Söýgüli şahyrymyň goşgulary.
Nirä barýaň umydyňa aldanyp,
Hantamamyň ýalan dünýäň mährine?
Ýakyn saýyp syrlaryňy dözenleň
Göwnüň ýykar, wepa bermez ähtine.
Gözelligňe müň göz bilen bakarlar,
Düşünmersiň, ýalandygny bilseňem.
Pikirlerňe bir söz bilen çäk goýup,
Aldaw salar bir gümanly pelsepe.
Sada göwnüň höwesiňe ymtylar.
Arzuwlarňa agram salar ynamyň.
Ýyllar geçip ökünseňem, barybir,
kaýyllyk bor ýere bakyp dymanyň.
Göwnüň galar köremese ataşlar,
Elmydama mähir bolar küýsegiň.
(Maýyllyga göwün beren duýgular
Ynamyňy syndyrýandyr söýseňem.)
...Sen ýollaryň aldawyna çolaşma,
Hakykat bar bir ýalana degmeýän:
Dünýesi bu — gözýaşyňa sebäpliň
Gözýaşyňy süpürmäge gelmeýän.
2014 ý.
***
Seni ýatlap...
Seni ýatlap ýene goşgy ýazaýsam,
Aýralygyň heňin çalar setirler.
Alyslara alyp giden ykbalym
Senli geçen düýnlerimi getirmez.
Senden asla habar gelmez negada,
Meň halymam hiç kes saňa ýetirmez.
Ýöne welin, degäýseler göwnüňe
Ýa-da pynhan gözýaş dökseň gijeler,
Saňa bolan çaga deýin yhlasym
Halyň sorap, tesseli bor düýşüňe.
...Çekerin men uzaklardan derdiňi,
Nesibämde ýazylmadyk bolsaňam.
Sen bolaňsoň ähli galan mydary,
Birmahalky arzuwy kän gursagyň.
Unudamok,
unudamok henizem,
Seni, dünýäm, dünýä deňäp söýüpdim...
Ýadyňdamy, ezizläpler, ezizim:
“Seň adyňda Allaň ady ýazylgy,
Özüňdenem adyň gowy” diýipdiň.
Bary geçdi,
boşap galdy barlygym.
Indi dünýäň kaýyllygna getirmän,
tesellisin, ýatlamasyn gujaklap,
Aglaşyp dur sen hakynda pikirlem.
2016 ý.
Allanur ÇARYÝEW. (Söýgüli şahyrym)
Hantamamyň ýalan dünýäň mährine?
Ýakyn saýyp syrlaryňy dözenleň
Göwnüň ýykar, wepa bermez ähtine.
Gözelligňe müň göz bilen bakarlar,
Düşünmersiň, ýalandygny bilseňem.
Pikirlerňe bir söz bilen çäk goýup,
Aldaw salar bir gümanly pelsepe.
Sada göwnüň höwesiňe ymtylar.
Arzuwlarňa agram salar ynamyň.
Ýyllar geçip ökünseňem, barybir,
kaýyllyk bor ýere bakyp dymanyň.
Göwnüň galar köremese ataşlar,
Elmydama mähir bolar küýsegiň.
(Maýyllyga göwün beren duýgular
Ynamyňy syndyrýandyr söýseňem.)
...Sen ýollaryň aldawyna çolaşma,
Hakykat bar bir ýalana degmeýän:
Dünýesi bu — gözýaşyňa sebäpliň
Gözýaşyňy süpürmäge gelmeýän.
2014 ý.
***
Seni ýatlap...
Seni ýatlap ýene goşgy ýazaýsam,
Aýralygyň heňin çalar setirler.
Alyslara alyp giden ykbalym
Senli geçen düýnlerimi getirmez.
Senden asla habar gelmez negada,
Meň halymam hiç kes saňa ýetirmez.
Ýöne welin, degäýseler göwnüňe
Ýa-da pynhan gözýaş dökseň gijeler,
Saňa bolan çaga deýin yhlasym
Halyň sorap, tesseli bor düýşüňe.
...Çekerin men uzaklardan derdiňi,
Nesibämde ýazylmadyk bolsaňam.
Sen bolaňsoň ähli galan mydary,
Birmahalky arzuwy kän gursagyň.
Unudamok,
unudamok henizem,
Seni, dünýäm, dünýä deňäp söýüpdim...
Ýadyňdamy, ezizläpler, ezizim:
“Seň adyňda Allaň ady ýazylgy,
Özüňdenem adyň gowy” diýipdiň.
Bary geçdi,
boşap galdy barlygym.
Indi dünýäň kaýyllygna getirmän,
tesellisin, ýatlamasyn gujaklap,
Aglaşyp dur sen hakynda pikirlem.
2016 ý.
Allanur ÇARYÝEW. (Söýgüli şahyrym)
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.