Banky talan bandalaryň ele salynmagy /hekaýam/

Iki sany maşyn uzyn göni köçede ýokary tizlikde sypyp barýardylar. Olaryñ biri öñde, biri bolsa yzda. Öñdäki maşynda kelleleri gara örtükli, diñe gözleri bilen agyzlarynyñ töwerekleri açyk maska geýinen banditlar yzdaky maşyna tarap pistoletlerinde ok atýardylar. Onuñ yzyndaky ýaşyl reñkli mersedesde bolsa £ulýana gelýärdi. Ol ýapyrlyp hem-ä okdan sowuljak ýaly saga-çepe öwrüm edip, banditlaryñ maşynynyñ götünden urýardy. £ulýana olaryñ başyna inen bela boldy. Şeýdip baryşlaryna £ulýananyñ maşyny bandalaryñ maşynynyñ gabadyna ýetdi. Uly tizlik bilen barýan iki maşyn biri-birlerini gysjak bolup gyra itişip gelýärdiler. Bandalaryñam oklary gutarypdy. £ulýana täzeden maý alyp gyra sowulan ýaly etdi-de bat alyp maşyny bilen iñ soñky gezek gyrasyny aýlap urdy. Zarp bilen çep tarapyna gelip degen maşynyñ urgusyna, jenaýatkärleriñ maşyny gyra gysylyp birden agdarylyp gitdi.

* * *

Nýu-ýorkuñ köçeleri başy asmana direýän beýik otaglardan we binalardan ybaratdy. Olaryñ beýik başyny gyşyna ümür tutsa, tomsuna olaryñ başy bulutlara degjek-degjek bolýardy. Gös-göni oklaw ýaly köçelerde nämeleriñ bolup geçýändigini saýgarmak kyn däldi. Şol uzyn göni köçeler ulagda hyryn dykyn bolup polisiýadan gaçyp barýan bank talañçylarynyñ gaçmagyna mümkinçilik döredýärdi. Köçeleriñ düzgünlerine görä ulaglar pessaý ugurlary bilen özbaşyna gidip barýardylar. Ine köçäniñ gözýetim ýerinde hatar bolup gelýän adaty ulaglaryñ ortarasyndan bank talañçylarynyñ ulaglary ''wywyldy'' sesli polisiýa ulaglaryna jylaw tudurman sypyp gelýärdiler. Iki gyradaky öz ugurlary bilen gelýän ulaglar biri-birlerine signal berip köçeleriñ ulag dyknyşygyndan geçmekçi bolýardylar. Ol bendeleriñ hersi bir küýde, kimsi öýüne azyk haryt getirmek üçin söwda merkeze ýetmäge ymtylýar, kimsi işinden gijä galyp ulagynyñ gapysyny berk ýapyp ellerini bykydyrygyna goýup ellerini galgadyp bir zatlar diýip hüñürdeýärdi. Üst-üstesine bulam az ýaly bank talañçylarynyñ bezzatlyklaryndan ýaña jemgyýete gün ýok. Olaryñ yzlarynda-da iş ýerlerinde makdonald bilen sok iýip-içip önüp-ösen, ýuka-ýürek, kerep papakly adamsöýer polisiýa işgärleriniñ ulaglary bezzatlardan galanoklar.
Şol giden ulaglaryñ içinde Garriniñ gyzy Žulýana hem öýüne ýetmäge howlugýardy. Ol adamsy Jona durmuşa çykansoñ Waşingtondan Nýu-Ýorka göçüp gelipdi. Ol adamsyny çyn ýürekden söýýärdi. Oña toýda süýji-süýji wadalary edipdi. Toý gününde onuñ şpilka köwşüniñ ökjesi döwülendiginem ol ýatsa-tursa ýadyndan çykaranok. Şol günleri ýene ýatlap, ýatlamalara gark bolan bu zenanyñ bar ünsi ulagynyñ gapdalyndan bat bilen geçip giden garakçylar böldi. Žulýana içinden ''Şunça wagtlap şu şäheriñ asudalygyna boýun egip ýaşadyk, ine düşen günümizem şu'' diýip ol roluna iki eli bilen urdy. Ol ulagyny yza aýlap hatardan çykdy-da ýañky garakçylaryñ yzy bilen gaza basdy. Onuñ bu hereketlerini synlap gelýän polisiýanyñ Baş Goragçylyk Gullugynyñ başlygy kapitan Smit eline mikrofony alyp: Merkez, merkez, gaýtalaýan merkez, gabawy Mark Greý köçesindenem gurnañ ol ýere alty polisiýa ulagyny berkidiñ, gaýtalaýan...'' diýip ol aragatnaşygyny kesdi-de eline sapançasyny