ONDAN-MUNDAN



Siziň ýurdyňyzda iki zat ösýän däldir: Koffýa hem Demokratiýa. Olary biz daşary ýurtdan getirýäris. Dagy nätjek? Bizde koffýa gögerenok-bolany!.. Bu ýerde oňa ne howa. Ne suw. Ne toprak, garaz hiç zat ýaramly däl. Şonuň üçinem biz oňa elimizi salgadyk. Demokratiýa gezek gelende bolsa welin, başgaça, biz şonyň ösmegi üçin burnymyz bilen ýer sürip, depämiz bilen daş döwmäge razy.

Taryh bolsa: “Ýüz ýyla golaý mundan öň siziň topragyňyza demokratiýanyň tohymy atyldy” diýip seslenýär. Biz şondan bärem, näme edýändir öýdýäňiz?
Gygyrýas: “Biziň demokratiýamyzyň şinesi!.. Biziň ýaş demokratiýamyz!..
Bar güýjümizi edip ösdürmäge dyrjaşýarys, onyň bolsa göwni bir ýaly, şol şineligi. Ah eger-de biz şu derdimizi koffýa öndermäge gönükdüren bolsadyk, onda walla, biziň koffýamyz jeňňel bolyp giderdi.
Başda kelle bilen pikir edilmelidi. Ýok beýle edilmedi. Ur tut demokratiýa ekilip ekip başlanyldy! Ine-de gerek bolsa netijesi! Beýle demokratiýa biziň nämämize gerek diýsene! Onsuz näme erbetmi? Hany sen koffýasyz ýaşajak bolyp görda? Ony hiç zat bilen çalşyp bolanok. Ýekeje pyýala koffýa içme, kelläň özüňki däl ýalydyr. Aýlanyp durandyr. A Demokratiýa? Ol boldam bir bolmadam, onsaň ol demokratiýa biziň nämämize derkar. Şeýlede ol bizde dolyp ýatyr. Mugut zat. Oňa pul tölejek aladaň ýok, şonuň üçinem nirä barsaň demokratiýanyň gürrüňi.
A koffýa başga mesele? Üsti gyrlyşyk-özem puljagazyňy tölemeli.
Ýaramaz ýeri, biz koffýa öwrenipdiris, biz onsyz oňyp bilemizok ahyry. Bize koffýanyň iň uly hünärmenleri hem diýse boljak. Haýsy koffýa ýaramaz, haýsy koffýa gowy, haýsy garyndyly, haýsy garyndysyz islän adamyňdan sora, jogabyňyň nagtdyr.
Bize emeli koffýa sokjak bolýan haýyr-yhsançylaram tapyldy. Ilki arpa suwyny oýlap tapdylar- bolmady, soň nohut şerbetini-olam bolmady, indi noýba içgisinden gandyrjak bolýarlar, a biz olara: “Ýok sagja bolyň “ –diýdik. Hiç bir zatdan başymyz çykmasada, koffýany saýlamagy başarýarys. Ähli zady sokga sorýarys- ýöne emeli koffýany welin kes-kelläm- hiç mahal içemizok!...
Egerde demokratiýadanam koffýadan baş çykaryşymyz ýaly baş çykarýan bolsadyk, onda......


