DUÝDURYŞ!!!

Salam okyjylarym! :)
Gowumy ýagdaýlaryňyz? Agşamyňyz haýyrly bolsun!

Bilşiňiz ýaly “Islenen.site” saýdynyň döredilip, ulanyşa girizilenine sanlyja günden 1 ýyl bolýar. Şol 1 ýyllygyň şanyna we saýtda biraz aktiwlik, janlylyk, üýtgeşme girizmek maksady bilen bäsleşik gurnamagy meýilleşdirdik. Sizi şol bäsleşige gatnaşmaga çagyrýan.
Bäsleşigiň şertlerini gatnaşjak agzalary saýlanymyzdan soň aýtmakçy.
Bäsleşikde;
1) Azyndan 10 adam gatnaşmaly we gatnaşýanlar 2 manatlyk giriş tölegini tölemeli.
2) Üç sany mowzuk boýunça:
1. "Meniň planetam";
2. "Ýabany ada";
3. “Geljekden bir gün”; atly üç mowzukdan birini saýlap almaly we şol mowzuga goşgy, hekaýa, tymsal, rowaýat, erteki, degişme, oýlanma, ýagny edebiýatyň islendik žanryndan awtorskiý bir zat döretmeli.

Oýnuň umumy goýlan utuşy 200manat (Baýkerden, Hiayressden, Nirvanadan we Massimusdan), ondan daşaram her gatnaşydan 2manat alýarysda oýnuň utugyna goşýarys, näçe köp gatnaşyjy ýygnap bilsek utuş şonça köp bolar. 2 manat hökmany şertdir. Oň zerurlygy köp adam gatnaşsa utuşyň agramyny artdyrjak, ýogsada adam pul çykarsa halallamana çalyşýar we iň soňkysyna çenli gidişer. Buda ýaryşyň gyzykly geçmegine ýardam eder.
Gatnaşjak agzalar adyňyzy we saýlan temaňyzy teswirlerde ýazyň. Ertir öýläne çenli gatnaşjaklar ýazsyn, eger 10 adama ýetmese bäsleşigi goýbolsun edýäris.
Ýene şeýle sorag bar. Utuşy (pul baýragyny) diňe 1-nji ýere bereliňmi ýa 1, 2, 3 ýerlere deňje paýlalyňmy?
Pikirleriňizi ýazyň.
17 лайков 955 просмотров
162комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
28 май 2022, 13:21
Hiayress,
Hiayress on № 116Şu gün, 13:15
Ahmedik_97,
18:00-la çenli kim gatnaşmana höwes edýän bolsa goşulyp biler. 18:00-dan soň höwes bildiren hasaba alnanok. Oýnuň şertinem @Nirwana 21:00-dan gije galman aýan eder diýen umyt bar

Ir-gözinden ýetişipdirindä onda))
Maksat
28 май 2022, 13:21
Ahmedik_97
Hiayress,
Meňkä gijänok. Diýmek, men utuldym, bu meň ýazgydymda bar eken :D

Ýazgyt Alladan erada özüňde, belki ýeňijileň biri bolarsyň.
Üstünlik inim!
Ahmet
28 май 2022, 13:23
garaburc,
Senden poçtaň öňkümi diýip soradym welin, jogap bermediň-le?!
Telwas
Автор 28 май 2022, 13:26
Waleryanka,
Bolýar, zyýany ýok. Belledim.

