Teleportasiýa

TELEPORTASIÝA

Teleportasiýanyň nämedigini biz çeper filimlerde we başga ýerlerde köp synlan bolsak gerek? Teleportasiýa bir ýerde ýitrim bolup, başga bir ýerde peýda bolmak. Eger teleportasiýa diýen zady alymlar amala aşyrmagy başarýan bolsalar, biz adamlar, göz açyp-ýumasy salymda, ýer ýüzüniň islendik ýerinde peýda bolup bilerdik. Bir bada göräýmäne teleportasiýa diýen zat ýerine ýetirip bolmajak fantastiki zada meňzeýär, dogrymy aýtsam meň özüm hem şeýle pikirde, ýöne internede sorag berseň, alymlaryň teleportasiýanyň üstinde işleýändikleri barada bilseň bolýar. Ylmy makalalara görä, teleportasiýany ylmy tarapdan amala aşyrsaň bolýar, we ýene bir näçe on ýyllyklardan soň, adamlara teleportasiýa diýen zat elýeter bolmalymyşyn?

★ Teleportasiýa janly tebigatda

Adamzat öz açyşlarynyň köpsini janly tebigatdan göçürýär. Islendik jandaryň başarýan zadyny, adam tehniki taýdan gaýtalap bilýär. Eger teleportasiýa diýen zat çyndan hem bar bolsa, ol hökman janly tebigatda duş geläýmeli, ol hakykatdan hem duş gelýärem. Günorta amerikada "Atta" diýip atlandyrylýan garynjalaryň görnüşi bar, ana şol garynjalaryň görnüşi teleportasiýany amala aşyrmaga ukyply. Şol garynjalaryň äpet ene garynjasy bolýar. Ol garynja ýeriň aşagynda bytnap bilmän ýatýar. Ol garynja diňe ýumurtga guzlaýar we iýmitlenýär. Haçanda alymlar ol ene garynja barýan ähli ýollary berk beklänlerinde, ol ene garynja bary ýogy bir näçe minutda ýitrim bolýar, we başga bir ýerde peýda bolýar. Alymlar ol ene garynjany reňk bilen hem bellik edip eksperimenti barlap görýärler. Garynja her gezek teleportasiýany amala aşyrýar. Elbetde alymlar Atta garynjaň bu täsin ukybyny öwrenerler we şol garynjaň teleportasiýa etmäge kömek edýän organyny taparlar, ol organyň tehniki kopýasyny ýasarlar, belki bu işlere ýene bir näçe ýüz ýyl gider?

★Teleportasiýa Kerimi Kuranda

Biziň döwrümiziň açyşlarynyň köpüsi, Kerimi Kuranda bar diýip belkem hemmeler eşdendir? Kerimi Kuran ebriologiýa we biýologiýada köp zady öňünden aýtdy. Ýazyp hem okap bilmeýän Muhammet Pygamber (s.a.w) beýle ylmy zatlary bilmäge hiç hili haky ýokdy, ýöne fakt, faktlygyna galýar. Indem Kerimi Kurandaky teleportasiýa meselesine geçeli. Süleýman Pygamberiň (a.s) döwründe, Saba ülkesinde bir patyşa aýal, öz halky bilen, Allaha dälde, güne çokunýan eken. Süleýman Pygamber bolsa öz döwründe musulman dinini ýaýradýan eken, (elbetde diplomatiýa bilen, eger bolmasa güýç bilen). Onsoň Suleýman, şol şa aýala Hudaýyň gudratyny görkezmek üçin, ol aýalyň tagtyny, öz oturan köşgüne teleportasiýa edýär. Başda teleportasiýany Suleýmana jynlardan biri (Ifrit atly pälwan) teklip edýär, ýöne ondan hem çalt, başga bir ylymly adam boýun alýar we şa aýalyň tagty, Suleýmanyň köşgünde peýda bolýar. Suleýman aýaldan soraýar, tagt seňkimi, aýal geň galyp meňki bolmaly diýýär. Şeýle usul bilen Suleýman ol şa aýala musulman bolmaga yrýar. Biziň ylymmyz güýçli we biz musulmanlar, —Süleýman diýýär eger ýalňyşmasam. Musulman adama Beýik Allah şeýle ylym berýär diýýän ýaly? Ol hakykatdan hem şeýle. Bu teleportasiýanyň nusgasy, Kerimi Kuranyň 27-nji süresinde agzalyp geçilýär. Indem biljek boluň süräň ady näme? Süräň ady "Garynja" (Arapça "Neml") Buňa tötänlikdir öýdýäňizmi? Menä beýle pikir edemok. Belkem teleportasiýa diýen zat, adaty adamlara elýeter bolynça bir näçe ýüz ýyl geçer, ýöne ol ylym (tehnalogiýa) iň soňunda elýeter bolanda, teleportasiýa garynjalaryň dahyllydygyny ilki bilen Kerimi Kuran agzap geçdi diýerler. Ylmy işler bilen mundan öň hem şeýle bolşy ýaly, Kerimi Kuran, ylymdan bir ädim öňde barýanyny ýene bir gezek subut eder.

