ESERIMIZ…



Ýyldyzly asmanyň astynda

(Ylmy-fantastiki we psihologik hekaýa)

2-nji bölüm.

Anora Arslan bilen hoşlaşanyndan soňra awtoulagyna münüp öýüne geldi. Gelmesine geldi welin, özüne hiç ynjalyk tapanokdy. Onuň üçin durmuşdaky iň uly ajylardan biri, eliniň aýasyndaky çyzyklaryny hem özünden gowy bilýän adamsynyň ýoklugyna öwrenişmekdi. Bu ýokluga öwrenişmäge mejburdygy bolsa hasam beter ajydy. Şeýle-de biz ajynyň ajyny dogurýan dünýäsinde ýaşaýas ahyry. Ýaşamaga-da borçly…
Ne ölen bilen ölünýär, ne-de giden bilen gidilýär. Anoraň elinden hiç zat gelenokdy garaşmakdan başga. Käbirleri hemme zady yzynda taşlap ölüm bilen terk edýärler kalby, Arslan bolsa, yzynda gujaklamaga zar elleri taşlap, Anoraň kalbyndan gidipdi. Ýok, ýok beýle däl. Arslan Anoraň kalbyndanam, durmuşyndanam gitmändi. Ol Anoraň dünýäsinden näbelli dünýä gidipdi.
Arslan bir maşgalaň ortanjy ogly bolany üçin, Anora bilen toý edenlerinden 1 aý soňra şähere göçüp gidipdiler. Arslanyň gideninden 2 gün soňra Anoraň gaýyny Gülnäz daýza olaryň ýagdaýlaryny soramak üçin jaň etdi.
Gülnäz daýza:
-Anorajan Salam gyzym. Gowumy ýagdaýyňyz, otyrsyňyzmy sag-aman?
Anora:
-Salam Gülnäz daýza. Gowy Hudaýa şükür, otyrys. Öz ýagdaýlaryňyz oňatmy?
Gülnäz daýza:
-Biziňem ýagdaýymyz gowy şükür. Entek siziň mähriňize doýmankak bizden arany açyp gitdiňiz. Sizi göresim gelýär gelinim. Hany, oglum Arslanjan ýokmy ýanyňda? Ýaňy jaň etdim, almady. Telefony öçük berýär.
Şol pursat Anoraň dili tutulypdy. Beýle soragyň beriljegini bilse-de, jogap bermäge taýýar däldi. Şonuň üçin ýalan sözlemäge mejbur boldy.
Anora:
-Arslan dosty Baýramgylyçlara gitdi. Geler olam uzak eglenmän.
Gülnäz daýza:
-Bolýar gyzym, janyňyz sag bolsa bolýar. Birigün hepdäň sişenbe güni aýyň 26-na ejeňem alyp size oturmaga çaýa baraly diýýäs. Öýde bolýansyňyz-a?
Anorany gowy der basypdy. Titreýän sesi bilen zordan “hawa geliberiň arkaýyn” diýdi. Şeýdibem gaýyn-gelin ikisi hoşlaşdylar. Anora telefony goýanyndan soňra näme etjegini bilenokdy. Ejeleri geleninde Arslanyň ýoklugyny bilseler, nirä gidenini sorasalar näme jogap berjegi barada oýlanýardy. 15 minut pikirleneninden soňra, kellesine Arslanyň iň ýakyn kursdaş dosty Baýramgylyja jaň etmek pikiri geldi. Jaň etdi.
Anora:
-Salam Baýramgylyç gowumy?
Baýramgylyç:
-Salam Anora gowy, özüň gowumy?
Anora:
-Menem gowy. Baýramgylyç men saňa bir zat aýtmaly. Eger wagtyň bar bolsa öýlän bize gelip gidip bilmezmiň?!
Baýramgylyç:
-Elbetde gelip bilerin. Näme boldy, eýgilikmi? Arslana bir zat boldumy?
Anora:
-Geleňsoň bilersiň bar zady.
Baýramgylyç:
-Bolýar. Aňyry gitse 1 sagatdan bararyn.
Anora:
-Bolýar garaşýan…

