HAÝRAN GALAÝMALY…

Köpden bäri meni haýran galdyrýan meseläni gozgamakçy. Men synçyl gyz. Aňsat-aňsat meň gözümden zat sypanok. Şol sanda ýatkeşem özüm. Her agzaň pikirlerini, özüni alyp barşyny uly üns bilen synlaýan. Siz moderligiň üçin synlaýansyňda diýseňiz, ýalňyşýaňyz. Men asylam şeýle. Indi meni haýran galdyrýan zat barada aýdyp bereýin.
Şu saýtda Mountain, Baýker, Arkaç, kwadrat kelle, Remezan, Soho, Massimus, Gumly gelin, Esma, Öwrenýän… we beýleki uly ýaşly agzalarymyz “SIZ” dili bilen gürleýärler. A biz bolsa, näçe ýaş kiçi bolubam “SEN” dili bilen gürleýäs.
Käbir kiçi ýaşly agzalara jigim diýip ýüzlenseň, “Men seň jigiň däl. Jigiňi gitde başga ýerden gözle. Maňa akyl satma, şeýle akylyň kän bolsa, özüň peýdalan” diýýärler. Meň özüm-ä, Baýker, Mountain we Arkaç agamdan “Jigim” sözüni eşdenimde (okanymda) özüme buýsanýaryn. Meni jigisi ýaly gowy görýär diýip pikir edýän. Şony hormat hasaplaýan.
Arada kwadrat kelle bir maslahat soraýar welin, gürleýşine berekella diýdim. Özüniňem men ýaly ogly bar eken. Şonda-da siz diýip ýüzlenip, gara-gadyr. Ýagny medeniýetli gürleýär. Remezan akga bilen Massimus akga-da şeýle. Her teswirlerini okaýan welin, diňe sylanşykly siz dili bilen jogap berýärler. Ýogsa biziň (agzalaryň) özlerinden kiçidigini bilýärlerem.
Şolar şol ýaşda şeýle medeniýeti saklaýarkalar, bize bu ýaşda medeniýetli bolmak şeýle kynmyka? Üns berseňiz, menem talyplarda siz dili bilen gürleýärdim. Soň ýürekden (samimi) bolan agzalaryma sen dili bilen ýüzlenip başladym. Aslynda, “Siz” dili bilen gürlemegi özüm gowy görýän.
Ýaşlardan Dark_wolf agza bilen käte Khanture, Granger we Rigel agza siz diýip gürleýärler. Başga-da ýatlasam ýazaryn kimlere haýrandygymy.

Siz haýsy agzaň, haýsy aýratynlygyna haýran galýaňyz?!
18 лайков 758 просмотров
151комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
18 июн 2022, 01:30
Babamyratgeldi nirä gitdaý ? :)
Bentner
18 июн 2022, 01:30
Gywadedipölönle))
Telwas
Автор 18 июн 2022, 01:31
Hiayress
Şahsda ýada "face to face" edilmeli gürrüňleriň mowzukda edilýänine haýran galdym. :))

Bu mowzugyň soňy nirä barjagy pikirlendirýär meni. Hemem agzalaryň gije has aktiwdigi haýran galdyrdy. :)
Nazar
18 июн 2022, 01:31
Bendtner,
Heýwi şony aýt. Sataşyp galanla sataşman geçenle :)
Nazar
18 июн 2022, 01:32
FanB,
Babamyratgeldi geldiñmaý :)
Telwas
Автор 18 июн 2022, 01:32
Kömelek
Bah icinizde eski sozluge giryanleriniz bar eken. Sol yerdaki soze ceper agzalaryn gurleyislerine menzeyanleriniz bar. Dasary yurt saytlaram sozleysini osduryar

Kim olar?
Nazar
18 июн 2022, 01:33
FanB
FanB,
Babamyratgeldi geldiñmaý :)

Toest Bentnere ýüzlenjegime :)
Hiayress
18 июн 2022, 01:34
Nirvana,
Meňä şu wagt gözüme çiş kakylan ýaly. Öler ýaly ýatasym gelýär. :/
Telwas
Автор 18 июн 2022, 01:36
Hiayress
Nirvana,
Meňä şu wagt gözüme çiş kakylan ýaly. Öler ýaly ýatasym gelýär. :/

Saňa üýşip rugsat berýäs ýatmaga. Ertirem üýşip garaşýas. Oýanan badyňa geläýersiňiz-dä teswirleri okamaga.
Bentner
18 июн 2022, 01:37
FanB
FanB
FanB,
Babamyratgeldi geldiñmaý :)

Toest Bentnere ýüzlenjegime :)

Geldimday)
Nazar
18 июн 2022, 01:39
Bizde güpjege kelläni goýakgam ýatasak näder ? :)
Massimus
18 июн 2022, 01:51
Meni Hiayresiň uly düşünjesi bilen kiçijik zatlara üns berýäni haýran galdyrýar. Nirvanaň nädip duýgularyny beýle çeper beýan edişi, agzalaryň ony hemmämizden gowy görşi (bula biraz göripçiligimem oýadýar:)), haýran galdyrýar.
Massimus
18 июн 2022, 01:55
Agzalaryň köpüsiniň bagt pulda diýişi haýran galdyrýar
Massimus
18 июн 2022, 02:03
Çagakam telewizoryň öňünden aýrylmasamam, düýnki hemme agzalaryň gören ejesiniň guş bolup uçup gidýän multfilmini görmänime haýran galýan
ajy
18 июн 2022, 02:06
Massimus,
O haysy multik ol?
Massimus
18 июн 2022, 02:13
garaburc,
Şo ýadyma düşenokda, hemmäň gören multfilmini nädip görmänime haýran galýan
#B.S
18 июн 2022, 02:14
Massimus
Çagakam telewizoryň öňünden aýrylmasamam, düýnki hemme agzalaryň gören ejesiniň guş bolup uçup gidýän multfilmini görmänime haýran galýan

Özbek gören bolsaňyz gõren bolmagyňyz ahmal men özbekçe görüpdim...
Massimus
18 июн 2022, 02:14
garaburc,
Seň näme üçin entegem men ýaly ýatmadygyňa haýran galýan
DonMaxx
18 июн 2022, 05:33
sizin yazan blogynyzy haladym jigim Nirvana))
Öwreniji
18 июн 2022, 06:13
Men şu mowzugy okap, soňuna ýetmän ýatyp galypdyryn, nädip ýatmaýanyňyza haýran
Durmush
18 июн 2022, 07:28
Gowy tema
Gauzen
18 июн 2022, 07:38
Gyzykly
Durmush
18 июн 2022, 07:40
Remezan,
Bylar gijegezerler)
Durmush
18 июн 2022, 07:41
Baryň haýrançy bolupsyňyza ?
#динара.
18 июн 2022, 07:50
Gijesi bilen yatman gürründeşlik geçireniñize hayran galyan... obaly
the_end
18 июн 2022, 13:01
ховайы мовзук,боланы
matematik
18 июн 2022, 14:55
Menem şu isleneniň agzalanyň düşünjelerine pikirlerine dünýägaraýyşlaryna haýran galýan .
Gauzen
18 июн 2022, 16:11
kkkkkkk
Gauzen
18 июн 2022, 16:12
/username