MÜSÜR-3

Hormatly agzajanlar! Awtorymyzyň haýyşy boýunça roldakylary ýa bölümlere bölmeli, ýa azaltmaly boldy. Sebäbi, awtorymyz-a Jorj Martin däl, syýahatymyzam “Game of Thrones” däl. Agzalaryň sany 70-den gowrak. Bize-de dogry düşüniň. Roman ýazsak, eýdip-beýdip sygdyrardyk welin, bu roman däl. Bolanda hem okalmaz. Şulary gözöňüne tutup, saýtda artygrak görünýän agzalary artygrak agzadyk, galyberse-de, biziň syýahatly mowzugymyzda bizi köp goldan agzalar şolar. Ýene bir zat: Ýumor azaldyldy, gahrymanlaryň hereketi we sözleri doly derejede saýtda agzalaryň özlerini alyp barşyna görä däl-de, awtoryň we režisýoryň fantaziýasyna görä hem bolar.

Sizi hormatlamak bilen,
Produser: Nirwana. Režisýor: Granger.

4-nji nota
Surnukdyryjy gün bolsa-da, garaz erbet geçmedi bu gün. Her kim öz bolýan otagyna baka ýöneldi. Biohimik öýdäkisine jaň etdi:
– Otyrsyňyzmy. Enem dagam gurgunmy. Oglum nädýä? Göresi gelýämi meni... Menem sizi göresim gelýä... – diýip, yzyndan eşdiler-eşdilmez pyşyrdady. Söýüşdiler öýdýän. Şu ýerde Şahruk Hanyň “Tuje dekha toýe jana sanam” aýdymy, ýerine ýetirýär Kwadrat kelle... biohimigiň komnatdaşy.

– Hafyz. Latif. Ehnaton. Men däl...
– Tur makow – diýip, Nirwana basyrganyp ýatan Greýnjeri depdi.
– Hany, kim, sen kim, men saňa näme ýamanlyk etdim – diýip, ukusyna garyşan Greýnjer ses edip aglady...

Ertesi ir bilen turdy bir goh. Agzalaryň barysyny örüzen ses Nirwana bilen Greýnjeriň otagyndan gelýärdi. Millet ylgaşlap bardy. Görseler ine ikisi, saç ýoldy oýnap otyrlar. Gost gelip, zordan aralady ikisini. Psihologiýadan bir temaň üstünde jedel gidipdir, yzam urşa ýazypdyr. Şeýleräk tema:
Granger öz Müsür barada bilýänlerini Nirwana aýdypdyr we agzalara ýetirmegini haýyş edipdir. Eşdilşine görä, gazuw-agtaryş işleri geçirlende her hili ÇP-lar bolýarmyş. Ony her kim her hili düşündirýär. Kimler oňa pyragunlaryň gargyşy diýse, kimler tebigy şertlere görädigini aýdýardylar. Ýene bir çaklamada, ýerli ilat öz milli gymmatlyklaryna artyk el degirtmejek bolup, öz içlerinde şeýle betbagtçylyklaryň bolmagyny gazanýardy. Germiona hem şularyň 1-njisinden başgasynyň hakykydygyny aýdyp, agzalaryň ýalňyş zatlara ynanyp, howsala düşmezliklerini düşündirjek bolupdyr. Beýle betbagtçylyklary görüp, aman galanlardan hem akyllaryny ýitirip, dälliräp kaput bolýan ýagdaýlarynyň bardygyny aýdypdyr. Bar zadyň gülýaly boljakdygyna, sagaman öýlerine gaýtjakdyklaryna ynanýan Nirwana bolsa, muňa garşy çykypdyr. Garaz, uzagrak çekeleşme...

