Wenera planetasy
Wenera Gün Äleminde Güne uzaklykdan seredilende ikinji ýerde, gyzgynlygy boýunça-da birinji ýerdäki planetadyr. Gyzgyn bolmagynyň sebäbi atmosferasynyň Gün ýylylygyny daşyna çykarmaýandygy üçindir.
Rowaýatlarda aýdylmagyna görä gadym döwürlerde onuň üstünde janly-jandarlar ýaşaýar eken. Dürli halklaryň Wenera ýyldyzyny dürli görnüşde atlandyrypdyrlar: Zöhre, Çolpan ýa-da Çopan ýyldyzy diýlipdir. Bu planeta adyny Gadymy Rim Zenan Taňrysy Wenüsden (Gadymy Gresiýada bolsa Afrodita) alypdyr.
Zöhre ýyldyzy Türkmenleriň arasynda Daň ýyldyzy, Ömrüzaýa ýyldyzy diýlip atlandyrylýandyr. Ol Gün Äleminiň ikinji planetasydyr. Ol ululygy we gurluşy boýunça Ýere meňzeş, Günden we Aýdan soň asman gümmezinde görünýän iň ýagty asman jismidir. Onuň diametri 12103 km, radiusy 3000 km-e ýetýän, demirden we nikelden ybarat ýadrosy, galyňlygy 3000 km-e ýetýän ikinji gaty we galyňlygy 50 km-e ýetýän 3-nji gaty bar diýlip hasap edilýär. Onuň orbitadaky orta tizligi 35,03 km/s (Ýeriňki ㅡ 29,8 km/s). Ol Günüň töwereginden 224,7 günde bir aýlanýar. Aýlanýan oky hereket edýän tizligine diňe 2 gradus gyşyk. Güne 107,4 mln. km golaýlaşyp, ondan afelide 109 mln km uzaklašýar, amatly pursatda Ýere 38 mln. km golaýlaşýar. Öz okunyň töwereginden Ýerden ters ugra aýlanyp 243,01 gije-gündizde bir aýlaw edýär. Wenerada gije-gündiziň dowamy biziň 117 günümize deňdir. Onuň üstünde howanyň basyşy 100 atmosfera golaýdyr. Planetanyň temperaturasy 750 K, howasynyň 96%-i kömürturşy gazy, 3,5%-i bolsa azot. Şonuň üçin onuň üstüniň suduruny Ýerden hiç haçan göz bilen görüp bolanok. Weneranyň howasy troposfera we termosfera bölünýär diýlip hasap edilýär. Onuň howasynyň massasy 4,9 · 10 24 kg. Wenera 2136-njy ýylda Günüň öňünden geçer. Bu hadysa örän seýrek duş gelýär. Bu ýagdaý 1882-nji ýylda, 2004-nji ýylda we 2013-nji ýyllarda bolup geçdi. 2136-njy ýylda oňa zerkalny aýna bilen ýa-da teleskop bilen seretse bolar. Ol hadysanyň iň täsin zadynyň biri hem Zöhre ýydyzynyň Güne golaýlaşan halatynda daş - töwereginiň birden lowurdap şöhle saçmagydyr[1].
Ol Günüň daşyndaky bir aýlawyny 224.7 Ýer şarynyň gün hasabynda tamamlaýar[2]. Ululygy boýunça Ýer şary bilen meňzeş bolany üçin Ýeriň ekiz taýy ýalydyr. Gün Äleminde ýerleşişi boýunça Güne ýakyn bolany üçin Gün dogmazdan öň ýa-da Gün batanyndan soň Ýerde synlanyňda görünip biler. Şol sebäpden Wenera Agşam Ýyldyzy ýa-da Daň Ýyldyzy diýlip atlandyrylypdyr.
1. Wenerany öwrenmegiň taryhyndan:
Wenera Aý, Gün, Merkuriý, Mars, Ýupiter we Saturn bilen birlikde belli bolan 7 planetalaryň biridir. Şol sebäpden antik astronomiýa ylmynda birnäçe dilde ýedi hepdäniň bir günine onuň ady berlipdir. Biziň günlerimize gelip ýeten maglumatlara görä b.e.öňki VII asyra degişli bolan Ammisaduka tablissasynda Wawilonlylaryň b.e.öňki 1700 ㅡ b.e.öňki 1400-nji ýyllar aralygynda geçiren Wenera gözegçilikleri hakynda aýdylypdyr.