… 1 sagatdan gijä galman Baýramgylyç Arslanlara geldi. Anora pikire batyp otyrdy. Ikisi hal-ýagdaý soraşanyndan soňra Baýramgylyç:
-Hany Arslan ýokmy, ol nirä gitdi?
Anora:
-Baýramgylyç men saňa Arslanyň nirä gidendigini aýtsam, belki ynanmarsyň. Emma maňa ynanmaly bolarsyň. Biz aýyň 21-ne Arslan bilen ýyldyzly asmanyň astynda meteor ýagyşyny synlamaga gidipdik. Yzymyza gelýärkäk, haýsy-da bolsa bir näbelli uçar jisimi gonup içindäkiler özleriniň Giangenium planetasyndandygyny we älemleriň howp astyndadygyny duýduryp, Arslany kömek etmegi üçin alyp gitdiler.
Baýramgylyç ilkibada gulaklarynyň eşidýän zadyna ynanasy gelmedi, emma beýle zadyň bolup biljekdigi barada bilýärdi. Çünki, onuň hem ugry Fizika-Astronomiýady. Ol älemdäki planetalar hakynda habarlydy.
Baýramgylyç:
-Hımm düşündim Anora. Arslany yzyna haçan getirjeklerini aýtdylarmy?
Anora:
-Ýok aýtmadylar, 8 aýdan geler diýip umyt edýän. Baýramgylyç seniň maňa kömegiň gerek. Birigün Arslanyň ejesi we meň ejem myhmançylyga gelýärler. Bu gün jaň edende-de, Arslanyň sizdedigini aýtdym. Gelseler men olara näme jogap berjegimi bilemok, men başga planeta gitdi diýsem-de olar ynanmazlar, gaýgy ederler. Men olara näme jogap berip bilerin?
Baýramgylyç ep-esli pikirleneninden soňra:
-Anora diňle. Noýabryň 7-ne Rossiýa döwletiniň Новосибирск şäherinde aý tutulmasy bolýar. Ol aý tutulmasy Türkmenistandan görünenok. Şonuň üçin Arslan oňa gözegçilik etmek üçin, iş sapary bilen Rossiýa gitdi diýsek nähili bolar?
Anora üçin bu jogap öz tapan jogaplaryna görä ýerlikli we mantyklydy.
Anora:
-Örän gowy pikir Baýramgylyç. Men biziňkilere şeýle diýip düşündirerin. Ýöne, senden bu syrymyzy hiç kime aýtmazlygyňy haýyş edýän.
Baýramgylyç:
-Haý nätdiňaý Anora?! Heý menem jan ýaly dostumy we onuň gelnini satyp bilerinmi. Arslan üçin janym gurban. Ol talyplyk ýyllarymyzda maňa-da az kömek etmedi. Anora sen kösenmän gorkman gezip bilermiň? Näme gerek zadyň bar bolsa, hökman maňa aýtgyn. Men elmydama kömege, goldawa taýýardyryn.
Anora:
-Ýok- ýok kösenemok, arkaýyn bolaý. Menem ýanyma joram Eneşi alaryn myhmanlarym gelip gideninden soňra. Senem azara goýdum, emma telefonda bu meseläni aýtmak islemedim. Geleniň üçin, maslahatyň üçin köp-köp sag bol Baýramgylyç!
Baýramgylyç:
-Bolýar bolýar. Hany onda men ýuwaşlyk bilen ýöräýin. Sag-aman otur Anora. Gülnäz daýzalara-da Salam aýt. Sag bol!
Anora:
-Bolýar. Sag bol!

