✓ ✓ ✓

Gollandiýaly bir psiholog Vander Hoven Gurhan okamagyň we ALLAH sözüni gaýtalamagyň näsaglar we jany sag adamlara ýetirýän täsirini aýan etdi.
Hassalaryň käbirleri musulman däl, käbirleri bolsa arapça bilenoklar. Hoven olara ALLAH sözüni öwredýär.
Netije örän täsin we ajaýyp. Bu söz esasanam depressiýaly we dawleniýaly (gan basyş) näsaglara has peýdaly bolupdyr. Professor Haven ALLAH sözündäki harplaryň psihiki näsaglara täsirini şeýle beýan edýär.
-ALLAH sözündäki birinji “A” harp dem alyş ulgamyndan göni çykyp dem almagy sazlaýar.
-Damakdan aýdylýan “L” harpy bolsa (Arapça aýdylşy ýaly) dil çalaja damagyň üst tarapyna degýär we ýaňagyň az salymlyk pauzasy bilen şol bir proses gaýtalanýar. Ýagny, iki sany “L” harp bolany üçin gaýtalanýar. Bu proses dem alyp bermegi rahatladýar.
Soňky “H” harpy aýdylanda öýken bilen ýüregiň arasynda gatnaşyk ýüze çykýar we bu amalyň netijesinde ýürek uruşlary gowulaşýar.
Bu gözlegi eden adam musulman däl. Emma yslam ylymlary bilen gyzyklanýar we Kurany Kerimiň syrlaryny derňeýär.
3 лайков 671 просмотров
97комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
23 апр 2022, 00:00
Bu dini bir ynanyş we garaýyş. Bu psiholog ylymda subut edilmedik zatlaryň kabul edilmeýändigini, psihologiýanyň hem ylym bilen baglanyşýandygyny bilmeýän bolara çemeli. Dini bir ynanyşyň adam tarapyndan döredilip ýöredilýän zatdygy bir hakykat bolmak bilen, bular ýaly zatlaryň başga adamlarda (başga dinli) täsirem barmyka onsaň ? Dünýä kiçi zat däl we 7 mlrd adamy göterýär. Has dogrusy ylmy bir ýazgymyka öýdüpdim.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:02
Michael,
Ýazman, aragatnaşyk saklaman gowy gezipsiňiz 1 ýyl. Nähili düşündirjegimem bilemok.
Michael
23 апр 2022, 00:03
Nirvana
Michael,
Ýazman, aragatnaşyk saklaman gowy gezipsiňiz 1 ýyl. Nähili düşündirjegimem bilemok.

Menem düşünmedim. Kime ýazmaly kim bilen aragatnaşyk saklamaly? Internet ulanman diýjek bolsaňyza onda başga gürrüň
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:04
Keaip_begcon,
Ol siziň düşünjäňiz. Ylmy taýdan subut edilen diýip aýdylypdyr. Onsaňam professor, psiholog adam nädip psihologiýa ylmyna düşünmän şol derejä ýetdikä? Ýa her öň ýeten professor bolup bilýärmi?
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:05
Keaip_begcon,
Has dogrusy ylmy bir ýazgy şu.
Michael
23 апр 2022, 00:05
Nirvana,
Satyn alan bolaýmasyn) däp boluşy ýaly
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:06
Michael,
Ana bildiňiz. Şeýdip özüňiz düşüniň. Kelle dury däl…
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:07
Michael,
Gollandiýada barmyka ol däp? :)
Michael
23 апр 2022, 00:07
Nirvana,
Düşündim ilki, ýöne diýýän zadyňa seredip başga zat diýjeksiň öýdip sorag berişimda. Ýagdaýyň bolan wagty ýetdim diýäýmesem )
Michael
23 апр 2022, 00:08
Nirvana
Michael,
Gollandiýada barmyka ol däp? :)

Bizdä bar. Ýok ýeri ýokmuka diýýän)
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:09
Michael,
Düşündim. Entegem gezmeli ekeniňiz başarsaňyz. Internedem zyýanyny peýdasy bilen getirip dur.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:09
Michael,
Ýok ýeri bardyr. Siziň niräňizde bar? :)
Maksat
23 апр 2022, 00:10
Nirvana,
Ylym subutnamasyz bolmaz. Edil şeýle-de hiç bir dinem ylym tarapyndan subut edilmedik. Diniň adamlar tarapyndan ýöredilýändigini we öz dininden başga dini hak din hasaplamaýandygyny, olaryň toslama dindigini aýtýandygyny nädip bilmän bilersiňiz ?
Michael
23 апр 2022, 00:11
Swilizasisdan yza galmaýyn didim. Peydany saýlamagy başarsaň zyýanam gekesi ýokla gelsede gaty az mukdarda bolamyka diýýän
Michael
23 апр 2022, 00:12
Nirvana
Michael,
Ýok ýeri bardyr. Siziň niräňizde bar? :)

