Isa pygamber hakynda

ISA ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ
BEÝANY


Hezreti Isa ösüp ulaldy. Ol bir gün enesinden: «Hudaýtagala bizi näme üçin ýaratdy?» diýip sorady. Enesi «Ol bizi özüne ybadat etmegimiz üçin ýaratdy» diýip aýtdy.. Hezreti Isa enesine: «Biz bu ýerde ybadata meşgul bolsak, halaýyk bize köp tagna eder. Şonuň üçin biz dagyň gowagyna gidip ybadat edeli» diýdi. Enesi onuň bu sözüni kabul etdi. Olar iki bolup şäherden çykdylar we daga gitdiler. Eneli ogul dagda gündizine oraza tutardylar, gijesine bolsa
ybadat ederdiler. Olar agşam düşse, judy oty bilen agyz
açardylar. Bir gün hezreti Isa ol oty ýygnamaga gitdi. Ezraýyl alaýhyssalam bibi Merýemiň ýanyna geldi we oňa salam berdi.
Bibi Merýem onuň salamyna jogap berdi. Bibi Merýem ondan: «Siz kim?» diýip sorady. Ezraýyl alaýhyssalam: «Men melekul-möwtdirin» diýip aýtdy. Bibi Merýem: «Siz bu ýere näme iş bilen geldiňiz?» diýip sorady. Ezraýyl alaýhyssalam:
«Men siziň janyňyzy almaga geldim» diýdi. Bibi Merýem: «Siz bir sagat sabyr ediň. Isa gelsin. Men onuň bilen hoşlaşaýyn» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Meniň Isanyň gelerine
wagtym ýok» diýip, onuň janyny aldy.
Ondan soň hezreti Isa ýetip geldi. Ol: «Enem uklapdyr» diýip hyýal etdi. Gün ýaşyp, agzaçar wagty geldi. Hezreti Isa: «Eý, ene! Indi turuň. Agz açar wagty boldy. Birden agşam namazyňyz kaza bolaýmasyn!» diýdi. Emma enesi onuň bu
sözüne jogap gaýtarmady. Howadan bir: «Eý, Isa! Seniň eneň öldi» diýen owaz eşidildi. Hezreti Isa bu habary eşidip ýyglady. Ol: «Enem agzyny açmady» diýip, özi hem hiç zat datmady. Howadan: «Eý, Isa! Sen ýyglamagyňy bes et» diýen owaz geldi. Hezreti Isa ýyglamagyny kesdi. Ol gije hezreti Isa
enesiniň ýanynda ýatdy we ukudaka bir düýş gördi. Enesi uçmahyň içinde halat-serpaý geýip, tagtyň üstünde otyr. Onuň daş töweregini hüýrler gurşap alyp, oňa hyzmat edýärler.
Enesi: «Eý, Isa! Sen «Enem meniň bilen dünýäde agzyny açman gitdi» diýip gynanma! Hudaýtagala bu rysgaly jennetde berdi. Ol meniň agzymy uçmahda açdy» diýip aýtdy.
Hezreti Isa ertesi hoşal bolup oýandy. Soňra ol şähere gitdi. Ol enesiniň ýanyna birnäçe salyha alyp geldi. Olar Bibi Merýemi ýuwdular, onuň namazyny okadylar we jesedini topraga tabşyrdylar.
Hezreti Isa ile gaýdyp geldi. Ol halaýygy imana çagyrdy. Ol özüniň pygamberligini ile äşgär etdi. Olar: «Eger sen
pygamber bolýan bolsaň, sen bize keramat görkez» diýdiler. Hezreti Isa: «Meniň dürli keramatym bardyr. Men Taňrynyň
erki bilen ölini direldýärin, hassany sagaldýaryn, pisi
bejerýärin we köri görer ýaly edýärin» diýip aýtdy. Aýdypdyrlar: Adamlar pygamberleriň ussat jadygöýlerden
ýa-da ökde tebiplerden üstün çykyp, keramat görkezmeklerini
talap ederdiler. Hezreti Ybraýymyň döwründe ussatlar jadylyk bilen buýsanardylar. Onsoň Allatagala pygamberleriň her birine dürli keramatlary bererdi. Hudaýtagala hezreti Musa hasany keramat edip berdi. Ol hezreti Isa hem keramatlar eçildi. Hemme tebipler ondan ejiz geldiler. Onuň bir mysaly tebipler ölini direldip bilmediler. Aýat: «Hezreti Isa: «Men
Allatagalanyň erki bilen doga köri gözli ederin, pisi düzederin we ölini direlderin» diýip aýtdy. Olar: «Bize palçykdan guş ýasa. Goý, ol tüýsüz ganatly bolsun. Oňa agzyň bilen dem sal.