Ine-de garaşylan gün gelip ýetdi. Anoraň ejesi Arzy gelneje bilen Arslanyň ejesi Gülnäz daýza myhmançylyga geldiler.
Gapyda ýeke garşylaýan Anorany gören gudalar, öýe girip oturanlaryndan soňra Arslany soradylar.
Arzy gelneje:
-Gyzym, hany ýoldaşyň ýokmy?!
Anora:
-Eje, Arslan ýok. Birnäçe gün öýde bolmaz ol. Has dogrusy, birnäçe wagt, belki aý hem bolup biler. Ol iş saparyna gitdi.
Gülnäz daýza:
-Ol nähili iş saparyna gitdi? Arslan entek mugallym bolup işe başlamady ahyryn. Täze ýyldan soň başlamalydy.
Anora:
-Hawa dogry aýdýaňyz. Siziňem bilşiňiz ýaly Arslan Astronomiýa ylymy bilen gyzyklanýar. Öňümizdäki aýyň 7-ne Rossiýanyň Novosibirsk şäherinde aý tutulmasy bolýar eken. Olam özi ýaly ugurdaşlary bilen şol aý tutulmany synlamaga gitdi.
Arzy gelneje:
-Näme ony hökman Nowyýsirke gidip synlamalymy?
Anora:
-Ejemjan Nowyýsirk däl, Nowosibirsk şäheri.
Arzy gelneje:
-Ýeri, şomyşyk-da. Siziň toý edeniňize bary ýogy 2 aý boldy ahyry jan gyzym. Ýanyňda bolsa bolmaýarmy?
Anora dymdy, ol ejesiniň bu sözlerinden soňra, özüniň göwrelidigini nädip aýtjagyny alada edýärdi. Ol myhmanlara öz elleri bilen bişiren sous naharyny saçaga goýup, çaýy demlemäge gitdi.
Gülnäz daýza:
- Agyz, guda diýýän-ä. Bir, azyndan bir 6-7 sanjak agtyjagmyz bolsa-ha, şu wagt biziň içimiz gysmazdy gyz. “Çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar” diýýär türkmen aga.
- Wah, Gunnajan näsini aýdýaň, boýdaş.
- Azzyjan, näsini aýdýan bolsam, gyzyň bir agzyny ysgap gör, geler weli. Men bahana edip, o komnutlarda sümsüner ýörerin. Wah, özüm soraýjakla welin, ejesi otyrka, gelinjanymy utandyrmaýyn diýýännä.
- Gun, sen birhili howlugýan bolaýma. Aýyp bor-a gyz.
- Onuň aýyby bolmaz, guda. Howlugýanmy? Eýýäm tutuş 2 aý geçdi. Sen soramasaň özüm soraýaryn.
- Bor gyz, ýuwaş. Özüm soraryn. Bar sen sümsün sümsünesiň gelse – yzyny burnuna salyp hüňürdedi – sümsünmekden başga zat oňaraňokdyň mundan öňem.
Şu türkmençilik gursunla. Adam pahyra ine-gana ýaşama ýok. Öňler “bir zatjygyň barmy” diýip, bir ýyl-ýarym ýyldan soň soralsa, indikiler toý edeniňden 1 hepde geçdigi, göni gözjagazlaryny jüýjerdipjik durandyrlar öňüňde. Her öňýeten seň aladaňy edensirän bolup, gepdir olaň bar ukusyny pozýan. Häk, pätikler.

Anora çaý getirdi. Süýjidir-kökeler bilen çaýladylar. Soňra Arzy gelneje obadaky täzelikleriň gürrüňleri dowam edýärkä, Anoraň klasdaşy Merýemiň gyzynyň bolandygyny aýtdy. Şol gürrüň agzalansoň, Gülnäz daýza Arzy gelnejä gaşyny kakyp, ýuwaşlyk bilen “sora, sora” diýýärdi. Arzy gelneje ahyry gyzyna söz atdy.
-Gyzym senden näme habar bar? Barmy üýtgeşiklik?
Anora Arslanyň haçan geljegini, hatda gelip-gelmejegini hem bilenokdy. Şonuň üçin garyndaşlaryny dowula salmajak bolup göwrelidigini aýtmaly däl diýen netijä geldi.
-Ýok ejemjan, entek biz arkaýyn.
Gülnäz daýza:
-Gelnim haýdaweriň, bizem basym agtyk söýesimiz gelýär diýip, gyzyl dişini görkezip çasly güldi.
Anoraň içi gan aglaýardy. Ne begenjini, ne-de gynanjyny öz mähribanlary bilen paýlaşyp bilýärdi.
Ol gün saglyk bilen myhmanlaryny sowdy.