Hmmm....
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:13
Keaip_begcon,
Din bilen ylymyň biri-birine çaprazdygyny bilýän.
Dinleriň toslama ýa däldigini anyk bilemok. Emma bir däl-de birnäçe diniň bolmagy bolsa meni soraglamaga mejbur edýär.
Indi siz Allah sözüniň peýda edýändigini inkär edýäňizmi?
Michael
23 апр 2022, 00:13
Keaip_begcon,
Şu din diýilýän zat ylymyň aýagyndan asylşyp ýören ýaly etýäler. Ylymyňa din bilen işem ýok ýaly welin
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:15
Michael
Nirvana
Michael,
Ýok ýeri bardyr. Siziň niräňizde bar? :)

Hmmm....



Şeýdip dymaýarsyňyz. :)

Hawa, bähbit bolsun. Ulanyň, peýdalanyň.
Michael
23 апр 2022, 00:16
Nirvana,
Dymmakdan gorkmadym. Emma uzak gürrüň. Saňada aýan maňada aýan üstesine
Michael
23 апр 2022, 00:16
Gorkudan dymmadym diýjekdim
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:18
Michael,
Düşünýän. Berýän günäkär. Berip berip öwrenişdiren adamlar. Töläňde oňa sowgat berýän ýalysyň, emma şol jezalandyrmak bolýar.
Michael
23 апр 2022, 00:19
Nirvana,
Karrupsiya barada tema açdym. Şo ýerde aýratyn pikirlenişsek gowy bolar ýa pikirleriňi ýazsaň
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:23
Michael,
Şol temany okuwdan gelenimden soň sagat 6-larda okap başladym. Ýadaw bolamsoň ýaryna ýetip ukym gelip başlady. Uzak ýazypsyň. Okan zadyňy gysgaça beýan eden bolsaň has gowy bolardy. Bu gün däl, ertir zat okap pikir alyşyp-berişäýeris.
Ýürek agyrdyjy temä :)
Maksat
23 апр 2022, 00:23
Nirvana,
Meniň Alla ynanmagym ýa-da peýdasy degdi degmedi ol şahsy bir garaýyş, men şahsy garaýyşlarymy köp agzasym gelenok. Diýjek bolýanym intek hiç zadyň anygyna ýetip gören ýok. Nigil düşünje, hemme dinleriň adam tarapyndan döredilen toslamadygyny, diňe din däl eýsem hemme zadyň manysyzdygyny öňe sürýär. Bu gaty çylşyrymly düşünje bolup Nitsçe ýaly alymlaryň goldan bir pelsepe ideologiýasy. Ateizm, agnostitizm, skeptizm, optimizm we başga ençeme garaýyşlary bir ýere jemläp göz gezdirjek bolaňda aslynda bular ýaly zatlaryň dar düşünjedigini bilýäň. Ylymyň aýagyndan aslyşanokda ylym bilen dini bir hasaplajak bolýarlar.
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:24
Tema* bolmaly.

Siz temaňyza pikirlerini ýazanlar bilen näme üçin pikir alyşaňzok?
Mundan öňki temalaryňyzda-da şeýledi.
Michael
23 апр 2022, 00:27
Keaip_begcon,
Ylymy döretýän adam, ykym esasynda döretýän adam. Şol güýjem dini tarapyndan ýokardan bir ýerlerden gelýän ettmýäler. Bulam bir ýalňyş. Din bu bir ahlak kadalaryny goldaýmasaň galan zatlary ölümi ýa ýene bir zady arka tutunyp adamlary gorkuzýan a ýene şuňa meňzeş zatlary etýän bir uogam
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:27
Keaip_begcon,
Ylym bilen din bir hasaplanmaz.
Michael
23 апр 2022, 00:27
Nirvana,
Bolýa. Alyşaýarys. Tema aşak düşmese
Michael
23 апр 2022, 00:29
Nirvana
Tema* bolmaly.

Siz temaňyza pikirlerini ýazanlar bilen näme üçin pikir alyşaňzok?
Mundan öňki temalaryňyzda-da şeýledi.

Işli wagtyma duşandyr
Telwas
Автор 23 апр 2022, 00:30
Michael
Siziňki düşesi ýok-la. Tüweleme, açyp bilseňiz halanana geçýär.)