BÄSLEŞIK-1.

Gadyrly bäsleşige gatnaşyjylar we saýdyň mähriban agzalary. Ine-de garaşylan pursatlar ýetip geldi. Paýlaşan eserlerimiň awtorlary gizlin. Siz heriňiz 24 sagadyň dowamynda bäsdeşleriňiziň ýazgylaryny 1-5 aralykda bahalandyryp, tema bellikler etmeli. Näçe baly, nämä esaslanyp bereniňizi ýazmaly. Ol bahalaryňyzy, bellikleriňizi saýtda ýazmaly däl-de, ýene meň poçtama ugratmaly. Her agza bir nomer bilen kodlandy. Siz maňa belligiňizi ugradan wagtyňyz, meselem (bäsleşik-5 däkk gatnaşyja …. Sebäplere görä … baly berdim.) görnüşinde ýazmaly. Dogry düşünensiňiz diýip umyt edýän. Hany, onda başladyk.


Geljekden bir gün.
2122-nji ýyl. Aşgabat. Dünýäniň iň iri ykdysady şäheri. Asmana direg bolup duran binalaryň, uçýan biomobilleriň, (howadan energiýa alyp uçýan), akylly öýleriň şäheri. Iň ýakymly ýerem, bärde Siz hemme taraplaýyn amatly, robot aýallar bilen nikalaşyp bilersiňiz, gije-gündiz 24 sagadyň dowamynda gepläp bilmeýän kiborg gaýyneneler (olary gepletmedigiň gowy, gaýynenäň kiborgam barybir gaýynene) Siziň hyzmatyňyzda bolar.
Özümi tanyşdyrmandyryn men Meretgeldi.
Ir bilen gapy kakyldy. Sagadyma seretdim. Görsem dostum Mämmet gelipdir. Gaýyneneme gygyrdym.
-Bareý, kiborg, agzyňy açyp oturmada gapyny açd-a, dostum gelipdir, (pahyr ylgap gitdi).
Mämmet:
-Şu garryny azara goýup ýörmäni, sagadyňdan açaýda gapyny.
-Wah, Mämmetjan, arman ýüz ýyl gijiräk doglupsyňda, ýogsa bulara nebsiň agyrmazdy, öňler näme üçin ýigitler uzak ýaşamandyr, bilýäňmi, şular ýaly jadygöýleň derdinden. Men öňki kösenen, wagtyndan öň saçy agaran, ömrüni bergide geçiren giýewleň aryny alýan mundan. Sen bulaň mysapyr ýüzüne seretme, o diňe daşky maska, hakyky ýüzüni soň görkezer bular.
-Bolýalaý dost, gaýynenelerden biraz uzaklaşyp Amerika gezelenje gitsek nädýä?
-Nýu Ýorka gidäýeli dost. Men ol ýerde bolup görmändim. Hem-ä gezelenç ederis hemem makala ýazarys.
-Men bilet sargaýyn. Ýene 2 günden uçmaly.
-Bolýa dost.
Biziň uçarymyz okeanyň üstünden uçup barýardy. Ýanymda oturan dostum Mämmet dillendi:
-Dost, Nýu Ýorky tizräk göresim gelýär, bu meň çagalyk arzuwym, iş bilen başagaý bolup şu wagta çenli gidip bilmedim, eýsem, Nýu Ýorka baryp ilki bilen näme etjek?
-Salam, Nýu Ýork! men geldim, ogluňy garşy al! Perzendiň seni küýsedi, seň jigerbendiň...
-Boldy et dost, gygyryp oturma, hemmeler bize seredýär, o ýere baryp gygyryp ýörseň seni bir negre berip goýbererler, o ýerde gaty gygyrýan gyzlary negre berip goýberýän ekenler, arada dokumental kinosyny gördüm.
-Dost, o ýerde "rasizm" diýip bir zat bar, negre "negr" diýeniň üçin seni negrleň arasyna türmä dykarlar, dokumental kinoň bir bölegi bolarsyň özüňem.
-Nähili döwür boldaý bi, negre arkaýyn "negr" diýip bolmasa, "ak däl" diýsem bolýamy?
-Bolýa, "ak däl", gowy jümle tapdyň.
-Şol negrleri ýakyndan synlasym gelýär, dogrudanam şeýle garamyka şolar?
-Aý dost, biz negr görmäge däl-de gezelenç etmäge, makala ýazmaga barýas, onsoňam nesibämizde bolsa arassa amerikan gyz bilen tanyşarys. Olar şeýle bir owadan welin, ufff, diýip aýdar ýaly däl.
