Manyly jümleler
1) Özleri azaşmadyklaryňam sözleri azaşýar.
2) Bakylygy bakyýetden gözlemeli.
3) Öýleneňde ägä bol! Seniň bagtdyr öýdüp ýapyşanyň başga biriniň taşlap giden betbagtlygy bolaýmasyn.
4) Edilmeýän ynamy ödäp bolanok.
5) Bir adam ömründe ilkinji sapar öz durmuşyndan nalamady. Çünki, şol güni onuň damagy agyryp, sesi çykman galypdy.
6) Pikir elmydam köne.
7) Oňat eseriň başyndan girip, aýagyndan
çyksaňam, täsirinden çykyp bolanok.
8) Umytdan düşülensoň, hyýala münülenok.
9) Edebiýat meýdany kärendesine berlenok.
10) Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy...
11) Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy...
12) Adamyň aňy näçe ösdügiçe, durmuşy şonça çylşyrymlaşýar.
13) Başga birine akyl bermeli bolsa,her kim aklyň hazynasy. Beren maslahatyna eýermeli bolanda,akyldar hem akmakdan tapawudy ýok.
14) Bir zamanlar toprakdan Adam ýaradan Ýaradan indi adamdan toprak ýaradýar.
15) Akyly açmak üçin köp okamaly, zehini açmak üçin köp oýlanmaly...
16) Hiç bir adam ryskyny doly alýança ölmez.
17) Çekeleşikler çyn hakykaty ýüze çykarýar.
18) Özüni tapan, özgäniň pikirine mätäçlik çekmez.
19) Lalyň dili - halkyň dili!
20) Ahlagy bolmadyk ynsanyň eline näçe diplom berseňem, ol ýokary bilimli haýwan bolup galar.
21) Gul bolsa, aga tapylar!
22) Oýlanmak - özüň bilen gürleşmek.
23) Biz gör näçe pyýalalarymyzy saglygyň şanyna göterdik, emma saglyk bizi götermedi.
24) Biziñ ilde wezipeden uly hormat, gorkudan güýçli duýgy ýokdur.
25) Ölüm – dünýäniň geçirimsizligidir.
26) Tejribe hemişe zerur bolandan soň gelýär.
27) Geçmiş - akylly hem biakyl ýaşalan günleriň mazarystanlygy.
28) Düşünje - düşünilen durmuşdan başga zat däl.

13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.