(Eziz Nesin) türk ýazyjysy




Maňa “mugallym” diýip ýüzlenseler akan, akýan, akjak suwlar durýar. Bugünler bärleri minus näçe bolansoň hakykatdanam doňdy şol suwlar. Elbetde käbiri. Temadan daşlaşmalyň, mugallymçylyk şeýle ajaýyp kär. Meselem kakam baý bolan bolsady mugallymçylykdan gaýtmazdym. Kelle agyryly, ýöne hezil. Munuň beýledigini gaýdanyňdan soň has gowy düşünýän ekeniň. 3 aý jogaby nämä degenok?!. Birem özüňi birzatdyryn öýtdürýär. Diňlenýäň, degişýäň, gülüşýäň, seniň bilen degişýärler, bu gezek gülüşeňok, hi-hi-hi. Çalaja-da bolsa birzatlara peýdaň degýändigini görmegiň özi ýeterlik. Okuwçylaryň tarapyndan söýülmek, bu tema girjegem däl. Sagat 9–6 arasy işde bolup, soňam günaşa kursa işlemäge gidýänimi eşiden öňki işdeşim, işlän mekdebimiň ‘hojalyk işleri boýunça orunbasary’ gysgaça zawhozy; “Näme willa zat aljak bolýaňmy? Pul diýibem özüňi köseme bular ýaly.” diýdi. Sözme söz däl, ýöne şuňa meňzeş sözlemdi. Wah men işden soň işe däl, dynç almaga gidýän.
5 лайков 381 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:21
“Suicide”. Türkmençä terjime edenimizde “öz janyňa kast etmek” bolaýýar öýdýän. Bu tema barada aýdara üýtgeşik zat ýokmuka diýýärin. Kanun belli, öz janyňa kast etmek uly günäleriň biri. Netijesi hem göni ot diýip bilýärdim. Käbir ýagdaýlarda olar ýaly bolman hem biler diýen şekilde ýazgylara hem gabat geldim. Ol-a öz janyňa kast etmek eken, ölümiňi islemek hem dogry däl eken. “Haçan öz ölümiňi isläp bilersiň, Allahyň yşky bilen ýanyp tutaşyp, Allaha gowuşmagy arzuwlap isläp bilersiň.” Ol yşk hem bizden gaty daşmyka diýýärin. Bärdäki biz, men we jemşit. Synaglar näçe kyn hem bolsa baş alyp çykjak bolmaly!. Elbetde bu durmuş aňsat däl, käbirlerimiz üçin hasam kyn. Olardan gutulmagyň ýoly hiç haçan öz janyňa kast etmek bolmaly däl!. “Allah söýýän gullaryny has agyr synaglardan geçirer”miş.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:23
“20 ýyl soň näme üýtgeşme bolar dünýä/durmuş/teh/bilim” 20 ýyl soň kän zat üýtgär, ýöne meniň üçin aldym-berdimli üýtgeşme bolmazmyka diýýärin. Hemme adamda şeýlemi bilemok, näçe zat üýtgese-de şol bir öňki-öňkilik ýaly duýýaryn. Bu durmuşyň asyl düýpdäki many-mazmuny üýtgemeýänligi üçin hem bolup biler. Garaz 20 ýyl soň näçe kän zat üýtgese-de hiç zat üýtgemez.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:24