-Arassa amerikan diýen zat ýokmuş o taýda, hemmesem bir ýerlerden göçüp, gaçyp baran, gowusy bir afro-amerikan tapalyla dost.
-Garalara bolan ymtylyşyň bir gün gara başyňa ýetermikä diýýän.
Birdenem uçarymyz aşak, ýokaryk silkinip ugrady.
-Mämmet, görýäňmi iň bärkisi asmanam tekiz dällä, zaýalanan ýerine düşdük öýdýän, biz bolsa oba ýerdäki ýollarymyz tekiz däl diýip zeýrenen bolýas.
Şol wagt uçaryň geplenýän radiosynda owadan sesli bir zenan:
-Hormatly ýolagçy ýoldaşlar, uçarymyzyň tehniki sebäplerine görä, ekstrenniý gonmaly bolýandygymyzy Size ýetirýäris, kemerleriňizi mäkäm dakynyň, uçarda galmaklygyňyzy maslahat berýän, biynjalyk bolmaň, pozitiw boluň, halas bolup bilmedik ýagdaýyňyzda-da Siziň iň soňky görjek zadyňyz okean düýbüniň gaýtalanmajak gözellikleri bolar, uçaryň komandiriniň haýyşy boýunça "Mazarym çöl ýerde galýar, işanym" diýen aýdymy 3 gezek gaýtalap diňläris.
-Meretgeldi biz ölýäsmi, eý toba, men näme günä etdimkäm, bar günäm negre "negr" diýenimmi? Eger diri galaýsam gaýdyp dokumental kino görmerin. Senem meni bagyşla dost, obadakak seň täze alan 7 manatlyk gymmat jorabyň ýolda gaçmandy, ony pakediňden men ogurlapdym.
-Häý ogry, men şu çaka çenli goýnumda ýylan saklap ýörüpdirin. Senem meni bagyşla, seni Güljan "baýhatyn" bilen sögüşdiren men aslynda. Seň teliňden nomerini alyp seni ýamanlap oňa jaň eden mendim. Özüm gezäýjekdim oň bilen, ýöne seň dostuň bolanym üçin maňa yrylmady, bagyşla meni.
-Başgada aýtmaly zatlaryň barmy? Ölmänkäm bileýin.
-Seň gyz doganyň Jemal bara...
-Howwa, howwa...
-Biz şoň bilen.....AAAAAAAAAAAA!!!!

-Meretgeldiiiiii, Meretgeldiiiiii, özüňe gel dost, gözüňi aç, meni taşlap gitme, meni ýeke goýma dost!
Men ýuwaşlyk bilen bir gözümi açdym.
-Mämmet biz nirede? Hany biziň uçarymyz, adamlar nirde?
-Ufff, özüňe geldiň dost, bilmedim nirä düşenimizi, menem şu wagt özüme geldim, diňe ikimiz ýatan ekenik şu taýda.
-Telefonlarymyz, sagatlarymyz nirde? Kartadan seret, nirä düşüpdiris?
-Telefonam ýok, sagadam.Ýeriňden tur dost, biz bir ýerä düşüpdiris, ýör iýer ýaly zat gözläli, bizi hökman halas etmäge gelerler.
Mämmet bilen täze düşen ýerimize ýuwaşlyk bilen aýlanyp ugradyk. Biz nirä düşdük, haçan halas bolarys, ömrümiz şu ýerde geçip gidäýse, wah durmuş, namart dünýä. Ýördä ösen dünýäden lezzet alyp, Robot aýalyň gujagynda, kiborg gaýyneneňi gynada ýördä, Amerikada nä köriň?
-Seret Meretgeldi, biz tarapa biri gelýän ýalyla, eeeeý, biz bärde, aýtdyma halas bolanlar köp diýip, seret köpçülik ekeni, ýöne bular uçarda ýanypdyr öýdýän, endamy garalypdyr, eşiklerem sal-sal.
-Bular zandy gara, bular indeýler dost!
-Indeýler, adam iýýänlermi? Aý ýoklaý adamam adam iýermi? Häzir 2122-nji ýyl, Magazinlerde näme iýesiň gelse hemme zat bara, bolmasada basym "isleneniň 101 ýyllygy" bolýa. Şoňa baryp gowy garnyny doýuraýarlar. Admini millioner babasyndan galan saýty entegem ýöredip ýör.
Indeýler daşymyza aýlandy. Elleri naýzaly, gylyçly, orakly dostlarymyz. Men öň dünýädäki iň porsy adam Mämmetmikä diýýädim, Ýalňyşypdyryn, Mämmet dagy keýpine ysgap oturmaly oglan eken. Dymyşlygy özüm bozdum.
