Oguznama II
OGUZYŇ KÜRDÜSTAN ÝOLY BILEN
DIÝARBEKIRE WE ŞAMA BARANYNYŇ BEÝANY
Oguz ol ýerden göwnüni hatyrjem edip, leşgerlerini ýygyp Kürdüstana ýöriş etdi. Üznüksiz üç ýyllap gezip, ol daglary bozuk adamlardan arassalap, mallaryny talady.
Sähralarda oturan ol welaýatlaryň halaýygyna, hoş sözler berip, olaryň bermeli pajyny belledi. Ondan Diýarbekir tarapa ugrady. Ol welaýatlaryň halaýygy Erbil, Mosul we
Bagdatdan tamam garşy gelip, tabyn bolup, il boldular. Ol gyş Oguz Dejle gyrasynda gyşlady. Ýaz boldy. Şama ýöriş etdi. Oglanlaryny öňe iberip, özi ardyndan gidýärdi. Oglanlary Ruka ýetdiler. Ol ýeriň ululary tamam garşy gelip,
Oguzyň oglanlaryny gördüler. Oglanlary olary Oguza iberdi. Oguz olary görüp, köp hoş sözler aýdyp, göwünlerini awlady. Ol ýerde hem häkim belledi. Barça Şam ýurdy oňa tabyn boldular. Diňe türkmenler tarapyndan Nytak şäheri atlandyrylýan, üç ýüz aity derwezesi bar bolan,
Antakyýa şäheri boýun towiap, garşylyk görkezip, bir ýyllap söweşdiler. Bir ýyldan soň ony eýelediler. Oguz şähere girip, altyn kürsi goýup, onda oturdy. Barça togsan müň
leşgerini öý-iii bilen ol şähere girizip, onda mesgen tutdular. Özüniň gelenini habar bermek üçin Müsür we Dymşyga ilçileri iberdi. Her ilçi bilen ýüz kişi ugratdy. Tekfur atlandyrylýan Tekur han tarapyna gitmek üçin özüniň alty
ogluny, şeýle-de Ieşgeriniň her müň kişisinden ýüz kişini belledi. Ol töwerege ýetdiler. Tekur «Bu ne Ieşgerdir?» diýip soramak üçin ilçi iberdi. Ol wagtda adat şeýledi. Hiç kim ilçä zyýan ýetirmezdi. Oguzyň oglänlary Tekuryň
iiçisini görüp, olar bilen sözleşdiler. 01 ilçileriň ýanyna öz ilçilerini goşup, «Atamyz bizi dokuz müň kişi bilen iberdi. Özi hem uly goşun bilen ýetip gelýär. Eger bize tabyn bolup, il boljak bolsaňyz, ony bileli. Eger pitne etmek
hyýalynda bolsaňyz, geliň, söweş edeliň diýip, habar iberdiler.
Oguzyň alty oglunyň atlary şudur:
ulusynyň ady GÜN HAN,
ikinjisiniň ady AÝ HAN,
üçünjisiniň ady ÝYLDYZ HAN,
dördünjisiniň ady GÖK HAN,
bäşinjisiniň ady DAG HAN,
altynjysynyň ady DEŇIZ HAN.
Bu oglanlaryň ilçileri Tekfuryň alnyna ýetdiier. Tekfur diýdi:
— Taňla (ertir) pylan ýerde jeň edeliň!
Ertesi o! ýere baryp, söweş etdiler. Tekfur ýeňlip, öz şäherine ýüz goýdy. Şäher halky bileleşip, Tekfury tutup, Oguz oglanlaryna tabşyrdylar. Olar hem Tekfury ýetmiş
kişi bilen Antakyýa Oguz hyzmatyna iberdiler. Olar gelip, gyrgynçylyk we talaň etmän, şäheriň daşynda düşlediler. Tekfury Oguzyň hyzmatyna eltdiler. Oguz onuň we öz oglanlarynyň arasynda bolan söweşiň ýagdaýyny Tekfurdan sorady. Tekfur bolan ahwallary tamam beýan etdi. Oguz ýene sorady: — Oglanlarym şäheri taladylarmy ýa ýok?