alyp çep tarapky aýnany açyp usullyk bilen elini daşary çykaryp garakçylaryñ ulagyny nyşana aldy. Ýöne Žulýananyñ ulagy onuñ nyşanasyny bölýärdi. Kapitan Smit ''Al-kakmyş bu ýaşyl ulag nireden peýda boldy diýsene'' diýip ol janygdy. Onuñ gapdalynda trubkaly bulgurjykda kofe içip oturan Markin dillendi: ''Belkäm men nyşana almalydyryn jenap'' diýenine jyny atlanan Kapitan: ''Sem bol Markin, şu wagt nyşana almagyñ wagty däl ahyryn, näme üçin her sapar meñ içimi ýakýañ?'' diýip sag eliniñ tersi bilen içip oturan kofesine ýelmäp goýberdi welin Markiniñ üsti-başyna gyzgyn kofe dökülip gitdi. Muña gahary gelen Markin dişini gysyp azgyrylmakdan saklandy ''Eeý-wäk jenap nädäýdiñiz muny?'' - diýdi. Oñ şu wagt ýüzi jym-gyzyldy. Başlygyna dil gaýtaraýsa welin işden gümüni çekiljekdigini ol gaty gowy bilýärdi. Geçen günleriñ birinde Markiniñ üstüne şolar ýaly howp abanypdy. Bularyñ ikisi jynsy gatnaşykda zorlanma ulanan iki sany garaýagyz amerikalyny tutjak bolanlarynda şeýle waka bolupdy. Ýagny Markin eli sapançaly şol iki sany garaýagyz, nejisligi ýüzüne siñip garalyp giden Waşingtonly negrleri kowalap barýardy. Zir-zibilli darajyk köçelerden kowalaşyp barýardylar. Markin: ''Duruñ, ataryn'' diýip gykylyklap olaryñ haýyny basjak bolup ok atýar. Şonda kapitan Smit olaryñ öñünden çykyp ulagly gabajak bolup gelýärdi. Şonda Markiniñ atan oky onuñ dürli yşyklary saçýan howsalaly duýduryş enjamjygyndan baryp degdi. Ikinji atan oky bolsa Smidiñ papagyndan geçip, onuñ çür depesiniñ hamyny dilip, saçyny syryp geçip gitdi. Ana şonda kapitan Smit ulagyny saklap başyny tutup oturupdy. Jenaýatkärler bolsa darajyk köçäni tutup duran polisiýa ulagynyñ depesinden eşek mündi oýnuny edişleri ýaly geçip gitdiler. Şonda papagy bilen polisiýa formasyna dykynjyrap, zordan gelýän Markin ol ölendir öýdüp ulaga aralaşanda: ''Markin eý, sen meni nädäýdiñ emelsiz, nadan!'' diýäge-de biline gysdyrylan sapançany alyp gurnap Markina tarap ok atyp başlady. Zibilhana hapa atylýanlaryñ biriniñ arkasyna bukulyp ýetişen Markin başlygynyñ gahar-gazabyndan zordan sypypdy. Şonda ol iki günläp kapitan Smit bilen gürleşmän gezipdi. Ondan gaty ynjapdy. Ana şondan soñam ol şol wakany ýatsa-tursa ýadyna salyp utanardy. Bu saparam hut şeýleräk zat bolmasa-da şolar ýaly wakalara tomaşa edip oturmaly boljakdy. Žulýananyñ ulagy banky ýaran jenaýatkärleriñ ulagynyñ yzyndan ýetip bardy. Howsala düşüp ölüp-öçüp barýan talañçylar zenanyñ ulagyna ok atyp ony gorkuzmaga synanyşýardylar. Garadan gaýtmaz Žulýana bolsa kellesini çalaja kese ýatyryp ýoluna seredip eñýärdi. Onuñ gözsüz batyrlygyna onuñ äri gözli şaýat bolupdy. 1999-njy ýylyñ 23-nji oktýabr güni olaryñ öýüne iki sany eli egri ogrular peýda bolupdy. Olaryñ biriniñ elinde manterowka bilen, beýlekisiniñ elinde-de palta bardy. Elbetde olaryñ şol gurallaryndan başga fonariklaram, galyberse-de haltajyklaram bardy. Žulýana şol wagt ýatman äriniñ kellesini gujagyna alyp saçlaryny dyrmalap oýaly-ukuly ýatyrdy. Ine birdenem jaýyñ üçeginde barmakdan çykýan şyrkyldyly ses ýaly birahat ediji sesler eşidilip başlady. Žulýana adamsynyñ üstüne ýorgan ýapyp diwandan emedekläp ýere düşdi-de ses gelen tarapa