Bu düşnükli ahyryn Watson!
Fransuz ýazyjysy Gi de Mopassan Pariždäki meşhur Eýfel diňini halap barmaýan eken. Emma ol her gün Eýfel diňiniň garbanyşhanasynda naharlanypdyr. Ol munuň sebäbini «Bu garbanyşhana bütin Parižde diňiň görünmeýän ýeke-täk ýeri» diýip düşündiripdir.
***
Häzir ýer ýüzünde Wilýam Şekspiriň neberesinden hiç kim galmandyr.
***
Semizligine we agsakdygyna garamazdan, Baýron öz döwrüniň iň galjaň we syratly adamlarynyň biri hasaplanypdyr.
***
1925-nji ýylda edebiýat ugry boýunça Nobel baýragy Bernard Şouwa berlipdir. Ol bu wakany «üstümizdäki ýylda hiç zat çap etdirmän dünýäni dynç almaga goýandygym üçin minnetdarlyk hökmünde» kabul edýändigini aýdyp degşipdir. Emma Şou Nobel baýragynyň nyşanyny alyp, pul sylagyndan ýüz öwrüpdir.
Ýazyjylaryň ýene ikisi dürli sebäplere görä, Nobel baýragyndan ýüz dönderipdirler, olar Boris Pasternak (1958) we Žan Pol Sartrdyr (1964).
***
Rus kinoçylarynyň aňtawçy Şerlok Holms we lukman Watson barada meşhur teleserialyndaky «Bu düşnükli ahyryn, Watson!» diýen jümle ýazyjy Konan Doýluň kitaplarynyň hiç birinde duş gelmeýär.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.