Pluton planetasy

Gün Äleminiň 9-njy planetasy. Amerikan astronomy K. Tombo tarapyndan 1930-njy ýylda açylýar. Ol Uranyň we Neptunyň ýolundaky gyşarmalar esasynda ilki kagyzda hasaplanylýar. Pluton öz okunyň töwereginden 6,4 günde bir aýlanýar. Radiusy, takmynan 2100 km, gaty jisimlerden we buzdan bolan merkezi we doňan metandan ybarat buzly ýokarky gatlagy bar. Onuň üstüniň temperaturasy takmynan -220°S, atmosferasy azot garylan metandan durýar. Ol Günden 7375-4442,7 mln. km aralyklarda 4,74 km/s tizlik bilen hereket edýän tekizligine 57,5 gradus gyşyk. Hereket edýän aýlawynyň süýrüligi (e=0,17) sebäpli, ol perigelide Güne Neptundan hem golaý aralyga gelýär, emma hereket edýän tekizliginiň ekliptika tekizligine 17° gyşyklygy sebäpli, olar çakyşma howpundan saklanýarlar. Onuň ýagtylygynyň 15 ý.u. ýetýänligi sebäpli, oňa diňe uly teleskoplaryň kömegi bilen gözegçilik etmek bolýar.

Hojamuhammet MELÄÝEW.

SYRLY ÄLEM.

Aşgabat. Ylym. 2004.
1 лайков 136 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
15 июн 2021, 21:57
Gynansakda muny 2006-njy ýylda Astranomiya federasiyasy tarapyndan trayektoriya we massa duzgunlerine layyk gelmeyani uci planetalar sanawyndan cykardylar. Pluton indi planeta dal.