Ol biziň gözümiziň öňünde uçsun» diýdiler. Hezreti Isa palçykdan guş etdi we oňa agzy bilen dem urdy. Ol guş howa uçdy. Aýdylyşyna görä, ol guş gündizkördir. Sowal: Olar hezreti Isanyň gündizkör guşy ýasamagyny
islediler. Başga guşy islemediler. Muňa sebäp nämedir?
Jogap: Gündizkör täsin guşdur. Onuň täsinligi tüýi ýokdur. Ol et ganat bilen uçar. Başga guşlaryň çagasy ýumurtgadan
çykar. Gündizkör çagasyny ýylky, gara mal ýaly dograr. Ol çagasyny hatyn ýaly bir emjek bilen süýt emdirip ulaldýar. Ol hatyn ýaly aýbaşy görýär. Ol aýal maşgala ýaly bolýar. Ol
gündizine hiç zat görmeýär. Onuň çagasy bir emjeginden süýt içýär, beýleki emjeginden bolsa suw içýär. Onuň dişleri bardyr.
Hezreti Isa olara şunuň ýaly keramaty görkezdi. Emma olar ondan ýene keramat görkezmegini islediler.
Sowal: Ölini direltmek keramat bolar. Emma köri we pisi
tebipler dermanlar bilen bejerip bilýärler. Hezreti Isa bulary dileg bilen bejerse, ol nähili keramat bolýar?
Jogap: Isa alaýhyssalam körüň gözüni açardy. Pis iki hili bolýandyr. Pisleriň bir görnüşine derman ýaraýar, olaryň beýleki bir görnüşine bolsa derman ýaramaýar. Derman ýaraýan pise iňňe sançsaň, ondan gan çykar. Derman ýaramaýan pise iňňe sançsaň, ondan gan çykmaz. Isa alaýhyssalam şunuň ýaly pisi
sagaldardy. Ol sekiz kişini dileg bilen direltdi. Bir kempir Isa alaýhyssalamyň ýanyna gelip: «Meniň oglum öldi. Onuň oglanlary yzynda galdy. Meniň olary bakmaga güýjüm ýok»
diýip aglady
Hezreti Isa dileg etdi. Kempiriň ogly direlip toprakdan turdy. Ýyllar geçip, ol direlen kişiniň ýene oglanlary boldy. Isa
alaýhyssalamyň kowumy: «Eý, Isa! Sen düýnki ölini direldýärsiň. Onuň ýaly öliniň entek jany hem doly çykýan däldir. Sen bize köne ölini direlt» diýip aýtdy. Isa alaýhyssalam: «Siz kimi isleseňiz, men şony hem direldeýin» diýdi. Olar: «Sen bize Nuhuň ogly Samy direlt» diýip aýtdylar. Hezreti Isa: «Onuň mazary nirede?» diýip sorady. Olar onuň mazaryny
hezreti Isa görkezdiler. Hezreti Isa iki rekagat namaz okady. Soňra: «Eý, Sam! Allatagalanyň erki bilen ýeriňden direlip tur» diýip aýtdy.
