DUÝDURYŞ!!!

Salam okyjylarym! :)
Gowumy ýagdaýlaryňyz? Agşamyňyz haýyrly bolsun!

Bilşiňiz ýaly “Islenen.site” saýdynyň döredilip, ulanyşa girizilenine sanlyja günden 1 ýyl bolýar. Şol 1 ýyllygyň şanyna we saýtda biraz aktiwlik, janlylyk, üýtgeşme girizmek maksady bilen bäsleşik gurnamagy meýilleşdirdik. Sizi şol bäsleşige gatnaşmaga çagyrýan.
Bäsleşigiň şertlerini gatnaşjak agzalary saýlanymyzdan soň aýtmakçy.
Bäsleşikde;
1) Azyndan 10 adam gatnaşmaly we gatnaşýanlar 2 manatlyk giriş tölegini tölemeli.
2) Üç sany mowzuk boýunça:
1. "Meniň planetam";
2. "Ýabany ada";
3. “Geljekden bir gün”; atly üç mowzukdan birini saýlap almaly we şol mowzuga goşgy, hekaýa, tymsal, rowaýat, erteki, degişme, oýlanma, ýagny edebiýatyň islendik žanryndan awtorskiý bir zat döretmeli.

Oýnuň umumy goýlan utuşy 200manat (Baýkerden, Hiayressden, Nirvanadan we Massimusdan), ondan daşaram her gatnaşydan 2manat alýarysda oýnuň utugyna goşýarys, näçe köp gatnaşyjy ýygnap bilsek utuş şonça köp bolar. 2 manat hökmany şertdir. Oň zerurlygy köp adam gatnaşsa utuşyň agramyny artdyrjak, ýogsada adam pul çykarsa halallamana çalyşýar we iň soňkysyna çenli gidişer. Buda ýaryşyň gyzykly geçmegine ýardam eder.
Gatnaşjak agzalar adyňyzy we saýlan temaňyzy teswirlerde ýazyň. Ertir öýläne çenli gatnaşjaklar ýazsyn, eger 10 adama ýetmese bäsleşigi goýbolsun edýäris.
Ýene şeýle sorag bar. Utuşy (pul baýragyny) diňe 1-nji ýere bereliňmi ýa 1, 2, 3 ýerlere deňje paýlalyňmy?
Pikirleriňizi ýazyň.
17 лайков 955 просмотров
162комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 28 май 2022, 09:47
Sad boy
Kime geçirmeli haýsy nomer

Gatnaşjak bolsaňyz, ilki temaňyzy saýlaň.
Telwas
Автор 28 май 2022, 09:48
garaburc,
Pegas,
GeçerGeldi,
Massimus,
Belledim.
Telwas
Автор 28 май 2022, 09:49
Massimus,