“Türkmen maşgala strukturasy bilen ýewropa (fransiýa, germaniýa, skandinaw ýurtlary) maşgalasynyň arasynda näme meňzeşlik, tapawut, gowy-erbet, dogry-ýalňyş, minus-plýus, öwrenmeliler/däller… barada ýazmagy maslahat berýän. (sorap bu meň ugrum däl diýmäň soň ýöne:))”. Yna bu bolsa meniň öz dilimden bela gazanma şeklim, “Dil bela, diş gala.” nakylym. Bu soralan zatlara netijeli jogap bermek üçin wagt we irginsizlik gerek. Mende bolsa ikisem ýok ýaly, ýany bilen sabyram ýok. Ýazgymy size ýetireýin, okalsyn diýip sabyrsyzlanýaryn. Şonuň üçin, toplan azajyk maglumatyma daýanyp, özüm ýaly ýüzleýje jogap bermäge synanyşjak. Ýewropalylar öz rahatlyklaryna örän üns berýärler. Bilmeýän zadyň barada ýazmagam gaty kynaý, “ýa olar ýaly däl bolsa, ýa ýalňyşýarmykam, umumylaşdyrmasammykam ýa…” şular ýaly birgiden zat pyrlanyp durýar kelläň içinde. (Üýşürilen, üýşürilýän maglumatlar hemişe diýen ýaly köpçülige görä umumylaşdyrylýar.) Bor-la, meniň ýazgym, meniň düşünjelerimdirdä. Näme diýipdik, öz rahatlyklaryna üns berýärler diýipdik. Olaryň öňündäki maksat pul gazanmak däl-de, pul gazanyp rahat ýaşamak. Biziň jemgyýetimizde bolsa gynansak-da bu beýle däl. Biz pul gazanmak üçin ýaşaýarys. Iň uly ýitgimiz hem şu bolup biler.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:25
Hawa, ykdysady şertler, ýenegörler tapawutly, ýöne aňymyzyň düýbünde kiçijegem bolsa şol düşünje bar. Ol düşünjäni üýtgetmegi başaranlarymyz ýok däl, üýtgedip bilmediklerimiz nirede bolsa-da entegem pul gazanmak üçin ýaşap ýörendirler. “Hamana özüň şol düşünjäni ýeňen ýaly.” Ana jemşidem gürledi. Kän ýüz bermäň, arasynda şeýdip hüňürdäp ýör. Garaz olar ýaşamak üçin pul gazanýar, biz bolsa pul gazanmak üçin ýaşaýarys. Meşhur; “Iýmek üçin ýaşaýaňmy ýa-da ýaşamak üçin iýýäňmi?” soragyna meňzäp gitdi. Ene-atanyň düşünjeleri çagalaryna lap diýibem bolmasa, ýeterlik mukdarda ornaşýar.. “Çagalarynyň näme kär saýlajakdygyna goşulanoklar.” Bizde bolsa ene-atalaryň aglaba böleginiň “men oglumy aýtişnik etjek, meniň oglum ulalyp doktor bolup bize sereder yna, meniň gyzym futbolist bolýar (bu men:)…” we şuňa meňzeşlikde öz planlary bolýar. Goý biziň çagalarymyzam öz kärlerini özleri saýlasynlar!.. “Çagalaryny kiçilikden sungata ugrykdyrýarlar. Pes girdejili maşgalalar hem beýleki çykdajylaryny gysyp, çagalaryny sungat bilen meşgullandyrýar.” Bu häsiýet hem görelde alynyp biljek bir häsiýet. Sungat bilen meşgullanan adamlar has ýuka ýürekli, pespäl bolýarlar diýip ynanýaryn. Olar ýaly däller hakyky manyda sungat bilen meşgullanmaýarlar, iň azyndan meniň gözümde şolar ýaly.. “Ýewropalylaryň öz perzentlerinden isleýän ýeke-täk zady; saglykly, bagtly, öz aýaklarynyň üstünde durup bilýän, özbaşdak bir şahsyýet bolmaklary.”