Gadymy Mesopotamiýada Orta Amerikada we Uzak Gündogar medeniýetlerinde Wenerany öwrenmekde uly üns beripdirler. Gadymy Gresiýada Dañ atanda görünen wagty ''Phosphorus'', Agşam görünen wagty bolsa ''Hesperus'' diýip iki sany at bilen tanapdyrlar. Pifagoryň esaslandyrmagynda bu iki ýyldyzyň aslynda bir ýyldyzdygy belli bolupdyr. Merkuriý bilen Weneranyň Günüň daşynda aýlanýandygyny öňe süren Geraklitdir. 1610-njy ýylda Italýan astronomy Galileo Galileý ýönekeýje teleskopda Weneranyň bulutlardan ybaratdygyny görüpdir. 1761-nji ýylda Rus astronomy Mihaýil Wasilýewiç Lomonosow Weneranyň Güniň öňündäki hereketinde planetanyň gyrasynyň çyzyklarynyň bulaşyp durandygyny görüp, onda atmosferanyň bardygyny öňe sürdi.
1793-nji ýylda German astronomy Ýohan Şçroter (Johann Schröter) soňra öz ady bilen belli boljak Wenera atmosferasynda ''Pas aýlanma'' bolup geçýändigini açmak isleýärdi. Bu bolýan hadysa Gün şöhleleri bilen ýagtylanýan galyň we ýogyn atmosferanyň Weneradan görünen gyrasyndaky çyzyklaryny synlap üýtgäp öwrüm edýändigini esaslandyrýar. 1932-nji ýylda Amerikaly gözegçi W.S. Adams we T. Dunham ultramelewşe ölçegi bilen Weneranyň atmosferasynyň düzüminde karbon dioksidiniň bardygyny öwrenýärler. Gözegçilik edýän ýyllarynda Rupert Wildt ölçeg wersiýalarynyň kömegi bilen planetanyň atmosferasynda himiki elementleriň bardygy bilen bilelikde planetanyň gyzgynlygy hakynda çaklamalary orta goýdy. 1956-njy ýylda Robert Riçardson planetanyň öz töwereginde aýlanyşy ugrunyň tersdigini öwrendi. 1960-njy ýyllarda Massakusetts Tehnologika Institundaky (MIT) we Kaliforniýa Tehnolokiga Institutynyň alymlary Weneranyň öz töwereginde aýlanyş ugrunyň wagtyny ölçäp gördüler.
2. Wenerany öwrenmek üçin ugradylan älem hemralary:
Sputnik 7 (SSSR): 1961-nji ýylyň 4-nji Fewralynda uçuruldy. Başa barmady. Ýeriň töwereginden aýrylmady.
Wenera 1 (Venera 1) (SSSR): 12 Fewral 1961-nji ýylyň 12-nji Fewralynda uçuruldy. Başa barmady (Wenera barmaka näbelli sebäplere görä aragatnašygy kesdi. Şu wagt Günüň daşyndadyr).
Mariner 1 (ABŞ): 1962-nji ýylyň 22-nji Iýulynda uçuruldy. Başa barmady (Uçurulandan soňra dolandyrylmakdan çykyp näsazlyga uçrady).
Sputnik 19 (1962AlphaPi1) (SSSR) 1962-nji ýylyň 25-nji Awgustynda uçuruldy. Başa barmady (Uçurulanyndan 3 gün geçen soň Ýeriň atmosferasyna girip böleklere bölündi).