Agzalar bu gezek bölündiler. Her kim islän ýerine. Kimsi Imhotep muzeýine, kimsi kitaphana, kimsi ýene Giza – Sfinksa, Heopsa we beýlekilere. Garaz, pytradylar.
Hemedany Keaip Begcon ikisi, niredesiň Şeýhlar diýip ýörite öňünden gepleşilen maslahata gitdiler. Elbetde, Şeýhlaryň eşigini geýip. Hiayress bular bilen gitmekden ýüz öwürdi, emma Keaip begcon jan ýaly dostunyň sözüni ýykyp bilmedi. Dostluk – gör nähili güýçli närse. Öz prinsyplaryň garşysyna gitmeseň-de, dostuň üçin iň bolman dymyp bolar. Garşysyndaky hem öz gezeginde şeýle bolmaklygy özünden bilmeli. Ähli zat garşylyklaýyn bolsa, gör, nähili ýakymly...
Hemedany hem şeýle bir zatlar söz beren bolmaly dostuna.

Oksimiron milletiň aglaba bölegini aldy-da, ýene Giza tarapa ýöneldi.
Soho bilen Remezan aga-da şunça kynam bolsa, ýaşlaryň käbirini boýun almaly boldy we muzeýe gitdiler. Soho:
– Bulaň özi muzeý ahyry. Äkitmek nämä gerek. Köçede wystawka guraýaň, orta-da bir “din” ýa “poýeziýa” diýen söz taşlaýaň, wessalam, bet girdeji bolýa. Görgüli Imhotep. Dat günüňe däliler barýandyr.
DonMax:
Ýa sabyr, ýa sabyr... diýip, biziň eramyzdan öňki asyrlarda ýaşap geçen DonMax atly beýik filosof aýdyp geçipdir.

Granger Abaddonyň aýdan ýerindäki gazuw-agtaryş işine gatnaşmazlyklaryny haýyş etdi. Çünki, Gadymy ýadygärlikler ministrliginiň işgärleri, käte-de başgalar gazuw-agtaryş üçin ýalňyş ýerleri, ýagny düýbünden mümkinçilik ýok ýerlerini salgy berýärmişin.
Nirwana Gostdan başlyga aýlap, ýagdaýlary aýtmaklygy haýyş etdi. Gost:
– Diýýän zadyňy gulagyň bir eşidýämi-how. Abaddonnyň özi maňa aýlasyn, meň bilen gepleşesi gelse.
Hiayress boýun aldy we aýlady:
– Gowdyr-a başlyk. Iş-güýç, mal-gara, menem gowy, bularam gowy...
Nirwana howlukdyrdy.
– Neme başlyk, bu birisi kem otuz harplymyzam-a, bular gögele bolsaň, sokýa diýýä diýýä. Başga ýerlere nemedeli diýýämi näm...
Garaz düşünişdiler. Nirwana:
– Ýene şy peltek bilen gitmelim-äý.
Granger:
– 32-iňi oňagsana. Egeg, bag bolsa. HA-HA-HA.
Gost Nirwanany saklady. Granger:
– Hawaga Gizadan günogta tagap pylança mil gitmeli. Düýeli gitmeli bolýas, ýoldaşlag.
Nirwana:
– Dogry edýäň, bar-bar, git. Garyndaşlaň bilen gitseň gowy düşünşersiň. Hihi.
– Senem meň bilen gidegsiň.
– Sen-ä saman otla, menem şärik bolmaly diýjek bolýaň şeýlemi.
– Men gideli diýdim, gitmeli.
(Gynansaňyzam, begenseňizem byl ikisiniň sene-menesini köp okamaly bolarsyňyz)
Bular (Gost, Nirwana, Massimus, Hiayress, Dark wolf, My Life, Ötegçi, Khanture, Bendtner, Rigel, Granger) toplandylar. Beýleki agzalardan almadylar, oňa derek birazrak işçi aldylar. Agzalaryň hemmesini howp astyna salyp boljak däldi, emma olaryň hem öz gezeginde etmeli işleri ýetikdi. Elbetde, hemişe bolşy ýaly Gost başlyk boldy.
– Owarram, şunça ýalbaryp durşuňyza görä, booor-Da. Hemişe men alyp çykmaly-da bulary.
Massimus bilen Grangeriň dosty Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi hem geldi. Ýanyna hem birnäçe gazuw işine belet işçileri alypdyr. Massimus bilen Granger ýaňky bilen düşünişdiler. Massimus:
– Ýoldaşlar, ine bu Akil Zaher Khaled Otta. Gowy ýeri muňa diňe Akylly Khaled diýip ýüzlensek, monça diýýä.
Bular hersine bir düýe aldylar. Ötegçi:
– Hany onda, düýeleriňize atlanyň.
Hiayress:
– Düýeleriňize düýeleniň.
Bular ýola rowana boldular. Ýolda Gost, Nirwana, Granger düýe çapyşygyny etdiler. Dark wolf:
– Häk, işigaýdanlar. Turşy tutupdyr öýdýän gowja. Bolýa, o biri dälilere sapak berip, şolar bilen gepleşip, ylalaşyp ýören diýeli. Ol ikisine näme gerek – diýip hüňürdedi.
Bular az ýöräp, köp ýöräp Hawaradaky bir şübhelenilýän, gözöňüne tutulýan ýere bardylar. Başga-da adam gyt däl eken ol ýerde. Bular hem edil şahta bolmasa-da, çadyr-padyr gurundylar. Khanture:
– Haý blää, amerkanlar. Bir tupoý halk-ow şular. Görersiňiz ine, Khanture aýtdy diýersiňiz.
Garaz, bular işli-işleri bilen bolubersinler. Habary Şalaryň Deresine giden mrokas, kwadrat kelle, Gültäç mugallym, senýorita, garaburç, Dani, menem biri, voyvoda dagydan alalyň.

