BU BOŞLUK NÄMEKÄ?
Fizika ters gelyänini bilyän yöne belkem bu ulanjak terminim ruhlar älemine ters hem däldir. Göräýmäne diňe gan gysymlap oturan ýüregimde agyr, goýy bir boşluk duýýan. Nämçün, nädip, haçan ýaly soraglara jogap berip bilmesemem ýüregimi birahat edip duranyny anyk bilyarin. Hatda kähalatlar kükregimem doldurup duran ýaly. Her bir yza birzatlara bolan mätäçlikden döreýär diýýärler. Açlyk iýmite, suwsuzlyk suwa. Bu boşluk nämekä? Beýle bela nämä mätäçkäm? Gitdikçe agyrlaşyp barýan bu boşlugy nädip azaltsa bolarka? Ýürekde rak gaty seýrek bolýar diýýärler. Birahatlyga seretseňä şu boşlugam rakdan kem däl ýaly. Käşgä boşlugy hem pyçak bilen kesip aýryp bolýan bolsady. Ýüregiňi kesip boşlugy aýyrjak diýseler gaýratym çatarmykan? Adaty kesellerde kesmek üçin adamy çaşyrýalar welin ruhy kesellerde-de şeýlemikän? Şeýle seretseňä ruhum onsuzam çaşyrylandan gowy däl. Ýa ruhy operasiýa üçin çaşyrmak däl-de oýandyrmak zerurmykan? Käşgä bir ruh hirurgy bolsady, maňa kömek ederdi. Adaty hirurglar ýatyrmak üçin narkoz ulanýan bolsa biz oýandyrmak üçin hakykaty ulanýas diýerdi belkem. Bu yzanyň kime, nämä mätäçlikden döreýänini bir tapyp bilsedim. Maşgalam, dostlarym hemme gerek zatlam bar ýaly. Onda nämäň gözleginde beýle yza çekýärkäm? Men näme gözleýän, kimi gözleýän? Jogabyn tapmasam özüm günäli. Şahyram beý diýýän bolsa gözlemegä adaty zat bolmaly. Ýöne adamlaryň gezip ýörşi dogry zat tapana meňzänok. Özüm tapmanlygym üçin beýlekilere-de tapmadykdyr öýdýän bolmagym ahmal. Ýöne köp kişiniň ýüzünde bu yzanyň agyrlygyny görýän. Yza çekmejek bolup aklyny çüýredip taşlan adamlara ha sözümem ýok. Beýle uly boşluga em boljak gözlegim nämekä? Hakykatmy, adalatmy, soňsuzlykmy, mähirmi, saplykmy ýa hemmesini birlikde berip biljek birimi? Munça zady tapamsoň... -diýipdirinde oýlanmamyň yzyny ýazmandyryn. Ýarym galan pikirimiň nämediginem oturup-oturup hakydama getirip bilmedim. Haýsy çisloda ýazanymam bellemändirin.
Galamkeş.
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.