-Salam oglanlar, gyzlar üçin doglanlar, biz Siziň territoriýaňyza girmekçi däldik, (tötänden boldy Aýjemal) uçarymyz heläkçilige uçrady, kömek ediň, menem Realyň fanady. Hala Madrid.
-Dost bulaň gahary gelýär seret, bulaň hemmesi Barsaň fanatlary öýdýän.
-Wah howwalaý dost, Barsaň fanatlaryna meňzäbem durlaý.
Olaryň biri maňa seredip şeýle diýdi:
-Hanja mytdywia, şanşanşan miawa, Swaha, Swaha, Swaha, şin haýtu, eçjiwa finbaýa. (ýaltanman okadyňmaý, ýa indeýçäni bilýaňmi:)) ).
Soň güpür, tapyr bizi tutup, el-aýaklarymyzy daňdylar. Ýere degirmän, göterip ýöräp ugradylar. Eltdiler bir ýere. Ortada ot ýanyp dur. Çişligiň ysy janyňy alyp gelýär. Oduň ýanyndaky iki sany agaja daňdylar Mämmet ikimizi. Mämmet:
-Dost, saňa diýdimä biz 22-nji asyrda, ösen döwürde ýaşaýarys, häzir adam iýýän ýok, bul obaň oglanlary erbedem däl ýaly, el-aýagmyzy daňdy diýmeseler, özümizi hormatlap, elde göterip geldiler. Indem doňuzdan çişlik bişirip durlar. Her ýeriň däbiniň erbet tarapam bolýar, gowy tarapam.
-Ol doňuz diýýäniň, uçarda bizden öň hatarda oturan, stýuardessalara lak atan bolýan, çişik biznesmen ýalyla.
-Waý, kellesä şoňa meňzeýä, şol öýdýän, bize kömek ediň, waaaaaaaaý, bizi iýýäler ejeeeee, hemme zatda gara bagtym, garpyz ýardym ak çykdy ejeeee.
-Wah, dost özüňden-nä, gara diýdiň, negr diýdiň, gördüm diýdiň, görjek diýdiň, ine bir oba negr, iýýänçäler görde otur indi.
-Ýaňy uçarda gyz jigiň bilen ikimiz diýip, bir zatlar diýjek bolduň, ölmänkäk aramyzda syr galmasyn, aýdaý dost.
-Saňa ynam ýok dost, birden ölmeseň?!
Şol wagt indeýleň serdary (kellesine täç ýaly edip adamyň kelle süňkini geýipdir, starşy şodurda) ýanymyza geldi. Ýüzi sowuk, hyrsyz, "Тв3"-iň filmlerindäki užas sahnalara grimsiz düşüribermeli. Bize çagalykdan ululara salam bermegi öwretdiler.
-Salawmä negr aga, wiý indeý aga, çagalar oňatmy, geçip barýadykda sowulaýdyk, biziň uçarymyzy görmediňizmi, içinde telefon, dokumentler bardy, telefonyň minutly bolsa beräýdä, öýe gudok aýlaýyn, alada edýändirler...
Indeý birden gaty ses bilen gülüp başlady:
-HahHahHah, HahHahHah, HahHahHah.
Mämmet ikimizem oňa goşulyp gülüp başladyk.
-HahHahHah, HahHahHah, HahHahHah.
Soň ol bir zatlar diýdi, bizi ýüpden boşatdylar. Biziň begenäýşimizi görüň! Adam ölümiň agzyndan gaýdanda başga adam bolýan eken , biziň durmuşda problema edip ýören zatlarymyz aslynda hiç zat eken.
Ýöne biz irräk begenipdiris.
Bir topar owadan, näzenin, görmegeý, gap-gara indeý gyzlaryň arasyndan saýlanyp, gelşiksiz, ýakymsyz, betnyşan ap-ak bir gyz gaýtdy biz tarapa. Bize salam berdi:
-Salam oglanlar, siz bu ýere nädip düşdüňiz?
-Uçar heläkçiligine uçradyk. A siz bärde näme işleýäňiz?
-Biz söýgilim bilen gämili syýahata çykypdyk, ýolda azaşdyk, bizi indeýler tutdular. Söýgilim-ä iýdiler, menem şulaň serdaryna durmuşa çykmaga mejbur etdiler. Şondan bärem bir hojalykda 4 gündeşim bilen 5 gelin bolup agzybir ýaşaýarys.
-Şol agzybir hojalykda 7 gelin bolup ýaşaşsak nähili bolar, gürleşip gör hany sen äriň bilen.