Aradan 3 aý geçdi.
Anora indi 3 aýdyr içindäki sönmeýän ýangyny bilen ýaşaýyşyna dowam edýärdi. Ol hernäçe batyrgaý zenan hem bolsa, aram-aram ejizleýärdi.
“Arslanyň ýagdaýlary gowumyka ýa oňa başga planetalylar bir zat edäýdimikä? Ol bu wagt nirede, näme edýärkä?” soraglar içini gemirip gelýärdi.
Bu 3 aýyň dowamynda Anorada gapma-garşy duýgular kän bolupdy. Şeýle-de bolsa göwreliligiň ilkinji döwründe Anorada bolşy ýaly göwreli aýallarda ýürek bulanma, gusmak we ýadawlyk köp bolýar, bu bolsa göwreli aýallaryň ters duýgulary başdan geçirmegine sebäp bolýar.
Anoraň çagasy heniz 2 aý bolmanka aşakdady. Kän ýörese ýa-da basgançaklardan aşak düşdügi saýy çaga-da aşak süýşýärdi. Şonuň üçin ol çagama bir zat bolaýsa gorkusy bilen hiç hili daşaryk çykanokdy. Diňe howa almak maksady bilen balkona çykyp oturýardy.
Bu ýagdaýy üçin oňa öz wrajy dýufaston tabletka, işdäsiniň artmagy we gurplanmagy üçin bolsa, glýukoza, askorbinka maslahat beripdi. Ol dermanlary sypdyrman içip başlady.
Bir gije ýatyrka pomidoryň ysyny alyp oýandy. Ýogsa ol gün Anoralarda pomidor hem ýokdy. Bir gün gündiz bolsa jany şeýlebir garpyz isledi. Ne ýatyp bilýärdi, ne-de oturyp. Gidip alaýyn diýse ol wagt gitmäge-de ýaranokdy. Jorasy Eneşem ýanynda däldi. Balkona çykyp aglap başlady. Şol wagt aşakdan domlarynyň öňünden öz ýaşlarynda bir görmegeý ýigit geçip barýardy. Anoraň sesini eşdip sägindi. Anoralar 3-nji etažda ýaşaýarlardy. Oglan Anora garap:
-Salam. Size näme bolýar, gowumy ýagdaýyňyz?
-Salam. Bar ýoluň bilen bol han ogul, şu wagt seňki artykmaç.
-Aý dogan, men size kömek etmek maksady bilen sägindim. Näme problemaňyz bar bolsa aýdyň, elimden gelen kömegi edeýin?!
-Kömek edesiň gelýäni çyn bolsa, maňa garpyz getirip berjekmi?
-Elbetde. Geregiňiz garpyz bolsun aýaldogan.
Bir haýukdan soň oglan garpyz alyp geldi. Ol gelýänçä bolsa Anoraň garpyz islegi geçipdi.
Anora sag bolsun aýdyp, garpyzyň puluny berjek bolsa oglan alman hoşlaşyp ýoluna rowana boldy. Anora oglanyň yzyndan “Bää gowy adamlaryň bary ölmändirow entek” diýip ýylgyrdy.