Mariner 2 (ABŞ): 1962-nji ýylyň 27-nji Awgustynda uçuruldy. Ilkinji gezek Wenera šowly uçuşyny amala aşyrdy. 201 kg agramy bar. 1962-nji ýylyň 12-nji dekabrynda planetanyň 35.000 km ýakynyndan uçup geçdi. 42 minutlyk uçušynda ylmy gözlegleri geçirip Wenera hakyndaky maglumatlary baýlaşdyrdy. Weneranyň üstüniň 425 °
C'den gyzgyndygyny bulut depelerinde bolsa gyzgynlygyň pese gaçýandygyny açdy. Planetanyň magnit meýdanynyň tapylgysyzdygyny öwrendi. Aýratynam Wenera tarap uçurulanda ilkinji gezek Günüň howasyny derňedi. Günüň partlamalaryny, gaýnaýan otlaryň uly derejeli energiýa tolkunlaryny, planeta ara tozan mukdarynyň gaty azdygyny öwrendi. Häzir bolsa Günüň daşynda aýlanýär. Sputnik 20 1962 AlphaTau) (SSSR) 1963-nji ýylyň 1-nji Sentýabrynda uçuruldy. Başa barmady (Ýeriň töwereginde aýlanyp 5 gün geçen soň Ýeriň atmosferasyna girip böleklere bölünip pytrady).
Sputnik 21 (1962 Api) (SSSR) 1962-nji ýylyň 12-nji Sentýabrynda uçuruldy. Başa barmady (Ýeriň töweregindekä döwülip pytrady).
Kosmos 21 (SSSR) 1963-nji ýylyň 11-nji noýabrynda uçuruldy. Başa barmady (3 günden soň Ýeriň atmosferasyna girip pytrady).
Kosmos 27 (SSSR) 1964-nji ýylyň 27-nji martynda uçuruldy. Başa barmady.
Zond 1 (SSSR) 1964-nji ýylda uçuruldy. Başa barmady(Wenera ýetip-ýetmänkä radio sistemasynda näsazlyk ýüze çykdy). Şu wagt Günüň daşyndan aýlanýar.
Wenera 2 (SSSR) 1965-nji ýylyň 12-nji Noýabrynda uçuruldy. Başa barmady (Wenera uçup barýarka aragatnaşyk kesilip näsazlyga uçrady. Şu wagt älem giňişliginde öz ugruna hereket edip gezýär.
Wenera 3 (SSSR) 1965-nji ýylyň 16-njy Fewralynda uçuruldy. Başa barmady (Weneranyň atmosferasyna girip gelýärkä aragatnaşyk kesildi. Weneranyň üstüne gaçyp pytrady.
Kosmos 96(SSSR) 1965-nji ýylyň 23 Noýabrynda uçuruldy. Başa barmady (Ýerden uçurulan wagty ýangyç dartgynlygy ýakylan wagty partlama ýüze çykdy. 16 günden soň Ýer atmosferasyna girip böleklere bölündi).
Wenera 4 (SSSR) 1967-nji ýylyň 12-nji Iýunynda uçuruldy. Wenera atmosferasyndan maglumat ugradan ilkinji Älem hemrasy. 1106 kg agyrlykda. 1967-nji ýylyň 18-nji Oktýabrynda Weneranyň atmosferasyna girdi. Paraşut sistemasy bilen ýuwaşlan wagty 2 termometr, 1 barometr, bir radio altimetr, bir atmosfera galyňlygy ölçeýän guraly, 11 gaz analiz guralyny düşmek üçin goýberdi we bu abzallardan gelen maglumat ýer ýüzüne gelip gowuşdy. Emeli hemranyň özi bolsa 25 km beýiklikde atmosferanyň öte gyzgynlygy we basyşyna döz gelip bilmändigi üçin şowsuzlyga uçrady. Atmosferasynyň fiziki maglumatlaryny hem Ýere ugratdy. Şeýlelikde ilkinji planetalar arasyndaky öwrenilmek üçin ugradylan bu iki hemralar (sputnikler) gerekli maglumatlary toplamagy başardylar.
Mariner 5 (ABŞ): 1967-nji ýylyň 14-nji Iýunynda uçuruldy. 1967-nji ýylyň 19-njy Oktýabrynda Weneranyň 4000 km ýakynlygyndan geçdi. Planetalar aralygynda we Wenera ýakynlarynda maglumat toplady.