Şypbyk” dükany size öz genialnyý köwüşlerini hödürleýär gadyrly ildeşler. Olary geýip barjak ýeriňiziň adyny aýtsaňyz, edil Göýdük burnuňky ýalak zyňyp äkidýär, gaýdyşynyňyzam bökdürip getirýär.
“Şypbyk” harytlar dükany size garaşýar, hormatly watandaşlar.


(– E-e-e sarasana şu taýsyny, zaýketek bolduk reklamadan.
– Iň gowsy pauzany basyň, men öz işime gidip geleýin.
– Bölmäň-e, gitsin yzy. Halamadyga han-ha gapy, aňyrsyndan ýapmaga.
– Maňa-da şo patrakdan alsana ýene, jora, gitseň)
(#Filme Aşgabat kinoteatrynda tomaşa edip duran saýt agzalary)

mrokas:
– Çagalar, grobnisalardan seresap bolaweriň. Ýatanlary bimaza etmäliň. Bu ýerde birnäçe gubur ýatyr. Müsürliler artefaktlara rugsat berseler-de, edil ata-babalarynyň guburlaryna degmäge rugsat berenoklar. Dagy nä, bolanda näme gadymy. Gadymy diýen bolup, öwlüýäde gazuw-agtaryş işini geçirip... Grobnisalara, mumiýalara degseň, alyp gitjek bolsaň, 15 ýyllykmy, pylança ýyllyk türme bar. Entegem owadanlap oturyşlary. Öňki asyrlarda ölüm jezasy bar eken. Ýerli bolsaň, dardan asýalar, gelmişek bolsaň, myhman hökmünde seni sylap, ýeňil ölüm berip, atyp goýberýäler. Tutanhamonyň hem grobnisasy şu ýerde ýerleşýär. Alla abraý beräýsin edil ýöne.