Ahmedik_97,
Belledim.
Ahmet
28 май 2022, 13:28
Nirvana,
Oýlanmama ýazgydy goşsam minusdan dolar gerek :D
ajy
28 май 2022, 13:28
Ahmet, haçan soradyñ? gorman galypdyryn. yok parlajyk pochtàmy duybunden kõkünden üzüp ýok etdim. pechine03@gmail.com taze pochtam
Telwas
Автор 28 май 2022, 13:28
Siziň sagadyňyzda 18:00 sanawy we şertleriňizi siz bilen paýlaşjak.
Ahmet
28 май 2022, 13:29
Nirvana,
Degişýändirin, negative pikir kelläňe geläýmesin:D
Telwas
Автор 28 май 2022, 13:31
Ahmedik_97,
Näme goşasyň gelse goşuber. Soň okarys. :)
Ahmet
28 май 2022, 13:36
Nirvana,
Baýrakly meselede pikirimi ýazypdym, meň pikirim barada pikiriňi bilesim gelýär. Hiç jogap bermediňle:)
Ahmet
28 май 2022, 13:55
Nirvana,
Ýaryşyň jemi haçan jemlenýär? Meselem, eserler 01.06.2022-de sagat 22:00-a çenli kabul edilýär. Netijeleri bolsa 03.06.2022-de belli bolýar.
Ine şeýleräk tanyş etseler gowy boljak. Sebäbi şu günem, ertirem agşam myhmanly. Gündizem iş.
ajy
28 май 2022, 14:01
Ahmedik_97,
noyba aytmyshlayyn sañada hem hoz gerek, hem mürrügi ? Ýetişdà eytde beytde. ozumiz shu saytyñ 1ýyllygy mynasybetli geçiryas yarysy
Ahmet
28 май 2022, 14:06
Eseri elimiň boşrak wagty ýazasym gelýär. Bolmasa çeperçiligi pes bolar. Şübhesiz. Onsaň men utularyn :D
Ahmet
28 май 2022, 14:09
garaburc,
Köşeş dogan. Saýtyň 1 ýyllygy haçan?
Mümkin
28 май 2022, 14:16
Ýeri bolýar.Temam "Geljekden bir gün".
(señ üçin)
Esma
28 май 2022, 14:27
Salam! Menem goşaýyň ýaryşa.
Temasy: "Meniň planetam".
Birzatlar ýazyp bilmezmikäm? Ýöne puly nähili haýsy nomera salmalyka?
ajy
28 май 2022, 14:50
Esma,
sen tüweleme doredijilikli ekeniñ, yazarsyñ yazarsyñ
ajy
28 май 2022, 14:50
Ahmedik_97,
30-na oytyan
Dowsypat
28 май 2022, 15:23
1. "Meniň planetam";
2. "Ýabany ada";
3. “Geljekden bir gün”;

Üçüsinem bir edip açmakçy.Belläp goýaýyn!
ajy
28 май 2022, 15:26
Dowsypat.,
Meniñ planetamda yabany adan bolar geljekde birgün...))

gyzyklandymgy señki hakda
Telwas
Автор 28 май 2022, 15:32
Ahmedik_97
Nirvana,
Baýrakly meselede pikirimi ýazypdym, meň pikirim barada pikiriňi bilesim gelýär. Hiç jogap bermediňle:)

Göwnämok. (:
Telwas
Автор 28 май 2022, 15:33
Mümkin,

Bolýar, belledim.

Esma,
Belledim.
Telwas
Автор 28 май 2022, 15:33
Dowsypat.,

Haýsam bolsa birini saýlamaly. Gatnaşjakmy?
Telwas
Автор 28 май 2022, 15:36
Meň atlandyranlarymyň käbiri we beýleki agzalar saýda girip-çykyp durdylar. Gatnaşjak diýip ýazmadyklaryna görä, gatnaşjak däl diýdiler diýip kabul edýän. Wagt gidirip 6-a çenli garaşybam oturjak däl. Indiki giremde şertlerini ýazjak.
senagul
28 май 2022, 15:44
Üstünlik. :)
Dowsypat
28 май 2022, 15:51
Garaburç@Şeýdip ýazaýjakdymda.
Nirwana@Ýabany adany saýlaýyn onda.
Howlukma,düzgün boýunça baryber.18:00-a çenli sabr et!Başgada goşuljaklar bardyr.
Durmush
28 май 2022, 16:06
Waleryanka
Durmush,
Şol Via browseri ulanýanda.Teliň j2.

Öň mendede işlänokdy.
Aýnur
28 май 2022, 16:22
23 maý isleneniň döredilen güni şeýle dälmi?
Ahmet
28 май 2022, 16:28
Kkk
Ahmet
28 май 2022, 16:28
Bayker aga, Mis Minnosh, açyldy, arkaýyn bolaýyň. Bimaza edenime bagyşlaň.