Kosmos 167 (SSSR) 1967-nji ýylda uçuruldy. Başa barmady (Wenera 4-e meňzeş şekilde taýýarlanan bu hemra
Weneranyň üstüne gondurmak üçin planlanan eken. Emma Ýeriň daşyndan aýrylman 8 günden soň Ýeriň atmosferasyna girip böleklere bölündi.
Wenera 5 (SSSR) 1969-njy ýylyň 5-nji Ýanwarynda uçuruldy. 1969-njy ýylyň 16-njy maýynda Weneranyň atmosferasyna girdi. Wenera 4-e meňzeş edilip gurnalan 405 kg agyrlykdaky bu hemra enjamy paraşut sistemasy bilen ýuwşlap 53 minut içinde atmosfera hakynda gymmatly maglumatlary toplap ugratdy. Planetanyň üstüne gonman atmosferanyñ aşa beýik gyzgynlygy we basyşyna döz gelip bilmän aragatnaşygyny kesdi. Atmosferanyň içi bilen 38 km beýiklikde bolan fiziki maglumatlary ugratdy.
Wenera 6 (SSSR) 1969-njy ýylyň 10-njy Ýanwarynda uçuruldy. 1969-njy ýylyň 17-nji Maýynda Weneranyň atmosferasyna girdi. Bu hem Wenera 4-e meňzeş edip gurnalyp 405 kg agyrlykdaky bolup paraşut sistemasy bilen ýuwaşlap 51 minutlap atmosfera hakynda maglumatlary Ýere ugratdy
Planetanyň üstüne gonmazdan atmoseranyň gyzgynlygyna döz gelip bilmän aragatnaşygyny kesdi.
Atmosferadan inip 36 km beýiklikde bolan ýerlere degişli fiziki maglumatlary ugratdy.
Wenera 7 (SSSR) 1970-nji ýylyň 17-nji Awgustynda uçuruldy. 1970-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Weneranyň atmosferasyna girdi. 495 kg agyrlykdaky bu hemra wenera injek bolup paraşut säwligine sezewar bolup 60 minut wagtlyk iniş bilen, 35 minut içinde gonup Weneranyň üstüne gondy we bu ýerde 23 minutlap durup Ýere signallar ugratdy. Planetanyň üstünde atmosfera gyzgynlygynyň 475 °C basyşyň 90 atmosfera basyşyna deňdigini açdy. Şeýlelikde ol birinji bolup başga planetanyň üstüne gonup radio tolkunlaryny ýere iberen ilkinji älem hemrasy boldy.
Kosmos 359 (SSSR) 1970-nji ýylda uçuruldy. Başa barmady (Ýeriň daşyndan aýrylmady).
Wenera 8 (SSSR) 1972-nji ýylyň 27-nji martynda uçuruldy. 1972-nji ýylyň 22-nji Iýulynda Weneranyň atmosferasyna girdi. Paraşudyň kömegi bilen inip gelýärkä atmosfera degişli maglumat toplady. Üýtgäp durýan ýeliň tizligini ölçedi. Gaty ýelli atmosferada daýanmak üçin daşky sowatma sistemasyndan peýdalandy we ýüzüne inişden soň 50 minutlap maglumat ugratdy. Planetanyň üstünde fotosuratlary alyp ugratdy.
Kosmos 482 (SSSR) 1972-nji ýylda uçuruldy. Başa barmady.
Mariner 10 (ABŞ) 1973-nji ýylyň 3-nji noýabrynda uçuruldy. 1974-nji ýylyň 5-nji Fewralynda Merkura barmak üçin Weneranyñ ýakynyndan geçdi. Planetanyň 5800 km gapdalyndan geçeninde köp sanly fotograflary surata düşürdi. Weneranyň magnit meýdanyny tapmady we iýonosfera bilen Gün howasynyň täsiriniň bardygyny öwrendi. Wenera atmosferasynda gidrogeniň bardygyny we Izotop dargamagyndan peýdalanyp gidrogeniň Günüň gaýnagyndan düzülendigini subut etdi. Weneranyň bulutlarynyň iň galyň belentligini hasaplady. Mariner 10 Merkuriý planetasyna baryp aýlanan ilkinji we ýeketäk älem gämisidir. Ol iki planetany öwrenmekde köp işleri bitiren emeli hemradyr. Häzir Günüň daşynda aýlanýar.