Gazuw ýerdäkiler bir podwalyň üstünden bardylar. Granger beýleki işçilere günbatara tarap 50-60 ädim ýöräp, ýene gazyp başlamaklaryny tabşyrdy. Massimus, Granger, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi we ýene iki-üç sany işçi aşak düşdüler. Bularyň yzy bilen Ötegçi hem girdi. Gost:
– Eger bir zat bolsa sygyraýgynyň, ine şeýdip.
– Näme üçin?
– Aý dogan-garyndaşlaryňa habar etmek üçin. Olar seni iň soňky ýoluňa ugratmaly bolar ahyry.
Garaňkylyk. 2000-3000 ýyllyk aýak sekilmedik ýerler. Ötegçi:
– Eýwaý, endam-janym jümşüldäp başlady-ow.
Massimus:
– Hemme zat gowy bolar-la.
– Aý, häzir aýrylar-la.
– Saňa diýlenok how.
Granger:
– Bu ýegi ol ýeg däldig diýip umyt edýän. Gadymy Müsüglilegiň siwilizasiýasy ösen diýýäleg. Bu ýeg ölümsiz ylym adamlagynyň taýynlanýan ýegine meňzeýäg.
Şu heýkeliň aşagyny çägeden agassalamaly bolag. Gegekli nahodkalag bag. @Mümkin bolsa, pgotiwogazly işçilegden başgaňyz daşgakda dugjak boluň. Ölümli gaz ýa kislota ýaýgap bilýä.
Soňra Gost bilen Nirwana hem bularyň ýanyna geldi. Aňyrdanam amerikanlar. Bulara sapança tutup, “boşadyň şu taýsyny” diýip durlar. Taýyn aşyň eýesi ömür, üstesine tupoý diýip Khanture şunça käkeläpdi welin...
Gost bilen Massimus dyzajak boldular (hotýa elleri boş). Ötegçi iňlisçeläp düşünişjek boldy. Granger Nirwana pyşyrdady. Nirwana:
– Oglanlar, hany boldy edeliň-le. Dörünmek üçin başga ýerlerem bar diýýä Greýnjer – diýip, gözleri bilen ümledi. Ýagdaýlar oňatlaşdy. Her kim öz işli-işine. Gost:
– Saklaýdyň-da arman, ýogsam-a petigulusyny berjekdim.
Nirwana:
– Näm-ow sen, bitiňe gahar edip ýorgan otlajak bolýaňmy. Biraz pikirlenibräk hereket etmeli.
Bendtner daşarda amerikanlaryň arasynda iki-ýeke gyz bar eken weli, şolaryň töwereginden aýrylmady:
– Detka, ty moý kaýf..
Ty moý kaýf..
Arasynda bulaşdyryp:
– Hey baby, you look like a chupa-chups – hem diýip goýberýärdi. Amerkan gyzlaram kikirdeşen bolýadylar.
Ikinji gazuw ýerdäkiler hem işlerini tamamladym etdiler. Germionaň çaky dogry bolup çykdy. Ol ýerdenem bir girelge ine. Ol gözlerine ynanmady. Bu zatlar mif ýaly aýdylýardy ahyry. Ony diýseň, Gerodot hem öz taryhynda şol adybelli Labirinti görenligi hakynda agzap geçen, emma şu çaka çen hiç kim onuň üstünden barmandylar. 1888-nji ýylda professor Flinders Petri tarapyndan onuň ýerleşýän ýeri hem tapylypdyr, emma bu hem gutarnykly netije däl. Kä maglumatlarda Amenemhet III-iň hramyna aýdylypdyr hem diýilýär. Ol ýitirlen ýurt, ýumrulan desga, rowaýat hökmünde getirilýärdi. Ýöne, köp ýegiptologlar umytdan düşmeýärdiler. Eger bu hakykatdan hem şol Labirint bolaýsa, onda bular asyryň däl, müňýyllygyň açyşyny edýärdiler.

Amerikanlar öz gezeginde bir kitabyň we mumiýanyň üstünden bardylar. Kitaby çykaryp otyrkalar olaryň ellerindäki bir-iki sany işçini kislota gazy tutdy, görgülileriň ýüzleri, elleri eredi we şo ýerde hem jan berdiler. Protiwogaz geýmändirler. Ine, Germiona nämeden howatyrlanýardy. Biraz garaňky gatlyşdy we bular dynç almak üçin daşyna, her kim öz çadyrynyň töweregine bardy.

