ÝÜZLENME!

Salam, eziz Agzalar!
Ýadyňyzda bolsa, 10 sany uly ýaşly agzalaryň arasynda kiçiräjik ýaryş gurnamakçy diýipdim. Bilşiňiz ýaly, saýtda uly ýaşly gadyrly, hormatlanýan akylly agzalarymyz kän. Emma şolaryň arasyndanam 10 sany agzany saýlap almaly boldy. Menem saýladym. Bu gezek şu 10 agza, indiki gezeklerde beýlekiler bilen dowam ederis, nesip bolsa.

Ol agzalar:

Oksimiron;
Pegas;
Dark_Wolf;
Hiayress;
Bayker;
Soho;
Remezan;
Granger;
Gumly gelin;
Esma.


Ine, şularyň aglabasy — galamkeşler.
Ýaryşyň maksady: sorag-jogap alyşmak, öz zehinimizi kämilleşdirmek.

Ýaryşyň şertleri ýönekeýje. Olar:
10 sany agza öz aralarynda 2 topara bölünmeli. Her topar 5 agzadan ybarat. Her agza 2 sany, jemi 20 sorag taýýarlamaly. Ol soraglar islendik ugurdan bolup biler. Şeýlelik bilen her toparyň 10 sany soragy bolýar. Soraglaryňyzy ertir irdene çenli jogaplary bilen bilelikde ugratmaly. Bellenilen gün, bellenilen wagtda şol 10 agza ulgamda bolmaly. Ilki bilen A topar (toparyňyza özüňiz at berip bilersiňiz) B topara taýýarlan 10 soragyny berýär (Bulary men paýlaşaryn). B topar belli bir wagtyň dowamynda şol soraglara jogap berjek bolmaly. Edil şolar ýaly, B toparam A topara soraglaryny hödürlär, olaram jogap bermäge synanyşmaly. Ahyrynda haýsy topar köp soraga dogry jogap beren bolsa, şol topar ýeňiji bolar we baýrak bilen sylaglanarlar.
Göwnümi ýykman, gatnaşmaga razy bolanyňyz üçin ähliňize öňünden minnetdar!

Ýaryşyň senesini, wagtyny toparlar we soraglar belli bolanyndan soň habar bererin. Siziň teklip etjek günüňiz, sagadyňyz bar bolsa aýdyp bilersiňiz.
Ählimizem gündiz işli bolýandyrys diýip pikir edýän. Şoň üçin agşam geçirilmek ähtimallygy uly.

Mümkin bolsa, öz toparyňyzy özüňiz döredäýiň ylalaşyp. Baryňyzam güýçli agzalar :)

17 лайков 754 просмотров
42комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
22 июл 2022, 21:53
B topara goşaýyň meni :)
Soraglaram ugratjak nesip bolsa.
Aýsere
22 июл 2022, 22:14
Şowly bolsun!
Telwas
Автор 22 июл 2022, 22:15
Massimus bilen Remezan agzalar girjek dälmikä saýda?
Aýsere
22 июл 2022, 22:17
Esma
B topara goşaýyň meni :)
Soraglaram ugratjak nesip bolsa.

Saňa balet etýändirin Gözel Şagulyýewa,ynamymy ödegin ?
yusupahmet12
22 июл 2022, 23:14
Sowaly goybermeli funkssiyany, yagny, adresi aydaysañyz gowy bolardy.
Maksat
22 июл 2022, 23:14
Haýsy topar kowmasa şo topara goşulaýyn:). A topara goşaýyñ.
Telwas
Автор 22 июл 2022, 23:16
yusupahmet12
Sowaly goybermeli funkssiyany, yagny, adresi aydaysañyz gowy bolardy.


Sowaly meň poçtama ýa-da şahsy hatyma ugradaýmaly.
yusupahmet12
22 июл 2022, 23:28
bolyar, sag boluñ
Clever boy.
23 июл 2022, 02:31
Menemà yashy uly welin,saytda aktiw dàl.da
DonMaxx
23 июл 2022, 04:05
Nesip bolsun
Serdar
23 июл 2022, 11:58
Ahlinize ustunlik.
Öwreniji
23 июл 2022, 14:26
B topar