Bir gün Anora jorasy Eneş bilen özara gürrüň edip otyrlardy.
Anora:
-Eneş men örän kän aglaýan, garmonlar sebäplimikä gyz. Çaga zyýany barmy, bilýäňmi?!
Eneş:
-Göwrelilik, sag beýnisini ulanýan zenanlary has işjeň we duýgy taýdan has çuňlaşdyrýan döwürdir. Ähli köne ýazgylary, birleşmeleri, ýatlamalary yzyna getirýän wagt çyzgysy. Enelik, aýallyk, çaga bolmak, jyns gatnaşyklary, duýgular, gorkular, geň galmak, bedeniň üýtgemegi, geljegi, pursaty, öndürijiligi, üstünligi, başarnyklylygy, kararlary, batyrlygy, ýok diýmegi başarmak, gürlemek, sorag etmek, ýan ýoldaş bolmak, yşk we söýgi, ynam we şunuň ýaly köp düşünje başdan geçirilende sorag edilýär. Bu düşünjeler göwreli zenanyň ýaşyna görä tapawutly bolsa-da, mowzuk hemişe bir ýere gelýär. "Güýçli boluň, çagaňyzyň täsirlenmegine ýol bermäň." diýýärler. A men bolsa, “Aglamak güýç, batyrlyk” diýýärin. Göz ýaşlaryňy içiňe taşlama Anora. Asyl içimizde birigen gözýaşlar bize iň kän zyýan berýänlerdir.
Çaga daşardan görnüşiň ýaly däl-de, içiňdäki duýgulary duýýar. Ene bilen çaganyň arasyndaky ýakynlyk şu ýerden başlaýar.
Aglasyň gelen wagty goý içiň boşaýança, sümmükleriň akýança agla-diýip ýylgyrdy.
Anora bolsa çalaja ajy ýylgyryp ýüzüni ýere salyp oturdy. Eneşe jorasynyň ýagdaýy tanyşdy. Ol Anora soragly nazaryny dikip:
-Anora sende gynanç, gaýgy, ýüregiň bulanmagy, pessimistlik, gahar-alada, özüňi günäkerlemek, ejizlik, umytsyzlyk, güýçsizlik, ýadawlyk, özüňe ynamsyzlyk, ýalňyzlyk, bir boşluk ýaly alamatlar görünýärmi?
Anora:
-Hawa görülýär. A gyz mendäki bu duýgulary nireden nädip bilýäň gyz?
Eneş:
-Joragül sen meň psihologdygymy unutdyň öýdýän hä?!
Anora:
-Wah jopbajoram men soňky wagtlar özümi unutmasam kaýyl. Mendäki bu duýgular nämäň alamaty bolýar?
Eneş:
-Sen şu wagt depressiýada.
Anora:
-Hä nirede diýýäň, ol nirede ýerleşýär, näme gyz ol?
Eneş:
-Depressiýa umumy we çynlakaý, ýöne bejerip boljak lukmançylyk keseli bolup, duýgymyza, pikirimize we hereketimize ýaramaz täsir edýär. Depressiýa hemişe gynanç ýagdaýyna we ýakymly ýagdaýlarda lezzet almazlyga sebäp bolýar.
Göwrelilik depressiýasy enäniň we çaganyň saglygyna täsir edýän umumy psihiatrik bozulmadyr. Göwrelilik döwründe depressiýa we depressiw alamatlar 12-36% arasynda üýtgeýär. Genetiki, psihologiki, biologiki, daşky gurşaw we gormonal faktorlar göwrelilik depressiýasynyň esasy faktorlarydyr.
Anora:
-Ýeri bu keseliň çagama we maňa nähili täsiri bar?
Eneş:
-Göwrelilik döwründäki depressiýa gysgaça aýdylanda, göwreliligiň gipertenzial keselleri (preeklampsiýa-eklampsiýa), öz-özünden abort, antenatal gan akma, ýatgy arteriýasynyň garşylygy ýokarlanmagy, pes apgar bal, täze döreýän intensiw bejergini talap edýän çaga dogurmak, düwünçegiň ulalmagy, düwünçegiň ölümi, pes agramly çaga dogurmaga sebäp bolýar.
Anora:
-Heýwiii gysgaça şular bolsa, sen gysgaltman aýtsaň nämeler aýdardyň?! Men bu gidişde çagamy ýitirmekden gorkýan. Haýyş edýän joram maňa kömek et.
Eneş:
-Göwrelilik döwründe ýüze çykarylan depressiýany bejermegiň usullary psihoterapiýa, derman bejergisi we beýleki farmakologiki däl (farmakologiki däl) goşundylardyr. Ýumşak depressiýada ilkinji saýlama hökmünde psihoterapiýa we farmakologiki däl bejergiler maslahat berilse-de, orta we agyr depressiýada farmakologiki bejergileri (antidepressantlar) ulanmak möhümdir.
Häzirki wagtda göwrelilik depressiýasynda iň köp ulanylýan derman serişdeleri saýlama serotoniniň gaýtadan kabul ediş ingibitorlary (SSRI), serotonin we norepinefrin gaýtadan kabul ediş ingibitorlary (SNRI) we trisiklik antidepressantlardyr…
Eneş jorasyna depressiýa we onuň bejeriş usullary barada aýdyp gowy düşündirdi. Şeýlelik bilen Anora ýagdaýyna görä jorasynyň maslahaty we ýardamy bilen psihoterapiýa başlady.