Wenera 9 (SSSR) 1975-nji ýylyň 8-nji Iýunynda ugradyldy. Bir taşlaýyş we birem iniş enjamyndan ybarat bolan bu emeli hemra 1975-nji ýylyň 20-nji Oktýabrynda iki enjam biri birinden aýryldy. 22-nji Oktýabrda Weneranyň töwereginde 48 sagatlap aýlanmaga başlan wagty 2015 kg agyrlykdaky iniş enjamy hem sürtülme we üç sany paraşut sistemasy bilen planetanyň üstüne inmäge başlady. Gaty atmosferasynda saklanyp 60-30 kilometrlik düzlükleriniň arasynda bulutlaryň bardygyny öwrendi. Üstüne ineninden soň 53 minutlap maglumat ugratdy. Telewizýon kamerasynyň kömegi bilen Weneranyň üstüniň ilkinji fotograflaryny ýer ýüzüne ugratdy.
Suratlarda daglary we düzlükleri surata aldy. Wenera 9 şu wagt Weneranyň daşynda gezýändir.
Wenera 10 (SSSR) 1975-nji ýylyň 14-nji Iýunynda uçuruldy. Wenera 9-a meňzeş bu emeli hemra 1975-nji ýylyň 23 oktýabrynda iki enjam biri-birinden aýryldy. 25 -nji Oktýabrda emeli hemra Weneranyň daşynda 49,5 sagatlap uçdy. 2015 kilogram agyrlykdaky enjam üç sany paraşudy bilen gonmaga başlady. 2300 kg agyrlykdaky tirkegi bilen Weneranyň üstüne gondy we 65 minutlap maglumat ugratdy. Telewizýon kamerasynyň kömegi bilen Weneranyň üstüniň fotograflaryny Ýer ýüzüne iberdi.
Pioner Wenus 1 (Pioner 12) (ABŠ): 1978-nji ýylyň 20-nji Maýynda uçuruldy. 1978-nji ýylyň 4-nji dekabrynda ekliptika häsiýetde oturdulan 517 kg agyrlykdaky emeli hemra 300 W güýç saklaýan Gün panelleri bilen gurnalypdyr. Ol Weneranyň birnäçe ýerleriniň kartasyny çyzdy. 1992-nji ýylyň Awgustyna çenli gözlegleri dowam etdirip ýangyjy gutaransoň Weneranyň atmosferasyna gaçyp ýok boldy.
Pioner Wenus 2 (Pioneer 13) (ABŞ) 1978-nji ýylyň Awgustynda uçuruldy. Bir tirkegli 3 sany kiçi atmosfera basyšyndan ybaratdy. Uly hemra Wenera barmazdan 25 gün öň, kiçi tirkeg hemralary bolsa 20 gün öň aýryldy. 1978-nji ýylyň 9-njy dekabrynda planetanyň amatly ýerlerinde atmosfera girdiler. Enjam hemralaryň biri planetanyň garaňky tarapyna, ikinjisi gündiz tarapyna, üçünjisi bolsa demirgazyk tarapyna düšdiler we atmosferanyň ýaýrawynda bulut gatlaryny öwrenmek üçin maglumat topladylar.
Atmosfera iň soňky giren tirkeg bolsa atmosferanyň daşky gatlagynda derňew geçirdi.
Wenera 11 (SSSR): 1978-nji ýylyň 9-njy Sentýabrynda uçuruldy. Biri uçýan we biri gonýan tehnologik enjamlaryndan ybarat. Iki enjam Wenera barmazdan iki gün öň aýryldylar. 1978-nji ýylyň 25-nji dekabrynda gonuş enjamy atmosfera girdi we bir paraşudyň kömegi bilen planetanyň üstüne pessaý gondy. Planetanyň 34. 000 km ýakynyndan geçen uçujy enjam bolsa daşyndan uçup maglumat toplady.
