✓ ✓ ✓

Gollandiýaly bir psiholog Vander Hoven Gurhan okamagyň we ALLAH sözüni gaýtalamagyň näsaglar we jany sag adamlara ýetirýän täsirini aýan etdi.
Hassalaryň käbirleri musulman däl, käbirleri bolsa arapça bilenoklar. Hoven olara ALLAH sözüni öwredýär.
Netije örän täsin we ajaýyp. Bu söz esasanam depressiýaly we dawleniýaly (gan basyş) näsaglara has peýdaly bolupdyr. Professor Haven ALLAH sözündäki harplaryň psihiki näsaglara täsirini şeýle beýan edýär.
-ALLAH sözündäki birinji “A” harp dem alyş ulgamyndan göni çykyp dem almagy sazlaýar.
-Damakdan aýdylýan “L” harpy bolsa (Arapça aýdylşy ýaly) dil çalaja damagyň üst tarapyna degýär we ýaňagyň az salymlyk pauzasy bilen şol bir proses gaýtalanýar. Ýagny, iki sany “L” harp bolany üçin gaýtalanýar. Bu proses dem alyp bermegi rahatladýar.
Soňky “H” harpy aýdylanda öýken bilen ýüregiň arasynda gatnaşyk ýüze çykýar we bu amalyň netijesinde ýürek uruşlary gowulaşýar.
Bu gözlegi eden adam musulman däl. Emma yslam ylymlary bilen gyzyklanýar we Kurany Kerimiň syrlaryny derňeýär.
3 лайков 671 просмотров
97комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
23 апр 2022, 22:52
Nirvana,
Siziň maňa başda "Indi siz Allah sözüniň peýda edýändigini inkär edýäňizmi?" diýmegiňiz, we başda ýazgynyň ylmy bolmasa-da ylmydygyny düşündirjek bolmagyňyz näme bolsada Yslamy bir merkezdigiňizi görkezýär. Galybersede men ýazan teswirimde dini bir ynanjy göz öňüne tutupdym. Siz bolsa şol ynanjyň nämelerden saklaýandygyny, soňam onuň din dälde ynançdygyny aýtdyňyz oturyberdiňiz.
Maksat
23 апр 2022, 22:54
Nirvana,
Nesip bolsa ýöne men hiç zady tankytlamok ahyry men diňe düşündirdimmikäm diýýärin, soragyňyza jogap berdim diňe kem taraplaryny gözleýän däldirin. Bulam tankyt bolsa bilmedim, ýazanlarymyň tankytdygyny sizden eşdip öwrendim.
Maksat
23 апр 2022, 22:56
Nirvana,
Kitaplardan alynan bolsa eýýäm dogrulygy 10-da 3 paýdyr bolsa. Ýazykylar kitapda çeperleşdirip öz ynanjyna görä goşup ýazýarlar. Kitaply döwür galmadymyka diýýärin. Hemme zat sanly ulgama tarap gönükdirilen.
Maksat
23 апр 2022, 22:56
*ýazyjylar
Telwas
Автор 23 апр 2022, 22:58
Keaip_begcon,
Ylmy maglumaty ylmy taýdan subut edilen diýip men aýtdym. Subut edilmedik bolsa kitaplara geçesi ýok-la. Kunter Kurt tarapyndan ýazylan kitapda bardy şu maglumat.

Allah sözi baradaky soragy, men siziň näme diýjek bolýanyňyza düşünmän sorapdym.
Ikinji soragy bolsa, biohimik agzaň din kalbyňy arassalaýar sözüni nazara alyp sorapdym.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 23:00
Keaip_begcon,
Bolýar. Nesip bolsa.
Maksat
23 апр 2022, 23:01
Nirvana,
Gaýta kitaplarda subut edilmedik zatlar köpdä. Nädip haýsam bolsa bir kişi tarapyndan ýazylan bir kitaby din ýaly inçe meselede subutnama hökmünde görýäňiz ? Kitaplarda barmyka islendik diniň subutnamasy ? Onda alymlar müňlerçe ýyl pelsepe akymyny bes edip, mellek işläbermeli.