DUÝDURYŞ!!!

Salam okyjylarym! :)
Gowumy ýagdaýlaryňyz? Agşamyňyz haýyrly bolsun!

Bilşiňiz ýaly “Islenen.site” saýdynyň döredilip, ulanyşa girizilenine sanlyja günden 1 ýyl bolýar. Şol 1 ýyllygyň şanyna we saýtda biraz aktiwlik, janlylyk, üýtgeşme girizmek maksady bilen bäsleşik gurnamagy meýilleşdirdik. Sizi şol bäsleşige gatnaşmaga çagyrýan.
Bäsleşigiň şertlerini gatnaşjak agzalary saýlanymyzdan soň aýtmakçy.
Bäsleşikde;
1) Azyndan 10 adam gatnaşmaly we gatnaşýanlar 2 manatlyk giriş tölegini tölemeli.
2) Üç sany mowzuk boýunça:
1. "Meniň planetam";
2. "Ýabany ada";
3. “Geljekden bir gün”; atly üç mowzukdan birini saýlap almaly we şol mowzuga goşgy, hekaýa, tymsal, rowaýat, erteki, degişme, oýlanma, ýagny edebiýatyň islendik žanryndan awtorskiý bir zat döretmeli.

Oýnuň umumy goýlan utuşy 200manat (Baýkerden, Hiayressden, Nirvanadan we Massimusdan), ondan daşaram her gatnaşydan 2manat alýarysda oýnuň utugyna goşýarys, näçe köp gatnaşyjy ýygnap bilsek utuş şonça köp bolar. 2 manat hökmany şertdir. Oň zerurlygy köp adam gatnaşsa utuşyň agramyny artdyrjak, ýogsada adam pul çykarsa halallamana çalyşýar we iň soňkysyna çenli gidişer. Buda ýaryşyň gyzykly geçmegine ýardam eder.
Gatnaşjak agzalar adyňyzy we saýlan temaňyzy teswirlerde ýazyň. Ertir öýläne çenli gatnaşjaklar ýazsyn, eger 10 adama ýetmese bäsleşigi goýbolsun edýäris.
Ýene şeýle sorag bar. Utuşy (pul baýragyny) diňe 1-nji ýere bereliňmi ýa 1, 2, 3 ýerlere deňje paýlalyňmy?
Pikirleriňizi ýazyň.
17 лайков 955 просмотров
162комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
28 май 2022, 12:50
Ýaryşa meňem gatnaşasym gelýär, ýöne işçi bolamsoň gatnaşyp bilemok. Eger, gije 22:00-dan soň başlasaňyz menem gatnaşyp bilýän. Ýa bolmasa ertire jogap aljak, gündiz arkaýyn geçirjek diýseňiz.
Ýeri, näme siýýäňiz?
Ahmet
28 май 2022, 12:51
Ýeri, näme siýýäňiz

Bagyşlaň, d harp bolmalydy, gapdalynda bolansoň ýalňyş basylypdyr.
Durmush
28 май 2022, 12:54
Bayker
Şahsy hat işleýän eken, işlänok diýýädiler welin.

Öň işlänokdy agam indi işleýär
Hiayress
28 май 2022, 12:55
Ahmedik_97,
Ýaryş göni ýaýlymda gidenok. Arkaýyn gatnaş hökmany birzatlar çyrşamana wagt tapylar. :))
Hiayress
28 май 2022, 12:56
Mümkin,
@Mümkinem ýa ýokarda ýazan sözümi ikä çykarjak bolup jan edýär ýada nikini "gatnaşmagym mümkin" diýip nigini halalajak bolýar. :))
Ahmet
28 май 2022, 12:58
Düýn
Ahmedik_97 on № 18Düýn, 21:45
Salam saýtdaşlar! Men işli bolamsoň ýaryşa gatnaşyp bilemok. Ýöne ýaryşyň esasy şerti bolan 2 manatyňyzy 5 manat edip geçirjek. Ýaryşa (ujypsyzam bolsa) goşant bolsun:)
Ýöne baýragy özüm bolsam şeýle gowşurardym:
1. 40 manat
2. 70 manat
3. 90 manat.
Sebäbi 1-nji ýer hemişe uly baýrak alýar, a men bolsa üýtgeşik etjek, ýagny, ýokardaky ýaly:)
Serawno ýeňiji baýraklary gowşurylýara:)
Dogry, "Onyň adalatsyzlyk bolýar" diýersiňiz, ýöne kimiň birinji, kimiň bolsa üçünji ýer boljagyny hiç haýsymyz bilemzoga:)
— diýip teswir ýazdym welin, ýagşydan ýamandan habar bolmady-la?!
Waleryanka
28 май 2022, 12:59
Menem gatnaşmakçy.Temam "Geljekden bir gün".Pul geçirmeli nomeri agşam 21﹉00 dan öň ýazaýyň.Ondan soň terminala gitmek kyn bolýar.
"Adyňyz tutulýança geleňizok" diýip aýyplaşma , Nirwana. Ýylyň bu aýlarynda iş gaty köp bolýar.Käwagt dagy myhman bolup şeýle okap çykmaga zordan wagt tapýas.
ajy
28 май 2022, 13:03
Waleryanka,
howwa, ekincilik döwrida hazirler. birem otag dowri bolansoñ ish kop bolya
Maksat
28 май 2022, 13:04
Ahmedik_97,
Gowy pikir Ahmet, agzalar ylalaşsa.
Waleryanka
28 май 2022, 13:04
Durmush,
Mendä şuwagtam işlänok.Saňa ýazyp gördüm.Druzýada goşup gördüm gitmedi.Ýa brauzerimi arassalamalymyka?
Durmush
28 май 2022, 13:05
Saýtda üýtgeşme barmaý? Düný başgaçady bugün başgaça.
Ahmet
28 май 2022, 13:05
Hiayress,
Hä şeýlemi ýa. Onda menem gatnaşýan. «Meniň planetam» mowzukdan oýlanma ýazmakçy.
Onsaň, ýaryşda ýeňiji bolmak üçin grammatikasynada seretmelimi?
Ahmet
28 май 2022, 13:07
Bayker,
Agam salowmaleýkum! Saglyklar nähili, oňatlaşýaňyzmy?
Ahmet
28 май 2022, 13:08
Durmush,
Mendä üýtgän zat ýok. Nämesi üýtgäpfir?
Durmush
28 май 2022, 13:08
Waleryanka
Durmush,
Mendä şuwagtam işlänok.Saňa ýazyp gördüm.Druzýada goşup gördüm gitmedi.Ýa brauzerimi arassalamalymyka?