“Tizkömek bokurdak” merkezi size öz hyzmatlaryny hödürleýär.
Bir kiçi pizza alana bir kiçi pizza mugut. Biriniň bahasy 120 manat. Howlugyň azajygy galdy.

Amerikanlardan içip tükgereni haýsy, uklanlary haýsy... garaz, barysy ukudaka Granger töwerege gezmeläp ýördi. Birdenkä-de, amerikanlaryň içinde bir ýaşulynyň elinde hälki kitaby gujaklap, uklap galanyna gözi düşdi. Ýuwaşjadan baryp, usullyk bilen kitaby aldy we ýerine geldi. Hemmesi uklandyr öýtdi. Birdenem Gost ukuda ýatan ýaly, gözüni açman:
– Ogurlyk diýilýä şuňa bilýäňmi – diýdi. Granger:
– Oguglyk däl-de, wagtlaýyn peýdalanmaga almak diýýän menem muňa.
– Ýegy bolýa Gygeýnjeg. Sen maňa byg zady aýt.
– Ilki bilen agzyma öýkünmän gepläň!
– Bolýa. Men bir zada düşünemok. Seň bilen Müsüriň näme baglanyşygy bar? Munça zady nireden bilýäň dyrnak ýalak bolup? Jadygöý diýýäler, olam däl, üstesine ynanaňogam. Hat-da adaty adamlaryň ynanýan proklýatiýesiniň hem adamlaryň öz psihikalarynyň önümidigini aýdýaň. Üstesine “yr” diýip bilmeseňem, professor po psihiatriýi. Ýöne muň Müsür bilen näme baglanyşygy bar? Şu gadymy kitabam okap bilýän diýäýme ýöne...
Nirwana pyşyrdaýar:
– Jora, kelle gidiýo-geliýo. Serýoza alma.
Hiayress hem ukyň arasynda:
– Ol siziň baryňyza çaga ýa-da däli hökmünde seredýär.
Granger:
– Ýatanlag ýatsyn-la. Sag adamlagam gepledi-ow. Ggyzella sen-ä waşşe kefleme.
Ynansaňyzam-ynanmasaňyzam, gadymy Müsüg iýegogliflegyny okap we düşünip bilýän. Mende saýlaw bagdy ahygy, Ýegiptda dogulmak ýa-da ylma bil baglamak. Segedyň, Gost. Ýegipt meň ganymda bag ýaly. Syýahat etmekde heg kimiň öz halaýan ýegy bag ahygy. Üstesine-de bizi bu ýege uggatdylag. Han-ha hol ýatanlagam özlegy meýletin gaýtdylag ahygy.
Gost:
– Howwamyşyn diýeli. Men ine bu Nirwana jorama düşünýän. Hiayressede düşündim eýdip-beýdip, Dark wolfa, Ötegçä, Massimusa, Rigeliň fizikasyna, My life-a, Bendtneriň chupa-chupslaryna-da, hat-da ho-ol ýatanyň Ýer tekiz teoriýasyna hem düşünýän. Ýöne, ine, saňa welin düşünemok. Sen bu ýerde näme işleýäň?
– Äl-äýt, byg dikdüşdi adam ekeniň-äýt. Men diýýän... aý bog-la, şomuşynda – diýip, Granger kitaby sesli okap başlady. Khanture oýanyp:
– Kitaby sesli okamak bolanok ahyry. Saklan. Ýatanlary oýararsyň. “Ölüler kitaby” dälmi seň munyň – diýdi. Granger ol zatlaryň ýönekeý bir rowaýatdygyny we ynançdygyny aýtdy. Hakykatda bolsa, ölenler direlmeýär. Nädip mumiýalar direlsin... Hiayress:
– Khanture, ýalan sözläňde-de ýapa bir degir. Ýer tekiz diýdiň, kabul etdik. Çingiz han ýok, bolmadyk şahsyýet diýdiň, brawo seňki dogry diýdik. Osmanly hökümdary soltan Süleýman bilen Süleýman pygamber ikisi hem-de Muhammet Pygamber bilen Soltan Fatyh Mehmet ikisi bir adam diýdiň, oňa-da hä diýdik. Häzir sen Nirwana bilen Anjelina Joli hem bir adam diýýäň zat diýmesek. Meň adymdanam Isgender Zulkarneýin ýasarsyň. Germiona şuňa diagnoz goýaý-da.
– Bar şol okalany bilen direläýenem eken-dä. Barybir Germiona “yg” diýip okaýa. Haýyr etmez – diýip, Ötegçi pyňkyrdy. Khanture şundan soň biraz köşeşdi. Çadyrdan Bendtner hüňürdedi:
– Ýatmaga goýmadyňyz-aý çuwaki. Düýşümde negözel krasotkalary görüp otyrdym.
Hiayress:
– Amerikankalardan yryp bilmediňmi çadyra myhmançylyga – diýip, pyňkyrdy.
Soňra ukladylar. Ertesi her kim ýene işli-işine. Yzda galanlar hem şeýle. Gün ikindiden agyp, garaňky gatlyşyp ugrapdy. Birdenkä aşakdan erbet ses geldi, soňra bolsa, howa garalyp, aňyrdan uly tolkun ýaly tornado gelýäne meňzeş gara zat gelýär. Bular nämäň nämedigine düşünmän ýerli-ýerden gaçyp başladylar. Aňyrdan gelýän äpet gara, çekirtgeler eken. Çekirtge ýagdy. Her kim töwerekdäki podwallara sümüljekden...

