Maşgala

Okyjylaryň ýaşdygy, durmuş tejribeleriniň ýokdugy, şol sebäpden hem gözýetimleriniň şol derejededigi bildirýär. Emma begendirýän tarapy, olaryň durmuşa düşünmäge, dogry ýoly saýlamaga höweslidikleri.

“Men gaýyn-gelin arasyndaky oňşuksyzlygyň esasy sebäbi nämedekä?” diýip köp pikirlendim. Meniň pikirimçe, biz maşgala mukaddesligi diýlen düşünjäni unudýarys. Elbetde, beýle mukaddeslikler bardyr hem öýtmeýän kişi “hozuň mürrügini”, “Armydyň sapy, samanyň çöpi” diýip saýlap seçer. Kemçiliksiz adam biziň dünýämizde bolmaýar. Belanyň körügi hem şonda. Adam özüniň hem kemçiliginiň bardygyny duýup hereket edende, başgalary kemçiligine garaman söýüp biler, onuň kemçiliklerine göz ýumar, sabyr eder.

Ikinji bir zat “Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr” diýlip aýdylmaýarmy?! Bu söz diňe bizi kemala getiren enä däl, ähli enelere degişli. Gaýynenemizde biziň halamajak häsiýetlerimiz bolman biler. Emma olaryňam, biziňem ömrümiz baky däl. Bu kynçylyklary beren ilki başda Alladyr. Kynçylyklar adamy kämilleşdirýär. Galyberse-de bu ýalançy dünýä bäş gün myhmançylyga gelmedikmi näme? Şonuň üçin biz ýagşylyk etmäge howlukmaly dälmidiris?! Biziň üçin hakyky begenç, hakyky şatlyk, hakyky rahatlyk, hakyky baýramçylyk ahyret gününde eden haýyr işlerimiz öňümizde goýlanda. Edil şonuň ýaly hakyky kynçylyk, hakyky birahatlyk, hakyky betbagtçylyk biziň eden sogabymyzdan günälerimiz köp çykaýsa. Gelin saý-sebäp bilen bir garry gaýynly bolup, sogap gazanmaga mümkinçilik tapýar. Şol mümkiçiliklerden peýdalanyp, bereket tapmagyň ýerine bäş gün isleýşimçe ýaşajak diýip, öňüňi-soňuňy gömmek baryp ýatan akylsyzlyk dälmi?!

Üçünji mesele hem “Neneňsi bolsaň, şolar ýaly höküm edilersiň” diýleni. Mysal üçin biri öýüne erbet endiklerden daş durýan adamy myhman çagyryp hyzmat etse, “hezzet-hormat etdi, gowy gürrüňler berdi” diýer. Bir bigänäni çagyrsaň, edil şonuň ýaly gadyr goýsaň, “aý, pylany bir çüýşe aragam goýmady, sylagymyz ýok eken” diýer. “Haýsy eliň bilen berseň, şol eliň bilen hem alarsyň” diýen nakyl bar. Meniň aýtjak bolýan zadym, öýdäki agzybirilik, döwletlilik biziň özümize hem-de tirkeşýän dost-ýarlarymyzyň döwletliligine hem bagly bolýar. Hormat-sylag ýagşy niýetli adama edilýär. Gelniň seni sylamagyny isleseň, seniň hem şol sylaga mynasyp bolmaga çalyşmagyň gerekdir. Gaýynyňa ýa-da gelniňe sabyrly bolmagy, ojagyň abraýyny saklamagy esasy zatlaryň biri hasaplasaň, sen hem ýalkanarsyň. Ýok, “ýagşylygymy şu garra bagyş etjek däl” ýa-da “bu gelin diýip-diýmänkäm ylgap hyzmatymy edenok” diýseň, wagty gelende sen hem ejirini çekersiň, kösenersiň. Edilen ýagşylygam, ýamanlygam ýerde ýatmaz. Eger biz gaýynymyza, ene-atamyza seretmesek, ertirki gün çagalarymyzdan, gelnimizden nämä garaşmaly?!

Meni ýene bir gynandyrýan zat – biz şolbir ýalňyşy gaýtalaýarys. Ýalňyşymyzy sapak edinip bilmeýäris. Eger biz öňküleriň tejribesinden ugur alsak, bu zatlaryň hiç biri başymyza gelmez. Ýagşy adam bilen oňşukly ýaşamak seniň ýagşy adamdygyňy aňlatmaýar. Esasy zat – häsiýeti agyr adamlar bilen oňşup, dil tapyşyp ýaşamak. Muňa giň göwrümlilik diýýärler.
7 лайков 141 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mr_Coder
17 ноя 2021, 14:47
okamana yaltanyano atuw
Döwlet Şöhradow
17 ноя 2021, 14:50
Meni ýene bir gynandyrýan zat – biz şolbir ýalňyşy gaýtalaýarys. Ýalňyşymyzy sapak edinip bilmeýäris.
Hemmesem dogry aydylan zatlar+
Biohimik
17 ноя 2021, 14:51
Yaltanyan diymane yaltanyanlaiii
Biohimik
17 ноя 2021, 14:51
Mlds sen yazan bolsañ
Aýnur
Автор 17 ноя 2021, 14:53
Ay yoga masgala barada bolsa okaymaly ekeniniz
Aýnur
Автор 17 ноя 2021, 14:53
Цитата: Biohimik.
Mlds sen yazan bolsañ

Sag bol!
yekeje
19 ноя 2021, 14:06
gaty manyly eken mlds