Käbir ajylaryň käbir sözlemlere sygmaýşy ýaly, iň gowy zatlaryň hem hiç sözlem bilen taryp etmek mümkin däl. Anora indi şeýle bir çäresizdi welin, “Arslan kim bilen nirede ýaşaýandygy möhüm däl, kalbymda ýaşasa bolýar” diýýärdi. Çäresizdi…
Ýok, aslynda ýüreginde çagajygynyň söýgüsini saklaýan hiç kim çäresiz däldir.
Bir tarapdan bolsa, oňa göwresindäki çagajyk umyt bolup, onda üýtgeşik güýç döredýärdi. Şeýle hem göwreli aýal näçe sagdyn, fiziki we psihiki taýdan güýçli boldugyça, şonça-da onuň sagdyn çaga dünýa indirmek töwekgelçiligi ýokarlanýar.

Bir gije ýagyş ýagýardy. Penjirä güýçli damýan damjalar, göýä Anoranyň janyna damýan ýalydy…

Dowamy bar.


(C) @Khanture BS & @Nirvana
2022



9 лайков 596 просмотров
79комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
senagul
08 июл 2022, 20:10
Anorany kyn gùnùnde tašlap gidipdir☺
Ahmet
08 июл 2022, 20:20
Äp Berekella! Başy oňat başlady, ýarsyndan soňy lukmanyň maslahaty boldy durdy:)
Gaty gowy, dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýas. Haçan goýjak?
Ahmet
08 июл 2022, 20:22
Köp eglemänjik goýsana, bilesigelijilik öldürip barýar:) Şu gün goýarsyňyzmy:)
Izma
08 июл 2022, 20:25
Jorasy öz öýünde-de kitap dilinde gürleýändir
Ahmet
08 июл 2022, 20:26
iKONic
Jorasy öz öýünde-de kitap dilinde gürleýändir

hihi
#динара.
08 июл 2022, 20:41
Hemme bolum goyulanson okap bashlajak;)))
Telwas
Автор 08 июл 2022, 21:22
Senagul
Anorany kyn gùnùnde tašlap gidipdir☺


Älemi halas etjek bolup, gelni bilen göwresindäki çagany ýeke goýup gidýär…
Ahmet
08 июл 2022, 21:23
Nirvana
Senagul
Anorany kyn gùnùnde tašlap gidipdir☺


Älemi halas etjek bolup, gelni bilen göwresindäki çagany ýeke goýup gidýär…

Halas edýärmi onsaň?
Telwas
Автор 08 июл 2022, 21:23
Ahmedik_97
Äp Berekella! Başy oňat başlady, ýarsyndan soňy lukmanyň maslahaty boldy durdy:)
Gaty gowy, dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýas. Haçan goýjak?


Haçan ýazylyp bolsa. Öwrenip goýuň. Belki peýdasy deger şol maslahatlaryň.

Bu gün bolmaz :)

Telwas
Автор 08 июл 2022, 21:25
iKONic
Jorasy öz öýünde-de kitap dilinde gürleýändir


Bu hekaýaň özi ylmy bolansoň, ondan artyk ýönekeýleşdirip bilmedik.
Ahmet
08 июл 2022, 21:25
Nirvana
Ahmedik_97
Äp Berekella! Başy oňat başlady, ýarsyndan soňy lukmanyň maslahaty boldy durdy:)
Gaty gowy, dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýas. Haçan goýjak?


Haçan ýazylyp bolsa. Öwrenip goýuň. Belki peýdasy deger şol maslahatlaryň.

Bu gün bolmaz :)

Öwrendim, begendimem dogrusy, geljekde haýry deger enşalla. Öýlenmedik, durmuşa çykmadyklara uly kömek bolar diýip çaklaýan şol maslahatlaryň. Sps jora:)
Telwas
Автор 08 июл 2022, 21:25
Ahmedik_97
Nirvana
Senagul
Anorany kyn gùnùnde tašlap gidipdir☺


Älemi halas etjek bolup, gelni bilen göwresindäki çagany ýeke goýup gidýär…

Halas edýärmi onsaň?