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:28
-Gowumy ýagdaýlaň, ýüzüňdäki gussa nämäň alamaty?
-Ýagdaýlar öwerlik däl, soňky wagtlar gaty erbet gysylýan. Özümi şeýlebir çäresiz hasaplaýan.
-Nämä çäre gözleýäň?
-Käte bir soragyň berilmeginden gorkýan. Sebäbi ol soraga jogabymyň ýoklugyndan däl-de, beriljek jogabyň köplüginden.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:28
Goňşymyzyň 3-nji klasa geçmeli gyzjagazy Arzuw maňa “Gowumy Eneş?”, başga goňşymyň şu ýyl okuwy gutaran gyzy Aýnur menden 8 ýaş kiçidigine garamazdan, meni görende “Gowudyra, arma?!” diýip ýüzlenýär. Dwaýurny aýaldoganymyň 6-8 ýaşly çagalaryna “Eneş däl-de, Eneş eje” diýmegi ýaňy öwretdim. Ýaşyň artdygyça, sylagyň zerurlygy hasam beter duýulyp başlaýan eken. Öňler adymyň yzyna goşulyp tutulýan “eje, daýza” ýaly sözler meni birahat edýärdi. Hatda, şol sözleri diýdirmezlik üçin jigilerime, ýegenlerime maňa Eneş diýiň diýip käýeýärdim. Ana indi olara görä ondan kiçilerem diňe adym bilen ýüzlenýär. Geň ýeri bir wagt islemeýän zadymy indi örän isleýän. Meselem, okuwda okuwçylar “Salam mugallym!” diýen wagty daýzamyň gyzynyň gelip “Gowumy Eneş?” diýip elime kakyp gitmesinden birahat bolýan.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:29
Daş-töweregimde öz deň-duş gyzlarymyň ählisi çykan. Galanlaram 2000-nji ýyldan kiçi ýaşly gyzlar. Käte göwnüm baýramlarda, seýranlarda şolaň yzyna düşüp gezmek, aýlanmak isleýär. Emma meň olardan ýaşymyň ululygy päsgel döredýär. Geçen gurban baýramynda biziň köçämizde ullakan sallançak (hiňňildik) gurlupdyr. Köçämiziň menden kiçi uly gyzlary geldiler üstümizden gideliňmi diýip, ýöne göwnüm näçe islese-de, aklym razy bolmady. “Seň ýaşyň indi uly. Sen ýalaklaň çagalary gatnaýar sallançaga. Özüňem mugallym bolup, okuwçylaň öňünde sallançak uçmaga utanjak dälmi?” diýen pikirler meniň gitmek islegimden ýüz öwürmegime sebäp boldy.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:34
Men çagaň ne imosy işleýär, ne-de poçtasy. Beýleki sosýal programmalaram öwerlikli işlänok. Işleýänlerem islegimi kanagatlandyranok.
Nähili durmuş boldygy bu?!
Ne jaň gelýär, ne-de sms. Men hiç kime gerek däl öýdýän. Hatda, işe geleňokmy diýip aýlaýanam ýok.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:36
Uly ýola garap dymyp otyryn,
Çykyp gyradaky çile klasdaş.
Müñ bir gaýgy gama çümüp otyryn,
Berlip müñ ham hyýala klasdaş.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:38
Soraň, ony mana etjek