Tekfur diýdi:
— Men ol ýerde bolan çagymda talaň we gyrgynçylyk etmändiler. Şäherden çykyp, daşynda mekan tutupdylar. Oguz oglanlarynyň talaň etmändiklerinden örän hoşal
boldy. Oglanlarynyň öz sözüni ýykmandyklaryna Allatagala şükür etdi. Oguz bu ahwaly anyklandan soň, Tekfura
djýdi:— Sen bize hernäçe boýun bolman, garşylyk görkezip uruşsaň-da, biz günäňi ötüp, seni ýene-de öz şäheriňe häkim belläp, soltanlygyňy öňki dessur dek saňa karar
etdik. Mundan soň içiňi päk edip, çyn köňül bilen bize tabyn bolup, ýylma-ýyl hazyna paç tabşyrarsyň. Tekfur bu sözi eşidip, ýüzüni ýere goýup, bendelik şertlerini ýerine ýetirdi we diýdi:— Tamam älem saňa tabyn we boýundyrlar. Meniň dek we menden ýagşyrak müň-müňler saňa boýun we tabyn bolupdyrlar. Meniň seniň höküm we permanyňdan çykar ýaly neneňsi güýç-kuwwatym bar. Eger Oguz merhemet edip, azatlyk halkasyny gulagyma daksa, men hem
bendeler hataryna girip, her ýyl bellenilen pajy hazyna ibereýin.
Ol söz ahyra ýetdi. Oguz Rum we Pereň welaýatlaryny we ol sebitleriň ahwalyny Tekfurdan sorady we aýtdy:
— Ne dürli goşun ibereliň?
Tekfur diýdi:
— Ol welaýatlarynyň ulularyna geýdirer ýaly ýagşy halatlar bilen ilçiler ibermek gerek. Olara ýagşy sözli namalar ýazyp paç soramak gerek. Men hem gizlinlik bilen olara hatlar ýazyp ilçi ibereýin. Hem-de «Bu kowum örän güýçli kowumdyr. Gündogardan tä bu welaýatlara
çenli barça welaýatlar olara tabyn bolup, hiç ýaradylan olara garşylyk görkezip bilmediler. Indi maslahat şudur. Arada uruş bolup, halk heläk bolmazdan we welaýatlar harap bolmazdan öft, olara tabyn boluň. Paç bermegi boýnuňyza alyp, her ýyl pajyňyzy hazynasyna iberiň diýip, perman bilen sözleşeýin. Olar bu sözümi kabul edip, tabyn bolarlar. Emma Rum welaýatynyň ýagdaýy şeýledir. Gyşlaglary derýanyň gyrasyndadyr. Ol ýer örän yssy bo-
lup, howasy porsudyr. Ýaz günlerinde ýaýlaga barýarlar. Çykalga şeýledir, ýagny olar gyşlagda bolan çaglarynda leşger çekip, ýaýlaglaryny tutup, gyşlagdan daşary çykmaga mümkinçilik bermäň. Howa yssy bolanda, olar gyşlagda ejiz bolup, tabyn bolarlar, Oguz bu çäräni makul görüp, Tekfury öz welaýatynyň hökümetine häkim belledi. Oguz öz ogullaryna Welaýaty Tekfura tabşyryp, özüňizem ýanyma geliň diýip, nama ýazdy. Tekfur baryp, öz tagtynyň üstünde oturdy. Oguzyň oglanlary atalarynyň ýanyna geldiler. Tekfur Oguza köp hazynalar iberip, tabynlyk we bendelik kemerini biline baglady. Oguz Tekfurly işinden boşap, Pereň we
Rum diýarlarynyň kasdyna çykdy.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ OGULLARYNY LEŞGERLERI BILEN
PEREŇ WE RUM TARAPYNA IBERENI
Tekfur Oguza il bolandan soň, Pereň we Rum ahwalyny ondan anyklady. Soňra üç ogluny Gün, Ýyldyz we Deňizi dokuz müň kişi bilen Rum ýurduna iberdi. Beýleki üç ogluny Aý, Gök we Dagy dokuz müň kişi bilen Pereň diýaryna iberdi. Tekfur olar bilen birleşipdi. Olary derýa-
