.......

Bir gün kakam menden: “Näme üçin öýleneňok?” diýip sorady.
Menem oňa şeýle jogap berdim: “Men entek ymykly özümi tutaýyn. Bir gowy öýüm bolsun, gowja girdejim we beýleki zatlarym bolsun, ana şonda öýlenerin”. (Bulary aýdamda-da özüme göwnüýetijilik hem biraz ulumsylyk bilen aýdypdym.)
Olam maňa şeýle jogap berdi: “ diýsänim.. Şu wagt, entek hiç zadyň ýokka öýlen! Galan zady bilelikde gazanarsyňyz. Gaýtam onuň hut “saňa” durmuşa çykandygyndan hem arkaýyn bolarsyň.
Eger-de sen öz meýilleşdirişiň ýaly öýlenseň, onda özüňe şeýle sorag berip bilersiň: “Ýagdaýyň şeýle gowyka, kim saňa durmuşa çykasy gelmez?! Herkimem islär! Onda-da pikirlenmän saňa durmuşa çykmak islärler! Haçan-da seniň bar puluň we beýleki zatlaryň gutaranda, onda sen şol gyzyňam seni taşlap gitmejekdigine arkaýyn bolup bilersiňmi?
Olaryň gözelligi üçin öz puluňy hödürleme, gözellik öçer gider, pul hem gelip-gidip duran zat. Emma birek-birege bolan söýgi galýandyr, ýöne aýap saklamak gerek...”
Ine bu aýdylanlardan soň, men täzeden oýlanmaly boldum...
8 лайков 226 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusup
20 май 2023, 07:24
Oyun ishin mashynyn bolsa 5 welayat paytagt Ashgabatdan haysy gapyny kaksan yok diymez sana. Gyz yok diyayendede ejeleri gyzlaryny yrarlar. Seni yoklugyn bn kabul etjek gyzy sayla seni barly etjek bolsun. Barly wagtyn seni yokly eder barly wagtyn oylensen. Kirpik goydurar gash goydurar ozune sereder oyu ozi uborka etman ile etdirer garaz puly yele sowurar
ffgggggffddd
20 май 2023, 10:18
Anil Kapur aga oran jaydar bellap gecipdir
murat yousef
21 май 2023, 10:06
Şu ýazgyny Bard' a ýazyp manysy nähili disem, ogluna akyl beren kakasy akyldar eken, diýip syn berýe
Sapar aga
22 май 2023, 21:55
Esasy zat oylenmankan hemme zady yerbe yer edip oylenende suyrenmezlik. Esasy zadyn soygi dalde eklenmekdigni unudayypdyr awtorjanyn kakasy