Khanture’ň fantaziýasyna bagly :)
Ahmet
08 июл 2022, 21:26
Nirvana
Ahmedik_97
Äp Berekella! Başy oňat başlady, ýarsyndan soňy lukmanyň maslahaty boldy durdy:)
Gaty gowy, dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýas. Haçan goýjak?


Haçan ýazylyp bolsa. Öwrenip goýuň. Belki peýdasy deger şol maslahatlaryň.

Bu gün bolmaz :)

Haçan borka:) okasym gelip ölüp barýanda:) ertir agşam bolarmy?
Ahmet
08 июл 2022, 21:27
Nirvana
Ahmedik_97
Nirvana
Senagul
Anorany kyn gùnùnde tašlap gidipdir☺


Älemi halas etjek bolup, gelni bilen göwresindäki çagany ýeke goýup gidýär…

Halas edýärmi onsaň?


Khanture’ň fantaziýasyna bagly :)

O zatlar saňa aýan dämi şahallaz:)
Telwas
Автор 08 июл 2022, 21:30
Ahmedik_97
Nirvana
Ahmedik_97
Äp Berekella! Başy oňat başlady, ýarsyndan soňy lukmanyň maslahaty boldy durdy:)
Gaty gowy, dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýas. Haçan goýjak?


Haçan ýazylyp bolsa. Öwrenip goýuň. Belki peýdasy deger şol maslahatlaryň.

Bu gün bolmaz :)

Haçan borka:) okasym gelip ölüp barýanda:) ertir agşam bolarmy?


Hekaýa ýazmak oýlanma ýazmak ýaly aňsat däl eken. Aýratynam ylmy hekaýa ýazmak. Maglumatlary deňeşdirip-deňeşdirip, gözleşdirip, öwrenip ýazmaly bolýar. Men ýaly fantaziýasy gowşaklar üçinä has kyn :)
Telwas
Автор 08 июл 2022, 21:30
Ahmedik_97
Nirvana
Ahmedik_97
Nirvana
Senagul
Anorany kyn gùnùnde tašlap gidipdir☺


Älemi halas etjek bolup, gelni bilen göwresindäki çagany ýeke goýup gidýär…

Halas edýärmi onsaň?


Khanture’ň fantaziýasyna bagly :)

O zatlar saňa aýan dämi şahallaz:)


Aýanam bolsa aýtjakgä :)
Ahmet
08 июл 2022, 21:31
Nirvana
Ahmedik_97
Nirvana
Ahmedik_97
Äp Berekella! Başy oňat başlady, ýarsyndan soňy lukmanyň maslahaty boldy durdy:)
Gaty gowy, dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýas. Haçan goýjak?


Haçan ýazylyp bolsa. Öwrenip goýuň. Belki peýdasy deger şol maslahatlaryň.

Bu gün bolmaz :)

Haçan borka:) okasym gelip ölüp barýanda:) ertir agşam bolarmy?


Hekaýa ýazmak oýlanma ýazmak ýaly aňsat däl eken. Aýratynam ylmy hekaýa ýazmak. Maglumatlary deňeşdirip-deňeşdirip, gözleşdirip, öwrenip ýazmaly bolýar. Men ýaly fantaziýasy gowşaklar üçinä has kyn :)

Goýsaňyzlaň, siziň fantaziýaňyz gowşak bolsa meňkä ýokduram onda;)
Ahmet
08 июл 2022, 21:34
Nirvana
Ahmedik_97
Nirvana
Ahmedik_97
Nirvana
Senagul
Anorany kyn gùnùnde tašlap gidipdir☺


Älemi halas etjek bolup, gelni bilen göwresindäki çagany ýeke goýup gidýär…

Halas edýärmi onsaň?


Khanture’ň fantaziýasyna bagly :)

O zatlar saňa aýan dämi şahallaz:)


Aýanam bolsa aýtjakgä :)

*Aýdanam :)
Esma
08 июл 2022, 21:46
Berekella! Örän gowy.

A men bolsa, “Aglamak güýç, batyrlyk” diýýärin. Göz ýaşlaryňy içiňe taşlama Anora. Asyl içimizde birigen gözýaşlar bize iň kän zyýan berýänlerdir.