Haram bolsun käne ýetjek

Kyna galyp näme etjek?,

Her kim ýeňlin tapan boldy



Boýun bolduň täze pişä

Aldanma ol melgun iş-ä

Gark bolansoň iki çüýşä

Bar derdini ýapan boldy



Namyssyz öň beren teni

Galmady hiç onuň geňi

(Halk hyzmatda gezen lebi)

Gelin edip öpen boldy



Kä öňe, kä yza bakýan

Bolýan döwre içim ýakýan

Çopandy öň goýny bakýan

Indi goýun çopan boldy



Bilmen kaýda goýduk hata

Wyždan barýar barha gatap

Görüplikden içi tütäp,

Ýaş nahaly çapan boldy



Ene-ata sözi perman

Gezmekçi däl, geljek arman

Öz pyntygnyň göwnin bilmän

Del agaja sapan boldy



Köp geýmekçi çala geýmän

Köp iýmekçi çala iýmän

Halal-haram ýerni duýman

Öz nebsinden gopan boldy



Pikirler apat böwürde

Galmady takat sabyrda

Adalat diňe gabyrda

Hemmä-de deň kepen boldy

Ylham Gurbanalyýew
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:41
Halk arasynda giňden ýaýran bir nakyl bar: «Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer». Könelerden gelýän bu nakyl her bir işde we durmuşda sabyrly-kanagatly bolmagyň, haýyrly işleriň wagty-sagady gelende hasyl bolýandygynyň mysaly hökmünde aýdylýar. Men bu hatlaryň arkasynda nähili täsin muşdagyň gizlenýändigini eýýämden görmek isleýänem bolsam, pursady gelen güni Sizi garşymda görjekdigime ynanýaryn.
Ýakyn günlerde geçirilen sungat agşamlarynyň birinde, bir kompozitoryň janygyp aýdan sözleri gulagymda galdy: «...Saz gurallary dürli-dürlidir, hersi özboluşly ajaýypdyr... Emma, Sazanda gelip birje taryna, notasyna elini degirýänçä, seslenmez. Mukamyň keramat kimin döremegi üçin, saz gurallary Sazanda sessiz garaşýandyrlar...» Biz kalbymyzyň çuňunda, dünýämiziň her künjeginde, şol çalynjak sazlaryň owazyna maýyl bolmak üçin... şol ýetişjek tudanalaryň tagamyny duýmak üçin... ykbal gapymyzdan girjek Sazanda bilen tuduň möwsüminiň gelerine howlukýarys. Ýöne, möwsümlere howluksagam, pasyllar wagtynda gelýär. Gezekleşip. Belki, Sizem öňler edil men ýaly bolup: «Käbir zatlaryň özi gelmeli, özi peýda bolmaly.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:42
Mysal üçin, tomus paslynyň özi geläýmese, ony nireden gözläp tapjak» diýensiňiz. Menem şol pikirdedim. Emma, bir gün ýeriň ýüzünden islän möwsümiňi tapyp bolýandygyna düşündim. Geografiýa görä, bizde güýz bolanda, ekwatoryň aňry tarapynda ýaz pasly bolýan ekeni. Bizde gyş bolanda, olarda tomus. Dogry, tapyp bolýar, emma özi gelmese, barybir getirip bolanok. Täsinliklerden doly durmuş. Munuň ynsan ykballaryna meňzeýşini diýsene.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:43
* Gözel gyzyn yazan söygi hatyndan,
Durlap bilmän yany bozlan nepesim.
Belent jayyn in yokarky gatyndan
Synlap durun agaclaryn depesin.
Yaprak necüyn terk edipdir sahasyn,
Bu sowalyn jogaby bar yönekey.
Bilip bilmän ömre düsyän bahasyn,
Söygin ücin gurban bolma.Yöne köy!
Kepderilen sürüsi dek pikirlem,
Gonara yer tapman ucarlar gökde.
Oglan yhlasym bar juda yekirlen,
Onson nirden aydym bolsun yürekde.
Sebäp özgä gülüp bakan gözlerin
Kalbymda ysk odun yakmayar indi.
Yöne gecen günlerime dözmerin
Söygi mana hasrat bolup göründi.
Indi bize düsünismek kyn bolar,
Söygi bize gecip giden salykdyr.
Balygyn gylcygna dönen kineler
Bokurdakda tegek bolup galypdyr.


???
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:44
Size ýaralaryndan söz açjak derejede ynanyp söýen ynsanlaryň iň uly ýarasy bolaýmaň. Munuň jezasyny çekip bilmersiňiz….
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:45
Salam gadyrdan ýoldaşym.
Men sizi hemişe goldaryn. Gowy we erbetlikde men size hemişe goldaw bererin. Şowsuz bolsaňyzam, hiç haçan sizi söz bilen kemsidip ýa-da size garşy hereket bilen özüňizi kemçilikli duýdurmaryn. Elmydama, siziň nähili ajaýypdygyňyzy size habar bererin. Maksatlaryňyza ýetmäge we dowam etmäge itergi bererin. Kyn günleri başdan geçirenimizde, bilelikde ýeňip geçmek isleýärin. Men sizi rahatlandyrmaga, stresiňizi we agyryňyzy aýyrmaga synanyşaryn. Bilelikde dik durup, güýçli bolup bileris. Umuman, men siz bilen durmuşymy paýlaşyp, kynçylyklary azaltmak, gözellikleri köpeltmek isleýärin.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:46
Men seniň bilen ulalaryn we üýtgärin. Ömrümiziň dowamynda köp we dürli görnüşde üýtgäp bileris. Üýtgeşmeler nähili bolsa-da, bilelikde ösüp, täze başdan geçirmelerde hyzmatdaş bolaly. Ösmek we üýtgemek, aýrylmaly diýmek däl, her ösüş we üýtgeşiklikde diňe bilelikde güýçleneli.
Pegas
03 авг 2023, 23:46
Nirvana
Men çagaň ne imosy işleýär, ne-de poçtasy. Beýleki sosýal programmalaram öwerlikli işlänok. Işleýänlerem islegimi kanagatlandyranok.
Nähili durmuş boldygy bu?!
Ne jaň gelýär, ne-de sms. Men hiç kime gerek däl öýdýän. Hatda, işe geleňokmy diýip aýlaýanam ýok.

