35 ýaşynda we durmuşa çykmadyk. L-iň wakasy.
Men käwagt özümi ýalňyz duýýaryn. Şeýle pursatlar hasam men agşamlaryna ýeke galan wagtym duýulýar. Meniň joralarymyň maşgalalary we çagalary bar, meniň pikirimçe maňada çagaly bolmak wagty geldi, şonda men bagtly bolaryn. Ýöne soň, meniň çagaly tanyşlarymyň aglabasy eýýäm aýrylyşan, käbirleri özbaşdak pul gazanyp bilmeýärler, käbirleri bolsa otuz ýaşdan soň eýýäm iki ýa üç çagasy bar bolan durmuşa çykmadyk we öýlenmedik adamlar bilen sosializirleşmäge başlaýar diýip pikir edýärin. Soň bolsa men hemme zady dogry edendigime düşünýärin.
Men 20 ýaşymdakam maňa durmuşa çykmak barada birnäçe teklipleri hödürlendi. Ýöne men okamak isledim we daşary ýurda gitdim. Men Günorta-Gündogar Aziýada okadym, olaryň medeniýetinde bolsa maşgala gaty giç gurulýar, şonuň üçin menem hiç hili basyş duýmadym. Öýe gaýdyp baranymda, men eýýäm 30 ýaşymdadym, gyzykly işim, köne we täze dostlarym bardy, gezelenje gitmäge we täze güýmenjeler bilen meşgullanmaga wagtym köpdi. Şeýdip, durmuşdan täzeden lezzet alyp başladym. Şeýle hem bolsa, pul gazanmagyň we syýahat etmegiň gowydygyna düşünsemem, maşgala gurmak hakynda pikir edýärdim.
Näme üçindir men 20 ýaşymda durmuşa çykmadygyma ökünmeýärin. Irki ýaşda aýrylyşmak gaty ýygy duş gelýär. Köp gyzlar emosional joşgunda, ýagny diňe duşuşygy, sowgatlary we romantikany gören wagtlarynda durmuşa çykýarlar. Siz durmuşa çykýanyňyza akyl ýetirmeýärsiňiz. Siz kebelekleri duýýarsyňyz we kararyňyzyň agyrlygyna düşünmeýärsiňiz. Nähili çeýnelen ýaly eşidilsede, 20 ýaşynda köpler gündelik durmuşyň hakykatlaryna doly göz ýetirmeýärler. Maliýe kynçylyklary, düşünişmezlikler, ýoldaşyňyzyň halamaýan ugrunda ösmek islegi aýrylyşmaga sebäp bolup bolýar. 35 ýaşymda men kimdigimi we kim bolmak isleýändigimi eýýäm bilýärin, pul gazanyp bilýärin we halaýan adamlarym bilen duşuşyp bilýärin.
Käbir adamlar 30 ýaşdan soň durmuşa çykmak mümkin däl, erkekler ýaşlary has gowy görýärler diýip pikir edýärler. Öz tejribämden erkekleriň owadan, terbiýeli we akylly zenanlary has gowy görýändigini aýdyp bilerin. Rahatlyk döredip, durmuşyna baýramçylyk getirip bilýän aýallary. Elbetde, siz 20, 30 we 40 ýaşda-da ähli garaşylýan zatlary kanagatlandyryp bilersiňiz. Ýöne erkek üçin ideal bolmaga, we özüňizi ýatdan çykarmaga howlukmaň. Özbaşdak bolmaklykda hiç hili ýamanlyk ýok. Saýlan adamyňyza haýsy talaplary öňe sürýändigiňizi pikirlenip görüň, ol bu zatlary başararmy?
25 ýaşyndaky gyz 35 ýaşyndaky ýaly özüne çekijidir. Tersine, 20 ýa-da 35 ýaşda-da gödek we gyzyklandyrmaýan garry aýal ýaly görünip we hereket edip bolar. Siziň içiňizde jyns duýgurlygy, gözellik we özüne çekijilik bolmalydyr. Siziň adamyňyz sizi hemişe tapar.

21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.