✓ ✓ ✓

Gollandiýaly bir psiholog Vander Hoven Gurhan okamagyň we ALLAH sözüni gaýtalamagyň näsaglar we jany sag adamlara ýetirýän täsirini aýan etdi.
Hassalaryň käbirleri musulman däl, käbirleri bolsa arapça bilenoklar. Hoven olara ALLAH sözüni öwredýär.
Netije örän täsin we ajaýyp. Bu söz esasanam depressiýaly we dawleniýaly (gan basyş) näsaglara has peýdaly bolupdyr. Professor Haven ALLAH sözündäki harplaryň psihiki näsaglara täsirini şeýle beýan edýär.
-ALLAH sözündäki birinji “A” harp dem alyş ulgamyndan göni çykyp dem almagy sazlaýar.
-Damakdan aýdylýan “L” harpy bolsa (Arapça aýdylşy ýaly) dil çalaja damagyň üst tarapyna degýär we ýaňagyň az salymlyk pauzasy bilen şol bir proses gaýtalanýar. Ýagny, iki sany “L” harp bolany üçin gaýtalanýar. Bu proses dem alyp bermegi rahatladýar.
Soňky “H” harpy aýdylanda öýken bilen ýüregiň arasynda gatnaşyk ýüze çykýar we bu amalyň netijesinde ýürek uruşlary gowulaşýar.
Bu gözlegi eden adam musulman däl. Emma yslam ylymlary bilen gyzyklanýar we Kurany Kerimiň syrlaryny derňeýär.
3 лайков 671 просмотров
97комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:31
Michael
Nirvana
Tema* bolmaly.

Siz temaňyza pikirlerini ýazanlar bilen näme üçin pikir alyşaňzok?
Mundan öňki temalaryňyzda-da şeýledi.

Işli wagtyma duşandyr


Düşnükli. Sizem ylymdan-bilimden paýly şahsyýetmi?
Michael
23 апр 2022, 00:32
Nirvana
Michael
Siziňki düşesi ýok-la. Tüweleme, açyp bilseňiz halanana geçýär.)

Özümem haýran şoňa. 10-15 atdan girip özüm basýan ýaly duýýandyrlar diýip oňaýsyzam bolýan. Ýöne menä (+), (-) gyzyklandyranok.
Michael
23 апр 2022, 00:34
Nirvana
Michael
Nirvana
Tema* bolmaly.

Siz temaňyza pikirlerini ýazanlar bilen näme üçin pikir alyşaňzok?
Mundan öňki temalaryňyzda-da şeýledi.

Işli wagtyma duşandyr


Düşnükli. Sizem ylymdan-bilimden paýly şahsyýetmi?

Bilmedimda. Özüm barada gowy zat aýtsamam öwünýä diýäýjekler ýaly
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:34
Michael,
:) özüň basýansyň sen. Hany boýnuňa al. Şu wagt tüýs wagty boýnuňa almagyň.
Maksat
23 апр 2022, 00:36
Michael,
Hawwa, ahlak kadalarynyň aglabasam ýalňyş tanalýar meniň pikirimçe. Meselem orta barmagy görkezmek ahlaksyzlyk we edepsizlik hasaplanmagy, goşmaça ahlaklar düzgünleri, öýüňe garlawaç girse şowlulyga ynanylmagy, pişik geçdi gara ýa-da ak, bularyň köpüsiniň adam tarapyndan döredilen we çeperleşdirilen zatdygyny pikir edýärin. Hiç biriniňem daýanyp goldanjak bir sebäbi ýok. Ölümi adamyň kabul etmegi gerek adaty şekilde. Bu kanun ýaly ýiti zat.
Michael
23 апр 2022, 00:36
Nirvana
Michael,
:) özüň basýansyň sen. Hany boýnuňa al. Şu wagt tüýs wagty boýnuňa almagyň.

Wah şol basylan (+) -lar azajygam bolsa girdeji bersedi, 10-15 däl, ýüzlerçe atdan girerdim. Etýänimem öňünden aýdardym welin
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:36
Michael,
Diýer goýarlar. Buýsanarlyk mertebäňiz bar bolsa, goý, öwüniň.
Michael
23 апр 2022, 00:38
Nirvana
Michael,
:) özüň basýansyň sen. Hany boýnuňa al. Şu wagt tüýs wagty boýnuňa almagyň.

Hmmm gije dogrusyny aýtýalar diýip soraýşyň öýtýän))
Michael
23 апр 2022, 00:38
Nirvana
Michael,
Diýer goýarlar. Buýsanarlyk mertebäňiz bar bolsa, goý, öwüniň.

