UMUMAN…

Salam OKYJYLARYM!
Agşamyňyz haýyrly bolsun!
“Ýene senmi?”, “Bula ýene başlady” diýeniňizi duýýan. Gynansaňyzam ýene men.
Özüm-ä gijeleri halamok. Haçandan bäri diýseňiz, şu ýat ýurtda ýaşap başlan günümden bäri. Edil şu wagt maşgalaň bilen çaýlapjyk, telewizorda görkezilýän kinolara tomaşa edäýseň…
Arman, ol bagtam mende ýok bu wagt.

Garaz, men bir zada haýran galýan. Men sizden üýtgeşikdigime göz ýetirdim. Siziň aglaýan zadyňyza men aglap bilemok. Şol sanda siziň gülýän zadyňyza-da men gülüp bilemok. Içimden “Şu ýazgyň niresinde güler ýaly zat barka? Ýa gülmek şeýle aňsatda men gülüp bilemokmykam? Ony diýsem aglamaly meselede-de şeýle” diýýän.

Emma ulaldygyňça höwes edýän zatlaryň, gyzyklanýan zatlaryň azalýandygyna düşündim. Öňkiler ýaly sähel zatlar meni tolgundyranok. Okaýan goşgularymdan öňkiler ýaly lezzet alyp bilemok. Iýýän naharlarym barada aýtmaýyn. Soňky wagtlar naharam iýemok. Aç gezýänmi? Ýok, meňki şol köke-süýji.

Çagalygymy küýseýänmi?
Ýok.
Ulalanyma begenýänmi?
Ýok.

Şu wagta özüme näme sorasam jogaby “ÝOK” bolup dur.

Bu gün mende görülýän zatlar, kiçiligimdäki ruhuma ekilen zatlarmyka?
Käte özümi ýapraklary dökülen, şahalary döwülen agaç ýaly duýýan.
Käte bolsa, şu durmuşda menden bagtly adam ýokdur. Baram bolsa “Menden bagtlyň öýi ýykylsyn!” diýip gezýän) (çyna berimsiz söz)

Şu ýerde bir günüň dowamynda 4 pasyly başdan geçirýäs. Howasy üýtgäp dur. Şol howa görä menem üýtgäp durn. Howa sowuk wagty men ýyly, mähirli bolýan. Yssy wagty sowuk bolýan. Şondandyr şu günler duýgusyz sowuklygym. Şemally howada men asuda. Maýyl ýaz howasynyň ýagyşynda kalbymda harasat tupan turýar.
Maňa düşünmegiňiz üçin meň bilen köööööppp söhbetdeş bolmaly. Men özümi tanamagym üçin 25 ýyl gerek boldy. Entegem tanyşlygym doly gutaranok. Siz barada aýdyp oturmaýyn. Şeýle-de howa ýaly üýtgäp, şemal ýaly ondan oňa öwsüp duran adama kim düşüner? Sen kim düşünmek islär diýsene…
Düşünmeseler janlary sag bolsun. Düşündirjegem bolmaryn…

Gowsy boş gürlemäýin. Bir başlasam meni goýdurmak size başartmaz. Şoň üçin başlamankam jemläýin. (:
13 лайков 707 просмотров
142комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
29 июн 2022, 23:57
Giň bol jora
Seniň bu ýagdaýyňa nämaniň sebäpkärdigini bilýän öýtýän :)

Ikimiziň Srogymyz geçip barýa öytyän :). Menem şugunler poçti 6 aý bäri beznastraeniýa bolup yördim welin bir günde özüme nämaniň gerekdigine göz yetirdim.

Garaz aytsammm.... umumana... meň diýjek bolyan zadymm... uff dilime gelenok. Hää umuman ýüregiň gapdalyna taý ýüregi tapmana wagt gelendir. (Tebigatyň kanunyndan çykyp bolanokda)
Tuman
29 июн 2022, 23:58
Nämeler diýdiň
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:19
Fanat
Giň bol jora
Seniň bu ýagdaýyňa nämaniň sebäpkärdigini bilýän öýtýän :)

Ikimiziň Srogymyz geçip barýa öytyän :). Menem şugunler poçti 6 aý bäri beznastraeniýa bolup yördim welin bir günde özüme nämaniň gerekdigine göz yetirdim.

Garaz aytsammm.... umumana... meň diýjek bolyan zadymm... uff dilime gelenok. Hää umuman ýüregiň gapdalyna taý ýüregi tapmana wagt gelendir. (Tebigatyň kanunyndan çykyp bolanokda)


Menden giň barmyka özi?