Salam, maňa siz nomeriňizi ýazaýyň ýa-da poçtaňyzy.
Ogulşirin Bayramowa
28 май 2022, 09:57
Menem goşaýyň, temam “Geljekden bir gün” :)
Telwas
Автор 28 май 2022, 10:01
Ogulşirin_Bayramowa,
Bolýar.
Telwas
Автор 28 май 2022, 10:02
Mümkin, Aksary, Soho, Khanture, Dark_Wolf, Keaip_begcon, Esma, Margarita, Walerýanka, Rigel, Bendtner, wordless, Jeksparro, Senýorita, Dowsypat… we beýlekiler, sizden näme üçin ses çykanok? Size gelişenok, bu passiwlik. :)
Maksat
28 май 2022, 10:24
Salam haçan başlaýaka ýaryş?. Şol wagt üýşer ýaly ýokarda 18:00 diýlipdir welin, soň gijä galdym, ir geldim bolmaz ýaly, bir mowzuk açyp ýaryşyň wagtyny, dowamlylygny, kimleriň gatnaşjagyny ýazýaňyzmy ýa?
Maksat
28 май 2022, 10:25
Şahsy hat işleýän eken, işlänok diýýädiler welin.
Telwas
Автор 28 май 2022, 10:27
Bayker,
Salam. Wagtyny habar bereris öňünden. Emma şu wagt gatnaşjaklaryň sany 9. Bizem azyndan 10 adam gatnaşmaly diýdik. Başga gatnaşmak isleýän ýokmyka?
Maksat
28 май 2022, 10:33
Nirvana,
Sabyr ediň, entek gelmedikler bar ýokarda agzap geçen agzalarňyz ýok entek, şolaram gelse.
GeçerGeldi
28 май 2022, 10:35
@Mümkiniñ gatnaşmagy mümkin;) mbsy gytarmadyk bolsa
ýüreksözi
28 май 2022, 11:03
menem goşaýyn Meniň planetam diýen temadan oýlanma
ýüreksözi
28 май 2022, 11:04
ýöne şeýle sorag ýaryş haçan boşlaýa
Mümkin
28 май 2022, 12:09
Salam,joralar,dostlar.Men gatnaşyp bilmen.Bu temalar maña geografiýa we astronomiýa ýaly ýek ýigrenýän predmetlerimi ýatladýar.
Men söýgi,duýgy,romantika bolmasa bolamok,bilýäñiz-ä :))
Öwreniji
28 май 2022, 12:18
Mümkin
Salam,joralar,dostlar.Men gatnaşyp bilmen.Bu temalar maña geografiýa we astronomiýa ýaly ýek ýigrenýän predmetlerimi ýatladýar.
Men söýgi,duýgy,romantika bolmasa bolamok,bilýäñiz-ä :))

Ýazyjy şahyrlar hiç bir temany saýlamaýa, goşul hökman
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:20
ýüreksözi,
Bolýar.
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:21
Mümkin,

Saýlan temaňy özüň romantikleşdirersiň-dä. 2 manady gaýgy etme, men seňkini geçirerin. :)
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:23
ýüreksözi,
Agşama çenli jemlenseler agşam başlatjak.
#B.S
28 май 2022, 12:24
Meň iki manadymy geçirip berseňiz, egerde utsam ähli puly size berjek. Utylsam bilmedim. Özüňizden görüň. ;)))
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:25
Khanture,
Anyk gatnaşjakmy?
#B.S
28 май 2022, 12:27
Nirvana,
2 manady geçirjekmi? ;)))
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:28
Khanture,
Geçiräýerin. Temaňy saýla.
#B.S
28 май 2022, 12:33
Nirvana,
Sag bol. Meniň nomerim näçe ýyl bäri minusda ýatyrdy. Pul geçirmäge pulym ýok. Utsam hökmän ählisini size berjek. Eger bolmasa soň pullanan wagtym 4 manat edip gaytararynda, geljekde bir gün.

Näme mowzugy saýlanymyda düşünensiňiz.
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:34
Khanture,
Maňa gerek däl, gazanmak nesip etsin.

“Meniň planetam”. Dogrumy?
#B.S
28 май 2022, 12:36
Nirvana,
Ýok geljekden bir gün
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:38
Khanture,
Bolýar, belledim.

Mümkin,
Senem temaňy saýla.
#B.S
28 май 2022, 12:39
Sowal, ýeňijini nähili saýlaýaňyz? Like sany bir diýmäň! ;))))
Telwas
Автор 28 май 2022, 12:40
Khanture,
Ony şertlerini düşündirenimde aýtjak.
Mümkin
28 май 2022, 12:45
Nirvana,
Ýok,joram,çynym bilen aýdýan.Bu temalar meñ hiç (sözüñ doly manysynda "hiç") halamajak temalarym.
Aýyplaşma!Geçirjek diýeniñ üçinem sag bol!
Galyberse-de, meñ gatnaşmazlygym ýaryşa gatnaşýanlar üçin ullakan mümkinçilik. :))
#B.S
28 май 2022, 12:49
Nirvana,
Mümkin üçinem bir gowy tema tap. Gatnaşsyn şolam ;)))