Diýdim:
«Eliňi çek, masgara etme».
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Senden sowlup geçere ýol tapmadym.
Özelendim.
Näçe gaýra «ýok» diýdim.
Sülük bolup ýelmeşdiň...

Ahyr bir gün daş bagladym ýüregme.
Gözüm ýumdum.
Başym saldym etegme.
Agamyň paltasyn taşladym guýa.
Saňa-da «Bolýa» diýdim...

Senem gitdiň jähennemiň bazarna.
Taşlap gitdiň,
Gaçyp gitdiň — parhy nä?!
Müňläp ýol-ýoda bar bu giň jahanda —
Özüň-ä däl,
Aýak yzyň görnenok.
Diňe umyt maňa teselli berýär:
Belki, seni ýer çekendir, ýerçeken?
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:33
KASAM

(Degişme)

Almajak galam ýok seň üçin, maýam,
Seň üçin elimden gelmejek zat ýok...
(Bu gudrat modadan galan eýýamda
Söýgä gezek gelse bolmajak zat ýok).

Ah, bu gözleň garaýşy ne jadygöý?!
Ah, bu dilleň şerbedi ne şelaýyn?!
Gel, kasam edeýin başardygymdan,
Gel, menem ant içip, awy ýalaýyn:

Bir gün, pälim azyp, bir ýazyk etsem —
Penjeläp saçymy tüýdeýin, läläm.
Pariždäki Eýfel minarasyndan
Bir tokga daş bolup gaýdaýyn, läläm.

Sen isleseň Gimalaýyň gerşine
Her gün ylgap münüp, düşeýin ylgap.
Bu mekany terk edeýin isleseň —
Buzly Arktikada gezeýin yzgap.

Isleseň Afrika gideýin göçüp,
Gobi çölün ýurt edinip gezeýin.
Ýuwaş okeanyň giňliklerinde
Jeňden galan garakçy deý ýüzeýin.

Amazonkaň jeňňellerin torç edip,
Aw gözläp gezeýin aç gaplaň deýin.
Isleseň Müsürden çykaýyn tozap,
Ýa isleseň Hindistana gideýin...

A gudrat bireýýäm modadan çykdy,
Gudraty bir söýgi döredip bilýä:
Ýeriň ol ujuna gideýin welin,
«Zagsa gideli» diýmeseň bolýa...
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:35
SYGAN BAGŞY

(Orazgeldi Ylýasowyň ýadygärligine)

1

Ötdi kerwen
Giň sährany terk eýläp.
Giň sährany gözýaşyma gark eýläp.

Ötdi kerwen,
Geçdi kerwen çölümden...
(Utulýan kän,
Gutulýan ýok ölümden).

Çöl şeýle giň,
Göz ýetirip bolanok.
Kerwen welin yza dönüp bilenok.

Jahan çöldenem giň,
Sähradanam giň —
Ýyllary kerwenläp,
Bir çetinden gir!

Gorap,
Gizläp
Muň gowgadan bir başyň,
Çekiber,
Çekiber kerweniň başyn!

Ýük agyr.
Ýol uzak.
Ýol uzak hem kyn.
Pellehana bolsa şeýle bir ýakyn.

Ýetersiň.
Ýatarsyñ...
Ötersiň şeýdip.
Ýol uzak,
Sähra giñ —
Bolanok gaýdyp.

Otuz üç ýyl.
Gysga kerwen, eý aman!
Pellehanaň ýakyn eken,
Sygan jan!..

2

O ýyllar men on dört ýaşly çagadym,
Bardy meniň ýönekeý bir sagadym.
Könedi.
Mendenem dogupdy öñräk...
Ýitirdim.
Agladym.
Gözledim eňräp.

Özümden ulular soranda derdim:
«Täzejedi,
Gyzyldandy» diýerdim...

O ýyllar men eýýäm ýigit çykypdym,
Yşk dagyny gerdenimde çekipdim.

Aýra düşüp wysalyndan lälämiň,
Näçe ýyllap agtaranym nämälim.

Obam,
Ilim-günüm soranda derdim:
«Aý jemally,
Aýjemaldy» diýerdim...

Sagadam edindim —
Iň soňky moda.
Söýgime-de duşdum —
Bir ýanar oda...

Birden elim maňlaýyma ýetirdim:
Bu gün nädip,
Nädip seni ýitirdim?

... Ötdi kerwen,
Geçdi kerwen düzümden.
Şeýdibem sen gaýyp bolduň gözümden.

Sökeýin sährany,
Gezeýin çöli,
Ýarsyn dodagymy epgegiñ ýeli,
Çapar bolup çar tarapa çapaýyn...
Ah, nireden,
Nädip seni tapaýyn?!

Sygan bagşy.
Juwan bagşy.
Jan bagşy.
Merdan bagşy.
Soltan bagşy.
Han bagşy.

