"Ganatsyz guş"

Ynha meniñem buýyl talyp bolanyma 2ýyl bolýa. Men Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky unwersitetinde okaýan.Täze ýyl dynç alyş günlerini öýümde maşgalam bilen geçirip şugünem Aşgabada gelip durşumdy. Ýatakhanama baryp zatlarymy goýansoñ men garrylar öýüne barmalydym. Atamyñ bu dünýäden ötenine 1 ýyl boldy, şoña ejem biraz mukdarda pul berip garrylar öýne sadaka hökmünde bermegimi tabşyrdy. Men gapydan girdim. Kabulhana baryp ol ýerde otyran gyza ýagdaýymy düşündirdim, ol az wagt garaşmagymy haýyş etdi. Men garaşyp otyrkam gapydan bir garryja daýza girdi. Saçlarynyñ aklygy ýalygynyñ aşagyndan mese-mälim bolup görnüp dur. Gözleri asman ýaly gök, takmynan 80 ýaş töweregindedir. Ol kabulhana giren badyna otyran gyz:"Daýza bugünem hiçzat ýok" diýdi. Daýza bir ýylgyrdyda yzyna öwrülip gitdi, ýörände sag aýagyny agsaklap agsaklap barýardy, birdenem ýykyljak boldy menem şol bada ýerimden turup onuñ ýanyna bardym:
–Dur, daýza kömek edeýin. Seresap boluña
–Ganatsyz guşa kömek edip bilmersiñ.
Men yzyna jogap berip bilmän seredip galypdyryn. Işimi dynyp ol ýerden gaýdansoñ daýzañ aýdanlary meni oýlandyrdy näme üçin beýle diýeni bilen gaty gyzyklandym. Ertir okuwymdan soñ ýene şol ýere baryp kabulhanadaky gyzdan düýñki daýzany soradym.
–Hä, siz Gülbäbek daýzany aýtýañyzmy? Ol gaty agyr günler geçiripmiş diýip eşitdim, aýtmyşlara gòrä gözleriniñ owadanlygy kakasyndan geçipdir. bir ogly bar, şol hat ýazdymy ýa-da jañ etdimi diýip günne gelip sorar.
–Hmm, dogry. Özi bilen gürleşip bilerinmi?
–özi islese, elbetde, geliñ.
Biz kolidorda ýöräp otaglaryñ iñ sonuñjysyna bardyk. gyz gapyny kakdy.
–Daýza siziñ bilen biri görüşmek isleýä?
–Kim ol?
Men gapydan girdimde salamlaşdym.
-Salam, Salam! Howwa saña näme gerek?
-Düýn siz "Ganatsyz guşa kömek edip bilmersiñ" diýipdiñiz şonuñ sebäbini sorajakdym, eger aýdyp berseñiz?
Ol biraz dymdy we gök gözleri bilen meni boýdan aşak göz gezdirip synlady
-Sen okaýañmy?
-Howwa, Magtymguly unwersitetinde okaýan. Adym Aýna, Özüm Daşoguz welaýatyndan. 2000-nji ýyl.
-Tüweleme.— diýdi-de oý pikirlere batdy. Seret gyzym onda men saña näme üçin şeýle diýenimi gürrüñ bereýin...

Dowamy bar.
14.12.2021 22:44
6 лайков 225 просмотров
17комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
14 дек 2021, 22:45
yzynam goyaga
yyldyz
Автор 14 дек 2021, 22:46
DonMaxx,
cilimkesh yzy nastrenya bagly
DonMaxx
14 дек 2021, 22:48
yyldyz,
gezek duser
Leyli Amanowa
14 дек 2021, 22:49
nähilay by?
yyldyz
Автор 14 дек 2021, 22:49
DonMaxx,
näme gezek düşer?
yyldyz
Автор 14 дек 2021, 22:50
Nairobi,
nahilimiş??
Leyli Amanowa
14 дек 2021, 22:51
yyldyz,
birhili
the_end
14 дек 2021, 22:54
барыны бир топбак эдип гойуп боланокмы?наме суйндирип-саркдырып оны суйжар ойдямин йылдыз....югрымы ёк
yyldyz
Автор 14 дек 2021, 22:55
the_end,
boor
Leyli Amanowa
14 дек 2021, 22:58
the_end,
yuzuni yolma çagamyň
yyldyz
Автор 14 дек 2021, 22:58
Nairobi,
Nämesi birhili?
yyldyz
Автор 14 дек 2021, 22:58
Цитата: Nairobi
the_end,
yuzuni yolma çagamyň

Şodaaa
Leyli Amanowa
14 дек 2021, 23:00
yyldyz,
yuwan bolupdyr
the_end
14 дек 2021, 23:00
yyldyz,
говшак болса говшак дийенин говы.наме герек бат бермек.....индики сапар пикирленип хасда йити язарсын
XYIVENIA
14 дек 2021, 23:10
Dowamyna garasyan
Enegul
15 дек 2021, 08:29
mnm garasyan dowamyna like
Aýnur
15 дек 2021, 09:32
"Ganatsyz guşlar "diyen serialam bardy turklerde ýalňyşmasam