Awgust meň kükregimden basýar

Tomusy hiç wagydam halamokdym, ol hem meni halap barýandyr öýdemok. Awgust meň pikirimçe agyr aý, bir ýerlerde “ganly Awgust” diýen sözler ýadymda. Şu wagt gapyda Awgust höküm sürýär, şu wagt meň ýagdaýym örän agyr, sebäbi kükregimden Awgust basýar. Ýagdaýym agyr wagty bolsa bir zatlar ýazasyň gelýär, ýöne elbetde bolgysyz zat däl. Okyýjyny geň galdyraýjak bir zatlar ýazasyň gelýär. Asla men näme üçin ýazýan diýsene? Ýazmamda-da meň günim geçip dur, bu kär bilen men çörek iýjek bolup duramok. Asla ýazýan adamlar näme üçin ýazýarka? Bir iki sany adam menden näme üçin ýazýaň diýip soranda, men oýun edip iki gulakdan bir bir zat girse, agyzdanam bir zat çykaýmaly diýip jogap berdim. Men köp kitap okaýan, özem gowy kitaplary. Ençeme kitapdan soň öziň hem bir zatlar ýazasyň gelýär. Ýöne näme diýsemem meň ýazmagymyň iň esasy sebäbi ol däl. Iň esasy sebäp bir gyz. Bir gyz iň soňynda meň ýazgylaryma sataşyp, meň ýanyma gelmeli. Nähili lyk bolsada men şol gyz üçin ýazýan. Men ol gyzy söýýänmi? Ýok, men ony söýemok. Gyz meň göwnüme ýaraýar, ýöne meni ol gyza çekýän zat söýgi däl. Men öňler derýaň aňarsynda ýaşaýan bir gyzy söýüp görüpdim, ol gyzyň ady Jahandy, ýa-da Jähennemdi? Şu wagt anyk ýadymda ýok. Şonuň üçin men söýgüň nämedigini bilýän. Söýgi diýen sözi köp ulanybersem özümi ýetginjek gyz ýaly duýup başlaýan, ýöne alajym ýok, ulanmaly bolýar. Eger mümkin bolsa ol sözi başga söz bilen çalşardym, ýöne gynansamda türkmen dili meň pikirlerim üçin garyp gelýär.

Bar zat nireden başlady, bar zat men ejemiň satanyndan çykanymdan soň başlady. Eger bir zatda kynçylyk bar bolsa, şol zat iň birinji ädimlerden başlaýar. Men dogulan badyma ejeme ezýet berdim, ejemiň körçegsini kesdiler. Başgaça aýdaňda meň aýagym düşmedi. Eger meň dogulan wagtym bu dünýeden baş çykarýan adam golaý goltumda bolan bolsa, ol adam şeýle diýerdi: —Bu çaga bilen bu enäň arasy hiç wagt saz bolmaz. Bu çaga dünýä inen güninden ejesine ezýet berdi. Gelejekde bolsa ezýet diňe köpeler.