Muzeýdäkiler.

Dani:
– Adamlar, o skelet gymyldady.
Remezan:
– Skelet däl ol, maňa meňzeş mumiýa, hemem ol gymyldap bilmez.
Soho:
– Dani jigim saňa öňem köp aýtdyk kelläňi barlat diýip. Seň ýaş başyň bar.
Garaburç:
– Agam, näme diýseňizem gowlug-a ýok şörde. Gaýdaýalyň-da.
DonMax:
– Ýa sabyr, ýa sabyr...

Heopsyň içindäkiler. Girelgeler ýapyldy. Çykalga ýok.

Şalaryň Deresindäkiler.

Gültäç mugallym, mrokas, menembiri, kwadrat kelle dagy üýtgeşik tapyndylara we mumiýalara seredişdirýärdiler. Grobnisalaryň aglaba bölegi şu ýerde ýerleşýärdi. Birdenem mrokas-yň gorkany başyndan indi. Hälki mumiýalar ýeke-ýeke oýanyp, bulara tarap ýöräp ugradylar. Gültäç mugallym jynssyz gygyrdy. Tutanhamon muň sesinden gorkup, mundanam beter aňňyrdy. Menembiri bulardan galmaýyn, gygyryp göräýin diýip, olam gygyrdy. Soňundanam ine, turdy bir gaç-ha-gaçlyk. Bular her näme-de bolsa, gaçyp ýetişdiler. Gültäç mugallym depeden aşak inip gelýäkä arwah gören dek wägirip gelýärdi:
– Gaçyň-eý, başyňyzy gutaryň, däliler gelýä. Gaçyň-eý, ýatanlar oýandy-eý, dat-bidad-eý... Men heniz durmuşa-da çykyp ýetişemog-eý. Halas ediň. Kömek ediň. Ýeteweriň... Meň ölesim gelenaaaak...
13 лайков 518 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
01 июл 2022, 21:53
"agzajanlar" sözi gelişenok hiç hili.
Suleyman
01 июл 2022, 21:58
Yzygiderligini üzmän, ýatdan çykarman düzip bilýänligiňiz üçinem berekella diýäýmeli..)
Berekella.
Soho
01 июл 2022, 21:59
men uchin bu haaas gyzykly :)
Belki
01 июл 2022, 22:08
Poýeziýa - poeziýa
Üstünlik!
Harmony
01 июл 2022, 22:10
Hiayress - Hi I Ress
Telwas
Автор 01 июл 2022, 22:13
Pegas
"agzajanlar" sözi gelişenok hiç hili.