Srok geçip biz näme ýapylan bankamy? :)
Şeýledirem öýtdüm-le diýen bolaýyn :)

Ýok, seň aýtjak bolýan zadyň barada pikirim ýok. Oguljan diýýär-ä: “GEREK DÄLLE”
Гость
30 июн 2022, 00:21
Başlamadygyň şuň ýaly bolsa hälem başlamadygyň jora :)
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:21
Tuman
Nämeler diýdiň


Meň ýazgylaryma düşünip bilmän ömrüňizi ötürersiňiz siz.
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:23
Гость
Başlamadygyň şuň ýaly bolsa hälem başlamadygyň jora :)


Şony aýtsana :)
Özüme berýän soraglarymy ýazsam, saňa berilen soraglar meňkiň ýanynda hiç zatjyk.
ajy
30 июн 2022, 00:26
Salam gowmyn
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:26
garaburc
Salam gowmyn

Salam. Men gowy, özüň niçik garaja burç?!
ajy
30 июн 2022, 00:27
Şükür gowy menem...:)
Harmony
30 июн 2022, 00:28
Ýene senmäý. Bul-a başladow.
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:29
Granger
Ýene senmäý. Bul-a başladow.

Içiňiz ýansyn, ýene men.
Harmony
30 июн 2022, 00:29
Samraýanlar klubyna haçan goşýanyňyzy duýduryň maňa.
Гость
30 июн 2022, 00:30
Nirvana,
Şony aýtsana. Sorag baryny beripdirler
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:31
garaburc
Şükür gowy menem...:)

Birimiz bir gowy bolaly)
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:33
Granger
Samraýanlar klubyna haçan goşýanyňyzy duýduryň maňa.

Ilki sizi synlap görýäs. Samraýşyňyz Göwnümize ýarasa adyňyzy goşýas :)
ajy
30 июн 2022, 00:33
Nirvana,
Şol, sen "men gowy" nikabyny menem dakdyma joram
Harmony
30 июн 2022, 00:33
Dasein.
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:33
Hemedany
Hyşy wyşyňyz ýatyrmadaý :)


Bahana :)
Гость
30 июн 2022, 00:34
Granger
Samraýanlar klubyna haçan goşýanyňyzy duýduryň maňa.

Duýduryk göweriň şoňa biriňiz
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:34
Гость
Nirvana,
Şony aýtsana. Sorag baryny beripdirler


Sen dagyn jogap bermeli dälä şolara.
Гость
30 июн 2022, 00:34
Nirvana
garaburc
Şükür gowy menem...:)

Birimiz bir gowy bolaly)

Bolsaga barymyz, ýogsa-da hiç kim
Harmony
30 июн 2022, 00:35
Nirvana,
Uly söz aýt diýse, öňem biri "düýe" diýipdir. Şyrdajygam "düýeden uly pilem bar" diýipdir.
Гость
30 июн 2022, 00:36
Nirvana
Гость
Nirvana,
Şony aýtsana. Sorag baryny beripdirler


Sen dagyn jogap bermeli dälä şolara.

Türkmeniň akly giç gelýäda jora )
ajy
30 июн 2022, 00:37
Гость
Nirvana
garaburc
Şükür gowy menem...:)

Birimiz bir gowy bolaly)

Bolsaga barymyz, ýogsa-da hiç kim

Ana ana hakyky jorada şy
Bentner
30 июн 2022, 00:37
Sen mydam şrifti uytgedip yazyaňda, obycnyda goyup yazayda, okap blmk her mowzugyňy
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:37
Гость
Nirvana
garaburc
Şükür gowy menem...:)

Birimiz bir gowy bolaly)

Bolsaga barymyz, ýogsa-da hiç kim

Hiç kim diýmek aňsat bu meselede.
Гость
30 июн 2022, 00:38
Nirvana,
Teswir ýazaňda strelka işlär ýaly etjek diýipdiňä jora, yzy bolmadyla
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:38
Гость
Nirvana
Гость
Nirvana,
Şony aýtsana. Sorag baryny beripdirler


Sen dagyn jogap bermeli dälä şolara.

Türkmeniň akly giç gelýäda jora )

Maňa çekmedik damaryň gursunla. :)
Telwas
Автор 30 июн 2022, 00:39
Hemedany
Nirvana
Hemedany
Hyşy wyşyňyz ýatyrmadaý :)


Bahana :)

Getir zatçokaňy 5 lijek goýaly :)

1-na goýup beräý.
ajy
30 июн 2022, 00:40
Гость,
Tygşytly gornushde bar sho. Shoña gec. Sitata diyip yazygly durya