Şu maslahatyňyzy hasam haladym. Tüweleme! Dowamyna garaşýan.
#B.S
08 июл 2022, 22:06
Esma,
Ahmedik_97,
Miss_minnosh,
Senagul,
Sag boluň!!!
Гость
08 июл 2022, 22:10
Gyzykly?
#B.S
08 июл 2022, 22:11
Гость,
shlyapa
mekan
08 июл 2022, 22:19
Khanture
Гость,
shlyapa

Sen yazyanmy ya Nirvana?
mekan
08 июл 2022, 22:21
Gawja eken brawo
#B.S
08 июл 2022, 22:21
Made in China PRC
Khanture
Гость,
shlyapa

Sen yazyanmy ya Nirvana?

Ikimizem ;)
Pegas
08 июл 2022, 22:30
Balkona çykyp aglap başlady. Şol wagt aşakdan domlarynyň öňünden öz ýaşlarynda bir görmegeý ýigit geçip barýardy. Anoraň sesini eşdip sägindi. Anoralar 3-nji etažda ýaşaýarlardy. Oglan Anora garap:
-Salam. Size näme bolýar, gowumy ýagdaýyňyz?
-Salam. Bar ýoluň bilen bol han ogul, şu wagt seňki artykmaç.

Geçip barýan oglanyň görmegeýliginiň ýanjalmagy, özem ýeke başyna ýaşaýan ýaş gelin bilen bagly ýanjalmagy birhili bolupdyr...
Eneş:
-Sen şu wagt depressiýada.
Anora:
-Hä nirede diýýäň, ol nirede ýerleşýär, näme gyz ol?

Astronomiýa gowy düşünýän, ýoldaşy ýokary bilimli bolan gelniň "depressiýa" diýen zada düşünmezligi gelni sam.syk görkezýär.
Telwas
Автор 08 июл 2022, 22:35
Esma
Berekella! Örän gowy.

A men bolsa, “Aglamak güýç, batyrlyk” diýýärin. Göz ýaşlaryňy içiňe taşlama Anora. Asyl içimizde birigen gözýaşlar bize iň kän zyýan berýänlerdir.

Şu maslahatyňyzy hasam haladym. Tüweleme! Dowamyna garaşýan.


Sag bol uýam!
Telwas
Автор 08 июл 2022, 22:38
Pegas
Balkona çykyp aglap başlady. Şol wagt aşakdan domlarynyň öňünden öz ýaşlarynda bir görmegeý ýigit geçip barýardy. Anoraň sesini eşdip sägindi. Anoralar 3-nji etažda ýaşaýarlardy. Oglan Anora garap:
-Salam. Size näme bolýar, gowumy ýagdaýyňyz?
-Salam. Bar ýoluň bilen bol han ogul, şu wagt seňki artykmaç.

Geçip barýan oglanyň görmegeýliginiň ýanjalmagy, özem ýeke başyna ýaşaýan ýaş gelin bilen bagly ýanjalmagy birhili bolupdyr...
Eneş:
-Sen şu wagt depressiýada.
Anora:
-Hä nirede diýýäň, ol nirede ýerleşýär, näme gyz ol?

Astronomiýa gowy düşünýän, ýoldaşy ýokary bilimli bolan gelniň "depressiýa" diýen zada düşünmezligi gelni sam.syk görkezýär.


Şol ýeri barada edil siz ýaly pikirlendim. Emma ol ýigit görmegeý bolansoň, dile getirmän bolmady. :)

Anora şeýleräk gyz. Ejesindenem bellidir-le, Novosibirsk şäherine nowyýsirk diýip dura.

Okaýanyňyzy belli edip, ýazan bellikleriňiz üçin minnetdar! Indikide gaýtalamarys.
Telwas
Автор 08 июл 2022, 22:39
Ähliňize minnetdar!
Pegas
08 июл 2022, 22:41
Hemem eseriň ylmy-fantastiki žanrda bolmagy ondaky gepleşikler hem ylmy dilde ýazylmaly diýmek däl. Wakalar ylmy bolmaly, ýöne, ýokarda hem bir agzaň aýdyşy ýaly, has ylmy söhbetler eseri guraklaşdyrýar, ýasamalaşdyrýar.