Allatagalanyň gudraty bilen gör ýarylyp, ondan Sam dikelip turdy we ol hezreti Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Allatagalanyň pygamberi! Men seniň öňüňde hyzmatyňa taýýar bolup durun»
diýdi. Görseler, onuň saçy-sakgaly agarypdyr. Adamlar: «Sam ölende ýigitdi. Indi biz ony ak sakally görýäris» diýip aýtdylar. Sam: «Maňa: Ýeriňden tur» diýen owazy eşidilende men:
«Kyýamat bolandyr, bu Ysrapylyň surunyň owazydyr» diýip gaty gorkdum. Şol sebäpden meniň saçym-sakgalym agardy»
diýip aýtdy. Hezreti Isa: «Eý, Sam! Indi sen ölümi ýa-da diriligi isleýärsiň?» diýdi. Sam: «Eý, Allatagalanyň pygamberi! Men dirilik dilesem, soň maňa ýene ölüm barmy?» diýip sorady.
Hezreti Isa alaýhyssalam: «Howa, bar» diýdi. Sam: «Beýle bolsa, heniz jan ajysy gidenok» diýip, ýene öldi. Adamlar ýyllary sanadylar. Samyň öleni bäri artyk-egsik dört müň ýyl
aradan geçen ekeni.
Hekaýat. Bir gün hezreti Isa sähra çykdy we ol hin gazyp duran tilkini gördi. Hezreti Isa: «Tilkiniň öýi bar, emma Isanyň öýi ýok» diýdi. Şägirtleri onuň bu sözüni eşidip: «Eý, Isa! Biz
saňa bir öý salyp bereli» diýdiler. Hezreti Isa: «Meniň hiç zadym ýok» diýdi. Adamlar pul ýygnadylar we: «Eý, Isa! Biz saňa nireden öý salyp bereli?» diýip aýtdylar. Hezreti Isa olary
deňziň gyrasyna alyp bardy we: «Gumuň üstünde öý salalyň» diýdi. Olar: «Bu ýerde öý durarmy? Ony tolkun alyp gider» diýdiler. Hezreti Isa: «Dünýä hem pany zatdyr. Akylly adam dünýäde öý salarmy?» diýdi. Şägirtleri onuň bu sözüni eşidip,
ümsüm boldular.
Hekaýat.
Aýdypdyrlar: Hezreti Isa az oturardy. Çünki ol ýöräp, adamlara tebipçilik ederdi. Bir gün hezreti Isa ýöräp barýarka teşne bolup, bir humdan suw içdi. Ol: «Munuň ýaly ajy suw
hem bolar eken. Bu ne hikmet boldy?» diýdi. Hudaýtagaladan: «Eý, Isa! Sen ony humdan sora» diýen owaz geldi. Hezreti Isa bu sowaly gapdan sorady. Ol huma Hudaýtagalanyň gudraty bilen dil berlip: «Men öň adamdym. Soňra men öldüm. Telim ýyllar geçdi. Meniň etim, süňküm çüýredi we olar toprak
boldy. Ol toprakdan küýzegär alyp, meni – humy ýasady. Ol suwuň ajysy jan ajysydyr» diýip jogap berdi.
Hekaýat. Isa pygamberiň goldaşlary bardy. Olara hawarylar diýerdiler. Olar ak eşik geýerdiler. Şonuň üçin halaýyk ak nana «hawarylaryň nany» diýerdiler. «Hüýr» diýmek hem «ak» diýmek bolar. Uçmahyň hüýrleri ak bolanlary üçin olara «hüýr» diýip at berdiler.
Bir gün hezreti Isanyň enesi ony mekdebe iberdi. Ol mollasy aýtmazdan öň aýdardy. Mollasy Hezreti Isany enesine gaýtaryp getirdi we: «Bu oglan menden ýagşy bilýär» diýip
aýtdy. Ondan soň enesi ony boýagçylara şägirtlige berdi. Ussa öýden çykanda hezreti Isa hemme eşikleri bir gaba saldy. Ussa
dükana girdi, emma ol eşikleri görmedi. Ol hezreti Isadan: «Eşikler nirede?» diýip sorady. Hezreti Isa: «Olary men şu gaba saldym»diýdi. Ussa: «Her bir eşige bir reňk bermelidi.