Pessaý inen hemra Weneranyň aşaky atmosferasynda Karbon monoksit bardygyny we Ýyldyrymyň çakýandygyny Ýere habar berdi.
Wenera 12 (SSSR) 1978-nji ýylyň 14-nji Sentýabrynda uçuruldy. Wenera11-iň ekiz taýy ýaly taýýarlanan bu emeli hemra hem biri uçujy we biri gonujy hökmünde gurnalan eken.
Iki sputnik Wenera barmazdan iki gün öň aýryldylar. Gonujy enjam Wenera 11-den dört gün öň 1978-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Weneranyň atmosferasyna girdi we bir paraşut bilen planetanyň üstüne pessaý indi.
Şol wagt planetanyň 34.000 km ýakynyndan uçup geçen uçujy hemra gonujy hemra gonýarka we üstünden Ýere ugratjak 110 minut wagtlyk maglumatlary toplady. Uçuş enjamy aslynda planetalaryň arasynda we Gün aýtymy hakda maglumat toplamak boýunça taýýarlanan eken. Gonujy enjam Wenera 11-yň toplan maglumatlaryny toplady. Uçujy hemra 1980-nji ýylda Bradfield guýrukly ýyldyzy bilen baglanyşykly ölçegleri derňewleri geçirdi. Ol şu wagtlar Günüň töwereginde hereket edýär.
Wenera 13 (SSSR) 1981-nji ýylyň 30-njy Oktýabrynda uçuruldy. Ol hem bir uçujy we gonujy hemralardan ybarat görnüşde gurnalypdyr. Uçujy hemra planeta-ara maglumatlary toplamak üçin uçurylan eken. Iki hemra Wenera barmazdan öň aýryldylar we 1982-nji ýylyň 1-njy martynda gonujy hemra Weneranyň atmosferasyna girdi we bir paraşudyň kömegi bilen üstüne pessaý gonuşy amala aşyrdy. Uçýan hemra bolsa Weneranyň töwereginden uçup Ýere maglumatlary iberdi. Bu maglumatlaryň arasynda Weneranyň şar ýüzüniň başda reňkli görnüşlerini ugratdy. Hemra hereketli gollarynyň kömegi bilen üstünden alan topragyny saklady. Topragyň düzümini derňemek üçin bir gol sismometrden we atmosferany anyklamak üçin gurnalan gurallaryndan peýdalandy. Planetanyň üstünden Ýere ses aragatnaşygy ugradan ilkinji emeli hemra boldy. Planetanyň üstüniň gyzgyn we howurly ýelleri zerarly 127 minutlap saklanyp bildi.Hemra şu wagt Günüň daşyndadyr.
Wenera 14 (SSSR) 1981-nji ýylyň 4-nji Noýabrynda uçuruldy. Wenera 13-e meňzeş 1982-nji ýylyň 5-nji Martynda Weneranyň üstüne gonup Wenera 13-iň toplan maglumatlarynyň dogrudygyna göz ýetirdi. 57 minutlap maglumat ugradyp durdy. Uçujy enjamy şu wagt Gün ulgamynda aýlanýar.
Wenera 15 (SSSR) 1983-nji ýylda uçuruldy. 1983-nji ýylyň 10-njy Oktýabrynda Weneranyň töwereginde amatly uçuşy geçirdi. Ekiz hemrasy ''Wenera-16'' bilen bilelikde Weneranyň üstüniň radar kartasyny çykarmaga başladylar. Sekiz aýlap bu iki emeli hemra planetanyň Demirgazygynyň 30 derejede galan kesiminiň aýratynlykda kartasyny çyzdylar.
Wenera 16 (SSSR) 1983-nji ýylyň 7-nji Iýunynda uçuruldy. ''Wenera-15'' bilen birlikde işledi. 1983-nji ýylyň 11-nji Oktýabrynda Weneranyň dašynda ''Wenera-15 bilen Weneranyň üstüniň radar kartasyny çykardylar. Wenera programmasynyň soňky uçuşyny tamamlady.
