Geçmişden bir sahypa

GEÇMIŞDEN BIR SAHYPA

Ine, uç-gyraksyz söweş meýdany,
Gidipdir agyr jeň kyrk gije-gündiz.
Heniz siňmändirem pidalaň gany,
Kyrk günüň tozanam ýatmandyr şindiz.

Sowap ýetişmändir sansyz jesetler,
Lüt bolan Ezraýyl dynç alyp otyr...
Ýap-ýaňy bir-birin parçalan jetler,
Indem bir-birini gujaklap ýatyr.

Naýza yrgyldap dur näçe gursakda,
Näçe kükrekde-de gögeren peýkam.
Bu «gazy» bolmadyk «şehitler» hakda
Gadym aýdymyna hiňlenýä şeýtan.

Namart garaguşlar heşelle kakýa:
«Rysgymyzy ýetirip dur Ýaradan».
Öz halal awy deý arkaýyn çokýa
Öñ jan çykyp, soň gan çykan ýaradan.

Eýmenç owaz bilen haýkyrýa atlar,
Akyl käsesi deý gözlerde — düwme.
Saralmanka gyzarypdyr gök otlar
Bir sapar çeýnän at on sapar düwner.

Nägile ene deý çytylýa asman,
Ýere ýyldyzlardan salam aýdanok.
... Bu meýdany synlap, hiç ýerde asla ;
Diri adam galandyram öýdeňok...

A başga meýdanda, başga bir ýerde,
At toýnagy elendirýä topragy.
Tutýa günüň öňün bir gara perde,
Bialaç möňňürýä ýöriş-depregi...

Şiraly NURMYRADOW
7 лайков 129 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
14 июн 2022, 07:18
Berekella @Hiayress ýetireniňe sagbol.
Milana
14 июн 2022, 10:03
Sular yaly gosglary okanynda yurdumyzyn parahatlygyna guwanjymyzyn cagi yok. Cowy gosgulary bar bu sahyryn. Sag bolun yetireninize!