3

Gülseñ gözüň süzüldi,
Üstüňde jan ezildi.
Ah, Garagöz, Garagöz,
Gitseň, meýlis bozuldy.

«Dur» diýende durduňmy?
Durup, hile gurduňmy?


Ah, Garagöz, Garagöz,
Özgä köñül berdiñmi?

Köşeşerden ir, gelin,
Gabrystana gir, gelin.
Aglasaň — gözýaşyňy
Ýandak bilen syr, gelin!

Ýuwaş-ýuwaş sowanyñ
Çaklan eken Syganyñ.
Soñam...
Hoşlaşmak üçin
Saklan eken Syganyň.

Gözi düşüp durmasa,
Agtarypdyr, ýoklapdyr.
Seniň gara saçyña
Gije diýip uklapdyr.

Şol uklaşy.
Galmady.
Pelek, munyñ bolmady.
Mukamsöýer türkmenim,
Daragtyň boý almady!..
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:36
4

Biz juda kän bardyk —
Sazyňy sorap.
Biz juda az bardyk —
Halyňy sorap!
Şeýdip, biz özümiz ýitirdik seni
Biz seni özümiz bilmedik gorap!

Diýerdik:
«Howlukma,
Dursana,Sygan,
Pylany toý edýä,
Ýörsene, Sygan..."
Diýerdik ýagdaýñy görüp durbam:
"Hany,
Şujagazy ursana, Sygan..."
Indem durus başujuñda yzlaşyp:
"Bir göter başyñy,
Tursana Sygan!.."

Ötdi kerwen,
Golda galdy dostlaryñ.
Seni ýollap,
Ýolda galdy dostlaryñ.

Bu panyñ oýnuny görsene, Sygan!
Bagyşla!
Tursana!!
Ýörsene, Sygan!!!

5

Aç gözüñi,
Nazar aýla daglara -
Olar seniñ dutaryñ deý dymyp dur.
Güýz ýapragy
Bilbil uçan bagyñdan
Mahym gyzyñ gözýaşy deý dymyp dur.

Garly daglañ awlagynda aw görüp,
Öz ömrüñi haýsy awça awlatdyñ?
"Aglama" diýip,
Mahymjany diñdirip,
Näme birden uly ili aglatdyñ?

Garaganyň gara bagryn gan edip,
Ýaş akdyryp Bäherdeniň gözünden,
Şindem seniň sona boýlyň sallanyp,
Hanha barýa Ýolöteniň düzünden.

Ýeri, nirä gitdiň
Bir gezek tutman
Ýüregiňde arman goýan goşardan?
...Daş çyksam —
Owazyň içerden gelýä,
Öýe girsem —
Ýañlanyp dur daşardan...

6

Ötdi kerwen,
Geçdi kerwen çölümden...
Hoş gal, sähram,
Hoş gal!
Bolanok gaýdyp.
...Hergiz namart keprüsinden ötmediň,
Gark bolup derýada galdyňmy şeýdip?

Labyrdan çykmagyň gümana eden
Gümman derýa —
Durmuş bolup çykdymy?
Gazap edip, agdardymy gämiňi,
Şeýdip, düýpsüz ummanyna, çekdimi?

...Gara dag dymyp dur —
Gara dutar deý,
Gara dutar —
Gara dag deý dymyp dur.
Ýüregmize bolsa ýalňyz owazyň
Şerbet bolup,
Melhem bolup damyp dur.

Üstüniñ, şol gadym köprüsi bilen
Akyp ýatyr seni gark eden derýa...
Mertler —
Şindem özün oklaýa suwa.
Namartlar —
Şindizem köprüden barýa...
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:37
HEÝKELLER ÝYLGYRMAÝAR

Sygan bagşy hakdaky poemamy radio eltemde, «Orazgeldi Ylýasowyñ ölümine 20 ýyldan soñ aglamak gerekmikä?» diýen jümleni ýazmaga eli baran işgäre jogap

Bir ömrüñ şerbedi näçe köp bolsa,
Şoňça ajy bolýar ölüm awusy.
Näçe beýik boldugyça şahsyýet,
Şonça uzak bolýar onuñ agysy.

Menden gowy bilýäň bu zatlary sen,
Menden köpem bilýäň.
Ýok oňa dawam.
Bir zady bileňok:
Ikimiz gitsek,
Adamlaň näçe wagt ýüregi awar?

Näçe wagtlap agymyzy aglarlar?
Üç günmi?
Kyrk günmi?
Ýigrimi ýylmy?
(Adam galan däldir dodak çöwire,
Görseň, hemme kişiň ýetendir ylmy!)

... Dessanyň iñ soňky şahasyn okap,
Ýyldyz daga owsundyryp hyýaly,
Göroglyň ölmüne aglamadyňmy,
Göýä ol soňky jeň düýn bolan ýaly?

