Derde melhem, jana şypa

Babasil bilen kesellän adam lawr ýapragynyň 25 sanysyny 3 litr suwa demläp, çaý ýerine içmeli
* * *
Öt haltada daş bolsa şipownigiň (itburunyň) köküni güýzde gazyp almaly. Ony ýuwup, guradyp,owratmaly. Üstüne gaýnag suw guýup 15 minut gaýnatmaly. Suwuň, çaýyň ýerine içmeli. Iki hepdeden soň öt haltada daş galmaz.
* * *
Bagyrda agyry bar bolsa jerebaý (zweroboý) otunyň owradylanyny (1 nahar çemçesi),boýbadyrany (1 nahar çemçesi)we itburunyň miwesini (2 nahar çemçesi) 1 litr gaýnag suw demlemeli. Bal bilen içmeli. Baly işdäň alşyna görä ulanmaly.
* * *
Tendäki ýanan ýeri bejermek üçin 100 gram owradylan düýp sogany 100 gram eredilen sygyr ýagynda gowrup, oňat edip ýara çalmaly. Ýanan ýer iriňlemeýär hemem derrew bitýär.
* * *
Sary getirmede süle sypaly gaýnadylan suwdan her günde üç gezek bir bulgurdan içmeli. Kyrkbogun (onuň 15 gramyna-bir bulgur suw) gaýnadylan suwdan her günde 4 gezek üç nahar çemçesi möçberde içmeli.
* * *
Ýüzde sepgil,menek bar bolsa badyýanyň (petruşkanyň) 100 gramyny kesişdirip, bir litr suwda 15 minut gaýnatmaly. Emele gelen erginden irden hem-de agşam çalmaly.
* * *
Elde gabyrçak bar bolsa-gije ýatjak bolanyňda sarymsagyň kesilen bir dilimjigini gabyrçaga ýapyp daňmaly. Ýiti agyry bolmagy mümkin, ýöne bir hepdeden gabyrçak özeni bilen aýrylýar.
* * *
Teniň bir ýeri ýansa, ary,ýylan çaksa-täzelikde ýolnup, owradylan atgulagyň ýapragyndan edilen bulamagy ýanan, ary çakan ýere sargy ýaly edip ýapmaly. Bulamagy her 2-3 sagatdan çalşyryp durmaly.
* * *
Saçyňyz düşse bir nahar çemçe baly şol mukdardaky üwelen aloeniň şiresi bilen bir nahar çemçe üwelen sogany garyp hepdede bir sapar bäş, alty hepdeläp saça çalmaly.
0 лайков 33 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.