SMS baran wagty degerli jogap bermeýäniňizdenem bolup biler, Nirvana hanym. Durnuklylyk gerek zat.
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:46
Üstünliklerimiň, gymmatlyklarymyň we ynançlarymyň size ylham bermegini isleýärin. Her hili maksatlaryňy we arzuwlaryňy amala aşyrmak üçin höwesiňiz bolmak isleýärin. Näçe potensialyňyzyň bardygyny görmäge mejbur edýän adam bolmak isleýärin.
Ýoklukda göreşmegiňizi, bolçulykda azmazlygyňyzy isleýärin.

Gözýaş, söweş, gülki arkaly sizi her gün has köp söýmegi dowam etdirerin…
Telwas
Автор 03 авг 2023, 23:51
Pegas,
Salam gowumy? Sms-e jogap bermedigimiň sebäbini düşündirjek bolup aýlasam alynmady.

Üýtgemeseň kämillik ýok meň pikirimçe.
Pegas
03 авг 2023, 23:56
Nirvana, salam. Tüweleme, kämillik hakdaky düşünjäň üýtgeşik eken.
Telwas
Автор 04 авг 2023, 00:02
Pegas,
Gürrüň ol däl-le. Habarlaşdyňmy onsoň oň bilen?
Telwas
Автор 04 авг 2023, 00:12
Arada agzalaň biri “17-ne toýum gel” diýip ýazypdyr. Geljegimi bilendir-dä, adresini ýazmandyr.

Bagtyň bolsun Allajan!
Telwas
Автор 04 авг 2023, 00:18
DURALGADA


Men-ä şeýle bir şadyýan,

Sen weli şeýle bir agras. 

Seniň gözleriň mawumtyk,

A meniň gözlerim goňras.



Saňa kän bakmadyk bolýan,

Sende-hä beýle dözüm ýok.

Seň maňa öwgüleriň bar,

Ah, meň-ä saňa sözüm ýok.



Sen-ä uzyn, men gysgaja,

Şonda-da ýok mende ünji.

Uzyn köplenç yzda durýar,

Men weli öňde birinji.



Maňa baksaň, ýere bakýaň,

Meň bolsa gözlem ýokarda.

Seniň duluklaň çepiksi,

Meňki tersine – tokarja.



Men birneme sabyrsyzrak,

Seň bolsa şükürleriň bar.

Her zat hakda öz garaýşym,
Seňem öz pikirleriň bar.



Şonda-da biz bir-birege, 

Şeýle bir ýaraşyp durus.

Ine, şeýdip duralgada, 

Ikimiz garaşyp durus.


Bagtymyzy bir eýlejek

Ýollarmyz beri birmi-kä?!


...Wah, sen-ä «1»-lige mündüň,

A men mündüm «22»-ä.