Gelişmeýän sözleri agzamagy men gowy görýän. Awtoram menden öwrenen bolmaly bu “agzajanlar” sözüni. “Akga” sözümem ogurlaýaňyzaý. Sesimi çykaramok. Ýöne “Okyjylarym” sözümi alyp maňa öýkünseňiz hijiňizi bagyşlamaryn! ?
Hiayress
01 июл 2022, 22:14
Şypbyk dükany intägem balkanlaryňky däl eken. Ýogsa reklama mojuk bolardy.))
Telwas
Автор 01 июл 2022, 22:16
Belki
Poýeziýa - poeziýa
Üstünlik!


Gözleseň kändir ýalňyşlyklar :)
Pegas
01 июл 2022, 22:16
Nirvana
Pegas
"agzajanlar" sözi gelişenok hiç hili.


Gelişmeýän sözleri agzamagy men gowy görýän. Awtoram menden öwrenen bolmaly bu “agzajanlar” sözüni. “Akga” sözümem ogurlaýaňyzaý. Sesimi çykaramok. Ýöne “Okyjylarym” sözümi alyp maňa öýkünseňiz hijiňizi bagyşlamaryn! ?

Molodes. Dowam et gelişmeýän zatlary onda.
Telwas
Автор 01 июл 2022, 22:25
Dark_Wolf
Yzygiderligini üzmän, ýatdan çykarman düzip bilýänligiňiz üçinem berekella diýäýmeli..)
Berekella.

Menem berekella diýýän şu awtora. Biziň üçin gymmatly wagtyňyzy sarp edip ýazýanyňyz üçin minnetdar!
Izma
01 июл 2022, 22:28
Yatjak yeriňiz yagty bolsun
Izma
01 июл 2022, 22:31
Belki,
Monjuk gözlemän, hezil edip okaňsana
Гость
01 июл 2022, 22:40
Kino gören ýaly boldum :)
Harmony
01 июл 2022, 22:53
Nirwana bilen Anjelina Joli ?
Hezil edip gyrlyşypdyrys.
Telwas
Автор 01 июл 2022, 23:40
Granger
Nirwana bilen Anjelina Joli ?
Hezil edip gyrlyşypdyrys.

Nirvana nire Anjelina Joli nire :)

Hawa, Gostyň bizi aralaýan ýeri gözöňüme gelýär :)
Ötegçi
01 июл 2022, 23:52
Granger:
– 32-iňi oňagsana. Egeg, bag bolsa. HA-HA-HA. hehehe hehehe
Ahmet
02 июл 2022, 00:17
Dowamy barmy? Gyzykly eken, çeperçiligem gaty gowy. Ýazana ýetirene köp minnetdar! Elleriňize saglyk!
My life
02 июл 2022, 00:35
Çadyrdan Bendtner hüňürdedi:
– Ýatmaga goýmadyňyz-aý çuwaki. Düýşümde negözel krasotkalary görüp otyrdym.
Shuna gulkim tutdy, gyzykly bolupdyr)))
Harmony
02 июл 2022, 00:38
Nirvana
Granger
Nirwana bilen Anjelina Joli ?
Hezil edip gyrlyşypdyrys.

Nirvana nire Anjelina Joli nire :)

Hawa, Gostyň bizi aralaýan ýeri gözöňüme gelýär :)

Şony aýtsana))
Düýe çapyşygyny diý?
Aýsere
02 июл 2022, 00:51
Gost haçan görseñ Nirwana bilen Grangeriñ ýanyndalaý
Telwas
Автор 02 июл 2022, 00:56
Ahmedik_97
Dowamy barmy? Gyzykly eken, çeperçiligem gaty gowy. Ýazana ýetirene köp minnetdar! Elleriňize saglyk!