nyň gyrasynda bir ýagşy ýerde ornaşdyrdy. Oguz olara mynasyp bolan ot-iými tertip edip, Pereň tarapyna ilçileri iberdi. Ilçiler ýetip, Oguz sowgatlaryny eltip, emeldarlara geýdirdiler. Tekfur olardan öň ilçi iberip, Oguz ahwalyndan olary ägä edipdi. «Sözümi diňläp, Oguza tabyn boluň» diýip, nesihat beripdi. Olar ol namany görüp, tabyn bolup, garşylyk görkezmediler. Mal we hazyna alyp baryp, Oguzyň oglanlaryna ol mallary arz etdiler. Olar kabul etmän
diýdiler:
— Oguz dergähine barmak gerek. Olar mal we hazynany alyp, Oguzyň hyzmatyna ugradylar. Ol habar Oguza ýetdi. Oguz «Goşunlaryň ol jema-
gatiaryň gözüne taryp edüenden hem iki esse artyk görüner ýaly müň-müň goşun ýaraglar dakynyp, olaryň ýollarynyň üstünde dursunlar diýip buýurdy. Ol jemagat gelip, Oguza görnüş etdiler. Oguz olara diýdi:— Size garşy ugradan bu goşunym azajyk goşundyr. Onuň ýaly on esse goşunym bardyr. Eger bu goşuna
garşy durup bilseňiz, biziň bilen söweş edift. Bolmasa tabynlyk ýoluny tutup, ýylba-ýyl iberer ýaly paç boýnuňyza alyň. Anyk we takyk biliň! Goşunymyz siziň pikir we hyýal edişiňizden hem artykdyr. Derýadan hem hiç bir perwaýymyz ýokdur. Sebäbi biz gelen ýerimizde niçe derýalardan ötdük. Häzir siziň bu derýaňyz goşunymyzyň öňünde hiç zatça görünmez. Mundan aňsatlyk bilen öterler. Ötenden soň welaýatlaryňyzy zir-zibir ederler. Olar bu sözi eşidip, Oguza diýdiler:— Oguz aga bir häkim bellesin. Biz oňa mal bereris.
Oguz olara diýdi:— Eger köňlüňiz bize rast bolup, mal kabul etseftiz, Tekfura goýan häkimim size-de ýeterlik bolar. Her ýyl
maly oňa beriň. Ol bolsa bize getirip berer. Her iki ýyldan bir uly kişiňiz meniň ýanyma gelip, sowgatlar. alyp gaýdar. Bu sözleri diýip, ol jemagata mähribanlyklar edip gaýtardy. Pereň ilçileri ol leşgeriň haýbatyny görüp, öz welaýatlaryna geldiler. Ahwaly Pereň patyşasyna arz etdiler. Olar köp pikirlenip, tabyniyk biien mal kabul edip, bende-
lik kemerini biiine bagladylar we boýun boldular.
Oguz soitanlyk tagtynda oturýarka, kim oňa mal berse aman bolup, mal bermedikler bilen söweş edýärdi.
OGUZYŇ OGLANLARYNY RUM WELAÝATYNA
IBERENINIŇ BEÝANY WE OLARYŇ AHWALY
Oguz oglanlary Ruma baryp ýetdiler. Rumlylar leşger ýygyp, üç gezek söweş etdiler. Üçünji gezekde hem rumlylar ýeňildiler. Ahyry garşylyk görkezmekden ejizdigini bildiler. Rumuň barça utuglary ýyglyp, geňeş edip, ahyry tabyn bolmaga ylalaşdylar. Gelip, Oguz oglanlaryny gördüler. Olardan soradylar:
— Neçün mundan öň boýun bolmadyňyz? Arada munça halaýyk ölmän, welaýat harap bolmazdy. Olar diýdiler:
— Söweş edenler diwana kişilerdi. Biz köpi gören kişiler bolup, aradan urşy aýryp, tabynlyk kemerini bile baglap, il bolmaklygy maslahat gördük. Ylalaşyp gelendiris. Eger öldürseňiz-de ýa-da azat etseňiz-de, siz häkimsiňiz.
