Muhammet aleýhissalamyň öýlenenlere ýüz wesýeti
ÖÝLENMEGIŇ FAZYLETI1. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Nika meniň sünnetimdendir. Kim meniň sünnetime amal etmese, ol menden däldir. Öýleniň! Çünki men beýleki ymmatlaryň ýanynda siziň köplügiňiz bilen öwünerin. Kimiň maddy mümkinçiligi bar bolsa, derrew öýlensin. Eger maddy taýdan mümkinçiligi bolmasa, oraza tutsun».النكاح سنتي فمن رغب عن سنتي فقد رغب عني تناكحوا تكثروا فاني اباهي بكم الامم يوم القيامة حتي بالسقطIŇ HAÝYRLY AÝAL2. Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň azat eden guly Sewban razyýallahu anh gürrüň berýär: «Altyn-kümüş ýygnamak bilen baglanyşykly «Toba» süresiniň 34-nji aýaty-jelilesi nazyl bolan wagtynda halk:-Eger şeýle bolsa, nähili mal ýygnamaly?-diýip, sorag berdiler. Hezreti Omar:-Muny men sorap, size jogabyny aýdaýyn-diýdi. Men hem onuň yzyndan gitdim. Hezreti Omar:-Eý, Allahyň Resuly, biz haýsy maldan edinsek gowy bolar?-diýip sorady. Bu soraga Resulallah aleýhyssalatu wessalam şeýle jogap berdi:-Siziň her biriňiz şükür eden kalp, zikir eden dil, ahyret işiňize ýardamçy boljak mömüne aýal edinsin.SALYHA AÝAL3. Ebu Umame razyýallahu anhyň rowaýatyna görä, Resulallah aleýhyssalatu wessalam şeýle buýrupdyrlar: «Mömün Allaha takwaçylykdan soň, salyha aýaldan köp haýyr görer. Şeýle aýal äri näme emir etse, oňa boýun bolar. Äri oňa sereden-de, keýpi göterler. Äri bir işi etjekdigi ýa-da etmejekdigi hususynda kasam etse, aýal muny ýerine ýetirip, ony eden kasamyndan halas eder. Erkek öýünden daşlaşyp uzak ýere gitse, aýal hem öz namysyny hem äriniň maly hususynda haýyrly hem dürs hereket eder».DINDARA ÖÝLENMELI4. Abdullah Ibni Amr razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Aýallara gözellikleri sebäpli öýlenmäň. Çünki gözellikleriniň olaryň ulumsylygyna sebäp bolup, olaryň mertebeleriniň peselmeginden howatyr ediler. Olara mal-mülkleri sebäpli-de öýlenmäň. Sebäbi mal-mülküň olary azdyrmak gorkusy bardyr. Diňe olara diýanaty (dindarlygyny) esas edinip öýleniň. Burny kesik, gulagy deşik, dindar bir çorynyň erkin aýallardan haýyrlydygyna kasam bolsun».لاتنكح المرأة لجمالها فلعل جمالها يرديها ولا لمالها فلعل مالهايطغيها وانكح المرأةلدينهاGYZLARA ÖÝLENIŇ5. Uweým ibni Saide razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Gyzlara öýleniň. Çünki olaryň agyzlary datly, çaga dogurmaga ukyply, aza-da razy bolarlar».AMANAT6. Ebu Said razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Kyýamat gününde Allahyň iň ähmiýet berjek amanaty är-aýalyň arasyndaky amanatdygy şübhesizdir. Är-aýal biri-biri bilen içgin bolanlaryndan soň, aýalyň syrlaryny erkegiň paş etmesi iň uly hyýanatdyr».ÖÝLENJEK MAŞGALAŇA SERETMEK7. Muhammet ibni Mesleme razyýallahu anh gürrüň berýär: «Men bir aýala öýlenmek isledim we gizlinlikde oňa seretdim» diýende, töweregindäkiler oňa:-Sen Resulallahyň eshabyndan bolup şu işi etdiňmi?- diýip, ony aýypladylar. O-da şeýle jogap berdi:-Men Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň: «Allah bir kimsäniň kalbyna kimdir birine öýlenmek duýgusyny salan bolsa, oňa seredeniniň zyýany ýokdur» diýenini eşitdim.اذا اوقع الله في نفس احدكم من امرأة فلينظر اليها فانه احري ان يدوم بينهماMugire Ibni Şube gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna gelip, öýlenmek isleýän gyzym hakynda gürrüň berdim. Ol maňa:-Bar, git-de gör, seniň ony görmekligiň biri-biriňize muhabbet we ünsiýetiňiziň (ysnyşygyňyzyň) dowamly bolmagy üçin ähmiýetlidir-diýdi. Men Ensardan bir maşgalanyň ýanyna gelip, ene-atasyna ony isleýändigimi aýtdym we Resulallahyň aýdanyny olara ýetirdim. Olar birhili halamadyk ýaly gördiler. Öz otagynda gürrüňimizi diňläp oturan Hydr atly gyz:-Eger-de Resulallah aleýhyssalatu wessalam seretmegiňi emr eden bolsa, seret, ýogsa seretme-diýip, bu işi has-da ulaltdy.Mugire sözüni şeýle dowam edýär: Men ol gyza seretdim we oňa öýlendim. Mugire gyz bilen aralaryndaky ylalaşyk hakynda-da gürrüň berdi.RUGSAT8. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam: «Dul aýala sala salynman, ýaş gyzdan rugsat soralman nikalanmaz» diýeninde, sahabalar sorady:-Eý, Allahyň Resuly! Onuň rugsady nähili bolar? Allahyň Resuly:-Dymmaklygydyr-diýip, jogap berdi.GYZYŇ GÖWNI BOLMASA, DURMUŞA ÇYKARMAŇ9. Ibni Bureýde kakasy Bureýdeden nakyl edýär: Bir ýaş gyz Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna gelip:-Eý, Resulallah, kakam güzeranyny gowulandyrmak üçin meni doganynyň ogluna durmuşa çykardy-diýip, şikaýat etdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam bu nikany kabul edýändigi ýa-da etmeýändigi baradaky meseläni gyzyň özüne goýdy. Gyz şeýle diýdi:-Men kakamyň eden işini kabul etdim. Emma şeýle işi etmäge kakalaryň haklarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek isledim.GALYŇSYZ (ŞIGAR) NIKA10. Ibni Omar razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam şigar nikany gadagan etdi. Şigar nika-gyzyňy ýa-da gyz uýaňy galyňsyz berip, deregine biriniň gyzyny ýa-da gyz uýasyny galyň tölemän almakdyr.GALYŇ11. Ebu Saidil Hudri razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam Aýşa razyýallahu anhany bahasy elli dirheme durýan öý goşlarynyň hasabyna özüne nikalady.MAŞGALAŇ ÜÇIN SARP EDILEN PUL12. Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: «Allah ýoluna sarp edilen pul, bir gul azat etmek üçin berlen pul we maşgalaňa sarp edilen pul. Ine, şularyň içinde iň sogaplysy maşgalaň üçin sarp edilen puldur».دينار انفقته في سبيل الله و دينارانفقته في رقبة ودينار انفقته علي اهلك اعظمها اجرا الذي انفقته علي اهلك َNIKA GYÝLANDA YLAHY AÝDYM AÝTMAK13. Ibni Abbas razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Hezreti Aýşa Ensardan ýakyn görýän gyzlarynyň birini durmuşa çykardy. Resulallah gelip:-Ýaş gyzy adamsynyň ýanyna ugratdyňyzmy?-diýdi. Öýdäkiler:-Hawa-diýenlerinde, Serwerimiz:-Gyzyň ýanynda ylahy aýdýan birini ibermediňizmi?-diýip sorady. Ýene öýdäkiler:-Ýok, ibermedik-diýdiler. Resullallah aleýhyssalatu wessalam:-Käşgä ibersediňiz. Çünki ensarylar aralarynda gazal okamak adaty däp bolan jemagatdyr. «Size geldik, size geldik, size salam, bize salam» diýip, içinde günä bolmaýan ylahylar aýdýan birini ibersediňiz-diýdi.Müjähit merhum gürrüň berýär: Men Ibni Omar razyýallahu anhumanyň ýanyndadym. Şol wagt bir depregiň sesi eşidildi. Ol derhal iki barmagyny gulagyna dykyp, o ýerden derrew ara açdy. Soňra:-Resulallah aleýhyssalatu wessalam hem şeýdipdi-diýdi.ÖLEN ÇAGA14. Ebu Hureýre razyýallahu anhdan. Pygamberimiz aýtdy: «Iki çagasy ölen kimse bilen Žähennemiň arasynda diwardan perde bardyr».من مات له اثنان من الولد فقد احتظر بحظار من النارHAS HAÝYRLYSY15. Hezreti Enes razyýallahu anh gürrüň berýär: Bir gün Resulallah aleýhyssalatu wessalam Ensardan biriniň jaýynyň üstüne gupba dikenini gördi-de:-Bu näme?