Ähm yhm. Başlaýyn onda ))
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:38
Keaip_begcon,
Şu sananlaryňyza batyl ynanç (düşünje) diýilýärdimi?
Menem ynanamok şol sananan yrymlara.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:39
Michael
Nirvana
Michael,
:) özüň basýansyň sen. Hany boýnuňa al. Şu wagt tüýs wagty boýnuňa almagyň.

Hmmm gije dogrusyny aýtýalar diýip soraýşyň öýtýän))

Hawa. :))
Michael
23 апр 2022, 00:41
Keaip_begcon
Michael,
Hawwa, ahlak kadalarynyň aglabasam ýalňyş tanalýar meniň pikirimçe. Meselem orta barmagy görkezmek ahlaksyzlyk we edepsizlik hasaplanmagy, goşmaça ahlaklar düzgünleri, öýüňe garlawaç girse şowlulyga ynanylmagy, pişik geçdi gara ýa-da ak, bularyň köpüsiniň adam tarapyndan döredilen we çeperleşdirilen zatdygyny pikir edýärin. Hiç biriniňem daýanyp goldanjak bir sebäbi ýok. Ölümi adamyň kabul etmegi gerek adaty şekilde. Bu kanun ýaly ýiti zat.

Bu biderek kadalary göz öňüne tutmadym. Bikanun jynsy gatnaşyk, ýoldaşyň arkasyndan pyçak urmak(ikilik etmek, ýalan sözlemek), ogurlyk, birinin hakyny iýmek, parahorluk, süýthorluk, erbet iş etýäni öz bähbidiňe ýygşyrmak......... (ýadyma düşeni şular ýene köpeldip bolýar)
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:41
Michael
Nirvana
Michael,
Diýer goýarlar. Buýsanarlyk mertebäňiz bar bolsa, goý, öwüniň.

Ähm yhm. Başlaýyn onda ))

Başlaň.
Michael
23 апр 2022, 00:43
Nirvana
Michael
Nirvana
Michael,
Diýer goýarlar. Buýsanarlyk mertebäňiz bar bolsa, goý, öwüniň.

Ähm yhm. Başlaýyn onda ))

Başlaň.

Ýaltanýana)
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:45
Michael,
Özüňi öwmäge mümkinçilik beren wagtym öwmeseň özüňden gör. Indi öwseňem, öwünmek üçin aldaýar diýerler. Men ýöne ýere şu wagt tüýs wagty diýmedim. :)
Maksat
23 апр 2022, 00:53
Nirvana,
Hawwa, ýöne ony ahlak bilen baglanyşdyrýarlar. Şony etmeseň ahlaksyz hasaplaýarlar şony göz öňüne tutupdym.
Maksat
23 апр 2022, 00:53
Michael,
Ol eýyäm doly jemgyýete ters gelýän we kanun, çäreler esasynda saklanmaly zat.
Chelsea
23 апр 2022, 10:03
Garaz eytyaler beytyaler ylymy dine baglayalarda. Ylym gazananlaryny subut etyar din namani subut edenini bilemok. Dinin goldayan doly jemgyyete ters gelyan we kanun, careler esasynda saklanmaly zatlary ateizm, agnoistikler, deizmem goldayar.
Hiayress
23 апр 2022, 11:11
Chelsea,
"Ylym gazananlaryny subut etyar din namani subut edenini bilemok"

Din ylmyň gazananlarynyň özünde öňden subut edilendigini subut etýär. Dini ulamalar ýene ylmy açyşlar bolsa diniň beýleki mugjuzalarynam öwreneris diýýär.))
Chelsea
23 апр 2022, 11:23
Hiayress,
Pähaýt senemä.
Nähili düşünmeli muňa. Din tarapdan gürlesdiňmi ýada ylym?!:)
Hiayress
23 апр 2022, 11:34
Chelsea,
Mysal getireýin belki düşünersiň: Alymlar aýy surata düşürdiler we aýyň böwründen geçýän çyzygy görip bir wagtlar aýda aýy ikä bölen çatlama bolandyr diýip çakladylar. Dini ulamalaram ony dine ýordular. Myhammet pygamberiň ömür ýolunda aýyň ikä bölünşi hakynda aýdylýar diýip. Alymlar demiriň asmandan inen materialdygyny çakladylar, dini ulamalar Kurany-kerimden demiriň asmandan inendigini çaklaýan aýat getirdiler. Alymlar adamyň nähili döreýşini, spermatozoitden başlap tä dünýä inýänçä nähili etaplary başdan geçirýändigini tassykladylar, dini ulamalar munam aýatlaryň üsti bilen öň açylanyny görkezdiler ýene-de şular ýaly birtopar wakalar ylmy ýada medessinanyň açyşlaryna bagladylar. Namazyň pulsy sazlaýanyny, orazaň köp keseleriň öňüni almak üçin peýdalydygyny we ş.m.
Chelsea
23 апр 2022, 12:53
Hiayress,
Bu din sumaklara it üýrer kerwen geçer edäýmeseň ýada peşewini iýdirseň gowy bolar

Subut edip bilenoklar hiç zadam. Geýýän tursiginden elindäki telefona çenli ylym gazandy.