Oguz oglanlary olaryň çyn köňül bilen il bolandyklaryny bildiler. Diýdiler:-
— Atamyzyň buýrugyna görä, her kişi tabyn we
boýun bolsa, bizden aman bolar we biz oňa zyýan ýetirmeris. Biz atamyzyň sözünden çykyp bilmeris. Indi biz munda oturyp, siz baryp Oguza görnüş edýänçäňiz, hiç bir ýaradylana zyýan ýetirmeris. Ol kowum bu sözi kabul edip, Oguzyň dergähine ugradylar. Oguz olary görüp, oglanlarynyň söweş edişlerini we arada bolan işleri olardan sorady. Olar gören ahwallaryny tamam Oguza beýan etdiier. Oguz olaryň göwünlerini awlap, her ýyl hazyna ibermeli paçlaryny belledi. Şeýle-de pereňlilere görkezen goşunyny olara hem görkezdi. Olaryň köňlünde uly gorky ornaşdy. Oguz olara halatlar geýdirip gaýtardy.
Oguzyň oglanlary dolanyp, atasynyň gaşyna geldiler. Oguz görse, oglanlary ýagşy işler edip, kämillik we bagtyýarlyk alamatlary olarda ýüze çykyp duran eken. Uly toý edip, altyn kürsä oturdyp, käse aýlap, oglanlary bilen bile giden emirlerine halatlar geýdirdi. Ondan soň ogullary bilen emirlerini ýygnap diýdi:— Näme üçin oglanlaryma altyn kürsi berip, size halatlar geýdirendigimiň sebäbini bildiňizmi?
Oglanlary bilen emirleri diýdiler:
— Sen ýagşyrak bilersiň!
Oguz diýdi:
— Alty oglumy Şama iberdim. Olardan ýagşy işler peýda boldy. Ikinji nobatda üç ogly Pereňe we üç ogly Ruma iberipdim. Munda hem ýagşy işler etdiler. Siziň pikiriňiz hem tamam ýagşydy. Olar bilen talaň etmezlik barada eden şertimizden gyşarmadylar. Ol sebäpden köňlüm olardan we sizden hoşaldy. Bildim, olar patyşalyga, siz bolsa emirlige mynasyp ekeniňiz. Şonuň üçin olara altyn kürsi we size halat berdim. Bu işleri bir ýüzli edip, ol welaýatyň doly basylyp alynmagyna we düzgün-tertibine ýüzlenip, Rum, Antakyýa
we Pereň işleriniň berkleşmegi üçin ol ýerde üç ýyllap mesgen tutdy. Ol welaýatlaryň işini doly düzgün-tertipleşdirip, ondan Dymşyga ýöriş, etdi. Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ BARÇA GOŞUNY BILEN DYMŞYGA
BARANYNYŇ BEÝANY
Oguz Rum, Antakyýa we Pereň ýurdunyň düzgüntertibini tamamlady. Soňra Dymşyk welaýatyna ýöriş etdi. Dymşykylar onuň bilen uruşmagy hyýal etdiler. Oguz asla oňa üns bermän, Dymşygyň degresinde düşläp, üç günläp ol ýerde ornaşdy. Ol üç günde asla uruş etdirmedi. Oglanlary diýdiler:
— Näme üçin söweş etmän eglenýärsiň?
Olarä şeýle jogap berdi:
— Bu ýerde Adam alaýhyssalam ýatyr. Men bu jähtden näme etsemkäm diýip, haýran galyp duryn we söweşmäge razylyk bermeýärin.
Üç gün boldy. Oguz olara kişi iberip, söweşmäge üns bermedi. Dymşyk halaýygy Oguzyň gaşyna on eşek ýüki ýaý bilen ilçi iberdiler. Olar Oguzyň gaşyna gelip, öz
sözlerini aýtdylar. Oguz diýdi:
— Bu gün meniň gaşyma gelipsiňiz. Eger söweş etmek hyýalyftyz bar bolsa, leşgeriňiz Antakyýa leşgerinden artygrak däldir. Entek biziň leşgerimiz doly gelip ýetenok. Ol sebäpden garaşyp durduk we size ilçi ibermedik. Indi maslahat şudur. Siz baryp, ulularyňyzy biziň
ýanymyza iberiň. Olar gelip, tabyn bolsalar, paç belli edip, yzyna gaýtararyn. Men Müsüre ýöriş edip, siziň bilen uruşmak hyýalym ýok. Sizin hem maňa garşylyk edip biler ýaly kuwwatyňyz ýokdur. Bermeli pajyňyzy ýaýa karar ederin. Sizden ýaýdan özge hiç zat talap etmerin.