- diýip sorady.-Bu pylanynyň saldyran gupbasydyr-diýdiler. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Munuň üçin sarp edilen pul Kyýamat güni eýesi üçin musallatdyr-diýdi. Bu söz Ensara ýetende, jaýynyň gupbasyny derrew ýykdy. Soň Resulallah aleýhyssalatu wessalam ýene bir gün şol ýerden geçip barýarka, gupbany görmedi-de, sebäbini sorady.-Siziň aýdanlaryňyzy eşitdi-de, derrew ýykdy-diýdiler. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Allah oňa rahmet kylsyn, Allah oňa rahmet kylsyn-diýip, doga etdi.GATNAŞYK WAGTYNDA ÖRTÜNMEK16. Utbe ibnul Abdis-Sulemi razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Aýalyňyz bilen gatnaşyk etjek wagtyňyz örtüniň, eşekler ýaly çüw-ýalaňaç bolmaň».AÝALYŇ YZYNDAN ÝANAŞMAK HARAMDYR17. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Allah aýalynyň yzyndan ýanaşan kimsä rahmet nazary bilen seretjek däldir».Huzeýme Ibni Sabit razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Allah, haky beýan etmekde haýa talap etmez. Ol bu sözlerini üç gezek gaýtalady, soňra-da sözüni şeýle dowam etdi: «Aýallaryňyza yzyndan ýakynlyk etmäň».DAŞYNA DÖKMEK18. Hezreti Omar razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýal rugsat bermese, menini (tohumy) daşyna dökmegi gadagan etdi.ÇAGANYŇ PERÝaDY19. Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Kyýamat gününde kiçijik çaga «Žennede gir» diýler. Çaga gazap bilen Žennediň gapysyna geler-de: «Diňe ejem we kakam bilen bile Žennede girerin» diýip, direnip durar. Şol wagt: «Ejesini, kakasyny-da bilelikde Jennede goýuň» diýler.ان المولود يقال له ادخل الجنة فيقف علي باب الجنة فيظل محبنطأ اي ممتلأغيضا وغضبا ويقول لاادخل الجنة الا وابواي معي،فيقال ادخلوا ابويه معه الجنةMUTA NIKASY HARAMDYR(Bir mukdar pul berip, wagtlaýynça är-aýal bolup ýaşamak)20. Ibni Mesud razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam Ewtas gazadynyň bolan ýylynda muta nikasyna rugsat berdi, soň bolsa, ony ýatyrdy.Ibni Abbas razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Yslamyň gelen wagtynda muta nikasy bardy. Bir kişi nätanyş bir ýere baranda, eger-de uzak wagtlap ol ýerde eglenjek bolsa, ýerli aýallaryň biri bilen nikalaşardy. Aýal onuň çaý-suwuna seredip, zatlaryny gorardy. Bu ýagdaý: «Olar namyslaryny (ferjlerini) gorarlar. Diňe aýallary we kenizekleri muňa goşulmaz. Olara ýakynlyk edenleri sebäpli gynanmazlar» («Muminun» süresi; 6-aýat) manysyndaky aýat gelýänçä dowam etdi. (Bu aýat geleninden soň, muta haram diýlip, yglan edildi.)Muhammet Ibnul Hanafiýýe gürrüň berýär: Hezreti Aly Ibni Abbas razyýallahu anhuma diýdi ki: Resulallah aleýhyssalatu wessalam Haýbar gazady güni aýallar bilen muta nikasyny, eşek etleriniň iýilmesini haram kyldy.Ibni Omar razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Omar Ibnul-Hattab halypa bolanda halka hytap etdi we şeýle diýdi: «Resulallah aleýhyssalatu wessalam bize üç gezek mutany haram kyldy. Muta nikasy bilen ýaşaýanyň bardygyny eşidäýsem, ony daş bilen urup öldürjekdigime ant içýän. (öýlenmedik bolsa, 100 taýak urlar) Şundan soň daşlanyp öldürilmekden özüni halas eder ýaly, Resulallahyň ony haram kylandan soň halal kylandygyna her kim dört şaýat getirip bilmelidir».DEŇLIK21. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Nutfeleriňiz (tohumlaryňyz) üçin aýalyň haýyrlysyny saýlaň. Özüňize laýyk bolanyna öýleniň, deňleriňiziň gyzlaryny isläň».«Nika gulçylygyň bir görnüşidir. Siz gyzyňyzy kime berýändigiňize üns beriň».النكاح رق فلينظر احدكم اين يضع كريمته«Gyzyny bozuk kimsä beren, onuň bilen gatnaşygy kesip, ony oda atan mysalydyr».من زوج كريمته من فاسق فقد قطع رحمهاADALAT22. Hezreti Aýşa razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam bir sebäbe görä aýaly Safiýe binti Huýeý razyýallahu anhadan öýkeläpdi. Safiýe maňa:-Eý, Aýşa Resulallah aleýhyssalatu wessalamy menden razy eder ýaly çäräň barmy? Eger sen şuňa çäre tapyp bilseň, Resulallahyň meniň ýanyma gelmeli gününi saňa bagyşlaýan-diýdi. Men:-Hawa, bar-diýdim-de, zagferana boýalan bürenjegimi aldym. Onuň nepis ysynyň ýaýramasy üçin üstüne suw sepdim. Soňra ony başyma atyp, gidip Resulallahyň ýanynda oturdym. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Eý, Aýşa, menden uzak dur, bu gün seniň gezegiň däl-diýdi. Men-de:-Bu Allahyň lutfudyr. Islese berer-diýdim we Safiýe bilen aramyzdaky bolan wakany gürrüň berdim. Muny eşidip, Resulallah aleýhyssalatu wessalam Safiýedan razy boldy.ARAÇY23. Ebu Ruhm razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Iň haýyrly şepagatlardan biri öýlenjek iki kişiniň arasynda ýardamçy bolmakdyr».BEZENMEK24. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: «Bir gün Usame razyýallahu anhu işikden aslyşyp ýere ýykyldy. Resulallah sallallahu aleýhi wesellem maňa:-Onuň ýüzüni süpürişdir-diýdi. Men birhili tisgindim. Resulallah aleýhyssalatu wessalam onuň ganyny ýalap ýüzünden aýyrmaga başlady. Soňra bolsa:-Eger Usame bir gyz bolan bolsady, ony bezäp toý gününe taýýarlardym-diýip, gyzlaryň bezenip, durmuşa çykmaga taýýarlyk görmeklerini yşarat edýärdi.MÄHIRLI GATNAŞYK25. Ibni Abbas razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Siziň iň haýyrlyňyz maşgalasyna mähir-mylakatly bolanyňyzdyr. Maşgalasyna iň mylaýymyňyz mendirin».Abdullah ibni Amr (Ibnul-As) razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Siziň iň haýyrlyňyz aýallaryna ýumşak bolanyňyzdyr».ÝANÝoLDAŞYŇ BILE ÝARYŞ26. Hezreti Aýşa razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam bilen ylgamakda ýaryşardym. Ilki ýaryşda men ýeňdim. Bir ýyl soňra bolsa, men ýeňişi elden gidirdim.GABANJAŇLYK27. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam Safiýýa binti Huýeý razyýallahu anha öýlenip, Medineýi-Münewwerä gelen wagtynda Ensaryň aýallary meniň ýanyma gelip, onuň owadanlygy hakynda gürrüň etdiler. Men tanalmaz ýaly bolup, üstümi örtüp, ony görmäge gitdim. Resulallah aleýhyssalatu wessalam gözümiň açyklygy üçin meni tanady. Men derrew yzyma öwrüldim. Resulallah aleýhyssalatu wessalam ylgap yzymdan ýetip, meni gujaklady-da:-Safiýýany nähili gördüň? -diýip sorady. Men bolsa:-Goýber meni! O-da ýahudi aýallaryndan bir aýaldyr-diýdim.Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Zeýnep binti Jahş gahar-gazap bilen rugsat soraman, otagyma girýänçä gündeşlerimiň maňa gahar edýändiklerini bilemokdym. Zeýnep meniň otagyma girip:-Eý, Allahyň Resuly! Ebu Bekriň gyzynyň boýnuňyzdan gujaklamasy size ýeterlikmi?-diýdi. Soňra maňa ýöneldi. Men ondan ýüzümi öwürdim. Resulallah aleýhyssalatu wessalam saklanyp bilmän:-Oňa jogap ber we özüňi gora-diýdi. Şundan soň men Zeýnebe bermeli jogaby berdim. Onuň dili tutulyp, geplemez ýaly hala geldi. Men agzyndaky tüýkülikler gurandyr öýtdüm. Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň bolsa, hoşallykdan ýylgyrýandygyny gördüm.OÝUNJAK28. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Men Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanynda wagtym gurjaklarym bile oýnardym. Resulallah aleýhyssalatu wessalam bolsa, meniň ýanyma joralarymy ibererdi. Soň olar bilen bile oýnardym.SALYH ÖWLAT29. Ebu Hureýre razyýallahu gürrüň berýär: «Adam oglunyň ölmegi bilen onuň ähli amaly kesiler. Diňe üç zatdan kesilmez. Bulardan biri-de özi üçin doga eden salyh oguldan gelýän amal kesilmez».SOŇKY ÜÇ WESET30. Hezreti Ummi Seleme razyýallahu anha gürrüň berýär: Resuly-Ekremiň dili basylyp sesi kesilende, şu üç zady weset etdi: «Namaz, namaz (namazy dowam ediň). Eliňiziň aşagyndakylara güýjünden artyk işi teklip etmäň. Aýallaryňyz hakynda Allahdan gorkuň. Olar siziň eliňizde erkinliklerini ýitirendirler. Olary Allahyň ady bilen äht edip aldyňyz we Allahyň ady bilen olary özüňize halal etdiňiz. (Allahdan gorkuň, olar bilen mylakatly boluň). -Ibn Maje-الصلاة الصلاة وما ملكت ايمانكم لاتكلفوهم ما لايطيقون الله الله في النساء فان هن عوان في ايديكم يعني اسراء اخذتموهن بامانة الله واستحللتم فروجهن بكلمةاللهHALANYLMAÝAN GABANJAŇLYK31. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Gabanjaňlygyň käbirini Allah söýer, käbirini söýmez. Allahyň söýýän gabanjaňlygy erbetlik bolandygyna kuwwatly esas dörände ýüze çykan gabanjaňlykdyr. Allahyň halamaýan gabanjaňlygy-da düýpli esasy bolmadyk halatyndaky gabanjaňlykdyr».ÝERSIZ ŞÜBHE32. Ibni Omar razyýallahu anh gürrüň berýär: Çölde ýaşaýan bedewilerden biri Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna geldi-de:-Eý, Resullallah, aýalym meniň düşegimde gap-gara çaga dogurdy. Biziň maşgalamyzyň arasynda asla garasy ýok-diýdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Seniň düýeleriň barmy?-diýip sorady. Ol adam:-Hawa bar-diýende:-Reňkleri nähili?-diýip sorady. Ol:-Gyzyl-diýip, jogap berende, Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Aralarynda garasy-da barmy?-diýdi. Ol:-Ýok-diýdi.-Boz düe barmy?-diýende:-Hawa, bar-diýdi.-O näme sebäpden beýle boldy?-diýende, ol adam:-Belki bir damara çekendir-diýen wagty, Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Seniň ogluň-da bir damara çeken bolmagy mümkindir-diýdi.ÄRINI GYNANDYRAN AÝAL33. Ebu Umame razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessamyň ýanyna bir aýal geldi. Ýanynda hem iki sany çagasy bardy. Aýal çagalarynyň birini arkasyna alypdyr, beýlekisini bolsa, ýanynda ýöredýärdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam onuň halyny görüp, şeýle buýurdy: «Olar hamyla bolarlar, çaga dogurarlar, emdirerler, çagalaryna juda mähir-mylakatlydyrlar. Eger ärlerine gadyr bilmezlik etmeselerdi, aýallaryň namaz kylanlary derrew Jennete girerdi.حاملات والدات مرضعات رحيمات باولادهن لولا ما يأتين الي ازواجهن دخل مصلياتهن الجنةTALAK DIÝMEKDE OÝUN ÝOK34. Ebu Musa razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Ynsanlaryň bir kysmyna näme bolýar ki, Allahyň serhedi bilen oýun ederler. Olardan biri çykyp: «eý, aýal, seni boşatdym, seni yzyňa berdim, seni boşatdym» diýer durarlar».AÝALYŇ TALAGYMY BER DIÝMESI MEKRUHDYR35. Ibni Abbas razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Düýpli sebäp ýok ýerinden ärinden talagyny soran aýal Žennediň ysyny hem almaz. Aslynda Žennediň ysy pyýada kyrk ýyllyk ýoldan gelýändir».ÝIGRENÇ GÜÝÇLENENDE AÝRYLYŞMAK36. Amr Ibni Şuaýb kakasynyň we atasynyň (razyýallahu anhum) aýdanlaryny gürrüň berýär: Habibe binti Sehl, Sabit ibni Kaýs ibni Şemmas razyýallahu anhumanyň nikasyndady. Sabit gysga boýly, görmeksiz adamdy. Bir gün Habibe Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna gelip:-Eý, Allahyň Resuly! Alladan ant içýän, eger Allahdan gorkmasamdym, ärim ýanyma gelende, onuň ýüzüne tüýkürerdim-diýdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Galyň hökmünde alan bagyňy yzyna berermisiň?-diýdi. Ol:-Hawa-diýdi we bakjany yzyna gaýtardy. Resulallah aleýhyssalatu wessalam hem olary aýyrdy.MAŞGALADA GÜZERAN KYNÇYLYGY37. Ibni Omar razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Kişiniň maşgalasyna sarp edeni sadakadyr. Kişiniň maşgalasynyň agzyna beren lukmasyndan sogap aljakdygy hakdyr».ما انفقه الرجل علي اهله فهو صدقة وان الرجل ليؤجر في اللقمة يرفعها الي في امرأته"Kişiniň günäsi köpelen wagtynda günälerine keffarat üçin Allahu Tagala ony güzeran kynçylygyna duçar eder».اذا كثرت ذنوب العبد ابتلاه الله بهم العيال ليكفرها عنهÖÝLENMEÝÄN38. Ibni Ebi Nejih rahmatullahy aleýh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Aýalsyz erkek misgindir (hiç zady ýok garypdyr), misgindir!-diýende, ýanyndakylar:-Maly köp bolsadamy?-diýdiler.-Maly köp bolsa-da-diýdi we sözüni şeýle dowam etdi:-Ärsiz aýal misginedir, misginedir!-diýdi. Ýanyndakylar:-Maly köp bolsadamy?-diýdiler. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Hawa, aýalyň maly köp bolsa-da misginedir-diýip, jogap berdi.DÖRT SANY AÝRATYNLYK39. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Aýal dört zat sebäpli nikalanar: Maly, gelip çykyşy, gözelligi we dini üçin. Sen bulardan dindaryny saýla we asuda ýaşa».ÖÝLENENIŇ DOGASY40. Amr Ibni Şuaýb kakasynyň we atasynyň aýdanlaryny gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Siziň biriňiz öýlenen wagtynda ýa-da hyzmatkär satyn alanda şeýle doga etsin: «Allahym, men munuň haýyrly bolmagyny we haýyr üçin ýaradylan bolmagyny isleýärin. Onuň şerinden we şerli ýaradylan bolmagyndan saňa sygynýaryn». Eger bir düe satyn alsa-da, örküjine münüp, şu dogany okasyn».ÖÝLENENI GUTLAMAK41. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam öýlenen kişini şeýle gutlardy: «Allah saňa mübärek kylsyn, üstüňe bereket indersin, ikiňiziň araňyzy haýyr bilen birleşdirsin».Hasan Basry razyýallahu anh gürrüň berýär: Akil Ibni Ebu Talib razyýallahu anh Beni Juşemden bir aýala öýlenipdi. Ony «gatylyp-garylyň we ogullaryňyz bolsun» diýip, gutladylar. Emma ol Resulallah aleýhysalatu wessalamyň edişi ýaly doga ediň, ýagny: «Allah size öýlenmekligi mübärek etsin we size bereket bersin» diýiň-diýdi.NIKADA HAÝYRLY AÝAL42. Ebu Hureýre razyýallahu anhdan: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Aýallaryňyzyň haýyrlysy äri ýüzüne bakanda ony begendiren, emr eden wagty ytagat eden, äri bir ýere gidende malyny hem namysyny goraýanydyr».