Imoda dagy uzakly gije 2-3 sany dinsumak oturýar. Aşagyndada 100e golaý adam. Soraga tutsaňam ýa gaçyp gitýär ýa seni bloklaýar ýa aljyrap hapa söwünýär
Hiayress
23 апр 2022, 15:10
Chelsea,
Ynam gerek ýöne ynam diýip aklyňdan azaşmak gerek däl.
Biohimik
23 апр 2022, 15:41
Chelsea
Hiayress,
Bu din sumaklara it üýrer kerwen geçer edäýmeseň ýada peşewini iýdirseň gowy bolar

Subut edip bilenoklar hiç zadam. Geýýän tursiginden elindäki telefona çenli ylym gazandy.

Imoda dagy uzakly gije 2-3 sany dinsumak oturýar. Aşagyndada 100e golaý adam. Soraga tutsaňam ýa gaçyp gitýär ýa seni bloklaýar ýa aljyrap hapa söwünýär

Herkimin garaysy bar beyle kemsitmeler yazmak nadogry!
Biohimik
23 апр 2022, 15:43
Din kalbyñy arassalayar ozuñ pakizelenyan ruhyn goterilip sahtin acylyar kyncylyga duseninde yokarda allahyn komek etjegine ynanyp stress depressiya yaly zatlaryn onuni alyar garaz seyle aydara zat kop
Maksat
23 апр 2022, 16:46
biohimik.,
Aýdyşym ýaly bu diňe ynanç üçin. Nirede subut edilipdir ruhyň göterlip şähdiň açylýandygy ?
Telwas
Автор 23 апр 2022, 22:02
Keaip_begcon,
Şol ynanjyň adamy nämelerden saklaýandygyny bilýäňizmi?
Maksat
23 апр 2022, 22:38
Nirvana,
Ýene başa gaýtdyňyz. Siziň dini garaýyşyňyz diňe Yslam bilen çäklenýär, ýazanlaryňyz aňmak kyn däl. Ýöne aýdyşym ýaly bu dünýä gaty giň. Biziň ynanýan zadymyz biziň geljegimizi we aňymyzy, şol sanda durmuşymyzy şekillendirýär. Nämelerden saklaýandygy biziň ynanjymyza görä şeýle, aslynda welin düýpli sebäplerem bar we saklaýandygyna hökman Yslamy baglamalymy ? Ýene-de aýdasym gelýär dini adamyň özi döreden we özi ýöretýär. Oňa ynanmak diňe öz islegimiz, a uly zatlarda welin düýpli mazmunly edip diňe Yslamy ara goşmak, ynsanyň her ýagdaýy (kynçylykdan çykmak, garyplyk, meseleler, çökgünlik) bilen baglanyşdyrmak diňe bir taraply düşünmek bolýar.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 22:41
Keaip_begcon,
Dogan, siz nireden bilýäňiz meň dini garaýşymyň diňe yslam bilen çäklenýändigini?
Men din diýmedim ynanç diýdim. Şoňa görä jogap beriň. Her ynanç dinmi?
Telwas
Автор 23 апр 2022, 22:47
Aslynda siz bilen şu temada soňuna çenli pikir alyşyp-berişesim gelýär. Maňa gyzykly bir tema boýunça köp taraplaýyn pikirlenmek. Emma sizden bir soraga jogap aljak bolsaň, garşyňyzdakyň pikirlerini tankytlaýaňyz. Belki, menem siz ýaly pikir edýändirin. Ýokardaky ýazgylara gelsek, olar meň kellämden, dilimden çykan zatlar däl. Okan kitaplarymdan alynan maglumatlar.
Gündiz wagtym çäkli bolup girip bilemok. Gijede 1-2 sagatlyk girýänim üçin, uzak ýazyşyp bilemok bir temada.
Meňem aýtjak zatlarym bar. Bu gün bolmasa bir gün aýdaryn. Şu dinli tema barada.
(Şunça wagt gürlemän gezdim welin, gürlemeli boljak öýdýän)