-Siziň eliňiz boşadylanlygynyň sebäbi agşama çenli wagtyňyz bar, iýiň, içiň. Häzir Sizi naharlarlar. Gün batansoň, bular üýşüp Sizi iýerler.
-Gaçmaga synanyşyp görmediňizmi?
-Kän synanyşdym, ýöne bular öň tamožnyda işlänmi, pograniçnik bolanmy, derrew gözläp tapaýýalar meni.
-Adyňyz näme?
-Diana.
-Siziňki?
-Meretgeldi, bu Mämmet.
-Adyňyz gülkünçleý, Meretgeldi, Mämmet. Öýlendiňmi sen Meretgeldi?
-Howwa robot aýal aldym. Dogrusy, Siz ýaly zenan duşanok, ýogsa hakykysyna öýlenäýjekdimem.
-Hmmmm. Meni bu ýabanylardan halas et Meretgeldi, soň isleseň biz Angliýa baryp bagtly maşgala bolarys. Gaýygymam taýynlap goýdum, ikimiz agşam düşmänkä gaçarys, isleseň.
-Mämmedi näme ederis onda?
-Üýşüp gaçsak göze düşeris, ol galmaly bolar bärde.
-Mämmet eşidýäňmi dost? Menden razy bol, seň bilen gowy günlerimiz geçdi, erbet günlerimizem şu gün gutarar, nesip bolsa.
-Sen bir ýerik barýaňmy dost. Ol näzenin, akýagyz daýza bilen nämeleri pyşyrdaşýaňyz?
-Ýok dost, nirä gideýin, biziň barjak ýerimiz belli, kirli indeýleň garaňky aşgazany, onsaňam "gaýyga ýetýänçäň doňuza daýza diý" diýipdirler.
Garaňky gatlyşyp ugrady. Diana maňa ümledi. Düşündim. Dostumy taşlap gitmäge ýüregim edenok. Ony gözledim, hiç ýerde ýok, bagyşla Mämmet, men gitmeli. Nesibede bolsa ýene duşarys, döredijiligiňde üstünlik dost. Biz Dianaň düzen meýilnamasy boýunça derýa tarap gaçdyk. Ahyryn gaýyga ýetdik. Görsem gaýykda Mämmet otyr.
-Boluňda, nämä eglendiňiz?
-Seni gözledim, sen bärde näme işleýäň?
-Siziň meýilnamaňyzdan habarym bardy, meni taşlap gitmejegiňem bilýädim dost, şoň üçin menem saňa garaşdym, mün basym.
Biz gaýyga münüp Mämmet bilen bile kürekläp ugradyk. Diana:
-Boluň oglanlar, basymrak, olar bizi kowup gelýär, basymrak diýdi.
-Eý Meretgeldi, bulara seredä, 20 gaýyk bolup bizi kowup gelýärler.
Yzyma seretsem hersi 3-4 adamly 20-30 gaýyk bizi kowup gelýärdi. Derýaň kenarynda bolsa indeýleň serdary sypatyny piserdip bize seredip durdy.
2122-nji ýylyň maý aýynyň ahyrydy. Asmanda guşlar erkana perwaz edýärdi. Derýa bolsa hemişekileri ýaly parahatdy, ümsümdi. Ene tebigat bolsa öz bagryndan önen, emma, biri-birlerini iýmäge synanyşýan, biri-birlerine görüplik edýän, biri-birleriniň gybatyny edýän, biri-birlerine ýamanlyk edýän perzentlerini ýatlap tukat bolup otyrdy...

@Massimus
9 лайков 390 просмотров
34комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
30 май 2022, 20:35
Nomerleri nämä esaslanyp goýduň?! Yzygiderligine goýup, hersini aýratyn tema edip açyp bolmadymy?!
Telwas
Автор 30 май 2022, 20:39
Hiayress,
Nomerleri ýazan wagtlary tanar ýaly.
Aýratyn 6 sany tema açaýynmy? :/
Hiayress
30 май 2022, 20:42
Nirvana,
Hawa... Ýogsa kaşa bolýar. Birem belgileri yzygiderligine goý. Temany belgilendireňde özüň oňaryşdyraý.
Hiayress
30 май 2022, 20:43
Näçe adam ýazyp ugratdy.
Resul
30 май 2022, 20:49
Menä hiç zadada düşünmedim waak
Ayjahan
30 май 2022, 20:53
Başlanda sanlar dur. Nirwana biz halan tekstimiziň ýokarsyndaky sany seniň şahsy hatyňa ugratmaly şeýle dälmi? Men kän düşünmedim
Senyorita.