diñşirgendi. Ol ogrylaryñ barmakda ýöreýän görnüşinde ýuwaşlyk bilen ädimläp ugranda içki otaglaryñ birinden takyrdy eşidildi. Žulýananyñ jany çykara geldi. Ýöne ol ürküp gygyrmaga derek adamsy oýandymy, şony biljek bolup ol adamsyna dikanlap seretdi. Ýöne onuñ adamsy hezil edip ýatyrdy. Žulýana tamyñ içinde seýfde saklanýan goşa nilli tüpeñi alyp ýuwaşlyk bilen iki patron ok salyp goşanyñ gulagyny çekdi. Derrewem gapyny açyp goranmaga taýyn boldy. Şol wagtam okalga zalyñ yşyklary ýanyp ýañy bir haltalaryna gymmat bahaly şaý-sepleri salyp başlan ogrular Žulýananyñ nyşanyndan hiç sypmadylar. Olar parahat ýagdaýda ellerindäki haltalaryny taşlap ellerini galdyryp, eginlerinem gysan boldylar. Şol ýagdaýda olar edil ''Ýalñyşaýypdyrys hanym, bagyşlarsyñyzda '' diýen ýaly gözlerini pahyrsyradyp mölerişip Žulýana seredişýärdiler. Şonda Žulýana ärini oýarman olaryñ bellisini edipdi. Olary hiç kim eşitmez ýaly jaýlarynyñ ýerzeminine südenekledip eltdi-de el aýaklaryny dañyp agyzlaryna ýelim guýdy-da demleri çykmaz ýaly edipdi. Soñam ýokaryk çykyp eli egrileriñ gurallaryny garažda bukuşdyryp, ogurlan zatlarynam ýerbe-ýer goýdy. Ertesi irden äri işe çykyp gidende ol bökjekläp baryp ýerzemininiñ gapysyny açdy. Gapy açylan bada ogrularyñ gözüne Žulýana ezraýyl bolup göründi. Ýöne şeýle-de bolsa yşyklar ýanansoñ olar biri-birlerine seredişip düýnki özlerini tutan bu zenanyñ kimdigini tanadylar. Žulýana olaryñ oturan oturgyçlaryndan turuzup agyzlarynyñ ýelimini aýyryp olara nahar bir bulgur gatyk bilen çörek berip naharlady. Soñam polisiýa işgärlerine jañ etdi-de olara göz gulak boldy. Ine birhaýukdan polisiýanyñ aýgyr ulaglary peşäp diýen ýaly zordan saklanyp Žulýanalaryñ öýleriniñ daşyny gabadylar. Ulagdan çykyp elleri pistoletli polisiýanyñ adamsöýer işgärleri ylgap baryp Žulýananyñ öýüniñ bar otaglaryna kürsäp girdiler. Ahyrsoñy ýerzeminde Žulýananyñ garawullap oturan ýerine girdiler. Soñam olary tussag edip bileklerinden zynjyrlanan naruçnik dakyp alyp gitdiler.
Ana şonda polisiýa işgärleri Žulýananyñ bu edermenlikleri hakda adamsy Jona aýdyp ony begendirip gutladylar. Ol şonda Žulýanany gujaklap bagryna basypdy.
Şol duýgular Žulýananyñ hiç ýadyndan çykanokdy.
Ine bu günem döwlet bankyny ýaran jenaýatkärleriñ yzyndan ýetip olaryñ atýan oklaryndan goranyp olaryñ sag tarapyny sypdyrman barýar. Žulýana sag tarapdan jenaýatkärleriñ ulagyny gysyp urga berdi. Jenaýatkärleriñ ulagy gysylyp maşynlaryñ bijaý ýerlerine degse-de Žulýanany ozup saýlandylar. Žulýana gaza basyp täzeden hüjüme geçdi. Ol olaryñ yzyndan maşyny degirip urga berdi. Şeýdip batly barýan jenaýatkärleriñ ulagy agdarylyp gitdi. Polisiýa işgärleri Baş aşak bolup ýatan ulagdaky jenaýatkärleri tutup, Žulýana bolsa minnetdarlyk bildirdiler. Adamsy Jon wakanyñ bolan ýerine geleninde Jon begençden ýaña duýgy ýaşlaryny syzdyryp ylgap baryp edermen aýalyny ýene gujaklady.
Kapitan Smit bolsa Markina: ''Ana bihepbe gördüñmi watansöýer, emelli, hanym Žulýananyñ ýüregi ýaly ýürek ikimizde-de bolan bolsa nähili gowy bolardy'' diýip müzzerilip oturan ýoldaş Markina igendi.


@Jeksparro
0 лайков 143 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.