Emma sen olaryň hemmesini bir gaba salypsyň» diýdi. Hezreti Isa: «Haýsy eşige nähili reňk gerekdigini aýdyň. Men size ol eşigi şol reňk bilen çykaraýyn» diýdi. Ussa her bir eşigiň
reňkiniň nähili bolmalydygyny oňa aýdyp berdi. Hezreti Isa eşikleriň her haýsyny onuň diýen reňki bilen çykaryp berdi. Ussa hezreti Isanyň bu işine haýran galdy we ol: «Bu kişi jadygöýdir» diýip aýtdy. Ol bu eşikleri suwa saldy we olary suwdan çykaryp, daşa urdy. Emma bu eşikleriň boýagy goýy we ýagty boldy. Adamlar: «Bu kişi jadygöý däl. Ol Taňrynyň
pygamberidir» diýip aýtdylar. Bu sözi aýdanlar hawarylardyr. Soňra köp halaýyk gelip, hawarylara: «Eý, Isa! Seniň Taňryň bize gökden saçak ibersin» diýdiler. Hezreti Isa: «Hudaýtagaladan gorkuň. Eger siz möminler bolsaňyz, onda pitne turuzmaň» diýdi. Aýat: «Eger siz iman getiren kişiler bolsaňyz, Allatagaladan gorkuň». Olar: «Biz pitne turuzmaýarys. Biz gökden inen saçakdan tagam iýmek isleýäris» diýip aýtdylar. Hezreti Isa: «Eý, Taňrym! Sen bize gökden saçak
iber. Ol biziň öňki-soňkularymyza baýram bolsun» diýip dileg etdi. Hudaýtagaladan: «Eý, Isa! Men saňa saçak ibererin. Emma ol saçagy görüp kim iman getirmese, men oňa bir azap
bererin. Ýöne hemme adamlara azap gelmez» diýen bir owaz geldi. Aýat: «Allatagala: «Men size tagamly saçagy ibererin. Ol saçak inenden soň sizden kim oňa müňkürçilik etse, men
oňa heniz hiç kimiň görmedik azabyny bererin» diýip aýtdy. Asmandan bir saçak geldi. Onuň aýaklary howada. Onuň içinde ak nanlar, bişen balyklar, narlar, bişen etler bar. Halaýyk
bu saçagyň düşüşini gördi. Ol ýere düşüp, hezreti Isanyň öňünde ýazylyp durdy. Dokuz ýüz är-aýal ol saçakdan tagam iýdiler. Olaryň hemmesi doýdular. Ondan iýen adamlar her hili dertli bolsa hem sagaldy. Ol saçak üç günläp, düşüp durdy. Olar üç gün ol saçakdan iýdiler. Emma olardan hiç kim iman getirmedi. Dördünji gün ol saçak asmana göterildi. Hudaýtaga-
la olaryň hemmesiniň keşbini doňuz suratyna öwürdi. Bäşinji gün olaryň hemmesini ýer ýuwutdy. Hudaýtagala bu işi ybrat
üçin etdi.
Hekaýat. Hezreti Isanyň wagtynda bir ýagşy aýal bardy. Ol tamdyryň başyna nan bişirmek üçin goluna ogluny alyp geldi.
Namazyň wagty geldi. Ol aýal bu ýerde ogluny goýup, namazyny okamaga durdy. Oglan onuň yzynda emedekläp, tamdyryň içine düşdi. Emma ol aýal namazyny bozmady. Ol aýalyň
äri geldi. Görse, aýaly namaz okap dur, ogly bolsa tamdyryň içinde oturyp oýnaýar.
Oglanyň atasy bu ýagdaýy görüp, ony hezreti Isa beýan etdi. Hezreti Isa: «Sen baryp aýalyňdan onuň näme iş edendigini sora» diýip aýtdy. Äri gelip aýalyndan bu sowaly
sorady. Aýaly oňa: «Men dört iş edipdim. Birinjisi, men Hudaýtagalanyň özüme beren nygmatyna şükür etdim. Ikinjisi, men onuň maňa iberen belasyna sabyr etdim. Üçünjisi, men
onuň kazasyna razy boldum. Dördünjisi, men dünýä işini ahyret işine çalyşdym» diýip jogap berdi. Onuň äri gelip, aýalynyň sözüni hezreti Isa aýtdy. Hezreti Isa oňa: «Eger seniň
hatynyň erkek bolan bolsa, ol pygamber bolardy» diýdi.
