Nädip biznesi başlamaly? Başlamak üçin nämeler gerek?
Häzirki döwürde, bütin dünýä boýunça biznes we «start-up» diýen başlangyç derejedäki biznesler gün-günden güýçli depginde ösýär.
Dünýä boýunça iň köp «start-up» biznesleri 2019-njy ýylda ABŞ-da köp açylyp, olaryň 40% göterimi bir ýylyň içinde üstünlik gazanmagy başardy. Galan 60% göterimi bolsa, bir ýylda üstünlige garaşyp bilmedi ýa-da likwidasiýa sezewar boldy.
Bu gorkunç sana garamazdan, Türkmenistan ýaly täze ösüp barýan döwletlerde täze açylýan biznesleriň üstünlikli bolmazlygyň ähtimallygy azdyr. Şonuň üçin başlangyç kapitalyň azlygyna garamazdan, islendik biznesiň başyny başlap bolýar.
Biznesi başlamak üçin nämeden başlamaly? — diýip sorag ýüze çykýan bolsa, onda şu aşakdaky maslahatlar size peýdaly bolar, diýip umyt edýärin,we bularyň hersi barada aýratyn durup geçeris:
• Ideýa
• Höwes
• Bazary öwrenmek
• Degişli kanunlar bilen tanyşmak
— IDEÝA
Ideýa, bu geljekki başlanjak her bir işiň birinji ädimidir. Dogry we anyk ideýa bolmadyk ýagdaýynda, niýetlenýän telekeçilik işi hem-de islendik başga bir işiň peýda getirmezligi anyk we ähtimaldyr. Şu fakty nazara alyp, biz edinjek ähli işimizde, özümize anyk we durnukly ideýa edinmeli.
Mysal uçin: Şu güne çenli belli «APPLE INC» ýagny, iPhone, iPad, MAC seriýaly noutbuklary we başga-da birnäçe biz tarapyndan halanýan innowasiýon harytlary hödürleýär, we bu kompanýanyň hem başy Stiw Jobs -yň öz dostunyň kompýuter ýasamak ukybyny köpçülige hödürlemek maksady bilen başlaýar. Ilki bilen biz ideýamyzyň nähilidigine garamazdan bir bloknoda belläp, ýatdan çykmazlygy üçin günüň soňunda olary kämilleşdirmegiň üstünde işlemeli.
— Höwes
Ýokarda biz ideýa barada belläp geçdik, bu bölüme çenli okaýan bolsaň, onda sende öz biznesiňi başlamakda höwes bar bolmaly :). Ýöne, höwes diýende ideýany durmuşa geçirmelde iş alyp barmakda ýeterli motiwasiýa, energiýa bolmaly.
Höwes we Ideýa biri-biri bilen bagly bolup, olary biri birine ýygy ýygydan ýatlatmagy unutmaly däldiris! Galyberse-de, ideýaňyz höwesli bolaýjak ýagny, özüňiziň halaýan zadyňyzy etmegi çalşyň. Bu ýagdaýda ideýamyz we höwesimiz öz halaýan zatlarymyzy edip, durmuşymyza gözellik goşar we biznesimize üstünlik berer.
— Bazary öwrenmek
Üçünji wajyp we bilmeli zadymyz, biznes işimi başlamazdan öňürti biz ýola goýjak işimiziň bazaryny öwrenmeli, — bu diýmek näme? Nähili bazary? Teke, Orus, Dünýä bazarymy? — diýip soraglar ýüze çykyp biler.
Bazar diýmek bilen, biziň öňden agzap geçen ideýamyza meňzeş bolan bäsdeşlerimizi, ýagny, eýýäm bar bolan biznesler barada, eger-de täze ideýa bolsa, onda potensial müşderilerimizi we bazaryň göwrümini bilmek üçin barlap öwrenmeli.
Ýagny, bu bize bazary çuňdan öwrenmegi we iş alyp barmaga niýetlenýän ugrumyzdan çuňňur düşünjeleri berer.
— Degişli kanunlar bilen tanyşmak
Iň bir möhüm we biznes işimiziň bütin ömrüniň dowamynda gerekli boljak düzgünnamalar we kanunlar bilen tanyşyp, özümiziň borçlarymyzy we hukuklarymyzy bilmek gerekdir!

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.