99 million ýyllyk süýreniji
Geçen ýyl Mýanmadaky tokaýlardan tapylan şepbigiň içinden çykan süýreniji galyndysynyň hažžykdygy ýüze çykaryldy. Häzire çenli 99 million ýyl bilen senelenýän galyndynyň dünýäniň iň kiçi dinozawry bolmagynyň mümkindigi çaklanylýardy. Meňzeş galyndylar gaýtadan düýpli öwrenilende, onuň has kiçi süýrenijidigi belli boldy. «Current Biology» žurnalynda çap edilen ylmy makalada bu jandara Hindistanda we Mýanmada ýaşaýan Naga halkynyň hormatyna «Oculudentavis naga» diýip at berildi. Jandaryň «Oculudentavis khaungraae» atly süýrenijiler bilen bir maşgala degişlidigi çaklanylýar. Ylmy işiň awtorlary bu jandaryň kellesiniň gurluşyny öwrenenlerinde, onuň dişleriniň dinozawryňkydan tapawutlydygyny, kelleçanagynyň, göz gabaklarynyň, boýun süňkleriniň hažžyklaryňka meňzeýändigini anykladylar. Mundan başga-da, topar has gowy saklanyp galan nusgada eňeginiň gurluşynyň dinozawrlaryňka meňzemeýändigini anykladylar. Käbir agaçlaryň gabygyna haýsydyr bir şikes ýetende peýda bolýan sarymtyl, goňrumtyl reňkli, ýelmeşegen häsiýetli şepbikleriň içine giren mör-möjekler uzak ýyllaryň dowamynda zaýalanman saklanýar.
https://zamanturkmenistan.com.tm
https://zamanturkmenistan.com.tm
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.