“Durmuş Şekspirden has ejiz eken, Senden Romeony ýasap bilmedi…“
Asman bilen zemin çarpdy çapagy,
Gözleriň perdesi syryldy birýan.
Hatlar iň ajaýyp heňe başlady,
Mukaddes söýginiň dilinde saýrap.
Soň syrly bakyşlar ornady süňňe
Aňyrsyndan bir enaýy suratlaň.
Mynasyp görüldi birek-birege
Akyl, aň-düşünje, sypat-syratlar.
Bir ömre baglanan arzuw-umytlar,
Düşünmedim, nädip bizden tazykdy.
"-ym"-da bitewlenen atlarymyzyň
Gyýylan nikasy "-yň"-a ýazykdy.
Garaz, biziň guran teatrmyzyň
Nikaplarnyň hiç haýsysy gülmedi.
Durmuş Şekspirden has ejiz eken,
Senden Romeony ýasap bilmedi.
Laçyn Öwezowa.
Massimus, şol 2 setiriň awtory Laçyn.
Plany, senem aýyplaşma bu goşgulary köpe çykaranym üçin.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.