Ejeň seni hiç wagt emdirmedi diýýärler. Käbir aýallar bolsa, seni özüm sygyr süýdini berip ulaltdym diýýärler. Belki çyndyr, ol wagtlar meň ýadymda ýok. Ýöne meň anyk ýadymda, meň ejem bilen aram hiç wagt gowy däldi. Ol aýal meni hiç wagt söýenokdy, gowy görenokdy. Elbetde maňa beýle sözleri aýdyp oturmak bir tüýsli oňaýsyz, ýöne ýaňy aýdyşym ýaly, Awgust meň kükregimden basýar we meň içimden şu gara sözleri gysyp daşyna çykarýar, edil diş ýuwulýan pastaň gysylşy ýaly. Çaga wagtym käbir ýagdaýlardan soň ejemiň durmuşy bir tüýsli agraldy. Ejem öňküsinden beter ezýet çekip başlady, şol wagtlar men bolsam 10 ýaşymdadym. Ejem dogrysy şu wagt hem ezýet çekýär, ýöne bu wagt ol aýalyň ýanynda men ýok. Men bolmasam welin ejemi ezýet iki esse agyr degýär. Dogrymy aýdaýyn, men ol aýaly göresim gelenok, biz ýat adamlar ýaly. Ejemi gowy görýän diýip galp duýularam özümde oýarsym gelenok, bar zat edil bolmalsy ýaly. Ejem hem meni halamaýanlygyny boýun aldy. Ýöne barybir biziň ikimizi bir zat baglanşdyrýar.
Ejem bilen meni negatiw baglanşdyrýar, gara duýgylar, ýigrenç ýa-da başga şoňa meňzeş bir zatlar? Özümi bilenim bäri ejem bar gaharyny menden çykarýardy. Bir zada keýpi ýok bolsa meň göwnüme degýärdi. Onsoň ejemdäki negatiw maňa geçýärdi. Siz ol zadyň adyny başgaçada tutup bilersiňiz, mysal üçin otrisatel duýgylar, ol wajyp däl. Wajyp zat otresatel duýgularyň hiç ýerik ýitip gitmeýänliginde. Mysal üçin iň uly başlyk öz tabynlygyndaky kiçi başlyga agzyndan gelenini söwdi diýeli. Kiçi başlyk negatiwi özine aldy we özünden ejiz biriniň göwnüne degmese negatiw ondan gidenok. Soň kiçi başlyk öz gezeginde bir iki sany elindäki işgärden gaharyny çykarýar we köşeşýär. Ol bir iki sany işgär hem gaharyny çykarara adam tapman negatiwy öýlerine alyp gaýdyp öz aýallaryna gygyrýarlar, aýallary bolsa iň soňynda bar zady öz çagalaryndan çykarýarlar. Negatiwyň zynjyry şeýle, iň soňky nokat çagada gutarýar. Ýöne negatiw çagada tamamlananok, ol çagada galýar. Çaga kimden gaharyny çykarsyn diýsene? It bilen pişikden çykarsynmy? Mende-de ejemden ýyllar boýy ýygnalan negatiw bar, men ony duýýan. Ýöne men ony öz çagalaryma berip bilemok, men asla hiç kime ony berip bilemok. Aram aram ol negatiw daşyna çykjak bolýar, ýöne dolylygyna joşyp bilenok. Men jedel etmägede taýyn, ejemdäki negatiwlaryň bary, ejemiň tohumy boýunça ençeme ýyllar boýy gelýär. Ejemiň ejesi meň ejemden gaharyny çykarandyr, öz gezeginde oň ejesinden oň ejesi we oň ejesi we ýenede oň ejesiniň ejesiniň ejesi. Iň soňynda negatiwyň iň soňky eýesi men boldym. Ejem durmuşynyň bar zäherini maňa pürkdi. Ýöne men gynanamok, belki ol şeýle etmedik bolsa oňa has agyr düşerdi? Elbetde men azyp tozyp başlyk bolaýsam, öz elimdäki adamlara agzymdan gelenini söwerin we bar negatiwy olara geçirerin. Olar bolsa öz gezeginde işden soň öýlerine bararlar we öz aýallaryna we çagalaryna sähel bahana tapyp menden alan zäherlerini pürkerler. Ýöne men beýle edip boşap bilmejegimi bilýän. Maňa ejemden gelen negatiw, meň ejemiň tohumunyňky, diýmek ol negatiw ýenede ejemiň tohumyna gaýdyp baraýmaly. Gaýdyp barmaly we nesilden nesile, aşaklygyna öz ýoluny dowam etmeli. Ýöne men nädip ol zady ejemiň tohumyna gaýdyp bermeli? Ine şu ýerde ýene bir zat aýan bolýar. Ýaňky gyz, meň şol gyz üçin ýazýan diýen gyzym. Ana şol gyz ejemiň tohumundan. Men biz zat edip ejemden maňa geçen negatiwy ýenede ejemiň tohumyna ugratjak bolýan. Elbetde bar zat edil beýle aýan ýagdaýda däl, bar zat gizlin dünýelerde bolup geçýär we biziň dünýämizde söýgi isleg hökmünde duýulýar. Ine näme üçin meni şol gyz özüne çekýär, men ol gyzy almaly we ol gyza ezýet bermeli. Öz ejemden wagtlaýynça saklamaga alan "gara gargamy" ýenede ejemiň tohumyna gaýdyp bermeli. Gyzyň gül ömrüni kül etmeli. Ejesinden mähir içmedik oglanjyklaryň barsy, şol tohumdan başga bir gyza aşyk bolýan bolmaly? Hamala bir aýaldan sorulyp alynmadyk zady, şol tohumyň başga bir aýaly beräýjek ýaly? Meň pikirlerim, gülkinç, ýa-da Seň üçin örän geň? Ýenede ýigrenýän sözlerimiň birini ulanmaly boldym, zyýany ýokla, bu gün ulansaň bolýar, sebäbi bu gün Awgust meň kükregimden basýar.