خير نسائكم من نظراذااليها زوجها سرته واذا امرها اطاعته واذا غاب عنها حفظته في نفسهاومالهGATNAŞYK WAGTYNDAKY DOGA43. Ibni Abbas razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Sizden biriňiz aýalyna ýanaşmak islese: «Allahyň ady bile şu işime başlaýaryn. Allahym, bizi şeýtandan uzak tut we şeýtany-da bize berjek nesibäňden uzak tut» diýse, soňra-da Allah-da bu ýakynlykdan olara bir öwlat nesip etse, şeýtan oňa ebedi zyýan bermez».JAHYLYÝET DÖWRÜNDÄKI NIKALAR44. Urwe rahmetullahu aleýh gürrüň berýär: Hezreti Aýşa razyýallahu anha maňa şeýle gürrüň berdi: «Jahylyýet döwründe nikanyň dört görnüşi meşhurdy. Olardan biri şu günki günümizde meşhur bolan nikadyr. Bir adam başga bir adamyň gyzyny almak isleýändigini aýdar we galyň töläp soň öýlener.Nikanyň başga bir görnüşi şeýledi. Ýagny erkek kişi aýaly haýyzdan arassalananda: «Bar, pylanynyň ýanyny git-de, ondan göwreli bolmagy talap et!» diýip ibererdi. Aýaly nätanyş erkekden göwrelidigi anyk mälim bolýança, äri onuň ýanyna golaýlaşmazdy. Aýalyň göwrelidigi anyk mälim bolandan soň, aýalyň özi islese, äri onuň bilen gatnaşyk edip bilýärdi. Nikanyň bu görnüşine baş goşmakdan maksat, asylly, batyr perzent edinmekdi. Ine, şu nika nikahul-istibza (ýakynlyk talap etmek nikasy) diýlerdi.Nikanyň beýleki bir görnüşi-de şeýledi. On kişidiýen az adam bir aýalyň ýanyna girip, hemmeside onuň bilen ýakynlyk ederdiler. Aýal şundan soň göwreli bolsa, çaga dograndan birnäçe gün soň şol bile bolan erkekleriniň ählisini çagyrardy. Erkekleriň hiç biri bu çakylykdan boýun towlamazdy. Aýal olara: «Bolan işleri ýadyňyza salyň, ine-de, men çaga dogurdym, eý, pylany çaga seňkidir» diýerdi. Ol aýal çagany islän erkegine berip bilýärdi. Hiç bir erkegiň muny ret etmäge haky ýokdy.Nikanyň dördünji görnüşi-de şeýledi. Köp sanly erkekler bir aýalyň ýanyna girerdiler. Bu aýallar zynahor bolandyklary üçin erkekleriň hemmesini kabul ederdiler. Şeýle aýallar gapylarynyň üstüne baýdaklar dikerdiler. Islän kişi bularyň ýanyna girip bilýärdi. Eger aýalyň göwresinde galyp, çagasy bolaýsa, synçylar çagyrylardy. Olar çagany kime degişli hasaplasalar, çaga şonuňky hasaplanardy. Ol erkek hem muny ret edip bilmezdi.Muhammet aleýhys salam hak bilen iberilenden soň, ol bu nikalary gadagan etdi, diňe ynsanlaryň arasyndaky şu günki meşhur nika rugsat berdi».EJELERINDEN SORAMAK45. Ibni Omar razyýallahu anhuma rowaýat edýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam: «Gyzlar hakynda aýallardan sorag-ideg ediň»-diýdi.PITNE WE BOZUKLYK46. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Dindarlygy hem häsiýeti gowy bolan biri sizden gyz talap etse, ony öýlendiriň. Eger şeýtmeseňiz ýer ýüzünde pitne we uly bozgakçylyk peýda bolar».ZYNA EDÝÄNLER47. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Zyna edip 100 taýak jeza alan zynakär diňe özi ýaly birine baryp biler».EBEDI HARAMLYK48. Ibni Abbas razyýallahu anhumadan nakyl edilişine görä, nesepde (nesilde) ýedi, guda garyndaşlykdan-da ýedi kişi haram edilendir-diýipdir we şu aýaty okapdyr. Manysy:«Size şu aýallary nikalamak haram kylyndy. Ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz doganlaryňyz, bibileriňiz (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganlaryňyzyň gyzlary, gyz doganlaryňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýtdeş doganlaryňyz, aýallaryňyzyň ejeleri, aralaryňyzda nika gyýlan aýallaryňyzyň yzyna düşüp gelen öweý gyzlaryňyz. Eger aralaryňyzda goşulyşmak bolmadyk bolsa, ejelerini nikaňyzdan aýyrmak şerti bilen, olaryň gyzlaryny nikalamakda size günä ýokdur. Öz ogullaryňyzyň aýallaryny, ýagny gelinleriňizi nikalamagyňyz we iki sany gyz dogany bir wagtyň özünde nikaňyzda saklamagyňyz size haram edildi…» («Nisa» süresi, 23-aýat)RAZA (SÜÝT EMME)49. Hezreti Aly razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam: «Eziz we Jelil bolan Allah nesepden (nesilden) haram edenini süýtden-de, ýagny emişmekden-de haram etdi» diýdi.Hezreti Aýşa gürrüň berýär: Ebul-Kuaýsyň dogany Eflah ýapynmagy emr eden aýat nazyl bolandan soň ýanyma girmäge rugsat sorady. Men:-Allaha kasam bolsun, Resulallah aleýhyssalaty wessalamdan rugsat bolmasa, girmäge rugsat berjek däl. Çünki onuň dogany Ebul Kuaýs meni emdiren kimse däldir. Meni Ebul Kuaýsyň aýaly emdirdi. Şol wagt ýanyma Resulallah aleýhyssalaty wessalam girdiler.-Eý, Allahyň Resuly, Ebul Kuaýsyň dogany ýanyma girmek üçin rugsat sorady. Men sizden soraman rugsat bermedim-diýenim-de, Resulallah aleýhysssalatu wessalam:-Sen näme sebäpden agaňa rugsat bermediň?-diýende, men:-Eý, Allahyň Resuly, meni emdiren erkek däl, meni onuň aýaly emdirdi-diýdim. Resulallah ýene:-Sen oňa ýanyňa girmäge rugsat ber, çünki ol seniň agaňdyr, Allah gowusyny etsin-diýdiler.Urwe sözüni şeýle dowam edýär: Hezreti Aýşa razyýallahu anha şunuň üçin, “nesep (nesil) sebäpli haram edenleriňizi emişenligiňiz sebäpli-de haram kylyň” diýerdi.AZY-DA, KÖPI-DE50. Katade gürrüň berýär: Ybrahym Nehaiden hat üsti bilen emme (raza) hakynda soradym. Ol maňa Şureýh bize hezreti Aly we ibni Mesud razyýallahu anhumanyň: «Emmäniň, ýagny emişmegiň azy-da, köpi-de haramlygy getirip biler»-diýenini ýazdy.GAHAR51. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam maňa:-Men seniň maňa gaharlanýan wagtlaryňy we razy halatlaryňy bilýärin-diýdi. Men:-Muny nädip bilýärsiňiz?-diýdim.-Menden razy bolan wagtyň maňa «Ýok, Muhammediň Rebbine kasam bolsun» diýýärsiň. Maňa gaharyň gelen-de bolsa, «Ýok, Ybraýymyň Rebbine kasam bolsun» diýýärsiň-diýdi. Men:-Dogry, eý, Allahyň Resuly, men diňe seniň adyňy terk ederdim-diýdim.ÜÇ TALAKDAN SOŇRA52. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Bir adam aýalyny üç gezek talak berip boşatdy. Ol aýala başga biri öýlendi. Ýöne bu adam hem ol aýala ýanaşmanka, talagyny berdi. Ol aýal öňki ärine dolanmak isledi. Bu meseläni Resulallah aleýhyssalatu wessalamdan soradylar: «Ýok. Ikinži äri aýalyň balyndan datmasa, ilkinji äri datmaz»-diýdi.ADALAT53. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Her kimiň iki aýaly bolup, olara adalatly bolmasa, Kyýamat güni ýarpy göwresi ýok halda geller». Başga bir rowaýatda: «Bir tarapy şel bolup geler» diýlipdir.KALPDAN BIR TARAPA MEÝIL54. Ibni Omar razyýallahu anh gürrüň berýär: Äriň aýalyň üstündäki haklarynyň käbirleri şulardyr: Äri ýakynlyk etmäge çagyran wagty düýäniň üstünde bolsa-da, çakylygyny kabul etmek. Rugsady bolmasa, öýünden hiç zat bermezlik. Eger rugsatsyz berse, günäsi aýalyna, sogaby ärine bolar. Äriniň rugsady bolmasa, nepil oraza tutmazlyk. Eger birugsat nepil oraza tutan bolsa, aç-suwsuzlygy öz ýanynda galar, orazasy kabul bolmaz. Äriniň rugsadyny alman, öýünden çykjak bolsa, tä öýüne gelýänçä ýa-da toba edýänçä perişdeler oňa nälet okarlar».RUGSAT SORADY55. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam ýarawsyzlygy güýçlenen wagtynda aýallaryny ýanyna çagyrdy-da, şeýle diýdi: «Meniň siziň ýanyňyza ýeke-eke aýlanyp çykmaga ýagdaýym ýok. Maňa Aýşanyň ýanynda galmaga rugsat berseňiz, galaýyn»-diýdiler. Aýallary-da rugsat berdiler.DÜŞÜNIŞME56. Hezreti Aýşa razyýallahu anha: «Eger bir aýal äriniň tersliginden ýa-da özünden ýüz öwürmesinden gorkýan bolsa, käbir pidakärlikler bilen ýaraşyp, aralaryny düzeltmeklerinde olar üçin hiç hili günä ýokdur. Ýaraşyk bolsa, has haýyrlydyr…» (“Nisa” süresi, 128-aýat) aýaty hakynda şeýle diýdi: «Bu aýat bir aýal hakynda inipdir: Ol aýal bir erkegiň nikasyndady. Emma äri oňa köňül bermän, ony boşadyp, başga bir aýala öýlenmek isleýär. Aýal oňa:-Maňa talagymy berme-de, isleseň başga birine öýlen. Sen maňa isleseň nafakamy ber, gije-de ýanyma gel. Eger islemeseň özüň bil. Men razy-diýdi. Aýatyň manysy şeýledir: Käbir zatlary pida edip, aralaryny düzeltmeklerinde olar üçin günä ýokdur. Ýaraşyk bolsa, haýyrlydyr».ŞERTLI ÖÝLENMEK57. Hezreti Omar razyýallahu anhu şeýle diýipdir: «Bir adam bir aýala ony öz ýurdundan daşary başga hiç bir ýere çykarmazlyk şerti bilen öýlense, tä ol aýalyň özi razy bolýança, ony başga bir ýurda çykaryp bilmez»BAŞGA AÝAL BILEN58. Ibni Mesud razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Bir aýal başga bir aýal bilen bir örtüniň aşagynda ýakyn bolmaly däldir. Aýal soň ony ärine gürrüň beräýse, äri ony gören ýaly bolar».BUKJA59. Ata ibni Ýesar rahmetullahi aleýh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam Hezreti Patma razyýallahu anha bukja hökmünde ýumşak örtünje, suw salar ýaly gap, içi izhir bile doldurylan düşek berdi.Hezreti Aly razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň gyzy Patma öýlenen gijäm biziň ýatan düşegimiz goýun derisinden başga zat däldi.ÝETIM ULALDAN ENE60. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Allahu Tagala menden öňürti Jennede girmegi ynsanlaryň ählisine haram edendir. Emma sag tarapymda meni ozup geçmäge synanyşýan bir aýal gördüm we «Menden öň geçjek bolýan aýal kimdir?» diýip soradym. Şeýle jogap berildi:-Eý, Muhammet, bu ýaş wagtynda äri ölen aýaldyr ki, ol görgi baryny görüp, çagalaryny ulaltdy, öz namys-aryny gorady. Ine, şu işlerine gaýtargy hökmünde Allahu Tagala oňa şeýle beýik derejäni berdi».IŇ HALANMAÝAN ZAT61. Muharrib ibni Disar Ibni Omar razyýallahu anhumadan nakyl edýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Allahyň halal edenleriniň arasynda iň söýmeýän zady aýrylyşmakdyr». Başga bir rowaýatda bolsa, «Allahyň iň söýmeýän halaly talakdyr»GADAGAN EDILEN62. Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Aýal bäş wagt namazyny kylyp, Remezanda orazasyny tutup, özüni ýatlardan gorap, ärine boýun egse, aýal Rebbiniň Jennetine girer».اذا صلت المرأة خمسها وصامت شهرها وحفظت فرجها واطاعت زوجها دخلت جنة ربهاOÝUN ETMEK ÝOK63. Ýene Ebu Hureýre razyýallahu anhu gürrüň berýär: Resulallah aleýhissalatu wessalam aýtdylar: «Üç zat bardyr ki, olaryň çyny-da çyndyr, oýny-da çyndyr: nika, talak we gul azat etmek»ŞEÝTANYŇ MEKIRLIGI64. Hezreti Jabir razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Aýal şeýtan suratynda geler, şeýtan suratynda-da gider. Siziň biriňiz ýat aýalda göwnüne ýaraýan ýagdaýy görse, ol derrew öz aýalynyň ýanyna barsyn. Çünki bu ýagdaý nebisde oýanany gidirer».GUDAÇYLYK ÜSTÜNE GUDAÇYLYK65. Ibni Omar razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam bir kişiniň musulman dogany bir gyzy isleýän wagtynda o gyza başga biriniň ee çykmagyny gadagan etdi: «Haçan-da ilki gyzy soran almakdan ýüz dönderen wagtynda ee çykyp bilmegi mümkindir».ÖÝÜŇI GÖRSÜN66. Hezreti Jabir razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Biriňiz bir aýala öýlenmekçi bolsaňyz, onuň özüni öýlenmäge çagyran ýerini görmäge mümkinçiligi bolsa, derrew görsün».ORTA ÝOL67. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Bil ki men hem uklaryn, hem namaz kylaryn, oraza-da tutaryn, aýallara-da öýlenerin. Eý, Osman, Allahdan gork. Çünki maşgalaň seniň üstüňde haky bar, myhmanyň hem seniň üstüňde haky bar, nebsiň-de seniň üstüňde haky bardyr. Eger şeýle bolsa, käte oraza tut, käte-de iý. Namaz hem oka. Ukyňy-da al».GALYŇYŇ IŇ KÖPI68. Ebul-Ajfa es-Sulemi gürrüň berýär: Bir gün Hezreti Omar razyýallahu anh Juma hutbasyny aýtdy we hutbasynda şeýle diýdi: «Aýallaryň galyňlaryny artdyrmaň. Çünki beýle etmek dünýä üçin bir mertebe, ahyret üçin-de takwalyk bolsady, onda oňa Resulallah has laýykdy. Aslynda Ol aýallardan ýa-da gyzlardan hiç birine on iki ukiýýeden artyk galyň kesgitlän däldir». (1 Ukiýýe 126 grama golaý kümüş).Bir gezek Hezreti Aýşa razyýallahu anhadan:-Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň aýallaryna berýän galyňy nämedi?-diýip soradylar. Ol şu jogaby berdi:-On iki ukiýýe we bir neşdi. Neşiň nämedigini bilýärmisiňiz? Ol ýarym ukiýýedir. Munuň jemi bäş ýüz dirhem bolýar. 1 dirhem 3,4 gram kümüş.Hezreti Enes razyýallahu anh gürrüň berýär: Abdyrahman ibnu Awf razyýallahu anh Medinä gelende, Resulallah aleýhyssalatu wessalam ony Sad Ibni Rebi el-Ensary bilen dogan etdi. El-Ensary baýdy we onuň iki aýaly bardy. Ol Abdyrahmana malyny hem maşgalasyny des-deň iki bölüşmegi teklip etdi. Abdyrahman:-Allah malyňy we maşgalaňy saňa mübärek kylsyn. «Maňa bazaryň ýoluny görkezseň ýeter» diýdi. Bilelikde bazara gitdiler. Abdyrahman o gün ýagsyz peýnir we ýag alyp satmakdan azrak gazanç etdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam onuň bilen gabatlaşanda, üsti-başyny bezenen ýagdaýda görüp:-Haýyrdyr, näme boldy, eý, Abdyrahman?-diýip sorady. Ol:-Ensardan bir aýala öýlendim-diýdi. Resulallah:-Ýagşy, aýala galyň hökmünde näme berdiň?-diýdi. Abdyrahman:-Bir newat (17 gram töweregi) altyn-diýdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Indi bir goýun bilen bolsa-da, zyýapat ber!-diýip, perman berdi.GYZ ÇAGA69. Ibni Abbas razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Her kimiň iki gyzy bolup, tä gyzlary ýanyndan aýrylýança olar bilen ýagşy gatnaşykda bolsa, gyzlary hökman ol adamy Jennete äkiderler».مامن احد يدرك ابنتين فيحسن اليهما ما صحبتاه الا ادخلته الجنةDEÝÝuS70. Ibni Omar razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Üç kişi bardyr. Kyýamat güni Allah olara nazar etmez: Ene-atasynyň hukugyna dykkat etmeýän kimse, erkekleşen (erkek eşigini geýip, erkeklere meňzejek bolýan) aýal we deýýus kimse». (Deýýus-aýalyny ýat erkeklerden gabanmaýan kimse)ÜÇ ZAT71. Ebu Berze el-Eslemi razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Siziň hakyňyzda iň gorkýan zadym, baýamak höwesi bilen aşgazanlaryňyzyň we ferjleriňiziň (jyns organlaryňyzyň) şehwetidir (islegidir). Birem pitneleriň başyňyzy aýlamagydyr».ZYNA WE IMAN72. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Aýalynyň erbet häsiýetine çydam eden erkege Allahu-Tagala çendenaşa derde sabyr eden Eýýup aleýhys salama beren sogaby ýaly sogap berer. Äriniň erbet häsiýetine çydam eden aýala-da, Firawunyň nikasyndaky Asiýa beren sogaby ýaly sogap hem dereje berer».من صبر علي سوء خلق امرأته اعطاه الله من الاجر مثل ما اعطي ايوب علي بلائه ومن صبرت علي سوء خلق زوجها اعطاها الله مثل ثواب آسية امرأة فرعونZYNA73. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Kişi zyna eden wagtynda imany ony terk edip, başynyň üstünde bulut ýaly asylyp durar. Zynadan soň iman yzyna dolanar».Ymam Mälik rahmetullahy aleýhe habar berlişine görä: Ummi Seleme razyýallahu anha Serwerimizden sorapdyr:-Eý, Allahyň Resuly, aramyzda salyhlar ýaşap ýörkä bizler heläk bolarysmy? Resulallah aleýhyssalatu wessalam şeýle jogap berýär:-Hawa, eger pislik, zyna artsa.ILKI OÝANDYRMAK74. Hezreti Enes razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki: «Sizden biriňiz aýalyna ýakynlyk etjek wagty haýwan ýaly bolmasyn, ilki ol işe sebäp bolar ýaly oýandyryjy sebäpler bolsun».-O sebäp nedir? eý, Resulallah-diýip soralanda, Resuly-Ekrem:-Öpmek we şehweti oýandyryjy sözlerdir-diýdi.لا يقعن احدكم علي امرأته كما تقع البهيمة وليكن بينهما رسول قيل وما الرسول يا رسول الله قال القبلة والكلامGYZMY ÝA ERKEKMI?75. Hezreti Sewban razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna ýahudilerden bir alym gelip:-Men senden bir pygamberiň ýa-da bir-iki kişiden artyk hiç kimsäniň bilmeýän zadyny soramak üçin geldim-diýdi. Resulalah aleýhyssalatu wessalam:-Aýdan ýagdaýyňda saňa şonuň peýdasy boljakmy?-diýende, ol kişi:-Gulaklarym bilen diňlärin-diýdi.-Sora-diýende, ol:-Senden çaga hakynda sorajak-diýdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Erkegiň suwy akdyr. Aýalyň suwy bolsa, sarydyr. Ikisi birleşip, erkegiň menisi (tohumy) aýalyňkydan artyk gelse, Allahyň emri bilen çaga oglan bolar. Eger aýalyň menisi erkegiňkiden artyk gelse, Allahyň emri bile çaga gyz bolar-diýdi. Ýahudi:-Allahdan ant içýän, dogry aýtdyň! Sen hakykatdanam hak pygambersiň-diýdi we gitdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Bu adam menden soramalysyny sorady. Emma men bulardan hiç bir zat bilmeýärdim. Şu pursatda Allah olary maňa bildirdi-diýdi.76. Beýhaky rowaýat edýär: Bir zaman geler. Şonda kişiniň heläk bolmagy aýalynyň, ene-atasynyň we çagalarynyň elinde bolar. Bular ony garyplykda aýyplarlar we güýjüniň ýetmejek zadyny ondan islärler. Ol şu sebäp bile howply işlere baş goşup, dini gider, özi-de heläk bolar.يأتي علي الناس زمان يكون هلاك الرجل علي يد زوجته وابويه وولده يعيبونه بالفقر ويكلفونه ما لا يطيق فيدخل المداخل التي يذهب فيها دينه فيهلك. بيهقي77. Hezreti Jerir razyýallahu anh gürrüň berýär: Men Resulallah aleýhyssalatu wessalamdan bigäne aýala bilmän seretmek hakynda soradym. Maňa: «Derrew ýüzüňi öwür»-diýdi.Hezreti Bureýde razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam nikaňda bolmaýan aýala seretmegi gadagan edýän aýatlar inende, gözümiz birden bilmezlikde seredäýse, näme ederis, diýen Hezreti Aly razyýallahu anha şeýle diýdi:-Ýä Ali, ennazaratul ula leke, wessani aleýk.«Eý, Aly, ilkinji bakyşyň öz haýryňa, ikinjisi zyýanyňadyr. (Ýagny yzly-yzyna seretme).يا علي النظرة الاولي لك والثاني عليكAÝALLAŞAN ERKEK Ýa-DA ERKEKLEŞEN AÝAL78. Ibni Abbas razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhysalatu wessalam erkeklerden aýallaşanlary (aýallara meňzeýänleri), aýallardan-da erkekleşenleri (erkeklere meňzeýänleri) näletledi-de:-Olary öýleriňizden çykaryň-diýdi.ÝOLDA ÝÖRÄNIŇDE79. Ebu Useýd razyýallahu anh gürrüň berýär: «Resulallah aleýhyssalatu wessalam mesjitden çykyp gelýärkä, ýolda aýal-erkekleriň garym-gatym bolup gelýänini gördi-de, aýallara:-Siz yzda galyň. Ýoluň ortasyndan gitmän, gyralaryndan gidiň!» diýdi. Şundan soň aýallar nirede bolsalar-da, diwara degjek şekilde gyradan ýörediler. Şeýle ýagdaýlarda käte aýallaryň eşikleriniň diwara ilişýän halatlary bolardy».DAŞARY ÇYKMAK80. Ibni Mesud razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar ki:-Aýal owratdyr. Daşary çykaýdygy şeýtan ony görer.YNSANLARYŇ ERBET PIKIR ETMEKLERINE SEBÄP BOLMA81. Hezreti Enes razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanynda aýallaryndan biri bardy. Şol wagtda ol ýerden bir adam geçip gitdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam ol adamy ýanyna çagyryp:-Bu meniň aýalymdyr-diýdi. Ol adam:-Eý, Allahyň Resuly! Men kime şübhelensemem, size şübhelenmen-diýende Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Şeýtan ynsanyň kalbyna ganyň girişi ýaly girer-diýdi.ÝEKE GALMAK82. Ibni Omar razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Hezreti Omar razyýallahu anh el-Jabiýede bize hytap edip, şeýle diýdi: «Eý, ynsanlar, men şu hutbany okap, edil Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň aramyzdan gidişi ýaly, siziň araňyzdan gidýärin. Şonda Ol aleýhyssalatu wessalam şeýle diýipdi:-Men size eshabymy, olaryň yzyndan gelenleri, soňra-da olaryň yzyndan geljekleri weset edýärin.Has soňra ýalan şeýle bir ýaýrajak welin, kişi özünden kasam talap edilmedik ýagdaýynda kasam içer. Şaýat bolunmagy islenmedik halatynda şaýatlyk eder.Nikasyz erkek bilen aýal bir ýerde galdymy, üçünjiniň hökman şeýtanlygyndan habaryňyz bolsun.Size jemagaty weset edýärin. Aýrylyşmakdan ägä boluň. Çünki Şeýtan ýeke galan bilen bile bolar. Iki kişiden bolsa uzaklaşar.Kim Jennetiň ortasyna düşmek islese, jemagatdan aýrylmasyn. Kim eden haýyr işi üçin begenip, ýaman işi üçin gynanýan bolsa, ol mömündir».200 ÝYLDAN SOŇ83. Ebu Ýala rowaýat edýär: Ikinji (Hijri) asyrdan soň, ynsanlaryň iň haýyrlysy derdi belasy az we çaga-çugasy bolmaýan kimsedir.خير الناس بعد المأتين الحفيف الحاذ الذي لا اهل له ولا ولد له، ابو يعلي خطابيÖRTÜNMEK84. Ummi Seleme razyýallahu anh gürrüň berýär: Men Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanyndadym. Ol ýerde Meýmune binti Haris razyýallahu anha hem bardy. Şol wagtda Ibni Ummi Mektum bize tarap ýetip gelýärdi. Bu waka örtünmek bilen emr edilenimizden soňra bolupdy. Ol ýanymyza gelip girende, Resulallah aleýhyssalatu wessalam bize:-Örtüniň!-diýip, emr etdi. Biz:-Eý, Allahyň Resuly, ol kör, biziň şu ýerde barlygymyzy bilmeýän kimse dälmi?-diýdik. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Eýse, sizem körmi? ÝA ony göreňizokmy?-diýdi.MÄHIR-MYLAKATLY BOLUŇ85. Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar:-Aýallara mähir-mylakatly boluň. Çünki aýal bir egri gapyrgadan ýaradylandyr. Egri gapyrganyň iň egri ýeri ýokarky bölegidir. Ony dogrulajak bolsaň döwersiň. Öz halyna galdyrsaň, egriligine galar. Şeýle bolsa aýallara mähir-mylakatly boluň.Amr ibnul-Ahwas razyýallahu anh gürrüň berýär:Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Aýallara mähir-mylakatly boluň. Çünki olar siziň ýanyňyzda ýesirler mysalydyrlar. Olar aç-açan erbetlik etmeseler, siziň olara mylakatly bolmakdan başga çäräňiz ýokdur. Eger ýakymsyz hereket etseler, düşekde ýeke goýuň we haýalrak uruň. Eger size boýun bolsa, öte geçip, bahana aramaň. Bilseňiz aýallaryň üstünde siziň hakyňyz bar. Siziň üstüňizde-de aýallaryňyzyň haklary bardyr. Olaryň üstündäki hakyňyz islemeýänleriňizden düşekleriňizi goramagydyr. Islemeýänleriňizi öýňüze salmazlygydyr. Bilseňiz aýallaryň siziň üstüňizdäki haklary olaryň iýjek-içjeklerinde dykkatly bolmagyňyzdyr».AÝALYŇ HAKLARY86. Hakim ibni Muawie kakasy Muawiýa razyýallahu anhdan gürrüň berýär:-Eý, Allahyň Resuly, biziň her birimiziň üstümizdäki aýallaryň haky nedir?-diýip soradym. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Öz iýeniňden iýdirip, geýeniňden geýdirmegiň, ýüzüne urmazlygyň, erbet görmezligiň, öýüň içinden başga ýerde ony terk etmezligiňdir-diýdi.JENNETE GIRER87. Ummi Seleme razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar:-Haýsy aýal äri özünden razy bolup ölse, ol Jennete gider.ايما امرأة ماتت وزوجها عنها راض دخلت الجنةPERIŞDELER GAZAP EDER88. Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar:-Nebsim gudratynda bolan Zaty-Züljelela (ýagny Allanyň ady bilen) kasam edýärin ki, bir erkek aýalyny düşegine çagyranda, aýaly gaçyp gelmese, tä äri ondan razy bolýança asmandaky perişdeler oňa gazap ederler.Başga bir rowaýatda: «Aýal öýkeläp, ärinden aýra düşekde ertire çyksa, perişdeler ony näletlär» diýipdir.HAÝYRLY AÝAL89. Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär:-Eý, Allahyň Resuly, haýsy aýal haýyrlydyr?-diýenimizde:-Allaryňyzyň haýyrlysy äri ýüzüne bakan wagtynda ony begendiren, emr eden wagtynda emrine boýun bolan, öýünden çykan wagtynda malyny hem namysyny goraýanydyr-diýip, jogap berdi.خير نسائكم من اذا نظر اليها زوجها سرته واذا امرها اطاعته واذا غاب عنها حفظته في نفسها وماله.ÄRINDEN ŞIKAÝAT WE ONUŇ NETIJESI90. Ebu Said razyýallahu anh gürrüň berýär: Saffan ibni Muattal razyýallahu anhyň aýaly ýanynda äri bar mahaly Resulallah aleýhyssylatu wessalamyň ýanyna gelip:-Eý, Allahyň Resuly, namaz kylan wagtymda ärim meni urýar, oraza tutsam, orazamy bozdurýar, tä Gün çykýança-da ertir namazyny kylmaýar-diýdi. Resulallah aleýhysslatu wessalam aýalynyň aýdýan gürrüňleri hakynda Sawfanyň özünden sorady. Sawfan:-Eý, Allahyň Resuly «Namaz okaýarkam urýar» diýmesi hakynda aýtsam, ol bir rekeatda uzyn iki süre okaýar. Men bolsa. şuny gadagan etdim-diýdi. Resulallah ol aýala:-Ynsanlara bir süräniň okalmasy ýeterlikdir-diýdi. Safwan sözüni dowam etdi:-«Oraza tutanymda bozdurýar» diýen gürrüňi hakynda aýtsam, aýalym orazaly. Men bolsa, ýaş. Sabyr edip bilemok. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Aýal äri rugsat bermese, nepil oraza tutmaz-diýdi.Safwan sözüni dowam edip:-«Tä gün dogýança. Ertir namazyny kylmaýar» diýen sözi hakynda aýtsam, biz gije işleýän maşgala. Muny hemmeler bilýär. Daňa golaý ýatýandygymyz sebäpli, Gün dogýança oýanmaýarys-diýip, ýagdaýyny gürrüň berdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Eý, Safwan, oýanyp namaz kyl!-diýdi.ÖÝ IŞLERINI ETMEGIŇ FAZYLETI WE HEZRETI PATMA91. Ebul-Werd ibni Sumame gürrüň berýär: Hezreti Aly razyýallahu anh Ibni Agýede:-Saňa özümden we Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň gyzy Patma razyýallahu anhadan gürrüň bereýinmi? Ol kakasyna maşgalasynyň içinde iň söýgüli bolanydy-diýdi.-Hawa, gürrüň beriň-diýdim. Ol gürrüň berdi:-Patma razyýallahu anhanyň degirmen üwemekden elleri ýara bolupdy. Deriden edilen gap bile suw daşap, boýunlary-da ýarady. Öýi süpürip, üsti-başy tor-tozandy. Şol wagtlarda Resulallaha ençeme hyzmatkärler getirilipdi. Men Patma:-Kakaň ýanyna git-de, bir hyzmatkär sora-diýdim. Ol gitdi-de, aleýhyssalatu wessalamyň ýanynda gürrüňleşip oturan adamlaryň bardygy üçin yzyna gaýtdy. Ertesi Resulallah Patmanyň ýanyna gelip:-Gyzym bir gerek zadyň barmydy?-diýip sorady. Patma dymyp, jogap bermedi. Men ara girip:-Men aýdaýyn, Allahyň Resuly-diýdim-de, gürrüň berdim: «Patmanyň degirmen ulanyp elleri ýara boldy. Suw daşap omuzlary agyrdy. Hyzmatkärleriň gelenini eşidip, men oňa sizden bir hyzmatkär soramasyny we şeýle etmek bilen biraz arkaýynlaşjagyny aýtdym» Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Eý, Patma, Allahdan gork. Allahyň parzlaryny ýerine ýetir. Öýüň işlerini et. Ýatmak üçin düşegiňe geçen wagtyň otuz üç gezek subhanallah, otuz üç gezek elhamdulilläh, otuz dört gezek Allahu ekber diý. Hemmesi ýüz bolar. Bu seniň üçin hyzmatçydan has haýyrlydyr-diýdi. Patma razyýallahu anha:-Allahdan we Allahyň Resulyndan razydyryn-diýdi. Resulallah oňa hyzmatçy bermedi.HORMAT92. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar:-Eger-de biriniň birine sežde etmesini emir etsedim, onda aýalyň ärine sežde etmesini emr ederdim. Eger bir erkek aýalyna bir gyrmyzy dagdan bir gara daga we gara dagdan gyrmyzy daga daş daşamagyny emr etsedi, has laýyk bolany aýalyň ol emri ýerine ýetirmegidir.Abdullah ibni Ebi Ewfa razyýallahu anh gürrüň berýär:Hezreti Muaz Şamdan gaýdyp gelende, Resulallah aleýhyssalatu wessalama sežde edipdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam geň galyp, şeýle diýdi:-Eý, Muaz! Bu näme?-diýdi. Ol hem düşündirdi:-Şama gidenimde olaryň baştutanlaryna we ruhanylaryna sežde edýändiklerini gördüm. Şol pursat kalbymda şu hereketi size etmek arzuwy döredi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Muny etmäň! Çünki men eger-de kimsäniň Allahdan başgasyna sežde etmegini emr etsedim, onda aýalyň ärine sežde etmesini emr ederdim. Muhammediň nebsi emrinde bolan Zaty-Züljelala kasam edýärin ki, bir aýal äriniň emrini ýerine ýetirmese, Rebbiniň hakyny-da ýerine ýetirmez. Aýal düýäniň üstünde bolsa-da, äri nebsini talap etse, aýal bu işe garşy çykyp bilmez.RESULALLANYŇ ÖÝÜNIŇ HALY93. Hezreti Aýşa razyýallahu anh gürrüň berýär: Pygamberimiziň öý halkynyň hüjreleriniň hiç birinde käte bir aý geçse-de, ot ýanmazdy.Ebu Seleme diýýär ki: «Men Aýşa razyýallahu anhadan soradym:-Şeýle ýagdaýda näme iýýärdiňiz? Ol şeýle jogap berdi:-Iki gara… Hurma we suw! Ýöne Ensardan goňşularymyz bardy. Olar sadakatly goňşulardy. Olar sagýan mallarynyň süýdünden Resulallah aleýhyssalatu wessalama ibererdiler. O-da bize içirerdi.Suleýman ibnu Surad razyýallahu anh gürrüň berýär: Bir gün Resulallah aleýhyssalatu wessalama gyzgyn nahar getirilipdi. Nahary iýip boldy-da:-Elhamdulilläh, şu, şu wagtdan bäri aşgazanyma gyzgyn nahar girmändi-diýdi.