Wega-1 (SSSR) 1984-nji ýylyň 15-nji dekabrynda uçuruldy. ''Wenera'' hemralarynyň programmasyna meňzeş tipde gurnaldy. Uçuş wagtynda Galleý guýrukly ýyldyzynyň 1986-njy ýylda geçişini yzarlamak üçin hemra, öz tirkeginden peýdalandy we täze özboluşly görnüşi bilen uçuşyny dowam eden wagty ''Wenera'' we ''Galleý'' sözleriniň birleşigi esasynda ''Wega'' ady dakyldy. 1985-nji ýylda ''Wega-1'' gonujy emeli hemra bilen bilelikde balon aýrylanyndan soň 2500 kg agyrlykda tirkegli planetanyň çekiji güýjünden peýdalanyp 1986-njy ýylda Galleý bilen gabatlaşmak üçin ugruny üýtgetdi. ''Wenera'' gonuş hemrasy 1500 agyrlygyndady we öz setleri güýçli ýelleri ölçemek üçin planlanandy. Ol bolsa plandaky işleri ýerine ýetirip bilmedi. Hemranyň tirkeýän balony (aero-robot) 54 km beýiklikde bošluga taşlady. 3,5 metr aralykda we umumy 25 kg agyrlykda bu balon atmosfera bilen baglanyşykly analizleri geçirmek üçin planlanlaşdyrylandy. Planetanyň garaňky tarapyna taşlanan balon 47 sagatlap uçdy we atmosfera akymlaryndan peýdalanyp 9000 km ýol geçdi. Soňra Günüň gyzgynlygy oňa täsir etmäge başlady. Gyzgynlyk güýçlenip tä partlap atylýança Ýer ýüzündäki Radioteleskoplar tarapyndan belgilenen gerekli maglumatlary ugradypdy. Wega 1 bolsa 1986-njy ýylyň 6-njy Martynda Galleýiň guýruklu ýyldyzyna uçuşyny dowam etdirdi. Enjam gämisi şu wagy Gün ulgamynda hereket edýär.
Wega 2 (SSSR) 1984-nji ýylyň 21-nji Dekabrynda uçuruldy. Gonujy enjamyň aýrylmagy bilen Weneranyň dartyş güýjünden peýdalanyp Galleýiň guýrukly ýyldyzyna tarap ugur aldy. Gonujy enjamy 1985-nji ýylyň 15-nji Iýunynda planetanyň üstüne gondy. Ýüzünde geçiren derňewlerinde Aýyň üstünde bar bolan anortosit-troktolit tipli minerallaryň bardygyny öwrendi. Ýerden 50 km beýiklikde taşlanan balon bolsa iki günläp ýere maglumat ugradyp durdy. 1986-njy ýylyň 9-njy Martynda Galleýiň guýrukly ýyldyzynyň gabadyndan geçen tirkeg enjamy bolsa şu wagt Gün ulgamynda hereketde.
Magellan (ABŞ) 1989-njy ýylyň 4-nji Maýynda uçuruldy. 1990-njy ýylyň 10-njy Awgustynda Weneranyň daşynda aýgytlaýjy herekete geçdi. 4 ýyllyk möhlet bilen uçurylan bu hemra Weneranyň üstüniň radar kartasyny çykardy. Şol bir kesim ýerlerden geçip dürli-dürli 3 sany kartalary çyzdy.
Atmosferanyň güýçli hereketleri netijesinde iki günden soň böleklere bölünip planetanyň üstüne gaçdy.
Weneranyň geologik we üst šekilleri hakyndaky maglumatlar Magellanyň kömegi bilen amala aşyrylandyr.
Galileo (ABŞ) Ýupiter we onuň emeli hemralaryny öwrenmek üçin 1989-njy ýylyň 18-nji Oktýarynda uçurulan hemra dartyş güýjünden tizlige geçmek üçin 1990-njy ýylyň 2-nji Oktýabrynda Weneranyň ýakynyndan geçdi. Planetanyň suratlaryny aldy. Kassini Hýugens (Cassini Huygens) (ABŞ) Saturny we onuň hemralaryny öwrenmek üçin 1997-nji ýylyň 15-nji Oktýabrynda uçurulan enjamynyň kömegi bilen tizligini artdyryp 1998-nji ýylyň 26-njy Aprelinde we 1999-njy ýylyň 24-nji Iýunynda iki gezek Weneranyň gapdalyndan geçdi. 1978-nji ýylda ''Wenera - 11'' Weneranyň atmosferasynda çakýan ýyldyrymlary öwrenmek bilen atmosferada elektrik häsiýetli garşylaşmalaryň bardygyny anyklady.