30 май 2022, 20:53
1-nji goýlan 5-nji belgili hekaýanyň ýazylyşyny Massimus agzanyňka meňzetdim. Ýalñyşan bolsam прости...
Resul
30 май 2022, 20:54
Nirvana
bir gezekde nadip 3 den kop blok acyp bilyaniz?
Mümkin
30 май 2022, 20:55
Hersine aýratyn et.Ýogsam,bir agzanyñ mowzugyny okap gutaranyñdan soñ beýniñ ýadaw halda beýleki agzañka geçýär.Höwessiz okalýar.
Ayjahan
30 май 2022, 20:56
Iň köp näçe ball berip bolar?
Ahmet
30 май 2022, 20:57
ResulT,
Ol Moderatora
ajy
30 май 2022, 20:59
AySa joram, dine ýaryşa gatnaşyjylaryñ ballary kabul edilýär
Ayjahan
30 май 2022, 21:00
garaburc,
Hmm, onda biz diňe okamalymy?
ajy
30 май 2022, 21:00
Üstünlikgy hemmäñize :)
Resul
30 май 2022, 21:00
Ahmedik_97,
hmm ok
ajy
30 май 2022, 21:01
AySa howwa, Okap baled etmeli dalii pikirini ýazmaly teswire
Ayjahan
30 май 2022, 21:01
garaburc,
Hmm.. bolýada onda men şu ýerik ýazyberjek))
Hiayress
30 май 2022, 21:02
AySa,
1-5 arasynda. Iň gowy gören mowzugyňa ýada mowzuklaryňa 5, halamadyklaryňa 1 ýa-da 2. Özem diňe bir bal bermek bilen çäklenmän näme esaslanyp berýäniňem ýazmaly. Mysal üçin: "Bäsleşik-1" mowzugyna 5 bal berýärin, sebäp ilki bilen mowzuk doly derejede ýaryşyň goýulan temasyna gabat gelýär, manysy ýiti, çeper beýan edilen, hemme zady haladym. Şular ýalyrak. Özem obýektiw baha bermäne çalyşyň.
Öwreniji
30 май 2022, 21:03
Men ählisinem haladym 5 bal menden, Sebäbi men ökde baha beriji däl, ählisiniň öz fantaziýasy bar. ýene bir gezek okap çykaýyn, Belki kemçilik tapaýmagym mümkin
Hiayress
30 май 2022, 21:06
Remezan,
Olar ýaly bolmaýar agam. Gaýrat ediň obýektiw baha berjek boluň. Ýazana ýada ýazýanlara dälde, ýazylan zada esaslanyp netije çykaryň. Birem gelen netijäňizi ýada beren balyňyzy köpçülige aýtmaň, diňe Nirwananyň elektron adresine ugradyň. Soň berilen ballaryň ählisi toplanyp bir mowzuk edip açylar.
Ayjahan
30 май 2022, 21:07
Hiayress,
Bolýa, şu teswir ýazylýan ýere ýazyberelimi?
Hiayress
30 май 2022, 21:07
Özünden başga ähli agzanyň mowzugyna bal bermediklerem oýundan düşürilýändir.
ajy
30 май 2022, 21:08
Hiayress, Diñe ýaryşyjylar ball berip bilýä dälminà? ýa açykmy hemmekişà
Hiayress
30 май 2022, 21:09
AySa,
Ýok ähli mowzuga bal berip Nirwananyň elektron adresine ugratmaly. Özem ähli agzanyňka hökmany bal bermeli. Özüňden başga bir agza bal bermän ugratsaňam oýundan düşürilýäň. Bal bermegiň üçin ýaryşa gatnaşýan mowzuklaryň iň soňkusy açylandan soň 24 sagat wagt berilýär.
Hiayress
30 май 2022, 21:11
garaburc,
Diňe ýaryşa gatnaşýanlar. Olaryňam mowzuk açyp ugradanlary. Ugratmadyklar eýýäm oýundan düşürildi.
Hiayress
30 май 2022, 21:11
Nirwana umumy näçe mowzuk bar we galanyny haçan goýjak?!
Telwas
Автор 30 май 2022, 21:13
Hiayress,
Maňa galsa baryny şu gün açyp dynjak. 12.
Öwreniji
30 май 2022, 21:13
Bolýa men z garaýşymy el poçtadan ballarymy ugradaryn,
Hiayress
30 май 2022, 21:13
Nirvana,
Açda dyn onda. :))
Hiayress
30 май 2022, 21:14
Nirvana,
Ertir dokuza çenlem ballary kabul edilşik bolýar. Ýetişjek boluň diýip duýdur. :))