ÇAGA KIMDE94. Amr ibni Şuaýb kakasynyň sebäp bolmagy bilen atasyndan (razyýallahu anh) gürrüň berýär. Resulallah aleýhyssalatu wessalamyň ýanyna bir aýal gelip:-Meniň bu çaga üçin garnym höwürtge, göwsüm içimlik, gujagym gundak bolup duran halatynda kakasy meni boşatdy. Çagamy-da elimden almak isleýär-diýip, şikaýat etdi. Hezreti Pygamber aleýhyssalatu wessalam:-Sen başga birine barýançaň, çaga sen laýyksyň-diýen jogaby berdi.Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär:Hezreti Pygamber aleýhyssalatu wessalam bir oglan çaga ejesini ýa kakasyny saýlamagy emr etdi. Çaga ejesini saýlady we onuň elinden tutdy. Enesi-de çagasyny alyp gitdi.IŇ HAÝYRLY95. Hezreti Ebu Hureýre razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam aýtdylar: «Mömünleriň arasynda imany iň kämil bolany ahlagy gözel bolanydyr. Iň haýyrlyňyz-da maşgalasyna haýyrly bolanyňyzdyr».AÝALYŇY ÝEKE GOÝMA96. Ibni Abbas razyýallahu anhuma gürrüň berýär: «Resulallah aleýhyssalatu wessalam şeýle diýdiler:-Bir erkek ýanynda mähremi bolmasa, keseki aýal bilen galmasyn. Şol pursat bir adam ýerinden turup:-Eý, Allahyň Resuly, aýalym haç etmek üçin ýola çykdy. Men bolsa, söweşe ýazyldym-diýdi. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Eger şeýle bolsa, aýalyň yzyndan ýet-de bilelikde haç et-diýip, emr etdi.ŞEÝTANSYZ YNSAN BOLMAZ97. Hezreti Aýşa razyýallahu anha gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam bir gije ýanymdan çykyp gidipdi. Göwnüme meniň nobatymda beýleki aýallarynyň biriniň ýanyna gitdi diýen pikir geldi. Dolanyp gelip ýagdaýymy düşündi -de:-Ýogsa-da meni gabandyňmy?-diýdi. Men-de:-Hawa! Men ýaly birisi sen ýaly birini gabanmazmy?-diýdim. Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Saňa ýene şeýtanyň gelen bolmaly-diýdi. Men:-Meniň şeýtanym barmy?-diýdim.-Şeýtany bolmadyk kimse ýokdur-diýdi. Men:-Siz bile-de barmy?-diýdim.-Hawa. Ýöne onuň garşysyna Allah maňa ýardam etdi-de, musulman boldy-diýdi.EBU ZER HADISI98. Hezreti Aýşa razyýallahu anh gürrüň berýär: On bir sany aýal oturyp, ärleriniň ahwalyny habar bermekde we bu meselede hiç bir zady gizlemejekdiklerine söz berdiler:Birinjisi: Meniň ärim (dik) dagyň başyndaky hor düýäniň eti ýalydyr. Çykar ýaly aňsat däl, äkidiler ýaly semiz däl. (Ýagny ol aýal äriniň häsiýediniň erbetdigini, ulumsydygyny, maşgalasynyň ondan peýdalanmaýandygyny yşarat etdi).Ikinjisi: Men ärimiň habaryny paş edip bilmen. Sebäbi men ondan gorkýaryn. Eger aýdyp başlasam, uly-kiçi diýmän ähli zady aýtmaly bolaryn diýdi. (Bu aýal hem äriniň örän erbetdigini aýtmak isledi).Üçünjisi: Meniň ärim uzyn boýludyr. Geplesem, talagymy alaryn. Geplemesem asylyp goýlaryn diýdi. (Bu aýal-da äriniň akylynyň kemligini aýtmak isledi).Dördünjisi: Meniň ärim arassa-asuda gije ýalydyr. Ne yssy, ne-de sowukdyr. Ondan ne gorkular, ne-de bizar bolunar.Bäşinjisi: Meniň ärim içeri girse, bars, daşary çyksa, arslan kibidir. Öý işlerinden menden hasap soramaz diýdi.Altynjysy: Ärim iýende köp iýer, içende sümürer. Ýatanda saranar. Meniň halymy bilmek üçin köýnegime elini sokmaz.Ýedinjisi: Ärim tohumsyzdyr. Hemme dert onuňkydyr. Kellämi ýarar, bedenimi ýaralar. Hemme zady toplap, eline ilenini aýlap salar, diýdi.Sekizinjisi: Onuň bedenini ellemek towşanyň bedenini ellän ýaly ýumşakdyr. Gowy ysly ösümlik ýaly hoş ysy bardyr diýdi.Dokuzynjysy: Ärimiň diregi belentdir (öýi rahatdyr), gylyjynyň gyny uzyndyr. (uzyn murtlydyr). Ojagynyň küli köpdür, myhmansöýer adamdyr diýdi.Onunjysy: Ärim baýdyr. Özi-de nähili baý. Her haýryň eýesidir. Onuň köp düýesi bardyr. Düýeleriň çökjek ýerleri kän, ýaýlaklary azdyr. Çalgy sesini (zyýapat) eşitdikleri soýuljaklaryny bilerler.On birinjisi: Ärim Ebu Zerdir. Emma nähili Ebu Zerdir! Gürrüň bereýin: Gulaklarymy zynatlar bile doldurdy. Bileklerimi ýognatdy. Meni hoşal kyldy, özümi bagtyýar hem belent hasapladym. Ol meni Şykk diýen bir dagyň kenarynda bir bölek geçi bilen güzeranyny aýlaýan maşgalanyň gyzy wagtymda tapdy. Meni atlary kişňeýän, düýeleri bögürýän, ekinleri sürlüp, däneleri harman edilen bol-elinlikde we bagtyýar ýaşaýan jemgyýete getirdi. Onuň ýanynda meniň sözüm geçýärdi. Hiç azar çekmeýärdim. Agşamdan daňa çenli ýatardym. Doýa-doýa süýt içerdim. Ebu Zeriň ejesi-de bar. Ummi Ebu Zer. Emma o nähili ejedir! Onuň ammarlary uly, çuwallary äpet, öýi giňdir. Ebu Zeriň ogly-da bar. Ol örän edepli ýigitdir. Onuň ýatan ýeri gylyç çekilen gyn ýalydyr. Ony dört aýlyk guzynyň bir budy doýrar. ( az iýer). Ebu Zeriň başga-da örän edepli gyzy bar. Ol kakasyna, ejesine ytagatkärdir. Bedeni köýnegini dolduryp durandyr. Ol owadan endamy bile deň-duşlaryny we gündeşlerini aňk eder.Ebu Zeriň bir hyzmatkär kenizegi-de bardyr. O nähili sadakatly, nähili gowy kenizekdir. Maşgaladaky syrymyzy hiç kime aýtmaz, öýmüziň azygyny asla isrip etmez. Öýde hapa-hupa goýmaz. Juda namyslydyr, öe kir ýokdurmaz.Bir gün Ebu Zer öýden çykdy. Çar-töwerekde ýag çykarylmak üçin goýlan tulumlar çaýkanyp durdy. Ol ýolda gidip barýaka, bir aýala gabat geldi. Onuň ýanynda bars ýaly hars urýan iki çagasy bardy. Çagalar gujagynda onuň emmelerini oýnaýardylar. Ärim bu aýaly söýdi gerek. Meni goýdy-da, oňa öýlendi. Ondan soňra men hem mertebeli bir adama durmuşa çykdym. Ol owadan ata münerdi. Hat-da myzragyny alyp, düe, sygyr we başga-da şolar ýaly haýwanlaryň ençemesini sürüp getirerdi. Getiren haýwanlarynyň her görnüşinden maňa bir jübüt bererdi we maňa:-Eý, Ummi Zer! Iý, iç garyndaşlaryňa haýyr-yhsan et-diýerdi. Ummi Zer: «Muňa seretmezden, ikinji ärimiň maňa berenleriniň hemmesini bir ýere jemlesem, olar Ebu Zeriň iň kiçijik gabyny-da doldurmaz» diýdi.Bu hadysy rowaýat eden Hezreti Aýşa razyýallahu anha diýýär ki: Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Eý, Aýşa, men saňa Ebu Zeriň Ummi Zere nisbeti (baglanyşygy) kibidirin. Şu parh sebäpli ki, men seni boşatmadym. Biz bile ýaşajakdyrys.KINE ETME99. Hezreti Žabir razyýallahu anh gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wassalam aýtdylar:-Bir mömün erkek bir mömün aýala kine etmesin. Çünki ol onuň bu häsiýetini halamasa-da başga bir häsiýetini halar.NOGSANLYK100. Ibni Omar razyýallahu anhuma gürrüň berýär: Resulallah aleýhyssalatu wessalam:-Eý, aýallar jemagaty! Men akyl eýelerinden akyly hem dini siziňki ýaly nogsanly bolan kimsäni hiç görmändim-diýipdi. Aýallaryň içinden dogumlyraklarynyň biri:-Biziň akylymyzyň we dinimiziň nogsanlygy nedir?-diýip sorady.-Akylyňyzyň nogsanlygy iki aýalyň şaýatlygynyň bir erkegiň şaýatlygyna deň bolmasydyr. Dindäki nogsanlygyňyz aýbaşyňyz (görüm görmekligiňiz) sebäpli Remezanda iýip-içmegiňiz we şol günlerde namaz kylmazlygyňyzdyr-diýen jogaby berdi.
SADAKA RESULALLAH (ALLANYŇ PYGAMBERI DOGRY AÝTDY).KITABYŇ SOŇY
SADAKA RESULALLAH (ALLANYŇ PYGAMBERI DOGRY AÝTDY).KITABYŇ SOŇY
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.