????
Baýraga hödürlenenden soň, hakykatdanam mynasypdygy üçin baýrak berilýän, hakykatdanam mynasyp däldigi üçin baýrak berilmeýän eser seýrek bolýar.
*
Onuň iň howply tarapy ýüregindäki ýamanlygy daşyna çykarman saklap bilmeginde.
*
Gowy eseriň gowy baha almazlygy gowluk bolmasa-da, erbetlik däl. Belkem, ol awtor üçin bähbitlidir. Ýöne erbet eseriň özüne mynasyp baha almazlygy, has beterem gowy baha almagy awtora duşmançylyk,okyja aldaw, edebiýata hyýanat.
*
Şöhratdan gaçýan adamyny şöhrat beýgeldýär. Şöhraty özi kowalap tutjak bolýany şöhrat biabraý edýär.
*
Emeli ýol bilen gazanylýan şöhrat diňe ony gazanjak bolýana görünýär. Hakyky şöhrat bolsa şöhrat eýesine däl-de, ile görünýär.
*
Türkmenler “Suw getirenem bir, küýze döwenem” diýýärler. Özbeklerde “Suw ketirgen har, küýze döwgen zur” diýilýär. Elbetde, özbekleriňki has güýçli. Meniň Gojuk obamda “Suw getiren har, küýze döwen şir” diýilýär.
Her kim her zat diýse-de, suw getiren bilen küýze döweniň hersine mynasyp baha berilmeýäni üçinem abat küýzeleri döwüşdirip ýörmeli däl.
*
Ýaň diýilýän zadyň öz sesi bolmaýar. Ol diňe başga sesi gaýtalap bilýär. Durmuşda-da tä ömri ötýänçä, başgalaryň pikirini gaýtalap ýörenler bar. (Belki özümizem şeýlediris.)
*
Iň güýçli hem weýran ediji ýaraglary iň akyldar adamlar oýlap tapýarlar. Ýöne ol ýaraglar akylly adamlar döredeni üçin howply däl-de, olary akmaklaryňam herekede getirip blljekdikleri üçin howply.
*
Gory gutaran şahyr goşgy ýazyp bilmän, poema ýazýar. Gory gutaran ýazyjy hekaýa
ýazyp bilmän, roman ýazýar.
Atajan Tagan

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.