Elbetde ýokarda okan zatlaryňyzyň bary diňe bir meň çaklamalarym. Hakykatyň nirededigini men anyk bilemok. Anyk bilýän zadym men näme üçindir bir kemçini gowy görýän we ony näme üçin gowy görýänimi düşünjek bolýan. Ol gyz barada mende ýene bir çaklama bar, ýöne ol çaklamany aýdyp oturmak bir tüýsli ýerliksizmikä diýýän, gyzyň özi meň ýazgylaryma sataşaýsa örän geň galar. Ýöne bar zat gümüne gitsin we dünýe ýumrulsyn. Ýazgylar bilen kemçin sataşýança men eýýäm 2 metr ýeriň aşagynda bolaryn. Meň maňlaýymda uzak ýaş ýok, ony men eýýäm bilýän. Men hatda nädip we haçan öljegimem bilýän. Eger göwnüme bolmasa? 38 ýaşamda koma gidýän we soň özüme gelemok, bar zada süýji kesel günäkär. Size şeýle soň nähili ýaraýar? Aý borda, öňünden pal atmaly. Şol gyzyň kakasy hem ir ýogaldy, näçe ýaşlarynda ýogalanyny anyk bilemok, ýöne oň gyzy 7 ýaşynda eken. Şol wagtlar men 4 ýaşly çagadym. Iň geň ýeri ol adamyň ölümi barada menden örän geň ýatlamalar bar, meň ýadymda näme üçindir maňa degişli däl zatlar bar. Sözlerim üçin menden gaty görme: eger göwnüme bolmasa seň kakaň birje bölegi meň içimde ýaşaýar we entegem seni gowy görýär. Gowy görýär we saňa tarap ymtylýar, ýöne men näme üçindir ol bölegiň islegi bilen öz islegimi bulaşdyrýan. Hemme pikirleri söze gaplap bolanok, sözler mydama garyp gelýär, pikirler bolsa baý. Kä halatlarda söze gaplanan pikirleriň güýji gaçýar. Gyz maňa ýat däl, oň kakasy bilen meň ejem dogan. Onsoňam näme üçin men ukydan galyp beýle zatlary ýazyp otyryn? Bar umyt gyz iň soňynda meň pikirlerim bilen sataşar we maňa başgaça göz bilen seredermi? Bu zatlaryň bary gülkinç we manysyz, hiç kim hiç haçan hiç zat bilen sataşmaz. Onda sen näme üçin we kim üçin ýazýaň diýýärsiň Sen? Jogap ýönekeý: Meň kalbymda ejemden maňa geçen gara duýgylar bar. Olary men ejeme ýeňil bolsyn diýip bir wagtlar özime siňdirdim. Dogrysy ol duýgular diňe bir ejemiň özine-de degişli däl. Ol gara duýgular ejemiň tutuş tohumyna degişli. Indi welin ol gara gargany yzyna bermäge wagt boldy, ýöne nädip? Iň elýeter mümkinçilik şol gyzdy, ýa-da ejemiň tohumyndan islendik başga bir gyzdy? Emma ol mümkinçilik elden sypdy. Diýmek ykbal däl, diýmek menden ol duýgylar başga ýol bilen çykyp gitmeli? Dogrymdan gelsem men eýýäm nähili ýol bilen çykyp gitmelidigini bilýän. Diňe ýazmaly, özem diňe gara zatlar barada ýazmaly. Meň ýazgylarymy okan islendik adam, azajygam bolsa gamlanmaly, ruhdan düşmeli. Şeýdip meň kalbymdaky gara duýgylaryň birje bölegini özine almaly. Şeýdip men ýuwaş ýuwaşdan özimi arassalamaly, bar erbetligi ile siňdirmeli, ýöne birje adama däl, müňlerçe adama. Ine men hakykatda näme üçin ýazýan. A sen aýdýaň Awgust meň kükregimden basýar? Barsy ýalan, Awgust saňa hiç hili ýamanlyk islänok, Awgust seň gara pikirleriňi daşyna çykarýar, seň derdiňi ýeňledýär. Bir wagtlar seň ejeň, şeýdip seň üstiňe ýeňlemedik bolsa, ol bir eýýäm ölerdi, a sen bolsa gaty görýäň, has dogrysy gaty görýärdiň, şu pursada çenli gaty görýärdiň, gara duýgularyň aýlanşyna düşüninçäň gaty görýärdiň? Indi welin sen hiç zatdan gaty göreňok, Awgust saňa köp zatlary öwretdi, öň köplere açylmaýan syrlaryny açdy. Şonuň üçin diňe ýaz, özem gara zatlar barada ýaz, goý seň ýazgylaryň hiç kime umyt bermesin, goý seň ýazgylaryň diňe hasrat paýlasyn. Diňe şeýdip sen öz içiňdäki hasratdan boşap bilersiň, ýöne saňa eýýäm mälim bolşy ýaly hasrat hiç ýerik ýitip gidenok. Sen bu gün ony adamlaryň içine ýaýdyň. Kim bilýär ýene müň ýyldan, seň dyndym diýýän hasratyň, ýenede bir nokada jemlener we ýenede seň tohumyňa gaýdyp geler. Ýok, beýle bolmaz, ol hasrat ejemiň tohmuna gaýdyp barara. Ol hasratyň hakyky eýesi men däl, men diňe ony azajyk göterip duraryn diýip aldym, ejeme ýeňil bolar ýaly. A ol gyz näme? —Diýýärsiň sen? Ol hiç kim, ol ýöne bir az salymlyk açylan gapy, şol gapyny men kalbym bilen gördüm we şol gapydan yzyna, ençeme ýyllap göterip ýören haltamy zyňjak boldym, ýöne gapy örän çalt ýapyldy. Belki meň agyr ýükimi görendirdä? Elbetde bu zatlaryň bary kölegeler dünýäsinde bolup geçdi. Biziň dünýämize bolsa ýönekeýje görnüşde yz goýdy: Söýgi, isleg we şoňa meňzeş başga samsyjak duýgylar.