©Rahman Zulfikarow
4 лайков 298 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ependi
25 янв 2023, 14:03
Aý borlaý, ertekä ýatdyň senem. Çynyňy gürläýhow arasynda? Ýekeje deliliňe ynanjak welin, şonam edeňok. Kelläňi başga ýerlere sokup, aldajak bolýaň.
#B.S
Автор 25 янв 2023, 14:12
Ependi,
Ýörite blog açdym sen üçin ?
#B.S
Автор 25 янв 2023, 14:14
Ependi,
Men elime ilen Kuran kitabyny derňeýän, sen bolsa derňäňok, arap elipbiýinde okap bilenok, barlag edenok ýene nämä esaslanyp gürlän bolýaň?
Ependi
25 янв 2023, 17:34
Näme üçin okaýyn? Kakoýto araplaň ertekisi kime gerek? Sen türkmen dälmi? Graždan adam, ýörite raýatlyk berilen. Okaber, okama diýemok, ýöne, nol ekeniň Sen. Million blog açaý meň üçin, bildirenok. Dogry zady ýüzüňe goýulanda, erkek ýaly jogap bermegi başaf. Şonam edibilmediň.
#B.S
Автор 25 янв 2023, 17:39
Ependi,
Sen özgerdilen diýip dawa edýäň, näme sebäpden edýäň, okamagy bilmäniň üçin edýän tupoýlygyň üçin edýän. Senem dawa edişine görä üýtgedilendigni erkek bolup maňa görkezerdiň mena elimden geldigiçe görkezdim. Senä diňe gepi uzatmakdan başgasyna ýaramadyň
Jeksparro
26 янв 2023, 23:49
Ependi
Näme üçin okaýyn? Kakoýto araplaň ertekisi kime gerek? Sen türkmen dälmi? Graždan adam, ýörite raýatlyk berilen. Okaber, okama diýemok, ýöne, nol ekeniň Sen. Million blog açaý meň üçin, bildirenok. Dogry zady ýüzüňe goýulanda, erkek ýaly jogap bermegi başaf. Şonam edibilmediň.



Kuran üýtgedilen diýmek üçin dokazat etmegiň gerek welin, @Ganturadan üýtgedilmedigine degişli dokazatelstwa soraýaňlaý körpe! Munyňa adalatsyz bolýar.
Jeksparro
26 янв 2023, 23:51
Ependi
@Khanture, özüňe ynamyň ýokda onda? Men nämüçin görkezeýin ýada subut edeýin saňa? Yslamyň goragçysy bolsaň, ynamyň bolsa, özüň subutla, ýada goşulma.

Subutlama meýlim ýok, subut edilen ýaly. Kellesi normal adam üýtgeşik däl.


@Gantura, näme ''Men yslamyň goragçysy!'' diýdimikä? Diýen bolsa onam dokazat etmeli bolýaň-da Hoja Nasretdin Ependi!