Hekaýat. Hezreti Isa bir gün görüstanlygyň üstünden geçip barýardy. Ol bir görden nur çykyp duranyny gördi. Hezreti Isa:
«Eý, Taňrym! Sen şu ölini direldip, oňa dil berseň!? Men onuň bilen sözleşip görsem!» diýip, bir dileg etdi. Şol wagt gör ýaryldy. Ondan bir kişi çykdy. Onuň başynda bir tabakda nur
bar. Hezreti Isa ondan: «Bu nähili nur? Sen nähili bu derejä ýetdiň?» diýip sorady. Ol kişi: «Meniň hiç ýagşy amalym ýok. Meniň ýeke oglum bardy. Men ony okadyp ylym berdim. Ol
erte giç maňa dileg etdi. Men onuň dilegi bilen bu nura şaýysta boldum» diýip aýtdy. Hezreti Isa: «Dirileriň dilegi ölülere degermi?» diýip sorady. Ol kişi: «Siz pygamberligiňize nähili
guwanýan bolsaňyz, biz ölüler hem dirilerimiziň özümize eden aýat-dogalaryna şonça guwanýarys» diýip aýtdy.
Hekaýat. «Enesi hezreti Isany kiçiliginden molla berdi we
oňa: «Eý, molla! Meniň ogluma köp öwret we ony az ur» diýip aýtdy. Mollasy hezreti Isa: «Sen ebjed diý» diýdi». Hezreti Isa oňa: «Ebjed diýmegiň manysy näme bolar?» diýdi. Mollasy: «Sen ilki sözi aýtmagy öwren, onsoň onuň manysyny sora» diýdi. Hezreti Isa: «Eý, ussat! Men bilýän zadymy öwrenmerin» diýdi. Mollasy: «Aýt» diýip urdy. Hezreti Isa aýtmady. Ol gije öýüne gaýtmakçy bolanda mollasyna: «Eý, ussat! Sen me-
niň enemiň wesýetini tutmadyň. Sen maňa az öwretdiň, köp urduň. Sen maňa ebjed sözüniň manysyny aýtmadyň. Ony men saňa aýdaýyn» diýdi. Mollasy: «aýt» diýdi. Hezreti Isa: «Elip –
Taňrynyň ýylasy, bi – onuň bakylygy, jim – onuň jemaly, dal –
onuň mülkiniň dowamlylygy. Höwwez – amile bihewan nefsihi. Hutty-hutta anni zunubi. Kelemen-kelamullahi men tekel-
leme bihi fe gafara lehu. Sa‘hfas-saýun bisaýin, eý kemä tudinu tudänu. Mollasy hezreti Isany Bibi Merýemiň ýanyna alyp geldi we oňa: «Eý, Merýem! Seniň ogluň menden ylym
öwrenmedi. Men ondan ylym öwrendim» diýdi.
Hekaýat. Bir gün hezreti Isa ýoldan geçip barýarka, bir kişi oňa: «Bozuk eneli jadygöý geldi» diýip, tagna etdi. Hezreti Isa bu söze gynandy we: «Eý, Taňrym! Seniň özüň meniň enemiň bikrdigini bilýärsiň. Sen bu kişini heläk et» diýip dileg etdi. Hezreti Isanyň bu dilegi Taňrynyň dergähinde kabul boldy we
ol kişi şol wagt heläk bolup öldi. Adamlar bu wakany patyşa baryp aýtdylar. Patyşa: «Bu
jadygöýiň elinden köp kişi öldi. Ony tutup öldüriň» diýip buýurdy. Patyşanyň leşgerleri onuň öýüne geldiler. Hezreti Isa öýüne gaçyp girdi. Leşger onuň öýüniň daşyny gabap aldy.