Awtory gaýrat etse, dowamy bolar. Siziňem okaýanyňyza şat!
Telwas
Автор 02 июл 2022, 00:57
Granger
Nirvana
Granger
Nirwana bilen Anjelina Joli ?
Hezil edip gyrlyşypdyrys.

Nirvana nire Anjelina Joli nire :)

Hawa, Gostyň bizi aralaýan ýeri gözöňüme gelýär :)

Şony aýtsana))
Düýe çapyşygyny diý?


Şol nireden kellä geldikä? :)
Telwas
Автор 02 июл 2022, 00:58
M-11.
Gost haçan görseñ Nirwana bilen Grangeriñ ýanyndalaý


Gost meň iň ýakyn joram. Awtoram şony gözöňünde tutup ýazýan bolaýmasa.
Bentner
02 июл 2022, 01:25
Ay sauu dash bolupdur??
Гость
02 июл 2022, 06:00
M-11. M-11. on № 21Şu gün, 00:51
Gost haçan görseñ Nirwana bilen Grangeriñ ýanyndalaý


- Kim ýüz berse şoň ýanynda-da men.
Hiayress
02 июл 2022, 08:30
"Gültäç mugallym depeden aşak inip gelýäkä arwah gören dek wägirip gelýärdi:"

Ty çto Gültäç mugallymyň ministerstwoda daýysy bar. Daýysyna aýdar weli, Tutanhamon bile külliňizi çykarar. Gaýdyp gygyrman geçersiňiz onsoňa. Özem basym Serdara häkim bolmaly. :)
Hiayress
02 июл 2022, 08:31
Erbet däl, eliňe saglyk.
Massimus
02 июл 2022, 11:00
Nirvana,
Awtoryna ullakan üstünlik arzuw edýärin. Siz diňe prodýusser däl, redaktorlygam gowy ýerine ýetiripsiňiz, Sebäbi awtor ikimiz täze agza öň saýtda bolan wakalardan habarymyz ýok, şular ýaly ýerlerde Siziňem goşandyňyz duýulýar. Berekella ikiňize. Şu ýazylyşda romanam bolsa-da okardym. Ýöne awtor, haýyş, Granger dostumyň yg diýýän ýeri birhiliräk, ol beýle gürlänoga, bilmeýänler ony peltek diýip oýlaýmasyn, şu ýerini indiki sanynda "r" aýtmany öwrendi diýäýeliň.
Reklamalaryny daş edipsiň ýöne :))
Harmony
02 июл 2022, 11:13
Massimus
Nirvana,
Awtoryna ullakan üstünlik arzuw edýärin. Siz diňe prodýusser däl, redaktorlygam gowy ýerine ýetiripsiňiz, Sebäbi awtor ikimiz täze agza öň saýtda bolan wakalardan habarymyz ýok, şular ýaly ýerlerde Siziňem goşandyňyz duýulýar. Berekella ikiňize. Şu ýazylyşda romanam bolsa-da okardym. Ýöne awtor, haýyş, Granger dostumyň yg diýýän ýeri birhiliräk, ol beýle gürlänoga, bilmeýänler ony peltek diýip oýlaýmasyn, şu ýerini indiki sanynda "r" aýtmany öwrendi diýäýeliň.
Reklamalaryny daş edipsiň ýöne :))

Birden realda diýip bilmeýän bolaýsam..
Lenin kliçkama bar. ?
Telwas
Автор 02 июл 2022, 11:34
Гость
Soho,
My life,
Ahmedik_97,
Bendtner,
Hiayress,
Massimus,
Pegas,
Dark_Wolf,
iKONic,
M-11.,
Belki,
Hemedany,
Ötegçi,
Granger,

Pikirleriňizi ýazanyňyz üçin minnetdar!