Siziň pikiriňiz näme ?

Geçen günleriñ birinde bir aýal hassahana bejergi üçin ýanyma geldi. Aýaldan has köp, men onuň ýanyndaky 10 ýaşly ogly Hasan bilen has gyzyklandym. Oglanyň çep eli garnyna ýapyşan ýalydy we asla gymyldamaýardy.
Aýalyň bejergisi gutaransoň, çaganyň eli hakda soradym. Bir gün irden duýdansyz bolup geçendigini we bir ýyl bäri şeýle bolandygyny, hat-da birnäçe lukmana barandygyny ýöne netijesizdigini aýtdy.

Oglanyň gözüne seretdim, gaty çuňňur we çekinjeň seredýärdi… Ejesine:
– Sizden bir zat sorajak, ogluňyzy maňa goýuň, we agşam sagat 19:00-da öýüňize getirerin, – diýdim. Aýal geň galdy we bu teklibime razy boldy.

Iş duşuşyklarymy, ýygnaklary goýbolsun etdim. Hasan bilen maşyna münüp 30 km uzaklykdaky kenara gitdim.
Hasan bilen kenara gelip, beýik gum depesine çykdyk we Hasana:

– Men bu ýere köp gelýärin, gaharym gelýän biri bar bolsa, oña gygyryp rahatlaÿaryn. Indi muny bilelikde edeli we dynç alanymyzdan soňra ýeralma gyzartmasyny alyp iýeli. Seret, ilki men ýokary çykyp gygyrjak, – diýdim, we söýgüli aýalyma gaharlanan bolup gygyrdym. Soñra:

– Gaty rahatladym indi seniň gezegiň, – diýdim.

Hasan ýerinden turup dymdy we birden gygyryp başlady:
-Kaka! Ejemi urma diýýän, ejem gaty ýaralanýar ony näçe ogşasam-da ýarasy geçmeýär. Ulalanymda menem seni urjak kaka, – diýip 10 minutlap aglady we gygyrdy. Soñra gelip ýanymda oturdy:

–Rahatladyñmy?

– Hawa

– Indi bolsa ýeralma gyzartmasyny iýeli,– diýip gitdik…

Kellämdäki baş gabymy bilmezlige salyp, Hasanyň gymyldamaýan çep eline uzatdym we sag elim bilen jübimden pul çykarjak ýaly jübime saldym. Hasan çep eli bilen baş gabymy aldy, we mundan özüniň hem habary ýokdy. Men hem begenjimden içime sygamokdym, we muny Hasana bildirmezlik üçin başga zatlar barada gürrüň açdym. Şeýdip wagtymyzy gyzykly geçirdik.

Soňra söz berşim ýaly 19:00-da öýlerine baranymyzda, ejesi penjireden seredip bize garaşýardy, bizi görüp gapa geldi. Maşyndan düşdük, we Hasana başymy egip islän wagty dynç almaga gidip biljekdigimizi aýdyp telefon belgimi berdim.

Men Hasany gujakladym, ol bolsa iki eli bilen boýnumdan gujaklady, soň bolsa öwrülip ejesini gujaklady. Ejesi gaty begendi we muňa ynanmady. Munuň nähili bolandygyny sorady.

– Ogluňyz hemme zady aýdyp berer, – diýdim we öýüme gaýtdym.

Birnäçe günden SMS geldi:

– Doktor haçan dynç almaga gideris? (Hasan) ?

Siziň pikiriňizçe bu hekaýa näme diýmek isleýär?
6 лайков 165 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
16 фев 2022, 11:49
Baxxxx
Hanguly
16 фев 2022, 11:50
Gowja hekaýa, öňem aýdyşym ýaly är-aýal çekeleşigi çagada, tembol 10 ýaşly çagada gaty uly yz goýýar, ruhy ýara goýýar, käwagt näçe sussypes bolsagam muny içimizde saklamany goldaýarys, sebäbi töweregimize-de köp ynanyp baramzok. Çaga bolsa hiç zat bilenok, ol diňe düz pikir etýär, we aglap içini döküşi, hemme zady aňlatýar
Suleyman
16 фев 2022, 12:09
Bular ýaly rowaýat, tymsal, kyssa akyp ýatyr internetde. Doly. Haýsy birini teswirläp çykaly.

Bir zady üýtgetjek bolsak, özümizden başlaly. Problemany (günäkäri) gözlemäliň-de, problemany çözeliň. Öz jemgyýetimizde-de (töweregimizde-de) "Hasanlar" doly. Ýöne biz "Lukmanyň" edenlerini gaýtalap bilerismi?
Bir setirlerde-hä bardy "Bizi ýykjak zat - owarramçylyk" diýip. "Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa". Iň bolmanda dil kömegini, el kömegini, maddy kömegini berip bilýäs.
Imo istoriýalarda kemisli, näsag çagalaryň suratlaryny goýup mejbury ene-atalary kömek soraýalar. Hany sahawatly baýlar? Hany tr-tr edýän baý ogullary?
Haýsy ene-ata gözgyny ýatan çagasyny surata düşürip internede goýasy geler, onda-da kömek diläp?!
Hanguly
16 фев 2022, 12:16
Dark_Wolf,
Mätäç bolmasa etmezler dosdum
Biohimik
16 фев 2022, 12:32
Цитата: Dark_Wolf
Bular ýaly rowaýat, tymsal, kyssa akyp ýatyr internetde. Doly. Haýsy birini teswirläp çykaly.

Bir zady üýtgetjek bolsak, özümizden başlaly. Problemany (günäkäri) gözlemäliň-de, problemany çözeliň. Öz jemgyýetimizde-de (töweregimizde-de) "Hasanlar" doly. Ýöne biz "Lukmanyň" edenlerini gaýtalap bilerismi?
Bir setirlerde-hä bardy "Bizi ýykjak zat - owarramçylyk" diýip. "Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa". Iň bolmanda dil kömegini, el kömegini, maddy kömegini berip bilýäs.
Imo istoriýalarda kemisli, näsag çagalaryň suratlaryny goýup mejbury ene-atalary kömek soraýalar. Hany sahawatly baýlar? Hany tr-tr edýän baý ogullary?
Haýsy ene-ata gözgyny ýatan çagasyny surata düşürip internede goýasy geler, onda-da kömek diläp?!

Kemciligi ozumizden gozlali brawo
Atsyzatly
16 фев 2022, 17:24
Dark_Wolf,
Häzirki baýlaryň žmotluga hak weli, baýlaram kömet etjek diýäýenlerinde-de haýsy birine etsinler, sany, sajagy ýok ahyryn. Özem hemmesi diýen ýaly ýurt içinde bejerip bolmaýan agyr we köp pul talap etýän operasiýalar. Muňa, aslynda döwlet eýe çykyp, şu keselleri bejerýän spesialistleri ýetişdirip muzduna bejerip berse, hem ýarawsyz çagalar üçin hemem obiçnyý raýatlar üçin uly sogap iş etdigi bolardy.