MESSENGER (ABŞ) Mermkuriý planetasynda ylmy barlag işlerini geçirmek boýunça 2004-nji ýylyň 3-nji awgustynda uçurylan hemra. Tirkeginiň zyňyjy güýjiniň kömegi bilen tizligini artdyryp Merkuriýiň girişine 2006-2007-nji ýyllarda iki gezek Weneranyň ýakynyndan geçdi.
Bu geçişler wagtynda enjamlar Merkuride ylmy gözlegleri we test edilýän wagtlary Weneranyň üstünde hem ylmy gözlegleri geçirip biljek derejede programmirlenen eken.
Venus Express (ESA - Ýewropanyň Älem Gullugy) 2005-nji ýylyň 9-njy Noýabrynda uçuruldy. Agramy 1270 kg-lykdaky älem hemrasy 2006-jy ýylyň 11-nji aprelinde Weneranyň töwereginde planetanyň atmosferasynyň ugrunda ygtybarly maglumatary toplaýar[2].
Planet-C (Ýaponiýa) JAXA (Ýaponiýanyň Älem Giňişligindäki Gullugy) tarapyndan 2008-nji ýylda uçuruldy we 2009-njy ýylda Weneranyň okuna girip planlanan 320 kg agyrlykdaky emeli hemra, atmosfera hereketleri, elektrik we wulkanik täsirleriniň bardygyny öwrenmek üçin Ýerden ugradylypdy.
BepiColombi (ESA we JAXA)
Merkuriý planetasyny barlamak üçin 2018-nji ýylda uçurulmaga meýilleşdirilýän hemra geljekde Weneranyň ýakynyndan geçer we ol hem gerekli maglumatlary toplar.
3. Weneranyň atmosferasyndaky barlaglar:
Gije-gündiz çyzgysynda galan Weneranyň atmosferasy Günüň täsiri bilen ýagtylanmagy, planetanyň daşynyň öz göwrümindenem beter uly görünmegine sebäp bolýar. Weneranyň atmosferasy gazly ýapgytlar bilen diferensiýal agmagyny görkezýär. Weneranyň atmosferasynda yzygiderli dowam edýän tebigy ýagyşlary ýagyp durýar.
4. Weneranyň Günüň öňünden geçişi
1761-1769, 1874-1882, 2004-2012-nji ýyllarda bolupdy. Indi bolsa 2117-2125-nji ýyllarda geçilmegine haraşylýar. Bu hadysa her 243 ýyldan ýakyn 2 sapar gaýtalanylyp durýar.
Öňümizdäki müňýyllykda bu hadysa 113, 5-8-121, 5-8 ýyllaryň arasynda gaýtalanar. Weneranyň geçişi Gün diskiniň öňünde kiçeňiräk gara nokat ýaly görüner we azyndan 7 sagatlap gözegçilik etmek bolar.
6. Gün Sistemasynda Weneranyň aýratyn orny:
Wenera Ýer şaryna meňzeşleriň arasynda iň ýakyn ýerde hereket edýär. Ýerden seredilende iň parlak planetadyr. Üstüniň gyzgynlygy ýokary derejeli temperaturada bolan planetadyr. Ýere meňzeş planetalaryň arasynda iň galyň atmosferasyna eýedir. Älemde Ýerden iň köp emeli hemra goýberilen planeta hem Weneradyr.
Çeşme:
1. "Venus: Facts & Figures". NASA: 2007-04-12.
2. Venus Ekspres" uçurulmagy meýilleşdirildi.
3. http://sci.esa.int/bepicolombo/
Taýýarlan: Jeksparro

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.