&&&

“Dost” diýlen söz öňýetene diýilmän,
Diňe çyn dostlara diýilen güni.
Her bir görýän zatlaryna uýulman,
Dine, türkmenlige uýulan güni.
Ähli ýagşy zatlar öňe sürülip,
Ýaramaz zatlardan irilen güni.
Her bir kelläň sygýan ýerne girilmän
Metjit, kitaphana girilen güni.
Bu dünýäden gidensoň däl, bar wagty
Saklananda ene-ataň sarpasy.
Döwre görä dar ýa açyk geýinen
Özüne çekmese gyzlaň “arkasy”
Ýigitler tüýs ýigit çykyp, gyzlaryň
Namysyny baýdak edinen güni.
Gelinler oňuşyp gaýyny bilen
Onuň adyn aýdym edinen güni.
Kirpik, dyrnak hem boteks-gyzlaryň
Durmuşyndan sumat bolsa soňunda.
Münende diňeje hakyny alyp
Taksistlaram akyl satman oňanda.
Parh goýup adamlar türkmen diline-
“Ejjeň” sözün goşman geplenen güni,
Kaddy-kamat diýip agyz beklemän
Haýyr-sogap üçin beklenen güni
Iň soňy-bolsa-da nämeler-näler,
Ynsanyň “Alla” diýp eplenen güni
Düzeler älem…

Baky AMANÝAZOW.
7 лайков 415 просмотров
61комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
21 апр 2022, 00:47
Nirvana,
Diňe Türkmen medeniýeti diýmek has artykmaç gürrüň, çagalygymyzdan bäri, intek onçakly düşünjelerimizem aýdyňlanmanka köp ýerde "medeniýet-medeniýet" diýip beýnimize guýansoňlar, edil din ýaly adam pahyr köp zady saýgaryp ýetişenok. Aslynda welin dünýä gaty giň, bu pikirler gaty ejizje pikirlere öwrülip galýar.