Dymşyk ilçisi bu sözleri eşidip, Dymşyga gelip, Oguzdan eşiden sözlerini Dymşygyň ulularyna beýan etdi. Olara bu söz muwapyk gelip, gulak asyp, niçe meşhur arap atlary bilen ýüz eşek ýüki ýaý ýükläp, Oguz dergähine geldiler. Peşgeşlerini tartyp, il bolup, tabynlygy kabul
etdiler. Oguz olaryft ulularynyft göwüftlerini awlap diýdi:— Bu welaýatyň ýaýlary ajaýyp, ýagşy ýaýlardyr we olar bize gerekdir. Getiren ýaýlaryny tamam goşunyna üleşdirip, her kişä üç ýäý berdi. Ilçilere diýdi:
— Häzir biz Müsüre barýarys. Inşa Allatagala ondan dolananda size paç belläris. Onda hem hatyryňyz hoş bolar ýaly iş ederis. Ol ýerde bir aý mekan tutup, ondan soň göç edip, Müsüre ýöriş etdi. Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ MÜSÜRE ÝÖRIŞ EDENINIŇ BEÝANY
Oguz Dymşygy il edeninden soň, Müsür kasdyna çykdy. Üç günlük ýol ýörediler. Ol ýerde iki gün mekan tutup, barça Ieşgerlerine buýruk berdi. Her müň kişini iki-üç gezek gije gaýdyp, gündiz göç edýärdiler. Bu usul
bilen halaýygyň gözüne leşgeriň sanyny iki-üç esse köp görüner ýaly edýärdiler.' Ondan soň Müsüri neneňsi eýelemek barada geňeş geçirdi. Üç ogluny dokuz müň kişi bilen Munkala iberdi. Bir ogluny ýene dokuz müň kişi bilen onuň ardyndan iberdi. Özi uly goşun bilen olardan soň ýola rowana boldy. Özi atlanjak güni guş atly ilçi iberip, «Munça leşgeri oglanla-
ryma berip iberdim. Özüm hem uly goşun bilen ýeterin» diýip, habar iberdi.
Ilçiler gitdiler. Ol şol ýerde mekan tutup, oglanlary ýola düşdüler. Oguz Dymşyk töwereklerinde gyşlag edip, aw awlaýardy. Dymşykylar hem Müsüre kişi iberi, «Uruş-
mak maslahat däldir» diýip, Oguz leşgeriniň -ýagdaýyny beýan etdiler. Müsür halaýygyna bu söz örän täsir etdi. Oguz oglanlary ýakyn ýetdiler. Müsüriň ulularynyň
barçasy garşylamaga çykyp, peşgeşler getirip, tabyn we
boýun boldular. Oguz oglanlary hem şäher degresinde oturyp, «Hiç biriňiz olaryň bir kişisine-de zyýan we zeper ýetirmesin» diýip, höküm etdiler. Emma şäher ilatyna bolsa «Biz daş ýoldan gelýäris. Üç ýyllyk pajy sowgat
görnüşinde taýýarlap bize beriň. Ýöne her alty aýda şonuň üçden birini beriň diýip, höküm etdiler. Bu ýylda Müsürden üç ýyllyk- maly aldylar. Leşgerlere köp mallar berip, Ogu-
zyň permany bilen yzyna dolandylar. Oguz Dymşykda ýene bir ýyl galdy. Ondan soň Dymşygyň bermeli pajyny belledi. Soňra Adam alaýhyssalamyň gabry ol ýerdemiş diýip eşidip Mekge we Medinä ilçi iberdi we ondan bir owuç toprak getirmeklerini buýurdy. Ol toprakdan bir
para öz bedenine sürtüp, Allatagala şükür etdi. Oglanlary bilen emirlerine diýdi:
— Adam toprakdandy. Ýene topraga birleşdi. Biz hem topraga öwrülmelidiris.