Arassalap gör ýa brawzeriňi täzeläp gör. Via brawzerini alyp göräý bolmasa. Nähili telden girýäň
Hiayress
28 май 2022, 13:10
Ahmedik_97,
Onçasyny gatnaşjak agzalar belli edensoň, @Nirwana habar eder. :))
Ahmet
28 май 2022, 13:10
Bayker,
Agam, maňa galsa baýraklary şeýle gowşurjak. Goý biziň bäsleşigimiz (ýaryşymyz, oýnumyz adatdakylardan üýtgeşik bolsun))
Hiayress
28 май 2022, 13:11
Gatnaşyjykar köpelýär. Kimdir biriniňä eli gijeýändir şu wagt. ?
Maksat
28 май 2022, 13:11
Ahmedik_97
Bayker,
Agam salowmaleýkum! Saglyklar nähili, oňatlaşýaňyzmy?

Wealeykumessalam inim, oňat hudaýa şükür. Sen gowmy sag aman işläp ýörsüňmi?
Ahmet
28 май 2022, 13:13
Hiayress,
Menden öň 9 adam bar eken. Menem 10-njy. Indi ýaryş geçirilse-de boljak we galyberse-de ýene-de gatnaşjak tapylar.
Ahmet
28 май 2022, 13:14
Ýöne söz çeperçiligine Massimus bilen Nirwana ökde, goşga Pegas. Men bolsa hiç zada:) şonda-da gatnaşjak:)
Waleryanka
28 май 2022, 13:15
Durmush,
Şol Via browseri ulanýanda.Teliň j2.
Waleryanka
28 май 2022, 13:15
*Telim
Hiayress
28 май 2022, 13:15
Ahmedik_97,
18:00-la çenli kim gatnaşmana höwes edýän bolsa goşulyp biler. 18:00-dan soň höwes bildiren hasaba alnanok. Oýnuň şertinem @Nirwana 21:00-dan gije galman aýan eder diýen umyt bar.
Ahmet
28 май 2022, 13:16
Hiayress,
Meňkä gijänok. Diýmek, men utuldym, bu meň ýazgydymda bar eken :D
Hiayress
28 май 2022, 13:17
Ahmedik_97,
"Ýatyp galandan atyp gal." Dogry edýäň gatnaş, gatnaş...
ajy
28 май 2022, 13:17
Ahmedik_97
Sennen passanlaram berdey ynha men ?
yone gaytam bu agzalaryñ gatnashmadygynyñ bir gowy tarapy, bayraga has yakynlayas)
Maksat
28 май 2022, 13:17
Hiayress
Ahmedik_97,
18:00-la çenli kim gatnaşmana höwes edýän bolsa goşulyp biler. 18:00-dan soň höwes bildiren hasaba alnanok. Oýnuň şertinem @Nirwana 21:00-dan gije galman aýan eder diýen umyt bar.

Onda ýatyp dynç alaýyn birsalym:))
ajy
28 май 2022, 13:18
şahsy hat açýa, ýöne ýazyp otpravila basp ugratsañ sahypa obnablenya bolya we 'hiçzat' gidenok
Ahmet
28 май 2022, 13:19
Bayker,
Bayker on № 111Şu gün, 13:11
Ahmedik_97
Bayker,
Agam salowmaleýkum! Saglyklar nähili, oňatlaşýaňyzmy?
Wealeykumessalam inim, oňat hudaýa şükür. Sen gowmy sag aman işläp ýörsüňmi?

Oňat, munça bolsa boljak. Şu günler-ä «Ylgap» ýadaýas. Aý bor-da, düzeler-dä bir gün...