Düýş

Öten agşam giräýipsiñ düýşüme,
Ýöräp barýas.
Depämizde dolan aý.
Men gyzlardan seredişiñ gabanýan,
A sen bolsa biperwaý.

"Mynasyp dälmikäm?"
Çümýän oýlara.
"Söýdümikä özümden öñ bir güli?"
Owadan düýşlerde näme bolmaýar?!
Ýodalaram gülgüne.

Birdenkä gözlermiz gidýär sataşyp,
Bedenimde ters aýlanýar mydarym.
Nazarlaryñ beýle ýiti bolmasa
Eýder-beýder çydardym.

Gep oklajak bolup gozganýar diliñ
(Gözel görünýärin - boýanypdyryn)
Hut arzyly pursat - gyzyk ýerinde
Kürsäp oýanypdyryn.

Ah,düýşde bir duýgularyñ döksediñ,
Düýşümde bir sözlesediñ zaryñy.
Ýa,onda-da köp gördüñmi, aýtsana?
Bagt bermegi ýaryña.


Mahym Nurgeldiýewa

05.02.2022 ý.
5 лайков 398 просмотров
54комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mona Lisa
06 фев 2022, 21:18
Meňkäde giripdi))
doctor
06 фев 2022, 21:22
Giren wagty oyandymda budilnik aramyzy pozdy arbuz
Pegas
06 фев 2022, 21:25
:)))
Belki
Автор 06 фев 2022, 21:27
Ýigitler,gyzlañ dûýşüne rugsatnamasyz girmek gadagandyr :) Mundan daşary söýýänligiñiz barada kepilnamañyz hem bolmaly :)
doctor
06 фев 2022, 21:29
Tersine gyzlar yigitlenka giryan bolmasyn:)
Цитата: Belki
Ýigitler,gyzlañ dûýşüne rugsatnamasyz girmek gadagandyr :) Mundan daşary söýýänligiñiz barada kepilnamañyz hem bolmaly :)
Mona Lisa
06 фев 2022, 21:30
Цитата: Belki
Ýigitler,gyzlañ dûýşüne rugsatnamasyz girmek gadagandyr :) Mundan daşary söýýänligiñiz barada kepilnamañyz hem bolmaly :)

Ýylgyrtdy:)
Mona Lisa
06 фев 2022, 21:32
Цитата: Bagul_Atayeva
Meňkä hiç kim girenok hezillik :)

:)))
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 21:49
Gunde şoň uçin uklayan şoň hakyna yekeje gezegem duyşime girenokda indi şoňa gahar edip gije yatamok özune-de jaň edip " Haysy gyzyň duyşunde entäp yöň? Bilyädim biwepadygyňy öli ters gir duyşime " diyip uruşdym yerçeken bilen
Belki
Автор 06 фев 2022, 21:57
Nairobi,şol saýtda ugrunda heläk bolup ýören saña sapa-da,wepa-da bermedik ýigdiñmi ?:)
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 21:58
Bagul_Atayeva,
duyşime girse oldurerin söz beryän saňa
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 22:00
Belki,
ondana saytda bizar duyşimde bir azar bermesin
Belki
Автор 06 фев 2022, 22:03
Nairobi,näbileýin gabal-gabal bolup ýörsüñ welin :)
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 22:04
Belki,
towo diy tanamogam ony
Belki
Автор 06 фев 2022, 22:11
Nairobi,toba welin,näm üçin gabanýañ ony,söýmeýän bolsañ?
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 22:20
Belki,
kesel men
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 22:21
Bagul_Atayeva,
ana tapdym öläy
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 22:46
Bagul_Atayeva,
daş etsin aňyrrakdan git
Mechta
06 фев 2022, 22:50
Artyp galan mena duyshume giryanem yok
Mechta
06 фев 2022, 22:50
Artyp galan mena duyshume giryanem yok
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 22:51
felicita,
menden beter maňlaygara ekeniň
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 22:52
Garaz şörde iň bagtlysy @Belki eken cilimkesh
Liwerpul_fc
06 фев 2022, 23:03
Цитата: Belki
Ýigitler,gyzlañ dûýşüne rugsatnamasyz girmek gadagandyr :) Mundan daşary söýýänligiñiz barada kepilnamañyz hem bolmaly :)

A özleri islese näme?
Belki
Автор 06 фев 2022, 23:03
Nairobi,o nähili bagtly? Her gün bir oglan girýär düýşüme.Haýsysynyñ meni söýýändiginem bilemok.Belki,hijisem söýýän däldir.Ýöne gidere ýer tapman dûýşümde sümsünip ýörlermikä diýýän :)
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 23:08
Belki,
wiy begendä wapşe bagtly ekeniň biz birini girzip bilemizok
Birini sayla beylekilerini zapasda goy
Belki
Автор 06 фев 2022, 23:14
Agyz olañ maña aýdan sözleri-ýenesi ýok.Öz-özüm gelin-giýew bolaýynmy?
Belki
Автор 06 фев 2022, 23:16
Agyz,olañ maña aýdan sözleri-ýenesi ýok.Öz-özüm gelin-giýew bolman-a :)
Gost daýy,özleri islese dilden rugsatnama aldygyñ şol :)
Leyli Amanowa
06 фев 2022, 23:18
Belki,
yöne bahana tapyp otyrsyňda :(
Liwerpul_fc
06 фев 2022, 23:20
Belki,
Söýýänligiň barada kepilnama oýlanşdyrýa
doctor
06 фев 2022, 23:23
Gyw dushime seni saljakdym wrli adres yalnysh eken hihi onsan blokrowka etdim polnyBelki,
Belki
Автор 06 фев 2022, 23:27
Nairobi,bahana däl hakykat.
Doctor,Zeleliñ ýaryndan gaýtsañam bir peýda diýipdirler. :)))
Gost,şol kynrak bolaýmasa :)