Eýsem, indi türkmen iki asyrlap
Aglanokmy Magtymgulyñ agysyn?
Gaýdyp berip bilerismi ikimiz
Bu halka, söýgüli Berdi agasyn?

Indi:
«Öldüm, eý waý, gelinler!» diýip,
Kim gygyrsyn Sahy bagşyñ deregne?
(Bak,
Heýkeller gamgyn bolup durýandyr,
Delä guş gonýandyr,
Alada — egne).

Namart busar,
Mert galar ör-boýuna.
Şir özüni ýeke gezek awladar.
«Güýz, güýz» diýip,
Güýz gününde hoşlaşan
Gurbannazar entek bizi agladar.

... Gowy görşi ýaly gelin-gyzlary
Sekizinji martda hoşlaşan Halyl
Ýatyr gapdalynda Gurbannazaryň
Gygyryp:
«Näm bold-ow,
Oglanlar hany?»

Hany Täşli?
Hany Saýlaw?
Italmaz?
Kynmy bir-biriňi saklamak aýap?
Her haýsy bir deräň şir-peleňidi,
Doňdular,
Öwrülip hersi bir gaýa.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:38
Näme beýle gysga biziň ömrümiz?
Bizi öldürýen zat —
Dostlaryň ölmi.
Hazan ýeli kürsäp, girende baga,
Soldurýar —
Parhy ýok —
Tikenmi, gülmi.

Kemelende her gezek bir dostumyz,
Bir salym ýuwaşap,
Ümsümje gezýäs.
Soňam sessiz aglap
(Ne alaç başga!),
Ýürekden bagyşlap
Hem ýatlap ýazýas.

Şäher Borjak.
Öwezmyrat.
Hanguly...
Sana,
Näçe sapar agzymyz bişdi?
Haýsy biri gitdi gojalyp-garrap,
Haýsy biri hasa tutup ýetişdi?

Irräk gitmedimi Gara Seýitli?
Kaýda mesgen tutdy gardaş Abdylla?
Ussadyň yzynda galýan eserler
Gör, kim üçin — kagyz,
Kim üçin — tylla!

Bizi ýene näçe ýyllap agladar
Nury Halmämmediň jadygöý sazy?
Näçe ýyllap ýürekleri elendir
Annaberdi Atdanowyň owazy?

Eýsem, Gurt Ýakubyň «Serwi agajy»
Wagtyndan ir dökmedimi ýapragyn?
Ynha indem Memmet Seýit bimahal
Ýassanmaly boldy Durun topragyn.

Aglap ýetişmänkäk onuñ agysyn,
(Näm bolany köpimize näbelli!)
Lowlap-lowlap ýanyp,
Köräbem söndi
Elli ýaşdan ýaňy geçen Ýa. Belli.

Eýsem, indi bu merhumlaň agysyn
Şeýdip ýuwaş-ýuwaş soňlaýarysmy?
Ýa yzynda toplap eserlerini,
Baýraga hödürläp oňaýarysmy?

Şükür,
Wezipe bar ikimizde-de,
Ýöne, ol hakda däl meniň söhbetim.
Kesgitlemek saňa, maňa galmandyr
Uly ýitgä aglamagyň möhletin.

Deýýuslaň gybaty,
Golsuz arzasy
Ýene näçe äriň başyna ýeter?!
Şolardan goraly galanlarmyzy,
Şeýtsek,
Gidenlerem rahadrak ýatar.

Men ýazýançam,
Sen atanak çekýänçäň,
Bir näkesiň gurdy gündiz uwlapdyr:
Halkyň eziz görýän ogullarynyň
Ýene biri keselhana ugrapdyr.

Ýetişeli!
Gopar syrtyň kürsüden!
(Pikir etme,
Sen hiç haçan ölmersiň!)
Şeýdip, men-ä onça ýyllap aglaman,
Senem meni diñdirmeli bolmarsyñ.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:40
Ählisiniň awtory: Şiraly NURMYRADOW.

Şeýle goşgularyň dowamaty dowam bolsun. Ýaltanman like basyp çykan mähriban okyjym saňa-da minnetdar. Elleriň dert görmesin. Şu şahyryň goşgularyna like az bolýar. Beýik şahyr diýip men şu Şiraly aga aýdyp bilerin.
Pegas
01 май 2022, 23:42
Nirvana, mähriban okyjyň-a basmady ony)
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:44
Pegas,
Salamälik. Kim basanyny görüp bilýäňmi? Bolýan bolsa adyny aýtsaň, aýratyn sag bolsun aýtjak şol okyjyma.
Telwas
Автор 01 май 2022, 23:46
Hiayress-dirle şol mähriban okyjym. :)
Pegas
01 май 2022, 23:48
Nirvana
Pegas,
Salamälik. Kim basanyny görüp bilýäňmi? Bolýan bolsa adyny aýtsaň, aýratyn sag bolsun aýtjak şol okyjyma.

Salam.