Soňy

Aşgabat: 18.09.2020

Rahman Zulfikarow
8 лайков 189 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
Автор 08 фев 2022, 22:58
Şu saýtda 1 agza ýadyma düşdi şu makalany okanymda ;(
Liwerpul_fc
08 фев 2022, 23:00
Mona Songz,
Men bolsa şu makalany okap, öňem Talyplarda okanym ýadyma düşdi
Aýnur
Автор 09 фев 2022, 00:25
Цитата: Liwerpul_fc
Mona Songz,
Men bolsa şu makalany okap, öňem Talyplarda okanym ýadyma düşdi

Wii bilsem goymazdym ud edeýinmi ýa?
Liwerpul_fc
09 фев 2022, 00:34
Mona Songz,
Ýok how,näme üçin udalit etjek? Men okanym bilenem okamadyk köp ahyry.
Enegul
09 фев 2022, 07:36
???
Enegul
09 фев 2022, 07:38
Цитата: Mona Songz
Şu saýtda 1 agza ýadyma düşdi şu makalany okanymda ;(

Цитата: Mona Songz
Şu saýtda 1 agza ýadyma düşdi şu makalany okanymda ;(

[quote][/quote]
Kimaý ol
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 12:31
Yaş başyňa öläymeseň gutulyp boljak duygy däl öydyän. Bir tarapdan durmuşa çykmak islegim yok sebäbi özume edenlerini öz çagamada ederin oydup gorkyan.
Mona Lisa
09 фев 2022, 14:45
Цитата: Nairobi
Yaş başyňa öläymeseň gutulyp boljak duygy däl öydyän. Bir tarapdan durmuşa çykmak islegim yok sebäbi özume edenlerini öz çagamada ederin oydup gorkyan.

Ejeňe meňzärdiňmi senem?
Leyli Amanowa
09 фев 2022, 14:56
Mona Lisa,
psihika bagly zat ol
Döwlet Şöhradow
09 фев 2022, 15:19
МОТ
Ayjahan
30 май 2022, 20:17
Menem halamokda Awgust aýyny birhili ýüregiň gysýa, gysyp alyp barýa)) Beý diýsem doglan günümemä oktýabryň 31-ne)) ýagny awgustda)))