KÖNE HEŇ




Birden tanyş heň ýaňlandy radioda:
"Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!"
Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüň içinde,
Gözüm ýumup gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heň
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiňleneňde köpüň ugruna
Öňkülerden has-da ünsli diňledim.
"Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!"
Ýöne, nämüçindir, gitdiň, gelmediň.

Eliňden uçursaň arzyly guşuň,
Nepi degmez asla ahmyr-ahlaryň.
Köşeşdi:re Tahyry-da bolmansoň,
Özi aglap, özi diňýär Mahymyň.

...Ýyllar soňra kalbym gozgan köne heň
Giň pursat döretdi ýürek dökmäge.
Oýuňa gelmesin ýazgarýar diýip,
Aýby ýokdur duşan bolsaň "Zöhräňe".


Mahym NURGELDIÝEWA
5 лайков 227 просмотров
18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
13 фев 2022, 11:24
Mahym jany elimden aldylar,
Ýüregime bitmez ýara saldylar,
Men neýläýin, aýdyñ adamlar,
Mahym jany elimden aldylar...
Belki
13 фев 2022, 11:25
Ezizim Mahym
Ezizim Mahym
Adyña döneýin
Aýdaý günähim...
Ejegyz.
Автор 13 фев 2022, 11:27
Belki,
hihi
Belki
13 фев 2022, 11:27
Düýşümde bir bilbil gördüm
Uçup gelmiş gülzaryndan
Haýsy bagyñ bilbilidir
Haýsy bakjanyñ bagyndan

Gurban bolam men özüne
Men özüne
Şeker ezilmiş sözüne
Dowamat baksam ýüzüne
Gözüm doýmaz didaryndan

...Mahymyñ halyn sormasa
Nädip aýrylaryn ýarymdan...
Belki
13 фев 2022, 11:29
Akar añlady ahymy
Men şol dessanyñ Mahymy
Bagyşlasyn Zöhre meniñ
Günäsiz yşk günähimi.

Gülşirin Hanowa.
LIDER
13 фев 2022, 11:52
Цитата: Belki
Mahym jany elimden aldylar,
Ýüregime bitmez ýara saldylar,
Men neýläýin, aýdyñ adamlar,
Mahym jany elimden aldylar...


Bega DJ śu aÿdymy çykaran wagty, näce gunlap duygulanyp diñlapdim.
GulTac Mugallym
13 фев 2022, 12:06
Sagbolun Mowzugymy pozanynyza Toy wagty cagyrarryn
Belki
13 фев 2022, 12:09
Lider,meñem añymdan çykmajak aýdymlardan biri.Çagalyk ýatlamalarymyzda galdy.Häzir 15-18 ýaş aralykdakylar bilýämikä şuny?
Aksary
13 фев 2022, 12:15
Belki,
Ol haýsy aýdym?
Kalp doctory
13 фев 2022, 12:24
Men bilyan:) esasy dowre dal aydymyn henine seretyan mena Belki,
Belki
13 фев 2022, 12:24
Aksary,"Mahym jany elimden aldylar..."
Dj Bega.
Aksary
13 фев 2022, 12:29
Onalty ýaşymda söygi çagynda
Gülüp maña bakdyñ sen Mahym
Ýüregmiñ içinde nepis çagynda
Söygi odun yakdyñ sen Mahym...

Kòp gezdim senden syrymy gizlap
Oturdyñ saçlaryñ ujyny çozläp
Näzijek dodagñy çalaja gozgap
Sòyyan diyip aydypdyñ Mahym

Garaz yzy kan,diñläp gördüñizmi,mende Myrat Babaýewiñ aýdany bolmaly
Kalp doctory
13 фев 2022, 12:33
Belki jany elimden aldylarrr ,yuregime yara saldylar,Aydyn indi sizem adamlar,Meni bu dunyade yeke goydular goshgy hihirBelki,
Ejegyz.
Автор 13 фев 2022, 12:34
Hemra Rejepow "Gözel gyzlar"
www.tmhits.com

Diňläň , gaty gowy aýdym. tanss
Kalp doctory
13 фев 2022, 12:35
in halan aydymym shu yene biri ba Ey gyzlan shasy alap gitdow,menin yuregmi alyp hitdoww yaman gowda shy;)Aksary,
Belki
13 фев 2022, 12:36
Aksary,diñläp göremok.Ugradam diýip bilemok.Bilýäñiz-ä ýagdaýymy.Siz meñ aýdanymy bilýäñizmi?
Kalp doctory
13 фев 2022, 12:36
Sen onda DJ beganyn janym janym muzigni dinle edil hindiden kopy edipdirda like yone gowy sholam:)Ejegyz,
Aksary
13 фев 2022, 12:44
Belki,
Hawa ol aýdym ýadyma düşdi :)

Dag etekde anten tutmaz
3Gim saña näme boldy
Ugradanym baryp ýetmez
3Gim saña näme boldy