Üstünlige ýetmek üçin...
Gyzyklanmalaryňyzyň yzyndan galmaň! Islendik ynsanyň aýratyn zehini, ukyby ýokdyr. Durmuşda üstünlige ýeten adamlar, baý ynsanlar, alymlar elde etmek islän zatlaryna gyzyklanmalarynyň aşa güýçliligidir. Mysal getirsek, jaýlarymyzyň ýagtylmagyna sebäp bolan Tomas Alba Edisonyň 1,5 sagatlap ýanjak lampa üçin 15 ýyl ömrüni sarp edýär. Diýmek şol lampany ýakmak we onuň näçe wagt yşyk berjegi Edisony has hem gyzyklandyrýar, netijede bolsa lampany aýdyňlatmany başarýar.
Sizi gyzyklandyrýan zat näme? Onuň haýsy aýratynlygy sizi has hem haýran galdyrýar? Elbetde oturyp pikirlenmegiňiz mümkin “Bill Geýts nädip üstünlige eýe boldy? Albert Eýnşteýn haýsy aýratynlygy bilen görnükli alym boldy?” diýip. Käbir adamlaryň üstünlik gazanyp, käbirleriniň gazanyp bilmeýänliginiň sebäbi hemmämizi hem gyzyklandyrýar. Ýokarda agzap geçen beýik şahsyýetler hem ýyllar boýy maksada ýetmegiň, başarjaň bolmagyň üstünde işlediler. Siz hem gyzyklanmalaryňyzyň yzyndan galmasaňyz ýetip bilersiňiz.
Sabyrsyzlygyň soňy ýokdur! Has akylly adam bolmak üçin däl, kynçylyklara garşy göreşi orta ýolda taşlap gitmezligi baş maksat edin!
Siziň sabryňyz goýan maksadyňyzy ahyryna çenli dowam etdirmäge ýetermi? Edisonyň tä 1.5 sagat ýanjak lampany ýakmak üçin 15 ýylyny sarp edip, sabyr edişi ýaly siz hem başlan işiňizi ahyryna çenli dowam ediň!
Şu wagtky pursadyňa üns ber! Birbada iki işi etjek bolýan adam şolaryň haýsy hem bolsa birine az üns berýändir.
Iki elde birbada nahar iýip bolanok. Nämedir bir zatlary başaryp bilersiňiz, emma käbir zatlary başarmak asla mümkin däl. Häzirki wagta üns ber! Ähli ünsüňi şu wagtky edýän işiňi tamamlamana jemle! Ymykly tamamlaman başga işe geçme.
Pikir we hyýal güýji- başlangyjyň özeni bilim dünýäsiniň açary! Adam ilki etjek işi barada gowy hyýallary edýär. Islendik şahsyýetiň ösmegi üçin ilki hyýallary, düşünjeleri baý bolmaly. Garyp kaka, Baý kaka eseriniň awtory Robert Kiýosaki “Adamlar üstünliklere ýetip bilmeýändikleriniň sebäbi olaryň dünýägaraýşy garyp, şol iş barada hyýaly güýçlerini ulanmany başaranoklar. Ilki dünýägaraýşyňy we hyýallaryňy baýlaşdyrmaly soňra durmuşda hem şol üstünliklere ýetip bolýa” diýen sözlerini mysal getirsek bolýa.
Ideýa we hyýaly güýç size garaşýan şowlulyklaryň ilkinji ädimi.
Ýalňyşmakdan gorkmaň, özüňizi synap görüň! Ýalňyşyp görmedik adamda hijem täzelikçi hem bolmaýar. Ýalňyşmakdan gorkmaň we şowsuzlyga hem duçar bolaryn diýip alada etmäň. Özüňizi synaň bolsa ýeňersiňiz bolmasa öwrenersiňiz!
Ýalňyşlyklara kämilleşmegiň serişdesi hökmünde garaň. Ýalňyşdyňyzmy, diýmek şol ýalňyş sizi has hem güýçli eder. Ýalňyşyňyzy dogurlamak ugrunda siz köp täzeçiliklere duşarsyňyz. Kämillik müňlerçe ýalňyşyň aňyrsynda ýatandyr.
Şu gün bilen ýaşaň! Geljek barada hiç hili pikir etmäň. Siziň üstünlige ýetmek ugrunda gezýärkäňiz artykmaç pikirler siziň ünsüňizi böler we tukat ýagdaýa salar. Başa näme gelse, görübermeli.
Geljegi berkarar etmegiň iň gowy ýoly häzirki wagtdan peýdalanmakdyr. Sebäbi edil häzir sizde geljegi üýtgedip biljek mümkinçiligi ýok. Iň esasy zat şu wagtky işiňizi tamamlamana çalyşyň!
Özgeleri sylamagy başar, özgelere-de özüňizi sylatmagy başar! Başarjaň, abraýly we baý bolmana däl, hormatly bolmaga we jemgyýetiň ynamyny gazanmana ýykgyn ediň!
Wagtyňyzy boş sarp etmän, adamlaryň arasynda mertebeli bolmana çalyşyň. Siz hem bu dünýäde gidende halkyň arasynda adyňyzyň ýaşamagy üçin yz galdyryň. Mertebe gazanyp bilseňiz, jemgyýetiň ynamyna girip bilseň üstünligiň gitjek ýeri bolmaz we şol jemgyýet seniň arkaňda dag dek durar, saňa goldaw bolar.
Hiç kimden hiç zada garaşmaň! Eýnşteýniň hem üstünlige ýetmeginiň esasy sebäpleriniň biri hiç kimden hiç zada garaşmandygy. Her gün şol gündeki durmuşda ýaşap dürli netijelere garaşmaň! Gowy netijelere garaşmak isleseňiz ilki bilen özüňiz tutuşlygyna üýtgäň!
Düzgünlere amal etseň has kämil bolarsyň! Iň gowy işgär, oýunçy bolmak isleseňiz şol işiň we oýunyň düzgünini bilmäne çalyşyň. Şol düzgünler boýunça işlemäne we oýnamana synaş. Ine şeýle ýagdaýda iň gowy işgär we oýunçy bolmak başardar. Siziň bar ýeriňizde iki amal bar, ýaşaýan, işleýän oýnaýan ýeriňizde düzgünler bar. Birinjisi şol düzgünlere amal etmek we boýun bolmak, ikinjisi bolsa şol düzgünleri hemmeden gowy berjaý etmek. Iki amaly başarsaňyz üstünlik siziň ýoldaşyňyz bolar.
Oka, öwren, döret! Ilki oka, bilim düşünjäňi has hem baýlaşdyr. Dürli ugurlary beýniňe sal. Wagtynda dynç al. Hyýalyňda okan zatlaryňy baýlaşdyr. Şol maglumatlar bilen bolsa tejribede öwren. Ýalňyş boýun bolma, ýene-de dowam et. Diýmek siziň ýalňyşyňyz sizi kämillige iterýär. Öwrenen zatlaryňyz bilen bolsa durmuş ýüzünde täzelik döretmäne çalyşyň.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.