AÝAL SYPATLY "ARWAH"
AÝAL SYPATLY "ARWAH"
Bu gün işden gijiräk çykdym. "6-njy" diýilýän köneräk žiguli maşynym bilen şäherden çykyp obamyza tarap ýola düşdüm.Daş-töwerek garaňkydy.Birdenem ýoluň gyrasynda elini serip ulag saklajak bolýan garryja aýala gözüm düşdi.Onuň eşikleri hapa,sal-sal bolup durdy.Meň garra ýüregim awady.Ony äkitmek üçin ulagy sakladym.Garry aýal maşynyň yzky gapysyny açdyda,haýsydyr bir gonamçylygyň adyny aýdyp,şoňa äkitmegimi sorady.Garrynyň ýüzüne gözüm düşende ýüregim erbet sarsyp gitdi.Onuň gözleri ot bolup içiňden geçäýjek bolýardy.Ýüzi bolsa kinofilmlerdäki jadygöý kempirleri ýada salýardy.Ony maşyna mündürmedim."Ýok men başga tarapa barýan" diýdimde,ugramak bilen boldym.Azajyk ýöränimdenem ýaňky garry maşynyň gapdalyndan "sakla,sakla maşyny,sakla" diýip gygyryp ylgamaga başlady.Meň gorkym hasam güýçlenip maşynyň tizligini artdyryp başladym.Emma ol garry aýal hiç galarly däldi.Maşynyň tizlik görkezijisi 120-denem geçip barýardy.Ol bolsa henizem yzymdan galanok.Mundan sypmajygyma gözüm ýetdi.Onsaňam indi köneje maşynym mundan ýokary tizlige çykybam biljek däldi.Maşyny sakladymda,atylyp düşüp:
—Saňa menden näme gerek?! Näme üçin meň yzymdan galaňok?! Meni öz günüme goý,ýolym bilen gideýin!-diýip gygyryp başladym.Ýaňky garry aýal bolsa:
—Wah jan oglum köýnegim gapyňa ilişip galypdyra.Şony ýyrtdyrmajak bolup ylgaýdym-diýip,maşynyň yzky gapysyny açyp,gapyda gapjalyp galan köýneginiň etegini çekip aldyda, ýanymdan gitmek bilen boldy.:-)

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.