Jöhitler onuň öýüne girmäge gorkup durdular. Jöhitleriň serdary Matluş atly bir kişidi. Ol: «Men onuň öýüne girip, Isany tutup çykaraýyn. Ol jadygöý özüni meniň suratymda edip gaç-
masyn. Eger ol meniň suratymda bolup çyksa hem, ony siz uruň» diýdi. Ol öýe girdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip, hezreti Isany asmana alyp çykyp gitdi. Matluş: «Isa öýde
ýok eken» diýip daşary çykdy. Adamlar ony urup başladylar. Ol: «Men Matluş» diýip, olara hernäçe ýalbarsa hem hiç kişi oňa ynanmady. Ol taýak astynda ölüp, dowzaha düşdi. Ol
ölenden soň, adamlar öýe girip, hezreti Isanyň çykyp gidenini bildiler. Olar: «Biz ýalňyşyp Matluşy öldüren ekenimiz» diýdi. ler. Olar bu işlerine ökündiler. Emma bu ökünjiň hiç peýdasy bolmady.
Aýdypdyrlar: Hezreti Isa dördünji gat asmandadyr. Näletsiňen Dejjal çykanda, dünýäni ýaramaz işler tutar. Möminler keramatly Mekgä we nurly Medinä jemlenerler. Ol betbagt, melgun Dejjal dünýäni gezer. Emma ol bu iki şähere barmaz. Haçan Dejjal bu iki şähere kast etmekçi bolsa, hezreti Isa asmandan ýere düşer we ol Dejjaly öldürer.
Ýene aýdypdyrlar: «Bir jarçy perişde: «Hezreti Isa asmandan ýere düşdi» diýip jar çeker. Dejjal bu sözi eşidip, duzuň suwda ereýşi ýaly erär.
Rowaýat. Dejjalyň jöhitlerden ýetmiş müň leşgeri bolar. Hezreti Isa Dejjaly öldürer. Jöhitler gaçar. Möminler ol jöhitleri kowalarlar. Jöhitler gaçyp, daglarda gizlenerler. Möminlere
dag-daşlar habar berer. Möminler gelip, olary öldürerler. Ondan soň eshabul-kähfiň ýigitleri direlerler. Olar gowakdan çykarlar we hezreti Isanyň ýanyna gelerler. Hezreti Isa olary öz
leşgerine goşar. Haýsy gala boýun bolmasa, ol ýere eshabulkähfiň ýigitleri gelip, galanyň derwezesini açarlar we ol galany basyp alarlar. Olar gündogardan günbatara çenli Muhammet
alaýhyssalamyň mömin ummatyny kapyrlardan halas ederler. Hezreti Isa kyrk ýyl patyşalyk eder. Ol öýlenip, ogul-gyzly bolar. Özi Gurhany hemişe okar we ybadata meşgul bolar. Hemme halaýyk tagat-ybadata meýil eder. Hezreti Isa Muhammet alaýhyssalamyň ummaty bilen
jemagat namazyna durar. Ol: «Men hem kyýamatda Muhammet bilen duraryn» diýip aýdar. Hezreti Isa halklary Muhammet alaýhyssalamyň şerigatyna ündär. Ol şerigat ýoluny abat edip, abadanlyk bilen kyrk ýyl ömür sürüp, dünýäden ahyrete barar. Elbetde, bu zatlaryň dogrusyny Allatagalanyň özi ýagşy
bilýändir!

Nasyreddin RAGBUZY II kitap
''KYSASYL ENBIÝA'' Aşgabat. Miras-2004.
sah: 209-217.
4 лайков 327 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
22 окт 2021, 15:14
Bay bayooww Like okamadym ondada Like??
#B.S
22 окт 2021, 15:29
Barnabas injili diyilip bilinyan injilde isanyn ornuna yahuda iskariotyn asylandygy yazylan.
yahuda iskariotyn gizlin injili diylip bilinyan gnostiki injilde bolsa yahuda iskariotyn aslynda isany satmadygny, isany halas etmek ucin ozuni isa diyip tanyshdyrandygy barada yazylan...
Maksat
22 окт 2021, 15:46
Berekella sagbol ýetireniñe. Höwes bn okadym.?
Ýury
22 окт 2021, 16:03
+ serkwda swetaýa woda paýlanýamyş çynmyka bilýän bamy........
Biohimik
22 окт 2021, 18:30
Jeksparrow khanturenenin mowzugynda sorapdym seni mlds gowunden turdy bu mowzuk
Bilyadim seytjegini sps