Gülnabat Begenjowa.
Telwas
Автор 04 авг 2023, 00:21
Birnäçe ýyl mundan ozal Turkiýede maslahatçylyk işleri edýän bir işewür bilen tanyşypdym. Bir restoranda nahar iýip pikir alşypdyk. Ömrüniň köp bölegini Amerika we Ýewropa ýurtlarynda ýaşan bu ýokary derejeli işewür bilen geçiren 2 sagadymda köp zatlary öwrendim. Olaryň berýän hyzmatlaryndan biri hem kişilik testleri ekeni.. Onuň agzyndan size gürrüň bereýin..
Telwas
Автор 04 авг 2023, 00:21
Biz kişilik testlerini edýäris we başlangyç synplardan başlap uly ýaşly adamlara çenli bu teste gatnaşyp bilýärler. Bu babatda Amerikadan bir kärhana bilen bilelikde hereket edip tejribelerimizi paýlaşyp durýarys. Ýüzlerçe pedagog we bilermenleriň ençeme ýyllaryň dowamynda işläp düzen soraglary bar bu testde. Soraglar gatnaşyjylaryň ýaşlaryna görä üýtgeýär. Soraglaryň belli bir dogry jogaby ýok, soraga jogap berişiňe görä seniň kişiligiň anyklanýar. Meselem bir başlangyç synpyna test edenimizde ol teste çagalaryň her birini aýratynlykda, çagalar bilen bir hatarda mugallymlaryny we ene-atasyny hem gatnaşdyrýarys. Bir çagany täsir astyna alýan 3 esas bar; öz häsiýet aýratynlyklary, mugallymyň kişiligi we ene-atasynyň kişiligi.. Testiň netijesi kompýuter tarapyndan awtomatik usulda okalýar we her bir çaga, ene, ata, mugallym üçin aýratyn netije kitapçasy çap edilýär. Mysal üçin netije kitapçasynda şeýleräk görkezijiler bolýar.. Maýa atly bir başlangyç synpy okuwçysynyň kitapçasyndan: Maýajygyň analiz güýji 23%, duýgy güýji 57%, beýleki aýratynlyklaryň jemi 20% Mugallymynyň analiz güýji 45%, duýgy güýji: 24%, we beýlekiler.. Ejesiniň analiz güýji 26%, duýgy güýji 49%, we beýlekiler.. Kakasynyň analiz güýji 62%, duýgy güýji 18%, we beýlekiler..
Telwas
Автор 04 авг 2023, 00:22
Bu netijelere görä mugallyma şeýle maslahat berilýär: sen Maýajyga birzat düşündirjek mahalyň onuň duýgularyna ýüzlenseň has gowy netije alarsyň. Ýöne seniň duýgy tarapyň pesräk we sen sapak gürrüň bereniňde analitiki usul ulanmaga has meýilli.. Seni Maýajyk bilen aragatnaşyk gurnamakda kyn ýagdaýa sokup biljek mesele şol bolar, şoňa taýýar bol. Sapakda Maýa uklasa, ünsi başga zatda ýaly bolup görünse ýa-da tertipsizlik edýän ýaly bolup görünse hakykatda munuň beýle däldigini ýatdan çykarma.. Maýajyk saňa düşünenok, sen analitiki usul bilen gürrüň berýäň, onuň bolsa analitiki ukyby pesräk.. Şol bir sanda ene-atasyna-da şuňa meňzeş maslahatlar bilen doldurlan kitapça berilýär.. Bu test aslynda jemgyýetimize gaty gerekli.. Sebäbi bu test bilen biz Maýajyk ýaly millionlarça çagajyklarymyzyň içki dünýäsine aýna tutup görýäris we olara düşünmäge çalyşýarys. Olara düşünsek welin olar jemgyýete has içgin ysnyşýarlar we jemgyýetimiz bolsa özüne has çalt uýgunlaşýan ýaşlarymyz bilen barha kämilleşýär.. Bu test herbir çaga, herbir ene-ata we herbir mugallym üçin hökmany gerek meň pikirimçe.
Pegas
04 авг 2023, 00:30
Nirvana
Pegas,
Gürrüň ol däl-le. Habarlaşdyňmy onsoň oň bilen?

Ýok. Saýaňyzda...
Jeksparro
04 авг 2023, 00:35
Şu gün-ä joşduň öýdýän @Nurwana, hanym!
Jeksparro
04 авг 2023, 00:36
Şu ýazgylaryňy Gündelige geçirseň-ä gowy duýguly sözler eken...
ajy
04 авг 2023, 00:38
Salam..