Ondan soň Baglbek daglarynda we sowuk howaly
ýerlerde ýaýlag tutup, diýdi:
— Bu ýazda Bagdada baryp bolmaz. Howa aram bolandan soň, Bagdada ýöriş ederis.
Tutuş ýaz ol ýerde oturyp, gyş başlanda Bagdada ýöriş etdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ BAGDADA WE BASRA ÝÖRIŞ EDENINIŇ BEÝANY
Oguz Bagdada ýöriş etdi. Bagdat halaýygynyň köprägi il bolupdylar. Diýarbekire gelende, barça Bagdat ululary garşylap, - Diýarbekirde Oguza görnüş etdiler. Oguz olar bilen Bagdada gelip, bir aý onda boldy. Barça ulular onuň
hyzmatyndadylar. Ondan çykyp, tä howa yssy bolýança ol golaýlarda gyşlag tutdy. Ondan soň Kürdüstan daglaryna baryp, onda ýaýlag tutdy. Güýzde Basra tarapyna ýöriş etdi. Basranyň ilaty hem özge welaýatlar dek tabyn we.ii
bolup, mal we hazyna berdiler. Ondan Huzustana baryp, ol töwerekleriň barçasyny il etdi. Olar paç tölediler. Ondan Bur daglaryna baryp, ondan hem ötüp, Yspyhanda
düşledi. Yspyhanyň ilaty tabyn bolman garşylyk görkezip, söweş etmäge doly taýýar we häzir boldular. Oguz on müň kişini Yspyhanyň degresinde goýup, özi ondan özge
menzilde gondy. Müddet üç ýyllap, ol welaýatyň daş-töwereklerini taladylar we çapawulladylar. Üç ýyldan soň barça leşger Yspyhanda ýyglyp, niçe gije-gündiz Yspyhan leşgeri bilen
söweş etdiler. Yspyhan leşgeriniň ýarysy bir gün urşup, beýleki ýarysy ýene bir gün uruşýardylar. Ýedi gün boldy. Uruş etmeklik hiç peýda bermedi. Oguz işini ugrukdyryjy Garasülük atasy Buýşy hojanyň
gaşyna baryp, oňa diýdi:— Şeýle bir uly uruşlar boldy. Hiç bir ýol bilen Yspyhany eýeläp bilmeýäris. Bu babatda bir pikir edip,
bize bir akyl bergin. Buýşy hoja bu haly eşidip diýdi:— Diwar bilen uruşmak hiç peýda bermez. Siz okuňyzy diwara urýarsyňyz. Olar sizi we atlaryňyzy urýarlar. Gürrüňsiz olaryň urgusy howply geler. Bu işiň çäresi şudur. Goşunyň ýarysyny ýaşyryp, bir azrak kişi uruşma-
ga galsyn. Eger olar galadan daşary çykmasalar, baglaryny we öýlerini harap etsinler. Olar çydaman uruşmaga çykarlar. Olary görüp, urşup ýören kişiler gizlenip ýatan
leşgerleriň deňinden geçýänçäler gaçsynlar. Ondan soň yza dönüp, olary ara tutup, bir kişini hem gala gaçyp, penalanmaga goýmasynlar.
Garasülük bu pikiri gelip, Oguza diýdi. Bu söz oňa örän makul görnüp, oglanlaryny kyrk müň kişi bilen gizledi. Özi elli müň kişi bilen derwezä çapyp, haraplyga başlady. Yspyhan leşgeri oňa çydaman, leşgeri hem öňküden azrak görüp, galanyň işiklerini açyp çykyp, söweş etmäge
meşgul boldular. Oguz leşgeri ýeňlen bolup, gaçyp, bukudakylaryň deňinden geçýänçäler olary özlerine tartýardy-llar. Olar yza dönüp, bukudakylar hem çykyp, duşmanlary
ara alyp, olardan bir kişini hem gala girmäge goýmadylar. Barçalaryny öldürdiler. Bu tär bilen Yspyhany eýelediler. Ondan soň dört ogluny Pars we Kerman tarapyna ugradyp, olary basyp almaga belledi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.